14:55 Uýam / hekaýa | |
UÝAM
Hekaýalar
Uýam eýýäm ýigrimi ýedi ýaşady. Hakyna seretseň, ol bir eýýäm durmuşa çykmalydy. Oba adamlarynyň gözünde ýigrimi ýedi ýaşly gyz öýüniň duluny saklap otursa, bir kemi bardyr öýdülýär. Eýýäm uýam hakda-da gep ýaýrap başlapdyr. Hyşy-wuşular meňem gulagyma degdi. Ak kagyz ýaly uýam barada obadaşlarymyň ýalan-ýaşryk toslamalaryny eşidenimdem ölen bolsam gowy bolardy. Ejem keselläp, dünýesini täzeländen soň, zandy ýuwaştap kakam öňküdenem dymma boldy. Ol daýhançylyk bilen meşgullanyp, öýe gazanç getirýär diýäýmeseň, biz bilen seri ýokdy. Gyz doganymyň bazarynyň sowlup barýanyna-da göwnibir ýalydy. Bu barada dilem ýarmaýardy, gyzyklanmaýardam. Men uýamy gowy görýän. Ol şeýle mähirli, ýumşak, ýüregem edil akja bulutlar ýaly kir-kimirsiz. Her kim onuň üzümiň suwy ýaly maşgaladygyny aýdýar. Ol çyndanam şeýle. Biziň obamyz onçakly ösmedik, ýöne her obada-da, iýmän-içmän ýüzüne seredip oturmaly gözeller tapdyrýar. Adamlar olary obamyzyň meşhur igdesi ýaly, dilden düşürenoklar. Öwüp aýtdygym däl, uýam obamyzdaky gyzlardan saýlanyp dur. Ol çagalykdan sungaty gowy görýärdi. Şonuň üçin onuň gözellige bolan garaýşy üýtgeşik. Men şuň ýaly gyzyň oglan jigisidigime buýsanýaryn. Onuň orta mekdebi tamamlanyna eýýäm esli wagt geçdi. Birnäçe ýyl ýokary okuw jaýyna bagtyny synap gördü. Emma, her gezegem netijesiz tamamlandy. Şeýlelik-de ol mal-gara, ekin-dikin, öýüň otur-tury bilen boluberdi. Uýam juda işeňňir. Elinden dür dökülýär. Şonuň üçinem ony gelin edinip, aňyrsyna geçirip bileniň armany ýokdy. Gyz doganyma birnäçe oglany hödürläp gördüler. Köpüsi hökümetde işläp ýören aýlykly-günlükli oglanlardy. Emma, doganym olaryň hiçisine-de göwnemedi. Sebäbi, onuň öz diýýan ýigdi bardy. Muny diňe men bilýärdim. Uýama ýaran oglan Medeniýet rewolusiýasy döwri welaýatdan obamyza sürgün edilenleriň arasynda obamyzy iň soňky bolup terk eden sowatly ýigitdi. Onuň ady Gao Li Min. Onuň kakasy birmahallar welaýatymyzyň häkiminiň orunbasary bolup işläpdir. Soňam içalyçylyk toparynyň ýolbaşçysy wezipesine geçiripdirler. Ejesem bir edaraň başlygymyşmy nämemi, aý, garaz ýokary wezipeli adamlar-da. Ýöne Medeniýet rewolusiýasy başlanda, Gao Li Miniň ene-atasyny tussag edýärler. Gao Li Minem oba sürgün edýärler. Gao Li Min obadan çykyp bilmedik ýeke täk oglan. Beýleki oglanlaryň köpüsi ot ýaly bolup uniwersitede girdiler, köpüsem işçi bolup başga ýerlere gitdiler. Emma, Gao Li Min garalanan ene-atasy sebäpli başga ýerlere gitmegä beýle-de dursun, obada-da imisala ýaşap bilmedi. Günde-günaşa arçynlykdan gelip oňa terbiýeçilik işlerini geçýärdiler, ýazgarýardylar. Ol şol ýyllar kösençlik baryny gördü. Oba halkynyň ýek görýäni içalylardy. Olary rewolýusiýaň garşydaşlaryndan hem beter ýigrenýärdiler. Şonuň üçin, hiç kim içalynyň ogluna ýakynlaşmaga milt edip bilenokdy. Ýene bir tarapdan, başlaryna bela satyn almakdan gorkýardylar. Obada Gao Li Miniň dosty ýokdy. Ol ýeke gezýärdi. Eginbaşlary köne-küşül, üpül-süpüldi. Nahar-şamdan hem başy çykanokdy. Şonuň üçin tapan-tupanyny çig-çimirem bolsa iýýärdi. Köplenç aç bolýardy. Uýamyň oňa nebsi agyrýardy. Şonuň üçin oňa eliniň ýetdiginden kömek etmäge başlady. Biş-düşüne seredip, köýneklerini ýuwup, ýamap berýärdi. Öýüniň tozan-topuny arassalaýardy. Her baýramçylykda içalynyň ogluny öýümize çagyryp hödür-kerem edýärdi. Uýam oňa hatda mendenem gowy seredýärdi. Meň ene-atamam akgöwün adamlar. Olar uýama Gao Lin Mine kömek edýäni üçin, göwni garalyk etmeýärdiler. Emma, obada bir agzy ýelli gyz doganym hamala şol oglan bilen binika ýaşaşýarmyş diýen bolgusyz gürrüňi ýaýradypdyr. Men şol wagtlar oglanjykdym. Adamlar ene-atama hem gyz doganyma aýdyp bilmeýän zatlaryny gelip maňa aýdyp gidýärdiler. Uýam hakyndaky erbet gürrüňlerem meň ýüzüme basýardylar. Menem olara bu gürrüňleriň töhmetdigini aýdýardym. Emma, olar maňa ynanmaýardylar. Men uýamyň bizi namys astyna goýjak işi etmejekdigine ynanýardym. Ýöne bir zada düşünemokdym. Näme üçin gyz doganym oňa mendenem gowy seredýärdi? Ine şu sorag bilen içimi it ýyrtyp barýardy. Bir gezek gyz doganymdan: “Uýam, Gao Li Min içalynyň ogly. Hemme kişi ondan gaçýar. Sen bolsa tersine oňa her pursatda kömek edýäň. Öz başyňa bela geler öýdüp gorkaňokmy?” diýip soradym. Ýaýradylan gep-gybatlaram gürrüň berdim. Gyz doganym barmagy bilen burnumyň üstünden birki sapar basdy-da, ýylgyryp: “Samsyjak! Senem indi gepe gidip uýaňa ynanman başladyňmy?! Gao Li Min erbet ýagdaýda. Şonuň üçin elimden geldiginden kömek edýän. Onsoňam enem diri wagty bize näme öwredýärdi, bir ýadyňa sal. “Kynçylyga sezewar bolan adama kömek ediň. Adamlara ýagşylyk etmeýän adamy hudaýam halaýan däldir” diýenokmydy?! Biziň öýümiz, öwzarymyz bar. Emma, onuň hiç zadam ýok, ne hossary, ne-de bir derdinişer ýaly adamsy bar. Onuň şeýle ýagdaýdadygyny bilibem kömek etmezlik aýyp bolmazmy? Iller näme diýse şony diýsin, men olaryň gep-gybatyndan çekinemok”. Men bulary eşidip, gyz doganym mamla diýip hasap etdim. Ol hakykatdanam hiç kimiň gybatyna üns berenokdy. Indi-hä Gao Li Min maşgalamyzyň bir agzasy ýaly bolup gitdi. Bir gezek ol ýaramandy. Uýam şol gün onuň ýanyndan aýrylmady. Öýümizdäki gök-önümleri, ak uny onuň öýüne äkidip nahar, çörek bişirip berdi. Şol ýyllar obada adam başyna ýylda bäş kilo ak un berýärdiler. Şonuň üçin ak undan taýynlanan çöregi iýmek uly derejedi. Iňrik garalypdy. Eýýäm ýatar wagty bolupdy. Ejem uýamy alada edip başlady. Ol onuň gelmejegine gözi ýetensoň özi Gao Li Miniň öýüne gidip, ýanynda bir gije ýoldaş boldy. Eger-de, Gao Li Min bilen gyz doganym binika ýaşaýan bolsalardy, onda ejem olaryň ýanynda galmazdy ahyryn. Eýsem, muňa obadaşlaň akly çatmaýarmyka?! Aradan esli wagtyň geçmegi bilen, uýamyň Gao Li Mini söýýändigine gözli şaýat boldym. Tomus gününiň agşamydy. Günbatar tarapda asman edil ýanar ot ýaly gyzaryp durdy. Entäk garaňky gatlyşmandy. Men şonda obanyň çetindäki derýajyga eşiklerimi ýuwmaga gidipdim. Bugdaý meýdanyň gyrasyndan geçip barýarkam, samanlaryň arkasyndan aşyk-magşugyň gürrüňlerini eşitdim. Çaga bilesigelijigim olaryň gürrüňini golaýdan diňlemäge mejbur etdi. Eý hudaý! Ol meniň uýamyň sesi bolsa nätjek. Men şonda erbet boldym. Üstümden gaýnan suw guýlan ýaly boldy. Gao Li Min gyz doganyma: “Ezizim, men seni söýýän! Men seň ýanyňdan hiç haçan aýrylmaryn. Sen bolmasaň, men bir günem ýaşap bilmerin. Maňa durmuşa çykjagyňa söz beräý-dä, Siň-jan!” –– diýdi. “Bolýa Li Min, men söz berýän”. Bu meniň uýamyň sesidi. Mundan soňra Li Min aglamaga başlady. Esli salym aglady. Ol doganyma: –– Men hiç zadymy senden gysganmaryn. Ähli gazananymy saňa bererin. Seni hemişe söýüp gezerin. Ýöne saňa bol-telki durmuşy weli berip bilmerin. Sen men bilen kösenmeli bolarsyň...–– diýdi. Uýam: –– Men garyplykdan gorkamok, Li Min. Biz ikimiz birek-biregi söýüp gezsek, hemme zada hötde geleris. Sen toýdan soň eliňi serip gün görseňem, men seni hiç haçan taşlamaryn” diýdi. Li Min ýene-de aglamaga başlady. Ol edil çaga ýaly uly sesi bilen aglaýardy. Uýam aglamakda-da ondan ýardamyny gysganmady. Ol Li Min bilen bilelikde aglaýardy. Olaryň aglaýanyny eşidip, menem aglamaga başladym. Gözlerimden dökülýän ýaşlar ýaňaklarymdan syrygýardy. Men ýol boýy gözümden ýaş akdyryp derýanyň kenaryna geldim. Gün ýaşypdy. Oýa batdym. Näme üçin aglanym hakda oýa batdym. Ahyryn olaryň gürrüňi meni duýgulandyrdy diýen netijä geldim. Meň ak ýürekli uýam! Li Min halk duşmany ahyryn. Hemme kişi ondan gaçýar. Bu ýagdaýy bilibem, sen nädip ony söýüp bilýäň... Men çaga bolanym üçin söýgä düşünip baramokdym. Ýöne gyz doganymyň şeýle wepaly oglany saýlanyna özýanymdan begenýärdim. Ol barly adam bolmasa-da, uýamy bagtly edip biljekdi. Oňa hemişe wepaly boljakdygyna berk ynanýardym. Şol gün, uýam Li Mini alyp öýe geldi. Ol börek bişirdi. Tygşytlylygy söýýän ene-atam: –– Doglan gün däl, baýramçylyk däl, şuň ýaly gowy nahar bişirmek nämä gerek? –– diýip, uýama igenýärdiler. Uýam bilen Li Miniň gülküsi gelýärdi. Emma, olar ony bildirenokdylar. Olardan başga gülýän ýene bir adam bardy. Olam mendim. Soň durmuşymyzda uly üýtgeşme bolup geçdi. Rewolusiýa gutardy. Gao Li Miniň ene-atasy aklanyp, tussaglykdan çykaryldy. Ikinji ýyly uýam Gao Li Mine ýokary okuw jaýyna synag tabşyrmagyny maslahat berdi. Uýamyň özem synag tabşyrmaga gitdi. Li Min Pekin uniwersitedine geçdi. Uýamyňky bolsa bu ýylam çüwmedi. Li Min okuwa girensoň, uýam hem begenýärdi, hem gynanýardy. Begenmeginiň sebäbi Li Miniň talyp bolmagydy. Ýöne Li Min ony taşlar öýdüp gorkýardy. Uýamyň gynanjyna menem goşulýardym. Li Min doganymy taşlasa, maňa-da agyr degjekdi. Emma, Li Min gyz doganymy taşlamady. Men muny nirden bilýäň diýseňizläň. Gyz doganym belli-belli günlerde obaň gyrasyndan geçýän uly ýola baryp, hat gatnadyjy Li daýydan kimdir biriniň ugradan hatyny alýardy. Özem kämahal uly ýola baryp Li daýydan nirädir bir ýere hat ugradýardy. Uýam Li daýy bilen öz aralarynda “şertnama” baglaşypdyrlar. Ýagny, Li daýy doganymyň Li Min bilen hat alyşýanyny hiç kime aýtmajakdygyna söz beripdir. Men muny maňa aýtmasalaram bilýärdim. Sebäbi, men öz uýamyň näme işläp ýörenini hökman biläýmelidim. Li Min şäheri okuwa gideninden soňra, obadaky gep gybatlaram kiparlapdy. Indi hiç kim uýamyň gepini edenokdylar. Uýam ýygra bolany üçin, Li Min bilen hat ýazyşýanyny hiç kime, hat-da joralaryna hem aýtmaýardy. Sebäbi, birden biri biläýse, ýene-de gep ýaýrajagyny bilýärdi. Kakam bolsa şol öňki bolşy ýaly. Diňe ekin-dikin, mal gara bilen. Başga bilýän zady ýok. Emma, käwagt gyz doganyma gynançdan doly gözleri bilen seredýärdi. Ýöne hiç zat diýmeýärdi. Diňe uludan dem alyp, kellesini ýaýkaýardy. Uýam her gezek Li Minden gelip gowşan haty alanynda, şol samanlyklara baryp okaýardy. Haty okap bolanyndan soň, ýyrş-ýyrş edip öýe gaýdýardy. Käwagt ýol boýy aýdyma hiňlenýärdi. Onuň sesi owadandy. Radioda aýdýanlaryňky ýalydy. Uýam öýe begenip, aýdym aýdyp gelende, kakamyň keýpi gaçýardy. Kakam her gezek nebir aýdymy kesip: “Gaýrat edip aýtmaý, meň ýüregim agyrýar” diýýärdi. Şonda kakama gaharym gelýärdi. Ol şeý diýmek bilen gyz doganymyňam keýpini gaçyrýardy. Näme üçin gyz doganym aýdym aýdanda, kakamyň ýüregi agyrmalymyş. Aslynda, kakamam doganymy ýigrenenokdy. Ony janyndan eý görýärdi. Ejem aradan çykandan soňra, kakam durmuşa bolan umudyny ýitirdi. Saçynyň bary diýen ýaly agardy. Uýam begense menem begenýärdim. Ýöne begenjimi uýamdan gizleýädim. Bilmediksireýärdim ýa-da aýdyma hiňlenen bolýardym. Men öň surat çekmegi gowy görýärdim. Aýdym aýtmany welin halamokdym. Ýöne käwagt doganymyň begenjine begenmek maksady bilen bir näçe bent aýdym aýdýardym. Kim bolsa bolaýsyn, uýasy bolan erkek kişi, daşyndan göräýmäge uýasynyň toýuna goşulmaýan ýalydyr, emma, ýüreginiň çuňunda onuň bagtly bolmagyny isleýändir. Ýene-de täze ýyl geldi. Obadaky adamlar täze ýyly bellänoklardy. Sebäbi, olaryň pikriçe täze ýyly diňe şäherliler baýram edýärdi. Biz diňe ýaz baýramyny belleýärdik. Baýramçylygyň esasy alamaty, her kim üçinem datly tagamlary bişirmek bolsa gerek. Bu gün obadaky hiç bir hojalykda baýramçylykdan nam-nyşan ýokdy. Gurbany gitdigim, şol bir öňki naharlardy. Diňe biziň öýmüzde beýle däldi. Şäherli adamlar ýaly daşary ýurdyň täze ýylyny belleýärdik. Aslynda bizem ony uýam başlyklaýyn edýärdik. Ejem dünýäden gaýdanyndan soňra, doganym hojalygyň ähli keşigini öz boýnuna aldy. Kakam bu zatlara goşulanokdy. Hemişekisi ýaly ümsümdi. Kakam şu gün irden daň atyp, horaz gygyranyndan, daga odun çapmaga gitdi. Uýamyň keýpi kökdi. Sebäbi, düýn Li Miniň hatyny alypdy. Men onuň begenjini görüp, saklanyp bilmän: Uýam, senem begenýän diýip çenden geçýäň. Li Miniň hatyny aldym diýip, hökman börek bişirmelimi? Seň bişirýän börekleriň sebäpli indi öýde unam galmady –– diýdim. Diýsemem diýdim welin, onuň bu gün börek bişirmegine garşy däl. Eger ol begenjek bolsa, men hemişe gollaýan. Uýam daň agarandan mellekden gömülgi käşirlerden getirdi. Olary mazaly ýuwup, gyrgyçdan geçirdi. Suwda gaýnadyp, olardan topjagazlar ýasap, ýalpak gaba düzüşdirdi. Soň sarymsagy, sogany, gök burçy taýynlady. Soňam maňa iki ýuan berip, bazardan bir kilo et getirmegimi sargady. Men uýam üçin bazara gidýänime begenýärdim. Sebedimi alyp, göni bazara tarap eňdim. Emma, öýden ýaňy bir çykdym welin, uýam yzymdan gelip, golumdan saklady. Men bir zat boldumyka diýip gorkdum. Ol maňa: “Eti alyp, eglenmän öýe gel. Hiç ýere sowulaýma. Bu gün biziň öýümize arzyly myhman gelýär. Kim gelýänini bilýäňmi? Li Min gelýär. Öň biziň obamyzda ýaşap giden bilimli oglan. Ol geçen aý biziň welaýatymyzdaky fabrige tejribe geçmäge gelipdir. Täze ýylda hem oba gelip bizi görjekmiş”. Şol wagt maňa gyz doganymdan edil gyzgyn tok geçen ýaly boldy. Onuň gözüne seretdim. Gözleri umytlydy. Şonda onuň saçyny kesdirenini görüp galdym. Akja ýüzini, alma ýaňaklaryny, garaja saçlaryny görmäge göz gerekdi. Men bagtdan ýaňa asmana uçaýjak bolýan uýama seredip, hiç zat diýmän, kellämi ýaýkadym-da, ýyndam at ýaly bazara tarap eňdim. Uýamyň näme üçin bu gün börek bişirýänine men indi düşünip galdym. Men onuň ýatlama güni we altynjy iýun güni bişirmek üçin niýetläp goýan tüwimizi, igdämizi, arpamyzy çykaryp günüň aşagynda ýel çalmagy üçin goýanyny gördüm. Ol pissänem, çigidem çykaryp, serişdirip goýdy. Aslynda, uýam bulary maňa ellemäge-de rugsat bermeýärdi. Ýöne bu gün olaryň çykarymagynyň sebäbi Li Min öýümize gelmegi bilen bagly eken... Howa bulutlaşykdy, gar tozgajyklarynyň ýagyp başlanyny duýman galypdyryn. Men bir ylgap, bir böküp bazara tarap barýardym. Gar barha çaltlaşýardy. Meýdanlarda ümsümlik höküm sürýärdi. Diňe garyň sesi eşidilýärdi. Howa ümürlidi. Men bolsa edil aklyndan azaşan biri garda tans edýän ýaly ylgap barýardym. Aýdyma-da hiňlenýärdim. Juda tolgunýardym. Sebäbi, uýamyň ençe wagtlap garaşan oglany gelmelidi. Ol oglan öňler hiç kim tarapyndan äsgerilmeýärdi Ol indi ýöne bir ýokary okuw jaýynyň däl, hut Pekin uniwersitediniň talyby. Näme bäri bärde Pekin barmy? Men Pekine diňe düýşümde gidip görüpdim. Haçanda, Li Min gelende, men oňa Pekin hakda gürrüň bermegini soraryn. Meniň özümem Li Mini gowy görýän. Oňa ynanýan. Sebäbi, ol uýamyň geljekki ýan ýoldaşy. Meňem giýewim bolýar. Men ýolda, Li Min gelse, uýama guda bolar, şeýdibem biz obaň ilatyny öýmüze nahara çagyrarys diýip arzuw edýärdim. Onsoň obaň adamlaram öňküler ýaly uýaň öýňüziň duluny saklap otur diýmezler. Men hem ylgaýardym, hem arzuw edýärdim. Ahyryn nädip bazara ýetenimem duýman galypdyryn. Men gassaba baryp et almakçy bolanymda, goýun eti bir eýýäm towsa göteripdirler. Şol bada derýanyň kenaryndaky erkin bazara tarap ýöneldim hem ol ýerden bir kilo et aldym. Soňam uly ýoluň gyrasy bilen öýe tarap ugradym. Şonda biri yzymdan meniň adymy tutup çagyrdy. Men durup yzyma gaňrylsam, hatgatnadyjy Li daýy eken. Li daýy hemişe şu ýoluň üsti bilen hat getirip, hat äkidýär. Uly kiçi hemme. Uýam her gezek ond kişi ony tanaýar. Li daýy meniň ýanyma geldi. Onuň telpeginde, egninde gar tozgalary bardy. Ol elime bir bukjany tutdyryp, ýylgyrdy-da, “Şuny uýaňa ber” diýdi. Men hatyň daşyny okasam hakykatdanam uýamyň adyna ýazylan eken. Özem bir fabrikdan ugradylan. Men şonda uýamyň Li Miniň Pekinden bir fabrige tejribe üçin gelendigini aýdany ýadyma düşdi. Haty Li Min ýazdymyka? Men ýene-de pikir etdim, bu gün Li Miniň bize gelmeli güni dälmi? Eýsem hat ýazmak nämä gerek bolduka? Ýa-da başga biri ýazdymyka? Biziň başga tanşymyzam-a ýok, bu haty kim ýazdyka? Li Minden başga kim hat ýazyp bilerkä? Eger, şol bolsa, onda näme üçin hat ýazdyka? Bir zat boldumyka? Men derrew gussa batdym, kimiň ýazanyny biljek bolup haty çalasynlyk bilen açdym. Hatyň başynda: “Gadyrdan Siň-jan” diýlip ýazylanyny okadym. Bu jümle meni juda gorkuzdy. Yzyny okamaga gaýratym çatmady. Eý, Hudaýjan! Men nämeler edip oturyn, men nädip uýamyň söýgi hatyny açyp okap bildimkäm? Eger, men okamadym diýsem, uýam ynanmaz ahyryn. Onsoňam, men birinji sapar söýgi hatyny okaýardym. Bilesigelijik gursun diýsene. Men haty okap soňuna çykmaly diýen karara geldim. Men uýamyň meni bagyşlajakdygyna berk ynanýardym. Sebäbi, uýam meni biçak gowy görýär. Onsoňam men körpe ahyryn... Men çetiräk bir ýer tapyp, haty okadym. Hatda şeýle diýilýärdi: “Gadyrdan Siň-jan! Salam! Men gepi aýlap oturman, göni gürrüňe geçeýin. Araky hatymy alansyň diýip pikir edýän. Onda men täze ýylda geljekdigimi aýdypdym. Men täze ýylda geljek diýenimiň sebäbi, ähli zady seň ýüzüňe aýtmak isläpdim. Soňam bu saňa agyr düşer diýip, hat arkaly aýdaýyn diýdim. Şonuň üçin men gelmerin. Maňa garaşyp oturma. Men gowsy hatda aýdaýyn. Men muny saňa gynanç bilen ýetirýän, enem-atam ikimiziň toýumyza çürt-kesik garşy. (Sen gazetde okan bolmagyň ahmal, meniň kakam ýene-de welaýat häkiminiň orunbasary saýlanyldy). Munuň esasy sebäbi bolsa, sen daýhan maşgaladan. Men olara saňa şäherden iş tapyp bermeklerini soradym. Olar bolsa maşgala däplerini bozup biljek däldiklerini aýtdylar. Şonuň üçin meniň haýyşymy bitirmediler. Ene-atam eýýäm maňa bir talyp gyzam tapyp goýdular. Ol kakamyň jan ýaly dostunyň gyzy. Kakam ol dosty bilen rewolusiýa döwründe kyn günleri başdan geçiripdirler. Gadyrdan Siň! Men seni söýýän. Emma, meniň ene-atam ençeme ýyllap rewolusiýa diýip görgi baryny gördüler. Bu wagtam olar garradylar. Olaryň agtyk söýesleri gelýär. Onsoňam men olaryň men sebäpli ynjamagyny islämok. Men köp pikirlendim. Ahyryn ene-atama gulak asmaly diýen karara geldim. Bu meniň hem kararym. Men garasöýmez, diňe özüni bilýänlerden. Sen meni ýigrenýänsiň, men muny bilýän. Ýöne indi giç. Bar zat gutardy. Hoş gal. Li Min. Bulary okap üstümden gaýnan suw guýlan ýaly boldy. Sebäbi, indi uýam Li Mine gerek däldi. Men haty jübüme salyp, öýe tarap ylgadym. Howla girdim. Durdum. Öýden uýamyň aýdyma hiňlenýän sesleri eşidilýärdi. Umutly aýdym sesleri uýamyň otagyndan çykyp, ýel gatyşykly garly howada ýaňlanýardy: “Eý adam ogly! Sen bilýäňmi, bir ýürek seniň üçin tutaşyp dur, güýçli ýelde ýa ýagmyrda, sen asmanda bol ýa-da deňiziň bir ujunda, şol ýürek seniň geleriňe hemişe garaşyp dur...” Men bilýän, bu bir kinodaky aýdym. Uýam şol aýdymy juda gowy görýär. Men bu aýdymy eşidenimde, gözýaşlarym paýrady. Asmanda gar tozgajyklary ýagýar, ene ýer ümsüm halda meň bilen uýamyň aýdymyny diňleýädi. Men howluda biraz salym durdym. Ýeňim bilen gözümden akan ýaşlary süpürdim. Aýagymdan göýä daş asylan ýalydy, kynlyk bilen ädimläp öýe girdim. Uýam nahar bişirip oturdy. Ol maňa seredip bir zat bolanyny aňdy. Meniň ýanyma gelip: “Jigimjan, hany alan etiň nirde?” diýip sorady. Men iki elimiň boşdugyny görüp, hat okan ýerimde galdyrandygymy bilip galdym. Men hiç zat diýmedim, haty çykaryp uýama uzatdym, soňam çöke düşüp zarynlap aglamaga başladym. Men köp agladym. Ýerimden turamda, uýamy ýanymda ýok eken. Öýem naharyň ýanyk ysy tutupdyr. Li Miniň ýazan hatlary ýerde ýaýyr- ýajak bolup ýatyrdylar. Uýam nirä gitdikä? Birden howsala düşüp başladym. Men alňasap öýden çykdym. Daşarda ýel we gar güýjäpdir. Goja zemin ak gar bilen örtülipdir. Daş-töwerek ap-akdy. Uýam nirä gidip bilerkä diýen öz-özümden soraýardym. Men degirmeniň ýoly bilen obanyň daşyna çykdym. Ýol görünmese-de şol derýajyga tarap gitdim. Aýazly howada öz uýamy gözleýädim. Aýagymyň aşagy taýpançakdy. Arasynda taýyp ýykylýardym. Emma, bular meni saklap bilmeýärdi. Men derýanyň ýanyna baranymda, daşyň üstünde biriniň oturanyny gördüm. Onuň üsti gardan dolupdyr. Edil gar adamsy ýaly. Bu meniň uýam dälmi eýsem?! Hawa, edil özi. Bu meniň uýam ahyryn. Ol iki eli bilen aýagyny sarap oturdy. Nury giden gözleri alyslara seredýärdi. Ol dem almasyny goýan ýalydy. Göýä diýersiň bir heýkeli ýadyňa salýardy. Menem ýuwaşlyk bilen onuň ýanynda oturdym. Kellämi uýamyň egnine goýdum. Saklanyp bilmän ýene-de aglamaga başladym. Howa garalýardy. Ýel peselse-de, gar güýçli ýagýardy. Çopanlar sürülerini öňüne salyp, oba tarap gaýdyp barýardylar. Uýam sowukdan ýaňa doňan elleri bilen, başymy sypady. Men kellämi galdyryp, gamgyn ýagdaýda uýama seretdim. Uýam birden garran ýalydy. Onuň maňlaýyna we gözleriniň töweregine ýygyrt düşen ýalydy. Ah, meniň ykbaly keç uýam! Seniň düşüp ýören günleriňi diýsene... Bir seretsek kakam öňümizde dur. Onuň üsti başy, kellesi gardan ýaňa ap-akdy. Ol sesini çykarman, egilip, meň hem uýamyň üstündäki garlary kakyşdyrdy. Jübüsinden başgabymy çykaryp, kelläme geýdirdi. Beýleki jübüsinden çykaryp, uýamyň boýnuna orady. Soňam onuň başyny sypady. Men şonda içimden “Kaka, men şu wagt bizi söýýändigiňi bilip galdym. Öň diňe ekin-dikini, mal garany söýýäňmikäň öýdýädim. Men ýalňyşypdyryn” diýip, gürledim. Uýam ýerinden turup, kakamy gujaklady we uly ili bilen aglamaga başlady. Kakam uýamyň başyny sypap, ulydan demini aldy we: “Ah, men bilýän, men hemme zady bilýän, men şeýle boljakdygyny öňem bilýärdim. Emma, seni gynandyrmajak bolup, saňa aýdyp bilmedim. Men onuň bizi taşlajakdygyny bilýädim. Howada garaldy. Ýörüň öýe gaýdalyň” diýdi. Daş-töwerek gap-garaňkydy. Gar peşmekläp ýagmagyny dowam edýärdi. Çaga wagtymyzdaky ýaly, kakam meň we uýamyň elinden tutup, galyň garlara basyp, öýe tarap ýöneldik. Ol ýöreýärkä, ýuwaş sesi bilen: Garyň ýagaýşyny, bu ýyl bereketli ýyl bolar. Indiki ýylda-da gowy hasyl alarys. Bize gowy günler garaşýar. Ah, ýer bizi hiç haçan taşlamaz diýip hüňürdeýärdi. Uýam! Sen eşitdiňmi kakamyň aýdanyny. Ýer bizi hiç haçan taşlamaz. Hawa, hawa, biz geljekde bu uly zeminiň üstünde, öz zähmetimiz we alyn derimiz bilen öz bagtymyzy gurarys. Lu ÝAO, hytaýly ýazyjy. Terjime eden: Sähetmyrat BEGENJOW. | |
|
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||