00:23 Ömrümiň hemrasy | |
ÖMRÜMIÑ HEMRASY
Oýlanmalar
Sen ömrüme gelşiň gaty ýakymly bolmasa-da kalbyma girişiň bahar howasy ýaly ýakymlydy. Gusagymda galan köne ýaralaryma wagtdan öňürdip derman bolan dostluk hakyndaky pikirlerimiň sönen şemleriniň peltesini otluçöp dänesi misli otlap yşyklandyran ýalňyzlygyň gämisinde ýeke ýüzmegi öwrenen göwrämi ýoldaş bolup dünýämiň diňe ak gara reňklere beslenen diwarlaryny dürli galam bilen reňklän mähribanymdyň. Logikanyň kanunlaryna-da ýerleşip bilmedik dostlugymyz bar biziň. Bir gün bile geçen ýodalarymyz nile oturan partamyz paýlaşyp iýýän okuwymyzyň ýanyndaky naharhananyň naharlary ýat bolsa-da biz bir-birege ýat bolmaly. Sebäbi ynsana özüne düşünýän kalbynda erbetlik götermeýän ýoldaşy seýrek gabat gelýär durmuşda. Käbir öwrümlerde şeýle ynsany tapdym öýtse-de ýalňyşan bolup çykýar. Wepaly dostam ynsana seýrek berilýän nygmat. Meger gam bürän goşgularymdan iren ykbalymyň serpaýysyň sen. Hernämede bolsa sen entägem durmuşymda bar! Ömrüň uzak bolsun, mähribanym! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |