23:19 Oldos Haksli | |
OLDOS HAKSLI
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Oldos Haksli, dünýä belli iñlis ýazyjysy. Oldos Leonard Haksli 1894-nji ýylyñ 26-njy iýulynda Angliýanyñ Godalming diýen ýerinde tanymal Hakslileriñ maşgalasynda dünýä indi. Gelejekki ýazyjy Eton kolležinde okap ýören döwürleri görejinden näsaglyk tapynýar we gözlerinden jyda düşmek howpy abanýar. Şol zerarly ol okuwyny taşlamaga mejbur bolýar. Soñra ol Oksford uniwersitetuniñ Balliol kolležinde okaýar. Haksli esasan romanlary we esseleri bilen giñden tanalýanam bolsa, çeper edebiýatyñ beýleki žanrlarynda-da öndümli işläp, ençeme hekaýalary, goşgulary, kinofilmler üçin kyssalary, senariýalary döretdi. Oldos Haksli romanlarynda we esselerinde sosial kadalary we ideallary, ylymyñ adamzat durmuşynda nädogry maksatlar üçin ulanylmagyny tankyt edýär. Ýazyjy parapsihologiki we mistiki mazmunly pelsepeler bilen içgin gyzyklanypdyr we bu boýunça birnäçe makalalar, eserler ýazypdyr. Hususanam "Gadymy pelsepe" ("Perennial Philosophy") atly kitabynda filosofiýany gaýtadan ylmy jemgyýetçiligiñ üns merkezinde oturtmagy başarypdyr. Şeýle-de onuñ "Gaýduwsyz täze dünýä" romany distopiýa žanrynyñ naýbaşy nusgasy bolup durýar. Oldos Haksli 1963-nji ýylda ABŞ-da aradan çykýar. ■ "Üýtgeşik täze dünýä" "Üýtgeşik täze dünýä" («О дивный новый мир» ýa-da «Прекрасный новый мир», iñl. "Brave New World") Haksliniñ naýbaşy eseridir. Köplenç diýen ýaly biziñ ýaşlarymyzyñ hem "Brawo!" görnüşinde ulanylýan iñlisçe "brave" sözi Şekspiriñ döwründe "ajaýyp" diýen manyny berýärdi, ýagny eseriñ adynyñ asyl manysy "Ajaýyp täze dünýädir". Romanda beýan edilýän wakalar Londonda, heniz gelmedik bir döwürde - XXVI asyrda bolup geçýär. Wakalar distopiki dona bürendirilen. Ösüp barýan tehnologiýa, ýewgeniki usul we gipnopediýa (ukudaka öwrenmek) arkaly jemgyýet doly üýtgedilen ýagdaýa getirilen. Aslynda eseriñ gürrüñ berilýän dünýäsi utopiki we fantastiki suratlandyrma ýaly bolubam görnüp biler, ýöne bu ironiki bir utopiýa bolup, eserde adamzat sagdyn durmuşda ýaşaýar, tehnologiýa diýseñ ösen we garyplyk doly ýok edilen, hemme halklaryñ deñ hukukly we hemmeleriñ hemişelik bagtyýarlygy berkarar edilen dünýä suratlandyrylýar. Şeýle-de bolsa, ironiki ýagdaýda bu üýtgeşmeleriñ ählisine kimler üçin juda ähmiýetli bolan ençeme gymmatlyklaryñ ýok edilmegi bilen ýetilipdir. Bu dünýäde maşgala, medeni köpdürlilik, sungat, edebiýat, filosofiýa diýilýän zatlardan nam-nyşan ýok. Ford täze dünýäniñ hudaýydyr. Aýratynam absolýut aýşy-eşreti diñe jynsy gatnaşykda bolmakda we organizme edýän täsiri iñ minimal derejä düşürilen soma atly narkotiki serişdäni ulanmakda görýän jemgyýet ahyrynda gedonistik jemgyýete öwrülýär. Romanyñ ady Şekspiriñ "Tupan" pýessasynyñ gahrymany Mirandanyñ 5-nji perdäniñ birinji sahnasyndaky çykyşyndan alnypdyr: “O wonder! How many goodly creatures are there here! How beauteous mankind is! O brave new world, That has such people in't!” Ýagny: "Şunça-şunça görkli janly-jandarlar, Gidip-gelip, gelip-geçip dur mundan. Neneñ-niçik ajaýypmyş adamzat, Ger kimde bar bolsa şeýle dünýäsi, Ýaşasyn bu ýowuz, üýtgeşik dünýä!" Oldos Haksli bu romany 1931-nji ýylda Angliýada ýaşap ýörkä ýazýar. "Üýtgeşik täze dünýä" onuñ bäşinji we ilkinji antiutopiki (ýa-da distopiki) äheñde ýazan romanydyr. Eser rus ýazyjysy Ýewgeniý Zamýatiniñ "Biz" diýen distopiki romanyndan ýiti täsirlenmeleri öz içine alýar. ■ Eseriñ käbir personažlary: ◇ Bernard Marks Alfa-art psihology Marks siwilizasiýanyñ turuwbaşdan kesgitlenen şertlerine meýletin razy bolmaklary üçin taýýarlanan we şertlendirilen döwrebap adamlaryñ arasynda duýgy diýilýän zadyñ nämedigine düşünýän aýratyn adamdyr. Muña garamazdan Marks Londonyñ Inkubasiýa we şertlendiriş merkezinde özüni betbagt duýýar. Sebäbi ol fiziki taýdanam beýleki alfa-artlardan tapawutlanýar (ýagny boýy kelte). Şonuñ üçinem ol kemsidilmä duçar bolýar. Hatda onuñ emeli ganyna spirtiñ köp goşulandygyny aýdýarlar. Ýeke galmaga bolan isleg, mejbury jynsy erkinligiñ öñi-ardy görünmeýän keýpi-sapasyndan ýaña bizar-peteñi çykan Bernard gaçmagy niýetine düwýär. Şonuñ üçin onuñ öñki ýaşaýyş şertleriniñ häzirem dowam edýän az sanly wagşy zolaklarynyñ birine (Nýu Meksika) eden syýahaty derdine dowa bolmadygam bolsa, yzyna gaýdanda ýany bilen Londona gelen "Wagşy" tehnologiki siwilizasiýanyñ gelip ýeten derejesine başga bir nukdaýnazardan baha berýär. "Wagşy" olara nämeleri ýitirendiklerini ýatladýar. ◇ "Wagşy" (John the Savage) Lindanyñ we Tomasyñ ogly. Täze dünýäniñ ýaşaýjysy Linda Nýu Meksikada gezip ýörkä Jondan göwreli bolýar. "Wagşy" eline düşen ýeke-täk kitap bolan Şekspiriñ eserini durmuşyna çelgi edinýär. Ol bu dünýä şahyrana göz bilen seredip, göýä sirkiñ oýunçy maýmyny hökmünde getirilen ýeri bolan Täze dünýäniñ bolgusyzlyklaryna sonetler we pýessalar bilen garşy gitmäge çalyşýar. Ýöne Köne dünýäde "kesekidigi" ýa-da "teniniñ reñkiniñ başgadygy" üçin jemgyýetden çetleşdirilen, Täze dünýäde bolsa ýaşar ýaly ibaly ýer tapmadyk "Wagşynyñ" ruhy dünýäsi bu agyr göreşe döz gelip bilmeýär. ■ Romandaky personažlaryñ adynyñ alnan şahsyýetleri ◇ Bernard Marks - Bernard Şou we Karl Marks, ◇ Lenina Krown - W.I.Lenin we Fanýa Kaplan (F.Kaplan - Leniniñ janyna kast etjek bolup, şowsuzlyga uçran şahs); ◇ Polli Troskiý - Lew Troskiý; ◇ Benito Huwer - Benito Mussolini we Gerbert Huwer; ◇ Gelmult Watson - German won Gelmult we Jon B.Watson; ◇ Darwin Bonapart - Napoleon Bonapart we Çarlz Darwin; ◇ Gerbert Bakunin - Gerbert Spensr we Mihail Bakunun; ◇ Mustafa Mond - Mustafa Kemal Atatürk we Alfred Mond; ◇ Primo Mellon - Migel Primo de Riwera we Andre Mellon; ◇ Sarožini Engels - Fridrih Engels we Sarožini Naidu; ◇ Fifi Bradlaugh - Çarlz Bradlaugh; ◇ Žan-Žak Habubulla - Žan Žak Russo we Habubulla han. | |
|
√ Şiraly Nurmyradow - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |