00:27 Omar Haýýam Merwde | |
OMAR HAÝÝAM MERWDE
Edebi makalalar
Gadymy Merw 2012-nji ýylda Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň medeni paýtagty, 2015-nji ýyl bolsa türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýilip yglan edildi. Şeýle derejäniň Mary şäherine berilmegi bilen bütin ýylyň dowamynda geçirilmeli işleriň tertibi düzüldi. Şeýle hem ýaşlarymyzyň bilimleri bütinleý erjellik bilen öwrenmäge, hünärleri ele almaga, edep kadalaryny düşünjelilik bilen berjaý etmäge, ata watany, ene topragy jany-teni bilen söýmäge, ony goramaga, oňa hyzmat etmäge taýýarlamak barada jogapkärçilikli wezipeleri öňde goýuldy. Olary üstünlikli çözmekde halkymyzyň geçmişdäki ylmynyň, medeniýetiniň, sungatynyň ähmiýeti biçak uludyr. Şonuň üçin gojaman taryhyň sahypalarynda öçmajek yz galdyran, dünýä ylmyna, medeniýetine bahasyna etip bolmajak goşant goşan beýik akyldarlaryň ömri, döredijiligi bilen ýaşlarymyzy tanyşdyrmak örän möhüm bolup durýar. Gadymy Merw şanly taryhymyzyň ähli döwürlerinde şu toprakda ýaşan, ynsan nesliniň ylym dünýäsinde şamçyrag bolup hyzmat edip gelen eserleri döreden alymlary, akyldarlary, şahyr-ýazyjylary bilen şöhratlanypdyr. Şeýle hem Mary Orta asyrlarda binägärlik sungatynyň kämil eserlerini özünde jemläpdir. Gadymy Merwde bütin dünýä dabarasy dag aşýan Soltan Sanjaryň şa tagtyna geçmegi bilen ylym we medeniýet görülmez derejede ösüpdir. Soltan Sanjar özünden öňki ýaşap geçen Horasana şa bolan al Mamunyň ylymy-bilimi ösdürmekdäki däplerini dowam etdirip akyldarlaryň mekdebini döredipdir. Bu toprakda ýaşan, bilim alan, ylmy-bilimi ösdürmekde uly işleri bitiren akyldarlardan Muhammet Horezminiň, Ýahýa ibn Mansuruň, Abdylmeligiň Apbas ibi Seýidiň, Ahmet Merwazynyň, Muhammet ibn Abdyllanyň, Berunynyň, Ibn Uragyň, Farabynyň, Ibn Sinanyň, Abu Seýit Mäneliniň, Nasyr Hysrowyň, Omar Haýýamyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Nejmerdin Kubranyň we beýlekileriň atlaryny guwanç bilen ýatlasymyz gelýär. Akyldarlarymyzyň ajaýyp ruhy baýlyklary ýaşlary öz halkymyzyň ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak aýratynlyklarydygyny bellemelidiris. Mary topragynda şeýle baýramçylklaryň geçirilýän şu günlerinde beýik akyldarlardan Omar Haýýam barada ýaşlarymyza-mekdep okuwçylaryna azam bolsa käbir maglumatlary beresim gelýär. Omar Haýýam meşgur matematik, astronom, filosof, şahyr bolupdyr. Onuň şeýle uly akyldar bolup ýetişmeginde iki sany adamyň kömegi örän uly bolupdyr. Samarkantly kazy Abu Taryh Abdurahman ibin Alak Omary Seljuk hökümdarlaryny tanansoň ol ýere ylym öwrenmäge äkidipdir. Ikinji bir penakäri onuň adynyň arşa çykmagyna ýardam eden wezir Nyzam Mülk bolan. Ol Omary Mälik şanyň köşgüne çagyryp, ylmy işler bilen meşgur bolar ýaly ähli şertleri döredipdir. Bu adamlaryň özüne ýakyndan ýardam edendiklerini Omar Haýýam özüniň ”Algebranyň we almukabalyň meseleleriniň subutnamalary hakynda” diýen işinde aýratyn minnetdarlygyny bildiripdir. Omar Haýýam Mälik şanyň hökümdarlyk eden döwründe örän öndümli işläpdir. Ol öz döwrüniň alymlary bilen bilelikde işläp, olar bilen ýakyndan pikir alşypdyr. Omar Haýýam "Algebranyň we almukabalyň meseleleriniň subutnamalary hakynda”, "Arifmetikanyň kynçylyklary” diýen işlerinde öz zamanasyna laýyk täzelikleri girizipdir. Umuman, Algebrany deňlemer hakyndaky ylym hökmünde kesgitläpdir. Ol Mälik şanyň döwründe täze kalendar düzüp, ýurtda kalendar reformasynyň amala aşyrylmagyny üpjin edipdir. Bu kalendar alymyň astronomiýadan gazanan iň ajaýyp üstünligidir. Ol öz kalendarynda täze ýylyň mart aýynda- Nowruzda başlanýandygyny belläpdir. Kalendaryň döreýiş taryhy, asman jisimleriniň hereketi bilen adamzat ýaşaýşynyň baglanyşygy barada “Nowruznama” atly täsin kitabynda giňden söhbet açypdyr. Ol gadymy döwürden öz döwrüne çenli kalendar reformalarynyň taryhyny hem ýazypdyr. Kitapda haýsy kalendaryň haýsy şalaryň döwründe ulanylyşyna çenli görkezipdir. Omar Haýýam şol ýyllarda has öndümli işläpdir. Onuň “Giňişligiň zerur şertleri", "Ýewkilidiň kitabyna düşündiriş”, ”Fizikanyň gysgaça beýany”, "Gymmatlyklaryň hazynasy”, ”Altynyň we kümüşiň mazmunyny kesgitlemek”, "Barlyk we borçlulyk” ýaly kitaplary ýazypdyr. Omar Haýýam Ibn Sinany- Lukman Hekimi öz mugallymy hasaplaýar. Öz eserleriniň köpüsinde onuň adyny tutýar. Hat-da ol aradan çykanda-da Ibin Sinanyň melhemler kitaby bolan “Al şifa” ("Sagalma”) kitaby elinde eken. Omar Haýýam dünýä belli şahyrdyr. Onuň rubagylary bütin dünýäniň okyjylaryny özüne çekipdir. Haýýam üýtgeşik zehinli, şu dünýäniň eşretini, şatlygyny, ynsan söýgüsini wasp eden şahyrdygyny hemmeler bilýär. Şahyr goşgularynda çakyr içmek barada köp ýazypdyr. Şonuň üçin ony köplenç içgä kowalaşyp ýören serhoş hasap etjek bolýanlar hem bolupdyr. Emma ol çakyr temasyny adamyň hemişe azat bolmagynyň, onuň aýratynlygynyň, özüniň hakyky gymmatlygyna eýe bolmagynyň simwoly hökmünde ulanypdyr diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Akyldaryň terjimehaly bilen gyzyklanýan akyldarlar Omar Haýýamyň içgi içmändigini aýdýarlar. Şahyryň dört setirli rubagylarynda köp meseleleriň gozgalmagy onuň döredijiliginiň aýratynlygynyň esasy biri bolup durýar. Rubagylarda ynsan mertebesi, akyl-huşy, özüni alyp barşy, durmuşda tutýan orny hakdaky pikirler, dürdäne sözler mynasyp orny eýeleýärler. Ol söýgi, mertlik-namartlyk, ikiýüzlilik, ylym, bilim gudraty hem-de gymmaty barada köp ýazypdyr. Adamzatdyr ähli mahluhyň başy, Zyýadadyr onuň akyly-huşy, Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa, Ynsandyr bezegi, zynaty gaşy. Ýa-da: Başarsaň ynjytma hiç bir kimsäni, Gazap odun ýakyp, berme nogsany, Eger sen hemişe dynçlyk isleseň, Ynjasaň-da, ynjytmagym ynsany - - diýen setirlerinde adamkärçilik, gumanizm şähyryň döredijiliginiň esasy bolup durýar. Ol Gündogar halklaryň iň oňat däplerini saklamak, olary ösdürmek hakyndaky aladalaryny hem eserlerine geçiripdir. Omar Haýýamyň rubagylary iňlis, rus, özbek terjimeçileri tarapyndan birnäçe gezek ýygnalyp çap edilýär. Türkmen terjimeçileri Baýrammämet Ahundow bilen Rahman Rejepowyň soňra Berdi Kerbabaýewiň, Annaly Berdiýewiň terjimelerinde aýry-aýry wagtlarda terjime edilip aýratyn kitapçalar görnüşinde çap edilýär. Berkerar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkyň gymmatly mirasyny, ylmyny, medeniýetini dikeltmek, goramak, geljekki nesillere ýetirmek babatda uly işleralyp barylýar. Merw türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýilip yglan edilmegi bu ugurda alyp baran işleriniň rowaçlyga beslenýändigini aňladýar. Merwde ýaşan akyldarlaryň alyp baran işlerini nesillere ýetirmek işi hem bu günki gün rowaçlanýar. Amansähet ANNASÄHEDOW, Aşgabat şäheriniň Ata Gowşudow adyndaky 125-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Türkmenistanyň ussat mugallymy. ”Adalat" gazeti, 1.05.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |