20:24 Pähimdar Oleg hakynda aýdym | |
PÄHIMDAR OLEG HAKYNDA AÝDYM
Goşgular
Puşkin bu goşgusynda rus döwletini ilkinji esaslandyran knýazlaryň biri, X asyr knýazy Olegiň ölümi hakyndaky köne rowaýaty beýan edýär. Knýaz özüniň köp bolmadyk, ýöne taplanýan goşuny bilen goňşy taýpalary, rowaýata görä grek imperiýasynyň paýtagty Sargrady-da (Konstantinopoly) basyp alanmyş. Gaýdan mahaly öz ýeňşiniň hatyrasyna ol Sargradyň derwezesine galkanyny çüýläpdir. Paýhaslylygy hem harby ýeňişleri üçin oňa pähimdar-Weli diýlipdir, ýagny tebigatdan daşary üýtgeşik jadysy-gudraty bar adam hasap edilipdir. Oňa Perun hudaýynyň perişdesi (köneçe: jadygöý, Weli, palçy) söýgüli aty zerarly öljegini aýdýar. Oleg ölensoň, Kiýewe Igor, soňra Igoryň aýaly Olga knýazlyk edýär. Günleriň bir güni pähimdar Oleg, Hazarlardan aryn almaga çykdy. Zalym çozuşlary üçin olary Gylyçdan geçirdi, obasyn ýakdy. Ýeňen goşunyny aman äkelýär, Wepaly atyna atlanyp gelýär. Tüm tokaýda oň gaşyndan bi Weli çykdy, boljak işi öňden bilýär ol. Taňrynyň işine örän wepaly, Öz-özünden ylhamlanyp gelýär ol. Pal atyp, ömrüni ötüren garry. Oleg görüp, onuň ýanyna bardy. “Diýgil” gorkman söýen bendesi Taňryň, Näme boljak meniň galan ömrümde. Aýt maňa uzakmy, ýakynmy aňrym, Haçan duşman şatlyk tapar ölmümden? Ähli hakykaty aýdawer maňa, Soň halan atyňy bereýin saňa”. “Güýçli hökümdardan gorkmaýar Weli, Hökman däl, knýazym, sowgat-serpaýyň. Çynçyldyr hem erkin olaryň dil, Bir Taňryň emrine bor olar kaýyl Bolsa-da geljegiň ýüzi tüm deýin, Açyk maňlaýyňdan görýän täleýiň. Berk bellegin aýtjak sözlermi meniň, Serkerde şatlygy, şöhraty, sende Şöhrat bar, ýeňiş bar, mälimdir ismiň. Galkanyň sargrad derwezesinde. Ýer-suw hem baş egip geler ýanyňa, Duşmanlarňam gözi gider şanyňa. Gök deňziň aldawçy tolkunlaryndan, Ykbalyň ýüz öwren halatyndan hem, Sapandan, peýkamdan, mekir hanjardan, Ýyllar aýar duşman amatyndan hem... Ýara düşmez demir donly synaňa, Gaýyp erenler-de hossardyr saňa. Atyň gorkmaz, ýowuz jeňlerde ürkmez, Ol duýup öz jenabynyň erkini. Mert durar, duşmanyň peýkamy ötmez, Seň bilen deň berer ýagyň merkini. Ýow güni eýmeznmez, sowga-da dözer, Ýöne ajal saňa atyňdan geler.” Oleg gülen boldy, serinde arman, Gözne gubar iýndi, gaşlar birigip. Eýer ýapyşyp, sesin çykarman, Hesret bilen atdan düşdi syrygyp. Sandyrýan elleri misli bir simap, Diýdi söwer dostuň dik boýnun sypap: “Hoş mährem ýoldaşym, eý, eziz atym, Ikimize hijran zamany geldi, Gaýdyp zer üzeňňä aýagym atyp, Atlanman, dynjyňy alawer indi. Hoş gal hem unutma, gýylma gaty, Eý, dostlar – ýigitler, äkidiň aty. Äkidiň, goý, meniň m,üşşülküme barsyn, Üstüne jul – ýumşak halyny ýapyň. Iými iň saýlama däneden bolsun, Ýuwup-ardyp, çeşme suwundan ýakyň”. Ýigitler buýrugy berjaý etdiler, Knýaza başga br at getirtdiler... Goşun bilen meýlis gurýardy Oleg, Bulgurlarda şerap saçýardy müşkün. Gorgan üste säher düşen gyraw dek, Buýra çypar saçlar atýar öwüşgin. Olar ýatlaýarlar geçen günleri, Döwüşleri, söweşleri, jeňleri. Şonda Oleg aýtdy: “Syrdaşym hany? Aýdyň siz, nirede meniň göz atym? Oýun edýärmi galyp çarpaýa, sagmy, Öňküsi deý amanm meň ganatym?” Diýdiler: “Uzakda üstünde ýapyň, Söwer atyň baky ukuda ýatyr.” Mert Olegiň başy aşak egildi, Oýlandy ol: “Ýeri, bu neneň ahwal? Wah, aňkasy aşan garry sen Weli! Palyň başyň iýsin, bu niçiksi pal? Bilen bolsam, atym ölmezdi, belki.” Ölen atyň süňkün göresi geldi. Barýar Oleg atyň zyýaratyna, Hem belli täjirler, hem Igor barýar. Dnepriň kenarynda atynyň Çaşyp ýatan eziz süňklerin görýär. Gün şöhlesi, ýagyş ýuwýar olary Hem şemal äkidýär çaňy-tozany. Knýaz atyň kelleçanagna çala Aýak basyp diýdi: “Rahat ýat meniň ýalňyz atym, kine etmegin maňa. Menem tiz yzyňdan babaryn seniň. Şonda palta urlup şirin janyňa, Jeseim ýuwmarsyň gyzgyn ganyma.*) Gör, meniň ajalym nirede eken! Şu süňklerdir meni gorkuzjak indem!” Haşşyldap, süýrenip süňkleň içinden Onuň aýagyna gara ýüp ýaly Çolandy-da, ýylan çakdy knýazy... Gazanlar bugarýar, çirkin gygyryp Jan beren knýazyň düşek aşynda. Knýaz Igor bilen Olga gyýylyp, Depede otyrlar, saçak başynda Esgerler oň bilen geçen günleri Ýatlaýarlar döwüşleri, jeňleri. ________________________ *). Gadymy däp boýunça esgeri ähli ýaragy bilen jaýlap, atyny hem öldürip, esger bilen bile ýerlär ekenler. Soň mazaryň üstünde depe galdyryp, şo taýda ýas meýlisini edipdirler. (Terjimeçiden). Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 07.06.1985 ý. | |
|
√ Halal-haram kim baka / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Agta han / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Daglar hakda geňräk goşgy / Goşgular - 06.11.2024 |
√ Poeziýa / Goşgular - 16.11.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |