14:46 Agajym | |
AGAJYM
Goşgular
Eken ýylym meniň kölgäm abanyp, Düşüpdi, agajym seniň üstüňe. Ýelden, günden, bet çagadan gabanyp, Gorapdym boş haýwan gelse kastyňa. Ýaz ýagşyna gök ýapraklaň buldurap, Indi meniň süýr depämden bakyp dur. Sowuk suwly dury çeşme şildiräp, Damarlaňňy gana suwa ýakyp dur. Göýä asman diregi dek dik uzap, Bulutlara ýetip barýar boýuň-da. Bu gün seň saýaňy gül bilen bezäp, Attestat toýuny edýän teýiňde. Işanguly GULJAÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1958 ý. | |
|
√ Jadyly duýgy / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Kyýamata goýlan goşgy / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Kakama / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |