08:39 Nusga | |
NUSGA
Goşgular
Rus şahyrynyñ äheñinde Oña atuw berdiler, ol bolsa bu gijesin Ýatman gezip geçirdi. Ýüreginiñ ganyna täze aýdymlaryny Garyp-ezip geçirdi. Dañam atyp ýör eýýäm, çaýyp tylla şapagyn, Ýatyr bendi adamlar. Ony porky zyndandan alyp çykdy bir topar Adamzatdan azanlar. Dünýämizde dünýe deý bu akylly, bu geñ baş Durşy bilen akyldy: "Ýel ganatyn kakmasyn, degirmen gan çekmesin!" ¹ Her diýeni nakyldy. Dünýämizde dünýe deý bu mizemez geñ göwre Durşy bilen manydy. Atylsa-da ýok onuñ asyl öljek gümany, Galanlar oñ janydy. Olar onu şu günem şol birsyhly ýatlaýar, Dirileriñ deñinde. Bilýänsiñ gitlerçileñ masgaralar bolanyn Bütin dünýäñ öñünde. Bu adam şu günlerem bütin dünýä ýañ salyp Ýören joşgunly sildir. Bu gerçek dünýämizde mertlige nusga bolup Galan Musa Jelildir! ___________________________________ ¹ Musa Jelilden. Anna GURTGELDIÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1986. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |