22:10 Aýdaly, meselemki... / felýeton | |
AÝDALY, MESELEMKI...
Satiriki hekaýalar
"Ýykyljak araba kyrk gün öňünden jygyldar" diýlişiniň jany bar bolara çemeli. Gyzylarbadyň pedkabinetiniň jaýynyň-da depesi birden aşak çökäýmedi. Ilki bilen potolok "jyt, jyt" edip seslenip başlady. "Lalyň diline enesi düşer" diýlen ýaly, kabinetiň müdiri Aşyr Gurbangeldiýew hem bu duýduryşa dogry düşündi. "Munuň-a indi şu ýerden bahymrajyk "git, git" diýdigi bolsa gerek" diýip, ol ýerinden gobsunmak bilen boldy. Potologyň jytdyllysy ikinji gezek gaýtalananda ol eýýäm stoluň üstündäki kagyzlary ýygnaşdyryp durdy. Bu jytdyllynyň astynda ýürek edip mugallymlar bilen arkaýyn seminar geçirip, oturyp boljak däldi. Ol ýagdaýy magaryf bölüminiň müdirine habar berende, ýoldaş Gyzylow ilki bilen-ä öz işgärleriniň ýüzüne ser saldy, onsoň ýylgyrdy, birdenkä-de gülüp goýberdi: - Näme diýdiň-ä? Jytdylly bar? Oglan, sen gapdalyňdaky jaýyň buhgalteriýadygyny, buhgalteriýa bar ýerinde-de çot kakylýandygyny ýaňy duýduňmy? Eý-weýeý, gülüşmekden aýyrmasyn!.. "Jyt-jytyň" diwar aňyrsynda kakylýan çot sesi däldigine ant içip biljek Gurbangeldiýewiň ýüzi bir bozardy, bir ýazardy. Gyzylow ahyry gülküden ýaňa ýaşaran gözlerini süpürüşdirip, oňa ýaş başdan beýle towşan ýürek bolmazlygy maslahat berdi. Ol möwritini gutaran potolok bolsa ilkinji duýduryşlardan soň, zol-zol jytylap ýürege düşübem durmady. Haýy gaçan köne fanerleriň arasyndan ilki bilen küljümek, soňabaka has iriräjik toprak kä stola, kä-de Gurbangeldiýewiň kellesine sepelenip başlady. Gyzylowyň batyrlyk baradaky nesihatyny berjaý etjek bolup oturan Gurbangeldiýew göjek ýaljak düwür-düwürje kesejikler kellesine patylaberende ýene-de towşan ýüreklige ýüz urmaly boldy. Az salymdan soň Gyzylow jaýyň gapysynda, ýaý berip, ep-esli aşak çöken potologa howatyrly garaň durdy. Ol indi gülmeýärdi. Içerdäki mebelleri we gaýry esbaplary gara der bolup daşaryl daşaýan Gurbangeldiýewdir tam süpürijä garap, Gyzylow: "Bahymrak, bahymrak" diýýärdi we içinden ýetişibildiginden bir zatlar okaýardy. Her niçik ş-de bolsa içerdäki zatlary sag-aman magaryf bölüminiň jaýyna ewakuirlemek başartdy. Bu waka mundan bir ýyldanam öňräk bolup geçipdi. Dogrusyny aýtsak, felýetony şunuň bilen tamamlaýmaly. Sebäbi ol jaý henizem şol ýerde öňki durkuny saklap dur: edil gudraty bar ýaly, potolok doly ýumrulaýanagam, jaýyň içine adam eltenogam. A onsoň? Ine gepem şu, onsoň-onsoň-da... Onsoň edarasyz galan Gurbangeldiýew pedkabinetsiz galan Gyzylowyň gaşynda gol gowşuryp bir keleme söz aýtdy: - Nätmeli? - Nätmekden hudaý saklasyn. Remont ederis. - Serişde gerek. - Serişde däl, perişde geregem bolsa taparys, ýör, hany yzyma düş! Raýispolkomda olaryň habaryny başlygyň, ýagny ýoldaş Saparowanyň hut özi alyp baryp, garaşylmadyk tragiki waka mynasybetli olara çyn ýürekden gynanç bildirdi we "Bolar-bolmaz zat üçin hesret çekip ýörmäň, hemmesiniň bir zady bolar" diýip, göwünlik berdi. Onsoň olar ol ýerden raýon maliýe bölümine tarap rowana boldular. Bölümiň müdiri ýoldaş Mämmetgeldiýew olaryň habar bererlerine-de garaşman, olaryň özlerine sorag berdi: - Haýsy maddadan? Näme hajat üçin? Wezipesi boýunça özüni Mämmetgeldiýewden pes tutmaýan Gyzylow hem onuň özüne sowal berdi: - Sen "jaýyň başyňa ýykylsyn" diýip eşidipmidiň? - Eşidipdim. - Onda bizem şo ýagdaýa düşdük. Pedkabinetiň jaýynyň işi gaýtdy. Remont etmeli. Pul gerek. - Ine, maddasam, hajatam belli boldy. Häzir göreris - diýip, Mämmetgeldiýew smeta çaltlyk bilen göz aýlap, kellesini silkeledi: - Bolmaýar! - Näme bolmaýar? - Pul bermek bolmaýar. Pedkabinetiň smetasynda remont hajatlary üçin pul ýok. - Umuman puly bar gerek? Inwentar üçin goýberilen puldan 6-7 müň manat berip bolmaýarmy? - Siz gramatny damlar - diýip, maliýe müdiri ýerinden galdy: - Gawun al - diýip berlen pula haýwankädi ýa-da, aýdaly, meselemki, daşkädi, ýogsamki palawkädi alaýsaň bolmaz ahbeti! Şunuň bilen-de gürrüň gutardy we jaýsyz galan Gurbangeldiýewiň ser-sepilligi başlandy. Raýispolkomda oňa wada berýärler. Raýispolkom maliýe müdirine jaň edýär. Pedkabinetsiz oňup bolmajagyny Mämmetgeldiýewe düşündirýär. Mämmetgeldiýew bolsa ykdysat meseleleri barada düşündiriş berýär. - Size ýerli häkimiýetleriň ispolnitel komiteti aýdýar! - diýip, oňa düşündirýärler. - Bilýän - diýip Mämmetgeldiýew seslenýär: - Size maliýe ministr... ýagny, maliýe bölümi jogap berýär - üzüm almak üçin berlen pula kyrkgünlük, ýa-da aýdaly, meselemki duza ýatyrylan hyýar, ýogsamamki, diýeli, badamjan alyp bolmaz ahbeti! Ahyry bolmansoň ispolkom 7 müň manady remont üçin goýbermek barada ýörite karar çykardy. Maliýe ministr... ýagny, maliýe bölümi bolsa ol kararyň gapdalyna özüniň notasyny goşup, yzyna iberdi. Şol notada bolsa penjek almak üçin berlen pula gyrmyzy don, ýa-da aýdaly, meselemki, ezýaka köýnek, ýogsamamki, diýeli, çaryk alyp bolmajagy nygtalyp görkezilýär. - Onsoň? Onsoň aýdaly, meselemki bolan zat ýok... Anna GURTGELDIÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, dekabr 1959 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |