14:41 Ömrümiň iň bagtly günl / hekaýa | |
ÖMRÜMIŇ IŇ BAGTLY GÜNI
Hekaýalar
Ilki nämeden gürrüň berip başlasamkam. Gowusy magnitofondan başlaýyn... Men mugallymçylyk mekdebini tamamlap, ilkinji zähmet ýoluma obamyzyň başlangyç mekdebinde başladym. Mekdebiň ýeketäk magnitofony mende durýady. Gyşky dynç alyşa çykanymyzda, mekdep magnitofonyň abat saklanmagy üçin, ony öýüme äkitmegi tabşyrdylar. Men muňa uly höwes bilen razy boldum. Men obaly sallah oglan. Öýlenýänçäm, maňa-da güýmenje gereg-ä. Şeýdip, dynç alyşda magnitofona güýmenip, içimi gysdyrmadym. Obamyzda bular ýaly enjamlar seýrekdi. Oba adamlarynyň ýagdaýyna seredeniňde, onuň bahasy gymmatdy. Olar dünýäň puluny berip, magnitofon alandan, birnäçe semiz mal edinenini gowy görýärler. Men magnitofony öýe alyp geldim welin, oba adamlarynyň içinde abraýym hasam artdy. Sebäbi onda hem-ä kasseta goýup, aýdym diňläp, hemem ses ýazdyryp bolýar. Agşam düşdügi boldy, mähelle bary meň öýüme akgyn edýär. Olar Han Çi Sianyň ýazga geçiren kitabyny diňlemegi gowy görýärdiler. Bu kitaby kakamam halaýardy. Ol altmyş ýaşa ýetenkirläberse-de, şular ýaly delje zatlar bilen gyzyklanýardy. Hatda, ol menden daşary syýasata degişli zatlaram soraýardy. Ýöne onuň bir zada akyly çatanokdy. Nädip magnitofonyň içine adam “sygýarka”. Wagtyň çalt geçäýşini diýsene. Eýýäm Täze ýylam ýetip geldi. Ol obalylaryň durmuşynda iň uly baýramçylykdy. Şol agşam obamyzy şatlyk-şowhun gurşap alýardy. Her kim öýüni we howlusyny täze ýyl äheňinde bezeýärdi. Obalylaryň gün-güzerany barha gowulaşsa-da, etlije nahar bişirmekde edil şäherliler ýaly tarhandökerlik edip bilenokdylar. Ýöne bu agşam üýtgeşik ahyry. Her kimiň täze ýyl saçagyna etlije nahar äberesleri gelýärdi. Ýogsa-da et iýmejek bolsak, onda mal saklap näme edeli... Kakam nahardan garnyny mazaly gözedi. Ýeňi bilen agzyny süpürişdirdi. Soňam garaja goýnuň ýüňünden edilen keçäň üstünde aýbogdaşyny gurup oturdy. Şol wagt daşardan atylýan paňkyldagyň sesleri eşidilip başlady. Maşgala agzalarym elindäki çöplerini goýup, Täze ýyly garşylamak üçin daşaryk ylgap çykdylar. Jigilerim paňkyldak atmak üçin deň-duşlarynyň ýanyna gitdiler. Ejemem goňşulara oturmaga çykdy. Öýde diňe kakam ikimiz galdyk. Öýümizi gum-gumlyk gurşap aldy. Kakamyň içi gysan bolmaga çemeli. Ol maňa: − Oglum, şol aýdym aýdýan älhepusy çykarsana. Bir aýdym diňlälile – diýdi. Men derhal magnitofony çykaryp, onuň gowy görýän kassetasyny goýdum. Kakam gözüni süzüp oturyşyna Han Çi Siany diňleýärdi hemem eňeginiň aşagyndaky selçeň sakgalyny sypaýardy. Warsaky ýeri gelende kakam gülýärdi. Ol gülende, eneme meňzeýärdi. Men şonda ol ikisiniň diwarda asylgy duran suratyny elime alyp synladym. Kakam suratda garry görnenokdy. Emma häzir edil enem ýaly gaty garrapdyr. Meniň pikirimçe, ýene-de sanlyja ýyldan bu suratam ýatlama bolup galsa gerek. Elbetde, meniň beýle oýlary serime getirmegim dogry däldi. Emma kakamyň hem bir gün bu ýagty jahandan hemişelik gitjekdigine gynanyp, dömen pikirler boldy-da... Surata düşmek nysaga öwrüleli bäri, garry ene-atasynyň suratyny diwardan asmak oba adamlarynyň arasynda ýörgünli boldy. Obada kimiň öýüne barsaňam, geýniwli ýaşuly adamlar zähmetde taplanan ullakan ellerini dyzlarynyň üstünde goýup, mähir bilen ömürlik ýaşan öýüne hemem şol öýde ýaşaýan çagadyr agtyk-çowluklaryna seredip durandyr... Şol wagt Han Çi Sian gyzykly waka hakda gürrüň berip başlady. Onuň ýogyn sesine hem-de tomaşyçylaryň el çarpyşmalaryna kakamyň keýpi göterilip başlady. Olam Han Çi Sian ýaly hem gürläp, hemem aýdym aýdýardy. Kakam bu kassetany birnäçe gezek diňläpdi. Ýatdan bilýär diýseňem boljakdy. Men kakamyň bolşuna begenýärdim we oňa şeýle diýesim gelýärdi: − Kaka, sen şatlan. Sen hökman şadyýan bolmaly. Özüň ýaly beýleki ýaşuly daýhanlar ýaly çeken zähmetiň hözirini görüp ýaşaýarsyň. Men saňa guwanýaryn. Kakamyň özünden göwnühoş halda ýazgy bilen başagaý bolup oturyşyny görüp, mende bir pikir döredi. Men näme üçin üçin kakamyň sesini ýazdyramok? Ol dünýäden gaýdandan soň suratyna seredip, ses ýazgysyny diňläp, geçen günleri ýatlasaň boljak ahyryn. Han Çi Sianyň kassetasy tamamlandy. Men oňa: − Kaka, menem seň sesiňi ýazdyraýynmy? – diýdim. − Meň sesimi? − Hawa. − Ýazyp bolýarmy? − Hawa ýazyp bolýar. Men bir boş kassetany salyp, onuň ses ýazdyrýan düwmesini basdym. − Eger ynanmaýan bolsaň, islendik zat diý – diýdim. Kakam birhili aljyrap başlady. Eli bilen ret edip: − Ýok, ýok. Men gürläp bilemok – diýdi. Men düwmäni basyp, kassetany yzyna saratdym-da ýazgyny kakama diňletdim. Magitofondan kakamyň sesi ýaňlandy: − Ýok, ýok. Men gürläp bilemok... Kakam geň galyp gürledi: − Beh, bu meň sesim dälmäý? − Hawa, hut seň sesiň-dä. Indiden beýläk seň sesiňi köpräk ýazdyraly. Haçan-da dünýäden gaýdanyňdan soňra, yzyňda galan nesil seni diňläp, ýatlar ýaly. − Bolýa weli, ýöne kasseta köp wagtlap dursa, sesim ýitmezmi? − Ondan arkaýyn bolaý. Kasseta zaýalansa, sesiňi başgasyna geçirip bolýar. Kakam sesini ýazdyrmaklyga ilgezik bolsa-da utanýardy. Ol hamala diýersiň, telewizora düşýän ýaly aljyraňňy ýagdaýda küýki bilini dikeltdi, iki eli bilen kellesindäki başgabyny düzetdi, soňam ellerini dyzlarynyň üstünde goýdy. Ol menden: − Näme gürlesemkäm? – diýip sorady. – Näme gürleseňem bolman durmaz. Mysal üçin, ömrüňdäki iň bagtly gün hakynda gürrüň berip bilersiň. − Ömrümiň iň bagtly pursaty? Bäh, nädip aýtsamkam, hany ilki bir ýatlamaga maý ber. Eger-de, ömrümiň iň bagtly pursatyny aýtmaly bolsa, onda ejeň bilen toý eden günüm şol. Boldumy? Wiý, yzam bar-a – diýip gyssandy. – Hawa, ýadyma düşýär, şol gün edil şu gün ýaly täze ýyly belleýärdik. Şeýleräk gürlesem bolýar dälmi? − Hawa, hawa gürläber. − Onda men dowam edeýin. Şol ýyllar örän hupbatlydy. Gije-gündiz diýmän, arman- ýadaman zähmet çekýärdik. Şeýdip ýylyň ahyryna geldik. Daýhan birleşiginiň başlygy täze ýylda hem işlemelidigini aýdyp, Sy Fo Sun obasyna ýygnady. Hemmeler diňläp, aňk boldy. Ertesi irden ähli daýhanlar obadan gaçyp, öýlerine gitdiler. Gaçman galan diňe mendim. Soň belli bir aýgyda gelip, menem öýüme gaýtdym. Bilemok seň ýadyňa düşýärmi ýa-da ýok, men gelemde siz pejiň ýanynda gamgyn bolup otyrdyňyz. Şonda sizi görüp, nähili ýüregimiň gyýylandygyny bir bilsediňiz. Şol ýyllar obada agyr günler höküm sürýärdi. Seňem ýadyňa düşýändir, öýüňde mal saklamana rugsat berenokdylar. Daýhan birleşiginiň mallaryny hem öldürmek bolanokdy. Döwlete tabşyrmalydy. Döwletiň özi ýylda her hojalyga et talonyny paýlaýardy. Talonyň bolanda-da, puluň bolmasa, et alyp bolanokdy. Şol günler seň daýyň ogluny öýerjek bolýardy. Bizem toý sowgady hökmünde öz talonymyzy olara berdik. Şonda men täze ýyla et tapmak üçin gapydan kürsäp çykyp, oba merkezine tarap gitdim. Men şeýle günleri başdan geçirýänimize lapym keç bolýardy. Täze ýyly bellämäge öýde bir bölek etem ýokdy. Erkek kişi bolup, çagalaryma et iýdirip bilmeýändigime namys edýärdim. Şeýle pikirlere çümüp barşyma oba merkezindäki azyk önümleri dükanyna ýetdim. Oňa deňiç wagtam günortan bolupdyr. Gapydan kelle ýaly gulp asylgy eken. Bu gün täze ýyl bolanlygy sebäpli her kim irgözünden öýüne gaýdypdyr. Men umudymy ýitirdim. Kellämi etegime sokup, çommalaga-da dükanyň girelgesiniň öňünde özümi ýere goýberdim. Çykgynsyzlykdan ýaňa ulilim bilen aglasym geldi. Ep-esli wagtlap oturandyryn. Birdenem kelläme bir pikir geldi. Gel gowusy arka ýüzünden baryp göreýin diýdim. Men bisowat obalam bolsam, gyssanan wagtym kelläm gowy işleýär. Emma arka tarapdaky gapam gulply eken. Ýöne içerde biriniň üsgürenini eşitdim. Eger-de, men özümi oba arçynynyň garyndaşy hökmünde tanatsam, heýem olar maňa et bermezmi! Ýogsa-da arçynyň ady nämedäý? Wiý, hawa, Feň Guo Wu. Indi men Feň Guo Wu arçynyň garyndaşy. Şeýdip men dükanyň arka gapysyny kakdym. Bir dolşum adam gapyny çalaja açyp, menden näme iş bilen gelendigimi sorady. Menem arçynyň garyndaşydygymy, et satyn almana gelendigimi aýtdym. Ol meni gapydan salyp, göni et saklanylýan ammara äkitdi. Men ammaryň içindäki etleri görüp, haýran galdym. Asyl bar et bärde eken-ä. Ol menden näçe kilo gerekdigini sorady. Men jübimdäki barja pulumy çykaryp, sanap gördüm. Dört manat bar eken. Men etiň bahasy bilen gyzyklandym. Ol bir manat altmyş teňňedigini aýtdy. Menem iki ýarym kilo çekmegini soradym. Aslynda, men dört manatlyk et almak islämokdym. Bir kilo maşgalamyz üçin ýeterlikdi. Galan puluma-da ejeňe ýaglyk almakçydym. Ol kellesindäki ýaglygy näçe ýyllap daňyndy − hem köne, hemem ýamalgy. Soňam siz üçin paňkyldak almak isleýärdim. Etlije nahar iýip, paňkyldak atsaň, ana şonda hakyky täze ýyl belledigiň bolýar. Ýöne arçynyň «garyndaşy» bolup, özem dükan ýapylandan soň arka gapyny açdyryp, bir kilo et almaga utandym. Men «gözümi ýumup», dört manatlyk et aldym-da, begenjime öýe gaýtdym. Ýolda gelýärkäm goňşy Gao Wu öňümden çykdy. Onuň aýaly syrkawdy. Öýüň bar keşigi üstüne düşensoň, ol çöpe dönüpdir. Onuň egninde pagtadan possuny bardy. Biline bolsa ýüp oralypdy. Ol menden eti nireden alandygymy sorady. Men oňa hakykaty aýtmakdan çekindim. Her kim «Men arçynyň garyndaşy» diýip, et alsa bolmaza. Soň polisiýa menem barlar. Şoň üçin oňa ýalan sözledim. Eti geçip barýan ýat kişiden alandygymy aýtdym. Gao Wu şol adamy nireden tapyp boljakdygyny sorady. Men onuň bireýýäm obadan gidendigini aýtdym. Gao Wu aglamjyrap şu gün täze ýyl bolany üçin birinden karz pul tapsa-da, almaga etiň ýokdugyndan zeýrendi. Ol gamgyn halda elimdäki ete seredip, ujundan az-owlak satmagymy towakga etdi. Oňa nebsim agyrsa-da, öz maşgalama hem et iýdiresim gelýärdi. Men şeýdip, iki oduň arasynda galdym. Ahyry etiň ujudan satmakçy bolup, onuň bahasynyň gymmatdygyny – bir kilosyny iki manada alandygymy aýtdym. Ol dessine iki manat çykaryp, menden bir kilo satyn aldy. Oňa ýene-de ýarym kilo berip biljekdigimi aýdanymda, onuň begenjiniň çägi bolmady. Şeýdip, mende bir kilo et galdy. Aslynda, meň özümiňem niýetim bir kilo almakdy. Indi mende üç manat bardy. Men bazara baryp, iki manada ejeňe ýaglyk, elli teňňä paňkyldak, galan elli teňňä-de süýji-kökejik aldym. Bazardan soň göni öýe haýdadym. Ýolda barýarkam, begenjime aýdyma hiňlendim. Sen menden ömrümdäki iň bagtly güni soradyň dälmi? Ine, meň ömrümde şundan bagtly gün ýok. Täze ýyl gijesi size etlije nahar iýdirip bilenime, ejeňem täze ýaglyk edinenine, siziň hem kemput iýip, paňkyldak atyp bileniňize begençden ýaňa iki bolup bilemokdym. Men magnitofonyň düwmesini basyp öçürdim. Hiç zat gürlemedim. Kakamdan jyda düşenime gynanyp, gamgyn halda howla çykdym. Garaňky gijede ýyldyzlar şöhle saçýardy. Her bir öýde täze ýyl şowhuny höküm sürýärdi. Köçeden saz gurallarynyň sesi eşidilýärdi. Bu sese çagalaryň şatlykly seslerem goşulýardy. Tutuş oba baýramçylyk howasy bilen dem alýardy. Birdenem paňkyldak sesleri ýaňlanyp başlady. Howa dumana gaplandy. Bu ýagdaý meniň kalbyma mähir we aramlyk saldy. Lu ÝAO, hytaý ýazyjysy Hytaý dilin terjime eden: Sähetmyrat BEGENJOW. | |
|
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |