02:41 Derýa | |
DERÝA
Goşgular
![]() Bu goşgyny bagyşladym şanyňa, Gursagma giren mähriban derýa. Meniň üçin ýeke-täksiň Sumbarym, Seni görmesem men sygmaýan dünýä. Ýardam berip Hazar deňzine guýýan, Her damjaňda onlap-ýüzläp many bar. Lowurdaýaň, Aý astynda bulanyp, Seniň owazyňda belent jady bar. Meniň üçin eziz ähli derýadan, Sumbar derýam, sende görüpdim bagtym. Şaýady bolduňyz köýen söýgümiň, Bu ýollarda galyp, kösenen wagtym. Towlanyp barýardy söňky göremde, Urýar kenaryna, gazaply haly. ...Çagyryp dur ýaşlygymy özüne, Gojalan kalbymdan habarsyz ýaly. Amansähet ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |