21:12 Gahryman | |
GAHRYMAN
Goşgular
(Gökdepe gerçegi Gurbanmyrat işana bagyşlanýar) I. Bu goşgyny bagyşladym şol merde, Çyn ärler gursaga ýazylan borly. Bir şahyr aýtmyş setirlerinde, ”Batyrlar hak halap, dogulýan borly”. Özi bir danady, özi merdana, Ýökdy oň atyna taý geljek atlar Bezegidi segreýip girse meýdana, Bu iki gudrata maýyldy toýlar. Ýyndamlykda ýokdy oňa taý geljek, Atyň bakylyşyn görenler haýran. Otyr at üstünde ulama gerçek, At adam ýalydy bolsa-da haýwan. At eýä wepaly, jeňde gaýratly, Göreji deý eý görerdi işanym. Türkmen sährasynda bolan toýlarda, Atyn ula goýbererdi işanym. Söweşde saýlandy bu aty bilen, Aty bilen aldy şeýle şöhraty. ...Wah, arman bedewi eýesiz galdy Hem hossarsyz galdy türkmen sährasy. Adamlar göterip barýarlar merdi, Doýmady gara ýer mert baryn düýnäp, Meşgur töräň tabydynyň ýanyndan, Gidip barýar bedew tanapyn süýräp. Işan jaýlananda, şeýle bir gaty, Ses edip aglady wepaly aty, Onuň bilen aglaşdylar adamlar, Agyr derdin paýlşadylar adamlar. 13 günläp iýmedi hem içmedi, Deň çekýärdi ynsan bilen hasraty. Haýkyryp-haýkyryp janyn gynady, Haýran galdy gören wepaly aty. Ýatyrdy köp ýylky keselli ýaly, On dördünji günde berdi ýanyny, Işan aga gudratyňa döneýin, At wepasy... heý ynanar ýalymy. Adam jaýlanan deý jaýlandy bedew, Halaýyk goýmady onuň armanyn. Keramatly işan, Gahryman ogul, Jaýyň jennet bolsun, Hemra ymanyň! II. Işanym gözüň aç bagta ýetdik biz. Bu gün Watanym bar, Mähribanym bar. Köp ýyllap arzuwlan berkarar ýurdy, Gurýan, galkyndyrýan Gahrymanym bar. Birleşdi türkmeniň ähli taýpasy, Arzuwlarym hasyl boldy ilimde. Garaşsyz Watanyň bolşuna seret, Waspy bu gün bagşylaryň dilinde. Türkmen taryhyna ýazdyk adyňy, Türkmen halky berdi Gahryman adyn, Halkym mertlerini çykarmaz ýatdan, Gaýratly, namysly, arly zürýadyn. Amansähet ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |