13:47 Öý-işik eşreti | |
ÖÝ-IŞIK EŞRETI
Pedagogika we edep-terbiýe
Türkmen ruhunyň beýikliginiň köp taraplarynyň ýüze çykýan, köptaraply we çylşyrymly gatnaşyklaryň ulgamynyñ belli bolýan ýeri öý-işikdir. Bu ýöne ýere däldir. Öý maşgalanyň ýaşaýyş mesgenidir. Biziň ömrümiziň köp bölegi öýde – maşgalada geçýär. Şonuň üçinem, ruhubelentligiň.. eşretli ömür sürmegiň şertleri san taýdanam, köp jähetliligi taýdanam öý edebiniň ulgamy bilen düzgünleşdirilýär. Öý – öwlüýädir! Türkmençilikde synmaz kanuna öwrülen bu kesgitlemäniň anyk manysy öý – mukaddeslikdir diýmekden ybaratdyr. Millet jemgyýetden ybaratdyr, jemgyýetiň esasy birligi, jemgyýetiň esasy daýanjy bolsa maşgaladyr. Jemgyýetiň ahlak, ruhy we edep kämilligi-de maşgalanyň kämillik derejesine baglydyr. Jemgyýet maşgaladan başlanýar. Jemgyýeti sagdyn we arassa saklajak bolsaň, maşgalany sagdyr hem arassa saklamaly. Jemgyýetiň azmazlygyny isleseň maşgalanyň azmazlygynyň aladasyny etmeli. Jemgyýet durnuklylyk, abadançylyk we parahatlyk bolmagyny isleseň. maşgalanyň durnukly, abadan we parahat bolmagyny gazanmaly. Jemgyýetiň dynçlygy we oňşuklylygy maşgaladan başlanýar. Ýurtsuz millet bolmaýar, öýsüz hem maşgala. Manyly hem şireli türkmen dilinde ýurt sözüniň esasy iki manysy bardyr. Birinjisinde ýurt milletiň öýi, ikinjisinde bolsa ýurt maşgalanyň, neberäniň öýüdir. Türkmen üçin iň eziz künjek ata ýurdudyr. Ataň ýurduna bolan mähirli duýguda türkmeniň ata-baba gymmatlyklara wepaly bolmak, ata-baba mukaddeslikleri, öten-geçenleriň hakydasyny ýitirmän saklamak islegi ýüze çykýar. Öý-işik edebi-de hut şol duýgudan başlanýandyr. Bu edebiň iň ilkinji şerti-de ataň ýurduny taşlamazlyk, ata ojagyny öçürmezlik şertidir. Ýurt, jemgyýet bähbitli zerurlyk ýa-da adatdan daşary ýagdaý bilen baglanyşykly päsgelçilik bolmasa, hiç mahal ataň ýurduny, eneň ojagyny taşlap, başga ýerden öý tutunma! Emma türkmen maşgalasy, adatça, köp çagaly bolýar. Maşgala her näçe uly bolsa-da, bir gapydan girip-çykmak, bir saçakdan çörek iýmek gadymdan gelýän kadadyr. Alty-ýedi ogluny öýeren atanyň on-ýigrimi agtygy bilen agzybirlikde ýaşaýşyny görüp, daşary ýurtlularyň haýran galmalaryna özüm ençeme gezek şaýat bolupdym. Ýöne soňky ýyllar beýle ýaşaýyş ýörgünli däl. Ata öýeren ogluna öý gurup berip, ak pata bilen özbaşdak durmuşa atarýar. Türkmençilik düzgünine görä, ata ýurdy körpe ogla galdyrylýar. Ala-böle şeýle edilmeginiň sebäbini tapjak bolup, oýlanyp gördüňizmi? Sebäbi ýaşlyk, körpelik maşgala geljeginiň, nebere dowamatynyň nyşanydyr. Ata-babalaryň ruhuny, dessuryny hut körpe ogul ilkinji bolup geljege ýetirmelidir. Diýmek, türkmeniň bu dessurynda geçmiş bilen geljegiň bitewiligine ymtylma bar. Bu bitewülik bolsa bakylyga ymtylmakdyr. Hiç bir sebäpsiz ata ýurduny taşlamak atalaryň mazaryny unudan ýaly ýowuz biweçlikdir, näletkerdelikdir. Türkmen muny uly betbagtlyk hasaplapdyr. Türkmenistanyň çägindäki arheologik gazuw-agtaryş işleri täsin dessurlaryň üstüni açýar: dört-bäş müň ýyl mundan ozal ýaşap öten ata-babalarymyzyň çagalykda ýogalan perzentlerini jaýlaýyşlary häzirki döwürdäkiden belli bir derejede tapawutly bolupdyr. Ata-babalarymyz neresse çaganyň ruhy öý-öwlüýäni her hili belalardan goraýandyr diýip hasaplapdyrlar. Olar neresse çaganyň ruhy ata ýurdundan çykyp gitmek islemeýär diýip düşünipdirler. Şonuň üçinem, öý gurmagyň ilkinji adamkärçilik hem edep şerti ata ýurdunda ýaşamak, eger jaý lagşan ýa könelen bolsa, hut şu 'ýurtda täzeden jaý gurmakdyr. Ata ýurdunda bolsun, ýa başga täze mellek ýerinde bolsun, öý gurmak işi ata-babalaryň ruhuna aýat-doga okamakdan başlanypdyr. Bu mundan beýläk hem şeýle bolmalydyr. Munuň ata-babalaryň özboluşly ruhy ak patasyny almak manysy bardyr. Eýsem, täze mellek, ýaşalmadyk ýer diýilýänem bäş müň ýylyň dowamynda atalarymyzyň, megerem, ýüzlerçe gezek öý tutan ýerleridir. Watanymyzyň şäherleriniň köpüsinde, şeýle-de obalarda giň howlularda ýaşalýar. Howly etmek üçin saýlanyp alnan mellek ýerlerinde jaý salmagy, göwnejaý bolar ýaly, ata-babalarymyzyň öý tutmak däplerine laýyklykda ýerine ýetiriň. Olaryň edişi ýaly, täze jaýyň binýadyny sähetli günde tutmak gerek. Jaýyň gurluşygyna atly-abraýly, halalhon ýaşulularyň biri ak pata berse, bu edeplilikden alamat bolar. Jaý doly gurlup gutarylandan soň, ony boş goýman, tizräk göçüp gelmelidir. Eger ara wagt düşjegem bolsa, taýyn bolan jaýda hökmany suratda duz-çörek goýulmalydyr. Türkmen öýi aşakdaky böleklerden ybarat bolýar: eýwan – işik, ýaşaýyş otaglary, myhman jaý, aşhana – ojak, iş otagy. Jaý salanyňyzda, hökmany suratda myhman otagy bolsun, çünki ata-babalarymyz muňa öýüň zynaty diýip düşünipdirler. Eýwanyňyz giň, ýagty hem-de penjireleri uly bolsun. Ýaşaýyş otaglarynyň içinde eje-kakanyň otagy, gyzlaryň otagy, oglanlaryň otagy türkmençilikde özara tapawutlandyrylýar. Olar biri-biriniň içinden geçmän, hersi aýratyn bolup, ählisinde eýwanyň içinden geçip barylýan aýratyn gapy bolýar. Öýde otag bölünişiginiň bolşy ýaly, maşgalada her bir agzanyň orun bölünişigi hem bolmalydyr. Edep sözüniň bir manysy-da «tertip-düzgün» diýmekdir. Maşgala – anyk tertibiň, maşgala agzalarynyň özara gatnaşygynyň, anyk orunlaryň we borçlaryň özara sazlaşygynyň we bölünişiginiň ulgamydyr. Ata – ata ornunda, ene – ene ornunda, gyz – gyz ornunda, oglan – oglan ornunda bolmalydyr. Şeýle aýdyňlyk we kesgitlilik bolan maşgala, olary doly ýerine ýetirýän maşgala edepli maşgala diýip bolar. Bu aýdyňlygyň bulaşan öýünden döwlet, rysgal hem abraý gider. Jemgyýetdäki bibatlyk öýdäki bibatlykdan başlanýandyr. Jemgyýet maşgaladan, ýurt öýden bozulyp başlanýandyr. Ýurduň aladasyny etjek bolsak, öýi gözden salmaly däldiris. Bu bolsa diňe döwletiň däl, eýsem, hemmämiziň we her birimiziň işimizdir – her birimiziň mümkinçiligimizdir we borjumyzdyr. Eý, türkmen, şu sada, emma yrylmaz hakykata düşün! Öýüňde oňşugyň, tertibiň we sylag-hormatyň hemişelik rowaç bolmagyny gazan! Öýüň öý, maşgalanyň maşgala bolmagy döwletiň haýrynadyr, emma bu haýyr biziň hemmämiziň we her birimiziň ellerimiz we tagallamyz bilen amal edilýändir. Bu döwletiň haýrynadyr, ýöne her birimiziň bähbidimizedir. Öýde tertip ýok bolsa, ýurtdan tertibe garaşma! Öýüne ikilik eden, ýurduna wepa bermez! Haram adam öýüni ýykmak üçin döwletiň hem halkyň zadyny öýüne daşar. Hapa adam il-günden bigäne bolmak üçin döwletiň hem halkyň zadyny öz adyna geçirer. Döwlet tapaýyn diýseň, öýüňi halaldan tut! Haramlyk binýadynyň üstünde halallyk diwaryny galdyryp bolmaz. Bagt hemişelik bolanda bagtdyr, döwlet yrylmaz bolanda döwletdir, baýlyk halal bolanda bereketlidir. Ähli ýygnan emlägiň, baýlygyň gözüň alnynda kesekden gurlan bina ýaly pytrap, dünýäden gözüň açyk armanly gitmejek bolsaň, ogluň azyp, gyzyň köçä çykanyny görmejek bolsaň, öýüňi halaldan tut! Haramyň keýpini halalyň rehnedinden saýgarmany başar! Keýp geçer gider, yzynda ünji, gorky hem-de ryswalyk galar. Rehnet özüň ötýänçäň geçmez, seniň bilen gabra girip, ýatjak topragyny ýumşadar, tümlügi kowjak çyra bolar. Rehnet özüň öteniňden soňam, döwlet, abraý hem rysgal bolup, öýüňi aman saklar, perzentleriňi iliň öňünde ýüzli, eli uzyn eder. Öýüňe zat getirjek bolanyňda, öýüňden zat çykarjak bolanyňdaky ýaly soňuny pugta oýlangyn! Haram har eder, halal hal bolar! Gala salynma, öý edin! Gala – goranmak üçin, öý il-gün bilen baryp-gelişmek üçindir. Il-günden goranýanyň etmişi hem aýby bardyr, il-gün bilen gatnaşýanyň açyk ýüregi hem at-abraýy bardyr. Il-gün zadyňa mätäç, kömegiňe tamakin däldir, halal bolsaň, il adyňa aşyk, abraýyňa şärikdir. Öýüňe almagyň süýjüsi köp iýilýän gandyň süýjüsi ýalydyr – köp iýseň, süýjülik keselini getirer. Öýüňden bermegiň ajysy dermanyň ajysy ýalydyr – seni keselden saklar. Öýüňe barýan ýol hem öýüňden çykyp gitmek üçindir, hem öýüňe gaýdyp barmak üçindir. Bu ýol ikitaraplaýyn hereketdedir. Diňe öýüňe daşap däl, eýsem, öýüňden çykarybam, öý bolmaýandyr. Diňe alyp, öý bolunýandyr öýtseň, juda ýalňyşýansyň. Dünýäniň ýoly ikitaraplaýyndyr: gelmek üçin gidilýär, diýmek üçin gelinýär. Bularyň diňe biri bolanda, ýaşaýyş togtar, ýaşaýyş togtasa, ömrüň kesiler, öýüň ýykylar. Il-gün ýigrenjiniň hazan ýeliniň ýurduňda ýumurtga togalamagyny islemeseň, halkyň söýgi şemaly üçin öýüň hem ýüregiň işiklerini açyp goý! Özgeleriňem haramlygy meniňkiden kem däl diýip pikir etmegiň özi seniň haramlygyň özgäniňkiden eýýäm, bolmanda, bir esse köpdügini aňladýar. Öý – öwlüýädir, zar-zelilleriň we mätäçleriň ýykylmagy üçin öwlüýäniň işigi açyk durmalydyr. Öý – mukaddeslikdir. Allanyň guran mukaddesligini öz eliň bilen haraplama! Öýüň penjireleri seniň ýüregiň nurana gözleridir, öýüň gapylary seniň köňlüň mährem elleridir, ýagşy niýet bilen gelene didarlaşmak üçin gözleriňi aç, bagra basmak üçin gujagyňy ger! * * * Howluda ýaşaýan türkmeniň öýi derwezeden, köp gatly jaýda ýaşaýan türkmeniň öýi işikden başlanýar. Derweze hem-de işik öýüň kalbyna barýan ýoldur. Şonuň üçinem, ata-babalarymyz bularyň bezegine hem-de göçme manydaky aňladylmasyna aýratyn ähmiýet beripdirler. Gözel-gözel nagyşlar salnan agaç ýa-da şindiki edilýän demir derwezeleriň öýüň baýlygyny, iliňkiden artyklygyny güjeňlemek üçin däldigine düşünmek türkmeniň kalbyna düşünmekdir. Siziň köpiňiz, megerem, ünsem beren dälsiňiz, men welin, şeýle derwezeleriň aýratyn şekilli nagyşlaryny kän gezek okapdym. Olarda türkmeniň öý, döwlet, maşgala, rysgal, abadançylyk baradaky pelsepeleri beýan edilipdir. Olar ýöne bir owadanlyk däl, olar gözellikdir. Gözellik – manyly we pelsepewi ýaraşyklylykdyr. Elbetde, halkymyz soň-soňlar bu zatlary unudyp ugran eken. Halkymyzyň gözel ýaşaýşynyň şu manyly tarapy indi ýene janlanar diýip pikir hem umyt edýärin. Türkmen howlularynyň derwezesiniň ýokarsynda ýa-da işigiň ýokarsynda dürli keramatly zatlar dakylyp goýulýar. Bu dessuryň gaty gadymyýetdendigine taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär. Ýadyňyzda bolsa, «Akpamyk» ertekisinde ýedi dogan awa gideninde ene-atasyna: «Gyz jigimiz bolsa. işigiň ýokarsynda gurjak, oglan bolsa, ok-ýaý asyň» diýip sargaýandyrlar. Bu zatlar öýüň ruhuny, maşgalanyň hususyýetini aňladypdyr. Biziň ähli welaýatlarymyzda derwezäniň ýokarsynda, köplenç, dag goçunyň ýa-da tekesiniň şahy, kämahal hem atyň naly kakylýar. Şah kämahal elde-de ýasalaýýar. Bular türkmeniň dürli eýýamlardaky ruhy oňonlarydyr. Goçuň kellesi Garaşsyzlygymyzdan öňki dördünji – Magtymguly eýýamymyzdaky ruhy oňonymyzdyr. Ol, bir tarapdan, öýüň ruhuny görkezýär, beýleki tarapdan, öýüň abadançylygyny we rysgalyny goraýan janaweri aňladýar. Men käbir ýerlerde şahyň ýa nalyň deregine agaçdan ýa demirden ýasalan ýürek şekiliniň içinde bürgüdiň suratynyň goýlandygyna-da gabat geldim. Setanda-seýranda duş gelýän it şekilleri bolsa, Gorkut ata eýýamynyň gurt oňonynyň biraz özgerdilen görnüşidir. Türkmeniň milli-durmuş pelsepeleriniň şekilleri bir netijä iterýär: edep – pelsepe bilen esaslandyrylan milli ahlak we durmuş kadalarydyr. Türkmeniň öý edebide derwezäniň hem-de işigiň pelsepewi alamatlaryndan başlanýar. Alamaty şekiller howlynyň içindäki, ýaşaýyş jaýynyň böleklerindäki köp zatlarda bardyr. Dürli etraplarda göwrüminiň hem görnüşiniň tapawutlanýandygyna garamazdan, tamdyryň ýüzünde goçuň şahynyň şekilini goýmak adatdyr. Çünki tamdyr mukaddeslikdir. Türkmende mukaddeslige bolan gatnaşyk hökman bir görnüşde aňladylýar. Ruhumyzyň aýratynlygy şeýle. Men Oguz hanyň döreden elipbiýiniň halylarymyza geçip, biziň günlerimize gelip ýetendigini Ruhnamanyň birinji kitabynda nygtapdym. Men bu gün tamdyrdaky şekilleriň hem Oguz hanyň döreden elipbiýiniň anyk harplarydygyny, ýöne bu gün biziň ol haty doly okap bilmeýändigimizi goşmak isleýärin. Biz dürli alamatlar we şekiller arkaly öz gymmatlyklarymyzy mukaddesleşdirýäris. Mukaddesleşdirmek sözde-de, şekillerde-de, hereketlerdir dessurlarda-da, hatda ümsümlik arkalyda amala aşyrylypdyr. Edep mukaddeslige esaslanýar. Mukaddesligiň ýok ýerinde edep hakynda gürrüňem bolup bilmez. Şonuň üçinem, edebe gadagan ýa rugsat edilen kadalaryň, «eýt», «beýt» diýen gury öwretmeleriň toplumy diýip düşünmek türkmen ruhunyň çuňlugyndan bihabar galmakdyr. Men muny edebi öwretjek adamlara, ylaýta-da, mugallymlara sargyt diýip aýdýaryn. Soňky 70 ýylyň dowamynda ruhumyz telperleşip, mukaddeslikleriň manysy unudaňkyrlanylany üçinem, edebiň gadyr-gymmaty ýitirildi-dä! Ýönekeý, gurak nesihatlar bolsa çaganyň indi ösmeli, şol sebäpden ruhy iýmite mätäç kalbyna noş bolup bilmeýär. Mukaddeslikleriň unudylmagy – ine, sowet döwründe başymyza inen, göze görünmez belalaryň biri. Şunuň netijesinde edep-terbiýäniň hem güýji gaçdy. Ol gury akyl satmalara öwrüldi. Mugallym! Sen sözi manysy bilen, ruhy mukaddesligi bilen öwret! Mukaddeslik – ruhy şänigiň süýji maňzydyr, nesihat bagynyň gülüdir. Edebi mukaddeslik özeni, mukaddeslik binýady bilen bile öwredeniňde, diňe şonda çagalar, ýaşlar, asyl-a ulularam seniň aýdýan sözleriňe şirä ymtylýan balarylary, güle telwas edýän bilbiller bolup topularlar. Mukaddesligi ýerasty hazynany açan ýaly açmak üçin türkmeniň heňňamasty geçmişine beletlik gerek. Mukaddesligiň ulanyşdan galan köne teňňeler ýaly bolman, täsirli hem gerekli bolmagy üçin, onuň janly durmuşa gatylmagy gerek. Munuň üçin bolsa özümiziň ganymyzda we aňastymyzda baslygyp galan ata-baba edep gymmatlyklarymyzy janlandyrmagymyz gerekdir. Diýmek, içki şert, içki itergi gerek. Daşky şertleri bolsa ýurduň Prezidenti hökmünde döwlet aňyýetinde milli gymmatlyklara esasy omy bermek bilen men üpjün edýärin. Içki şert diýýänimi has aýdyňlaşdyraýyn. Aýdyňlaşdyrmaga bir tymsal-deňeşdirme kömek eder. Göz öňüne getiriň, siz gumak ýoldan barýarsyňyz. Ýadyňyzda-küýüňizde başga-başga zatlar, emma, ine, birden tozan siňen köwşüňiziň ujuna bakanyňyzda, öňräkde gum içinde bir bölejik tylla gözüňiz düşdi diýeli. Bu size nähili täsir eder?! Geň galmak bilen tyllany ele alarsyňyz. Indi, eger-de siziň deregiňize gezip ýören bir janaweriň şol tylla gözi düşende nähili bolardy? Bu ýalpylda bir sereder-de, ýoluny dowam etdirerdi. Diýmek, tyllanyň gymmatyny duýmak üçin içki şert, içki duýgy gerek. Türkmen mukaddeslikleriniň tyllalyk gymmatyny duýujy milli duýgularyňyzy kalbyňyzda oýarjak boluň! Şonda kalbyňyz tylla kimin hemişelik öwüşginlere we gymmatlylyga eýe bolar! Türkmeniň işiginiň we derwezesiniň hemişelik açyk bolşy ýaly, rysgally howlyňyzyň gözelligi gömüp durmagy üçin, haýatlaryňyz diwardan däl, bezegli aýmançalardan bolsun! Halalyň müýni ýokdur, halal türkmeniň ile görkezmekden gorkara haram zady-da ýokdur! Köçä çykanyňyzda, ýüzüňizi ýapyp çykaňzok ahyryn! Haram baýlygyňy ile güjeňlemegiň ne hikmeti bar?! Halal döwletiňi ilden ýaşyrmagyň ne manysy bar?! Howlyňdaky myhman jaýyň, saçagyňdaky myhman paýyň seniň halallygyň bir güwäsidir. Öýüňde öý saklamagyň edebini berjaý et! Onuň şertleri derwezäňden hem işigiňden başlap törüňde gutarýandyr. Derwezäňi, aýmançalaryňy göze ilgiç, hopukdyryjy däl-de, göze ýakymly, oňyn duýgulary dörediji reňkler bilen reňkle. Ol reňk seniň garşy gelen myhmana aýdan ilkinji hoş sözüň bolup eşidilsin! Biziň döwrümiziň mukaddesligi bolan ýaşyl Baýdak öýüň depesinde parlap dursun! Gaty könelmänkä, täzelemegi unutma! Göwnüň täzelenen, ertire ynamyň terlenen ýaly bolar. Howlyňda ýüzi goçak şekilli tamdyryň bolsun! Çöregi, köplenç, dükandan alýanam bolsaň, mahal-mahal tamdyryňa nan ýapyp dur! Tamdyryň rysgalyň entek azrak bolsa, indi artjagyna, köp bolsa, soňy hem bereketi bilen boljagyna ynamyňy artdyrar! Jaý, küme, ýatak, hammam we beýlekileri guranyňda, howly ýeriňi aýawly, tertipli we gelşikli bölüşdir. Çünki, aýawlylyk – göwnüň, tertiplilik – akylyň, gelşiklilik bolsa – kalbyň hajatydyr. Allanyň aýawly, tertipli hem gelşikli guran dünýäsinde geleňsiz, tertipsiz hem betgelşik ýaşamak özüňi kemsitmekdir. Howlyňy hem öýüňi arassa, tämiz hem-de rejeli sakla! Arassalyk we päkizelik köňlüň islegidir, çünki köňülde Allanyň ady ýazylandyr. Çagalaryňa her gün öýi syryp-süpürip, arassa hem tertipli saklamagy, howlyny tämiz saklamagy endik etdir! Gerek bolsa, özüňem kömekleşmegi kiçilik bilme! Öýüňi, howlyňy hamalana myhman çagyrylandaky ýaly tämiz sakla! Şonda birnäçe gün öňünden syryp-süpürýärsiň, adaty bolşuňdan has tertipli, has göreldeli bolmaga jan edýärsiň. Näme üçin sen diňe myhmanyň däl, eýsem, öz öňüňde şeýle görünmeli däl, näme, özüň myhmança ýokmy? Öýüň bilen, howlyň bilen dost bol, ýürekdeş bol! Olar bilen sessiz gürleşmäni endik et. Onuň geçmişi – seniň geçmişiň, çagalygyň, ýaşlygyň ahyryn, onuň ömri – seniň eneň-ataň, mähribanlaryň ömri ahyryn. Olaryň jesedi topraga, duýgulary hem hakydasy şu öýe siňendir. Ataň adyny, eneň ojagyny ýitirme! Bu howly, bu öý seniň aglan hem gülen, şatlanan hem gamlanan günleriň dünýäsidir. Ýagty jahanda diňe saňa degişli dünýä bar bolsa, ol dünýä şu ojakdyr. Şatlanan günüň şu öýde aglan günleriňi ýada sal, şonda päliň pes bolup, men-menlikden saklanarsyň! Gamly günüňde şu öýde şatlanan günleriňi ýada sal, şonda ýüregiň giňär, geljege umydyň artar. Öýüňdäki tertip maşgalaňdaky tertip bilen sazlaşsyn. Ýersiz goh-galmagal, oňşuksyzlyk, biri-biriňe sowuklyk öýüň göwnüni ynjydýandyr. Tertip-düzgün üçin atanyň başçy, enäniň serenjamçy bolmagy gerekdir. Öýde ýaşamagyň edebini berjaý et! Öýde iýip-içmegiň edebini berjaý et! Öýde geýinmegiň edebini berjaý et! Öýde dynç almagyň edebini berjaý et! Öýde işlemegiň tertibini berjaý et! Diňe şu edep şertlerini berjaý edeniňdäki bolşuň seniň hakyky, tebigy bolşuňdyr. Çünki, adam öýünden çykandan soň, belli maksatlar üçin tebigy bolşundan ýasama bolşa geçip ugraýar. Köçede barýan ýigidiň ýa gyzyň egin-eşigi, geýnişi, tämizligi bir başga, öýdäkisi bir başga bolup bilýär. Elbetde, il-güni hormatlamak, ile çykmak üçin tijenmek gerek. Ýöne seniň özüňiň ilden näme kemiň bar?! Öýüň märekeden näme kemi bar?! Sözüňi diňläp, akylyňa; geýmiňi synlap, duýgyňa; işiňi görüp, başarnygyňa; öýüňe seredip, ömrüňe baha bererler. Howlyňy bag-bakja, gül-pürçüge büre! Türkmeniň jokrama yssysynda olaryň höziri üýtgeşikdir. Yssyda sowadyjyly öýe kürsäp girip, ondan çykman ýatsaň, howlyňam tozap hem gugaryp otursa, juda gelşiksizdir. Bu suw gytçylygyndan däldir, bu ýaltalykdan hem edepsizlikdendir. Ýaltalyk – beden edepsizligi, ýaltalyk – ömrüň betnyşanlygydyr. Öý – öý eýesiniň başarnygynyň keşbidir! Öý – öý eýesiniň ruhunyň keşbidir! Öýüni, howlusyny tertipli, arassa saklamagy başarmaýan kişiniň gowy ýolbaşçy boljakdygyna men ynanmaýaryn. Adama baha berlende, ilki bilen, onuň üst-başyna, gep-sözüne, öýündäki agzybirlige, sylaşyga syn edip baha bermeli. Öýi akan-dökän, howlusy ygam-sagym çaşyp ýatan zatly kişiden gowy ýolbaşçy çykmajakdygyna berk ynanýaryn. Adamy tanamagyň iň aňsat ýoly – onuň öýünde myhman bolup görmek. Myhmançylyga baryp, köp zatlary öwrenibem gaýdyp bolar, diňe iýip-içibem gaýdyp bolar. Myhman bolanlar öýüňdäki arassaçylyga, tertip-düzgüne gözügidijilik bilen baha berýän bolsalar, diýmek, bu seniň başarnygyňa berilýän bahadyr. * * * Men islendik meselede düýpli oýlanyp, düýpli işleri amala aşyran adamlara aýratyn hormat goýýaryn, halkyň öňüne düşen ýolbaşçylardan gelejege seretmegi, gelejege gelejegiň nukdaýnazary bilen aralaşmagy maslahat berýärin, ündeýärin, talap edýärin. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden men Türkmenistany, her türkmen öýüni mugt gazlaşdyrmak, elektrik togy bilen mugt üpjün etmek meselesini galdyranymda: «Sapar Ataýewiç, bizde sowuk gyş ýok, çaý-nahar üçin odun bol» diýip, ikinji derejeli işleri öňe geçirmegi maslahat berenler köp boldy. «Beýle zat dünýäniň hiç bir döwletinde-de ýog-a?! Halka gazy, elektrik toguny mugt bersek, döwletimiz batar» diýenlerem tapyldy. Ol pikirler şol gün bilen ýaşaýan, düýpli meselede düýpli oýlanmaýan adamlaryň pikiridi. Türkmenistanyň mugt gazlaşdyrylmagy, elektrik togy bilen üpjün edilmegi derwaýysdy, wajypdy, gaýragoýulmasyz meseledi, üstesine ol syýasatyň hakykata öwrülendiginiň biz janly şaýady. Ýadyňyzdadyr, sowet eýýamynda türkmen gazynyň hözirini Russiýa, Ýewropa görýärdi. Türkmen bolsa ýylgyn bilen tezek ýakýardy, hatda kömür tapmak hem hyllallady... Türkmenistanyň gazlaşdyrylmagy – türkmen topragynyň tokaýlyklarynyň halas edilmesidi! Türkmenistanyň daglarynyň arçalarynyň, Garagum çölüniň ojardyr sazaklarynyň, derýa boýlarynyň ýylgyndyr toraňňy tokaýlyklarynyň çapylmasynyň öňüniň alynmagydy. Dogry, dagyň arçalary, çölüň ojarlary, derýalaryň boýlaryndaky tokaýlar goralýardy. Ogurlajak bolup, gözenegiň aňyrsyna düşýänlerem köpdi. Çalt ogurlap gaçmak üçin äpet maşynlary ojarlaryň üstünden goýberip, äpet traktorlary ýylgynlaryň üstünden goýberip, bir maşyn odun aljak diýip, on maşynlyk tokaýy paýhynlaýardylar. Şeýlelikde, ojaryndan, sazagyndan aýrylan çöller, arçadyr kerkawyndan aýrylan daglar, ýylgyndyr toraňňysyndan aýrylan jeňňellikler çölleşýärler. Türkmenistany gazlaşdyrmak bilen biz ýurdumyzyň ümmülmez meýdanlaryny çölleşmekden goradyk. Indi palta sesini eşitmeýän ojardyr sazak, toraňňydyr ýylgyn, arçadyr kerkaw tokaýlary pajarlap başlady. Tebigaty paýhynlamakdan halas etmek bilen birlikde biz tebigata öz ýarasyny bejermäge mümkinçilik döretdik. Tebigat boşlugyň duşmany. Tebigat dessine dürli ösümlikler bilen boşlugy doldurýar, ýarasyny bitirýär. Emma bu ýeterlik däldi. Şonuň üçinem, men Türkmenistany bagy-bossana öwürmek barada Permana gol çekdim. Şeýlelikde, biz tebigata boşluklary doldurmagy, türkmen tebigatynyň pajarlamagy üçin ýardam berip başladyk. Türkmen topragynda daragt ekmek ählihalk işine öwrüldi. Türkmen topragynda güýz hem ýaz pasly ekilýän agaçlar san-sajaksyzdyr. 2020-nji ýyla çenli döwlet maksatnamasyny doly amala aşyrsak, Türkmenistan gür tokaýly, bagy-bossanly owadan ýurda öwrüler. Häzir her ýylda millionlarça düýp miweli baglar, millionlarça düýp saýaly agaçlar ekilýär. Türkmen topragynda önýän datly miweleriň bol bolmagy – halkyň jan saglygynyň, sagdynlaşmagynyň, görmegeýleşmeginiň, owadanlaşmagynyň açary ahyry. Men saýaly, miweli agaç ekmegi esasy döwlet işi hasap edýärin, çünki her bir daragt ekilende diňe türkmen topragy gözelleşmän, türkmen halkynyň özi hem, kalby hem gözelleşýär. Türkmenistan bagy-bossana öwrüler! Muňa hiç hili şek-şübhe bolup bilmez. Ýakyn gelejekde Türkmenistan dünýäniň tebigatynyň iň gözel ýurduna öwrüler. Türkmenistanda ýerleşen dünýäde uly çölüstan dünýäniň gözüniň öňünde bagy-bossanlyga öwrüler! Türkmenistanyň gazlaşdyrylmagy bilen her bir maşgala öz hojalygynda hammam gurdy. Hammam bolsa saglygyň kepilnamasy ahyry. Türkmenistanyň gazlaşdyrylmagy bilen her bir hojalyk limonjaý, gyşda iýer ýaly dürli otlary, pomidor, hyýar eker ýaly ýörite ýagty jaýlar salynýar. Bu çäreler eýýäm öz netijesini berip başlady. Häzir özüni oňaran daýhan adam gyşyna pomidor, hyýar, badamjan ýaly gök önümleri, iýilýän dürli otlary ýörite ýyladylan eýwanlarda ekýär. Ynha, arly gyş iýjek nazy-nygmatyň taýýar! Eýsem, bu kyn zatmy? Ýok. Esasy zat – gaz bar, sähelçe azap bilen çykdaýjy etseň, ýylyň gyş paslynda-da terje gök önümleri öndürip bolýar. Eýsem, bu saglyk dälmidir?! Biziň zähmetsöýer halkymyz bar. Halkymyz topragynyň owadan, rysgal-bereketli bolmagy üçin arman-ýadaman işleýär. Daragt ekmegi her bir türkmen parz iş bilýär. Diýmek, biziň her eken daragtymyz bilen halkymyzyň saglygam, görmegeýligem, sagdynlygam, ruhy hem kalby gözelligem artýar. Bizde bag ekmegiň, ýetişdirmegiň däbe öwrülmegi edebimiziň oňyn bir ugrudyr. Altyn ruhly altyn jemgyýet gurmak – biziň Garaşsyz döwletimiziň baş ugry. Ruhubelent ýaşaýyş – biziň Garaşsyz döwletimiziň baş ugry. Eýsem, bu sepgide nädip ýetmeli? Ruhubelent bolmak üçin dokuzyň düzüw, işiň, ýaşaýşyň şow almaly. Halkyň ruhubelent bolmagy, altyn ruhly altyn ýaşaýşyň döremegi üçin men, ilkinji nobatda, halkyň ýaşaýyş-hojalyk şertlerini gowulandyrmak işine aýratyn üns berdim. Halkyň aladasyz ýaşamagy, işlemegi üçin maşgalalar üçin gazy, togy, suwy, duzy mugt etdim. Ine, ýaşaýyş üçin zerur bolan şu zatlaryň mugt bolmagy adamlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Adamlar hiç bir zadyň aladasyny etmän, erkana ýaşaýarlar, işleýärler. Maldarçylykdan, ekerançylykdan salgytlaryň aýrylmagy her bir türkmen maşgalasynyň baýamagyna giň ýol açdy. Ine, şu çärelerimiz ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň dünýäde birinji oma çykmagyna şert döretdi. Salgyt endişesi bolmadyk türkmen halky owadan-owadan jaý gurnaýar. Howlularynda jenneti bag döredýär. * * * Bag-bakja – seniň howlyň lybasydyr! Öz egniňi bezäp, howlyň ýalaňaçlygyna göwnübir bakmak öz ojagyňy sylamazlykdyr. Türkmen topragy bereketlidir, bir agaç ösmese, beýlekisi ösýär. Hatda Garagumuň jümmüşinde bag-bakja ösdürip ýören ýaşulular häü-şindi duş gelýär. Türkmen topragynda şeýle bir ösümlikler bar, olara adamyň içýän suwundan artyk suw gerek bolmaýar. Maşgala bolup, agzybirlikde isripsiz iýip-iç! Sada, gelşikli hem arassa geýin! Baýlyk – malyňy aýawly sakla, puluňy tygşytly sow! Aýawlylyk hem tygşytlylyk halallykdan nyşandyr. Baýlygy saklamagy başar. Men bu sözi ýöne ýere aýdamok. Puly gazanmakdan hem beter saklamak kyn. Puluň köp bolsa, etsem-petsemleriň hem artyp ugraýar. Öýde işläp, dynç al, dynç alýarkaň, işe meşgul bol. Öýüň işi gutarmaz, çünki, ol öýüň ömrüniň dowamatydyr. Dowamat serenjamy talap edýär. Öý hem beden ýalydyr – bedeniň işi gutarsa, öldügiňdir. Öý bedeniň ýaly gije-gündiz işläp durmalydyr. Öýümiň hemme zady bitik, serenjam berere zadam ýok diýmek ýaltalykdan alamatdyr. Ilki öýüňi, soň özüňi beze! Öýüňde öýüň adamy, işiňde işiň adamy, il içinde iliň adamy bol! Öýüňde mediwanlyk edebini berjaý et! Mediwan – öýünde myhman garşylaýan adamdyr. Öýde ýaşamaýan islendik adam onuň myhmanydyr. Çagyrylsyn, çagyrylmasyn, tanyşy-nätanyş bolsun – myhmany öňünden çykyp garşy al. Özi ýüz dönderýänçä, mürähet et. Öýe girse, hökman oturt. Oturandan, öňünde saçak goýgun. Beýtmek türkmeniň gadymdan gelýän däbidir. Däbiň manysy şudur: ýagşy niýet bilen gelen myhman hödür-keremiňe göwni açylar, ýagşy niýeti öňküdenem berkär, çynlakaýlaşar. Ýaman niýet bilen gelen duzuňy datsa, bu iň uly böwetdir. Çünki, duz-çörek – keramatdyr, onuň keramaty niýetini puja çykarar. Ata babalarymyz öýüne gelen kişä üç gije-gündiz hyzmat edip, soň habaryny alar ekenler. Sen gelen myhmanyň habaryny almaga howlukma! Duz dadylandan soň, habaryny çaý başynda diňle! Özi arkaýyn bolsa, ony gyssama, öýüme geldi diýip, ýüzüňi turşutma, darykma. Bir käse çaýyň däl, seniň göwnüň myhmanydyr. Keýpine, rejesine, ýaşyna, düşünjesine görä, mesawy gürrüňler et. «Öz öýüňizde ýaly boluň!» diýme, öz öýünde ýaly bolary üçin, alçaklyk, hoşgylawlylyk, göwnaçyklyk bilen hem söhbet bol! Myhman halky gaty duýgur bolýandyr, ýalandan mürähet göwni syndyrar. Eždatlarymyzyň nakyllarynda nygtalyşy deýin, myhman az otursa-da, köp synlaýar. Eždatlarymyz myhmana atasyndan uly hormat goýupdyrlar, geleni – döwletlilik hasaplapdyrlar. Öýüňe myhman gelende, geplemän oturmak, sowuklyk bildirmek, barmysyňam diýmän, öz aladaň – işiň bilen bolmak, bir otagda ýeke goýmak, özüň nahar iýip, ony çagyrmazlyk, bir isleginiň bardygyny duýubam, bilmezlige salmak, ýanynda öýdäkiler bilen gizlin ýa-da gödek gürrüň etmek uly aýyplardandyr. Naharyň-şamyň ugruna çyk, nahardan öň we soň elini ýuwdur. Egin-eşiginde, keşp-synasynda, gep-sözünde, düşünjesinde kemi bar bolsa, görmedikden bol. Myhmany törde oturt. Tör – töräniň omudyr. «Tör», «töre» sözleri bir kökdendir. Örän gadymy eýýamlarda ata-babalarymyz törde tumar-heýkellerini saklapdyrlar. Ýekehudaýlylykdan öň olara çokunypdyrlar. Soň-soňlar tör töreleriň – soltanlaryň, ýaşulularyň omy bolupdyr. Tör, türk – asyl diýmekdir. Myhmanyň aşagyna düşekçe ýaz. Onuň bilen bile naharlan, emma özüňi, öýüňi, rysgalyňy, naharyňy onuň ýanynda öwme, magtama. Myhman seniň edep-terbiýäňe guwansyn, içinden seniň ýaly ogul-gyzy arzuw etsin, ana, şonda ol daşyndan duz-keremiň, söhbetdeşligiň üçin müň gezek alkyş okar. Seni özüne görelde saýar. Iliň öýüne baranyňda, myhmanlyk edebini berjaý et! Özge öýe baranyňda, gapyny kakman, ardynjyraman girme. Bu meselede atalarymyzyň özboluşly dessury bolupdyr. Olar öýüň daşynda durup, «Habarlaş!» diýip, gygyrýan ekenler. Her bir jaýa gireniňizde – öý bolsun, edara bolsun – salam berip gir. Salam – öýüň ilkinji hormatydyr. Öýe gireniňde, ilki sag aýagyňy ätläp gir. Erkek adam bilen elleşip görüş, aýal maşgala ýakynyň bolmasa, eliňi uzatma. Türkmençilikde erkek bilen salamlaşmagyň düzgüni aýallaryňkydan, ýaşuly bilen salamlaşmagyň şertleri ýaşkiçileriňkiden, tanyş bilen salamlaşmak nätanyşyňkydan tapawutlanýar. Şu tapawutlar hem türkmeniň salamlaşmak edebiniň gadymy hem inçe, kämil işlenip düzülendigini görkezýär. Myhman baran öýüň duzuny dat! Bizde saçak, desterhan düýe ýüňünden dokalýar. Çünki, düýe arassa mal, ýüňi-de halallygyň, päkizeligiň alamaty hasaplanýar. Öz öýüňde namazlyk, düýe ýüňünden dokalan saçak, kündük we beýleki zatlar saklamak parzdyr. Türkmen hemişe we islendik pursatda myhman almaga taýýar ýaşaýan halkdyr. Myhman öýe rysgal hem sogap getirýändir. Myhmançylykda özüňi edepli alyp bar! Bu edebiň şertlerini seniň üşügiň, ene-ataňdan alan göreldäň, şahsy kemallylygyň salgy berer. Ýörite çagyrylan ýa möhleti öňünden gürleşilen bolmasa, myhmançylykda kän eglenme. Köplenç, görme-görüş üçin, iş bilen, saglyk-amanlyk soraşmak üçin az wagtlyk myhmançylyga barylýar. Eger zyýapata çagyrylan bolsaň, eliň boş barma! Zyýapatyň sebäbine, şanyna görä, sowgat elt! Öý eýesiniň – mediwanyň mümkinçiligine görä edýän hezzet-hormatyndan artykmaç zada tamakin bolma. Myhmanyň göwnüni görjek bolup, karz-kowal etmek, ilden, goňşudan karz almak aýypdyr. Myhman almak, myhman bolmak durmuşyň iň lezzetli taraplaryndandyr. Bu mesele türkmen edebinde uly orun tutýandygy üçin, halkymyz bu edebiň anyk şertlerini jikme-jik işläp düzüpdir. Türkrmeniň öý edebi milletiň ruhy-ahlak ýaşaýşynda ýeten belent derejesiniň görkezijisidir. Şol derejä mynasyp bol, öý edebiniň baýlaşmagyna we kämilleşmegine ýardam et! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |