09:18 Merw medeniýeti we Horezmi | |
MERW MEDENIÝETI WE HOREZMI
Edebi makalalar
Soñky wagtlar Mary topragy özboluşly döwrebap keşbe eýe bolýar. Bu günki gün bu toprakdaky taryhy gymmatlyklarymyzyň we milli mirasymyzyň şöhraty dünýä dolýar. Mary Türki medeniýetiniň mesgeni, ösen swilizasiýalaryň merkezi bolanlygy üçin TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2015-nji ýyl türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Taryhy ýadygärliklere örän baýlygy sebäpli her ýyl müňlerçe jahankeşdeler, syýahatçylar bu ýere zyýarata gelýärler. Olar bu ýerlerdäki keramatly ýerlere, gadymy döwürlerde gurlan Bureýde baba, Hoja Ýusup baba, Soltan Sanjar, Ahmet Zamçy, Töre ahun, Uly we Kiçi Gyzgalalara aýlanyp olaryň gurluşy, şu günki güne çenli saklanyp gelşi bilen gyzyklanýarlar. Mary türkmen topragynda uly şäherleriň iň gadymysy hasaplanypdyr. Ol biziň eramyzyň ozalky müňýyllyklarynda dörän Margiýana we Marguş döwletleriniň paýtagty bolupdyr. Gadymy ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýänligi üçin Mary daşary ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin hem amatly şertleri döredipdir, Biziň eramyzyň 9-12-nji asyrlaryna Merw şäherinde medeniýet, ylym ösüp ýokary derejä ýetipdir. Bu döwürlerde arap halyfatynyň wekili halyf Mamun ibn Reşidiň bu ýerde hökümdar bolmagy bilen ol ylma, medeniýete uly üns beripdir. Ol alymlary, şahyrlary, ýazyjylary Merwe çagyrypdyr. Olaryň ylym bilen meşgullanmaklary üçin uly mümkinçilikler döredipdir. Bu ýere ýygnanan akyldarlar özüne 12 müň tomluk kitaplaryň jemlenen “Eziniýe”, ”Kemaliýe”, ”Nizamiýe", ”Amidiýe”, "Hatumiýe”, "Dumaýriýe”, ”Zamiriýe” ýaly kitaphanalarynda uly ylmy işleri alyp barypdyrlar. Şu toprakda köp ýyllaryň dowamynda işlän Muhammet Horezminiň, Ýahýa ibn Mansuruň, Abdylmeligiň Apbas ibi Seýidiň, Ahmet Merwazynyň, Muhammet ibn Abdyllanyň, Berunynyň, Ibn Uragyň, Farabynyň, Ibn Sinanyň, Abu Seýit Mäneliniň, Nasyr Hysrowyň, Omar Haýýamyň, Hoja Ahmet Ýasaýynyň, Nejmetdin Kubranyň we beýlekileriň atlaryny guwanç bilen belläsim gelýär. Bu alymlaryň köpüsi Meriwde, soňra Bagdatda işläp “Paýhas öýüni” döredipdirler. Bu haýhas öýünde işleýän alymlar beýleki dillerde ýazylan kitaplary, aýratynam gadymy grekleriň ýazan ylmy eserlerini terjime edip kitaphanalary baýlaşdyrypdyrlar. Olar dünýä medeniýetine uly goşant goşupdyrlar. Bu akyldarlaryň soňky döwürlerde ýaşan Ýunus Emre, Nowaýy, Jelaletdin Rumy, Nesimi, Azady, Andalyp, Magtymguly ýaly beýik danalaryň döremeginde täsirleri uly bolupdyr. Maru-şahu-Jahan medeniýetinde-ylmynda uly yz galdyruyp giden Muhammet ibn Musa al-Horezmi barada az hem bolsa maglumatlary size ýetirmek isleýärin. Akyldar Horezm ýurdunda (häzirki Hywa şäherinde) doglupdyr. Onuň kakasy Musa hem öz döwrüniň sowatly adamlarynyň biri bolupdyr. Musa 18-nji asyryň 90-njy ýyllarynda Merwe göçüp gelipdir. Horezmi ömrüni Maryda, Bagdatda, Horezmde geçiripdir. Ol orta asyr Gündogarynyň iň beýik alymlarynyň biri bolupdyr. Ol ylymlaryň bir topar ugry boýunça ilkinji bolup özboluşly täze pikirler aýdypdyr. Horezmi uly alym bolup orta çykanda Merw Horasanyň paýtagty bolýar. Hökümdar Mamun Horezmini hakyky alymlygy sebäpli akyldarlaryň ýygnanan “Paýhas öýüne” ýolbaşçy saýlapdyr. Orta asyryň bu özboluşly ylymlar öýi özünde medresäni we kitaphanany birleşdiripdir. Kitaphanalarda şol wagt meşhur bolan dürli dillerdäki (latyn, hindi, grek, pars) golýazmalar göçürilipdir, terjime edilipdir. Horezmi astranomiýa, matematika, algebra, taryh, geografiýa boýunça uly işleri alyp barypdyr. Terjimehal maglumatlardan belli blşy ýaly alym 15-den gowrak eser döredipdir. Horezmi taryh boýunça arap dilinde ylmy iş ýazanlaryň ilkinjisi bolupdyr. Onuň "Taryhyň kitaby” diýen ylmy işi özüniň maglumatlara baýlygy bilen tapawutlanypdyr. Alymlaryň aýtmagyna görä Horezminiň bu kitaby dolulygyna bize gelip ýetmändir. Ýöne ol bu kitabynda arap halyfatlaryndan başlap tä Mamun hökümdary döwrüne çenli döwürleri öz içine alýan halyfatlaryň hökümet başyna geçişlerini, tagtdan aýrylyşlaryny aradan çykyşlaryny, basybalyjylykly ýörişlerini, olara berlen gaýtowullar barada ýazypdyr. Horezmi dünýä ylmyna algebrany beren adamdyr. Onuň “Al jebr we mukabula” ("Doldurmagyň we garşy goýmagyň gysgaça kitaby") ady bilen bellidir. Ol “Ýeriň görnüşiniň taryhy“ kitabynda ýerleriň, şäherleriň 537-niň geografik ýagdaýlaryny öwrenip hem görkezip bilipdir. Şeýle hem daglaryň 209-sy, deňizleriň, ýerleriň, kölleriň onlarçasy hakynda maglumat beripdir. Maryly alymlaryň Maryda işläp soňra Bagdada gidendikleri, şol ýerde işlerini dowam edendikleri barada aýdypdyk. Horezmi hem Bagdada gidip ol ýerde Merwdäki ylmy däpleri beýleki halklaryň däpleri bilen utgaşdyryp, özleriniň adamzadyň eşretine gönükdirilen gumanistik işlerinde uly üstünlikler gazanypdyr. Horezmi ylma-bilime,medeniýete uly üns berip, onuň adamlaryň durmuşynda uly ähmiýete eýedigini nygtapdyr. Ol alymlaryň özlerinden öň ýaşap geçenlerine uly hormat goýmalydyklaryny, ýazan zatlaryny aýawly saklamalydyklaryny, ýalňyşlary bolsa düzeltmelidiklerini ündäpdir. Horezminiň “Hindi hasaby hakynda” diýen işi matematika ylmynyň ösmeginde uly döwri başlaýar. Oda hasaplamagyň onluk sistemasy işlenilip düzülýär. Horezmi "Triginometrik tablisalar” diýen işinde bolsa matematika ylymyna uly täzelikler girizýär. Umuman, Horezminiň ylym babatda ajaýyp aýratynlyklarynyň biri ol öz döredijiliginde Orta Aziýanyň özboluşly ylmy we medeni däplerine daýanypdyr we täzelikleri olar bilen sepleşdirmekligi başarypdyr. Merwde ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmeklikde alnyp barlan işler soňky asyrlarda ýaşan akyldarlara uly täsirini ýetiripdir. 18-nji asyryň görnükli söz ussady Magtymguly Pyragynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň aýdan sözlerini ýatlasym gelýär: "Älem jahana Günüň ýeri, suwuň, oduň zerurlygy ýaly" adamzat durmuşynda-da ylym gerek, gije Aýyň zynat berşi ýaly adamzat dünýäsinide ylym bezeýär, göýä ýüregiň möhümligi ýaly ynsan ýaşaýşynda-da ylym derwaýys” diýip belleýär. Gadymy Marynyň şöhraty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da beýgeldi. Türkmen alymlarynyň işlemekleri, ylymda medeniýetde ýokary netijeler gazanmak üçin giñ ýol açyldy. Amansähet ANNASÄHEDOW, Aşgabat şäheriniň Ata Gowşudow adyndaky 125-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Türkmenistanyň ussat mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |