17:35 Bolgariýa | |
BOLGARIÝA
Goşgular
Agam Şyhynyñ ýagty ýadygärligine Eý, gözel Bolgariýa! Eý, täsin mekan, Heniz etmesem-de men saña sapar, Agtyklarym señ mähriban keşbiñi Ýürek depderimiñ gatyndan tapar. Eý, jennet saýylýan ajaýyp ülke, Maña aýry-başga eziz sen hasam. Hasar bilen deñäp söýüp ýördügim, Şipka daglarynyñ waspyny ýaýsam. Pyragyny okaýşym deý okaýan, Wazowyñ hem her setirin, her bendin. Maña-da ýakyndy Georgiý atly - Seni dünýä ýaýan beýik perzendiñ. Şeýle bir tolgunyp, tolgunyp gidýän, Hatda kartada-da men seni görsem. Adamzadyñ beýik bagty ugrunda, Jan beren agama jaý beren ýer sen. 1985. Anna GURTGELDIÝEW. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |