12:43 Ýapdym aýnaň tutysyn | |
ÝAPDYM AÝNAŇ TUTUSYN
Goşgular
![]() Tawus ýaly sallanyp, boýňa berip serenjam, Penjirämiň öňünden her geçeňde Jerenjan. Ogryn garap yzyňdan boýurganyp delminip, Geplederdim içimi emgek çekip, emenip. “Nesip etsedi maňa seniň didaryň” diýip, “Gargasaň, guluň bolsam, ýalkasaň ýaryň” diýip. Tä gözümden ýitýänçäň hyýal atyn çapardym, Penjirämiň tutusyn umyt bilen ýapardym. Açdym ýene aýnamy geşjek wagtyňy peýläp, Hana, ýene gelýäň sen assa basyp, golaýlap, Göz üstüne büräpsiň gaýmak ýaly gabagyň, Ak gundaga dolapsyň ak ýyldyz dek bäbegiň. Görenimde ýanyňda ýaş bäbegiň atasyn, Ýolup umyt örkümi ýapdym aýnaň tutusyn. *** Gül ysgasaň ýolup al dost, Her güli öz şahasyndan. Gül gymmaty reňki däl, Ysy bilen tanalýandyr. Mejmeden gül göterseň Müň pul berip bahasyndan Mähriň ganmaz gül ysyndan Diňe kisäň talanýandyr. Işan GULJAÝEW. Surat: "Açyk penjiräniñ öñünde hat okaýan gyz" / Ýan Wermeer | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |