19:54 Onunjy wesýet | |
ONUNJY WESÝET
Goşgular
Göz gyzdyrma diýip iliñ malyna, Eý, ýaradan, maña buýruk kylýarsyñ; Meniñ bar güýjümi özüñ bilýänsiñ, Menmi böwet boljak duýgyñ ýoluna? Islemerin dost göwnüne degmegi Ýa öküz, ýa başga maly gerek däl, Maña onuñ oba, ili gerek däl, Ýigrenýärin il malyny ýygmagy: Öými malmy, gulmy özüñe mälim, Göze ilmez zady, dünýäni alsa. Ýöne gyrnajygy owadan bolsa, Durup bilmez, huda! Ejizdir halym! Dostumyñ magşugy bir şirin zyban Perişde dek bolsa hökmürowan! Bagyşlagyn, öz dostumyb bagtyna Göripçilik edip, örtener bu jan, Kim öz ýüregine emr edip biler! Netijesiz bolsa güýjüniñ bary? Neneñsi söýmersiñ söýgüli ýary? Neneñ ol jenneti islemän bolar? Bakýan, gussa çekýän, haşlap dem alýan, Goýmagy başaryn barja hormaty, Ýürek isleginden gorkýarys gaty, Gizlin horlanýaryn - saralyp solýan. (Çary Aşyryñ terjimesinden) * * * K(nýaz) G... meniñ bilen tanyş däl. Ýöne onuñ deýýuslygy ýalñyş däl: Hem-ä deýýus, hemem tekepbir örän. Ýöne ilkinji köp ikinjä görä. Meýhanada burlak, göreşde gorkak, Daş gapyda deýýus, içerde akmak. (Kerim Gurbannepesiñ terjimesinden) Aleksandr Sergeýewiç Puşkin | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||