14:15 Öwlüýä sygmadyk öli / bolan waka | |
ÖWLÜÝÄ SYGMADYK ÖLI
Satiriki hekaýalar
Obamyzda galamdyr kagyz bilen bagry badaşan bir kişi bardy. Açlyga kaýyldy, ýazmasa welin, güni ötmezdi. Içi töhmetden doly galyñ-galyj bukjalary çar tarapa ýollar oturardy. Ugradan bukjasam yzyna bir topar "myhman" tirkäp gelerdi. Barlardylar, derñärdiler. Derek bolmazdy. Emma ýakasy gaýyşly ýazuwçy welin, gepiniñ ýalan çykanyna müýnürgemezdi. Gaýtam "Siz ýüz gördüñiz, gapyrga syrdyñyz..." diýip, ýazyksyz derñewçileriñ öz ýakasyndan ilerdi. Şonuñ üçin oba adamlaram "Ýamandan boýuñy satyn al" diýip, bu haýýar töhmetçiden gaça durardylar. "Palinden tapsyn!" diýerdiler. Emma bu ýüzi galyñ, haýasy ýuwka kişi geçirimli iliñ bu eglişigini özüniñ ýeñşi hasaplardy. Il parhlydy. Ýöne sabyr käsesiniñem öz erñegi bar ahyry. Obada işiñ-güýjüñ böwşeñleşen pursady oba adamlary uly iliñ şärikli gonamçylygyny arassalamaga ýowara çykdy. Bu pursady kagyza geçirmäge-de howlugan çemeçi gidip, gepiniñ diñlenäýjek ýerinden yzyna adam tirkäp geldi. Edilýän işiñ kesekä, il emlägine hiç hili zeperi bolmansoñ, gelen "myhmanam" yrsarap durmady. Emma halys degnasyna deglen ilat zandyýaman töhmetçiniñ bu gezekki etmişini bagyşlamady. Ýowaryñ ahyrynda petekesine ak tüý basan peşeneli goja mähellä ýüzlendi: "Adamlar, şu päliýamany öläýse-de, şu gonamçylykda berin jaýlamalyñ!" Gojañ teklibini uly il makullady... Töhmetçi öldi. Merhumyñ garyndaşlary näçe pelesañ ursa-da, oba ýaşulusynyñ pendi merhumyñ mertebesinden belent tutuldy. Ony görene göz edip, uly gonamçylygyñ hol bir çetinde jaýladylar. Diri güni ile sygmadyk ölen günem öwlüýä sygmady. Işanguly GULJAÝEW. "Tokmak" žurnaly, ýanwar 1989 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |