13:10 Papa bilen Temel | |
PAPA BILEN TEMEL
Degişmeler
Temel Watikanda gezip ýörkä uzyn nobata gözi düşýär. - Bu nämäniñ nobaty? - diýip soranda, nobatyñ bir ujunyñ buthana baryp ýetýändigini we Watikan buthanasy tarapyndan jennetden ýer satylýandygyny, 1000 dollar berseñ jennetden özüñe ýer satyn alyp bolýandygyny öwrenýär. Ol nobata durup, ahyr buthana barýar, gapyda duranlara: - Men dowzahy satyn alasym gelýär... - diýýär. - Bolmaz. Bärde dowzah satamzok, jennetden bir bölek ýer alasyñ gelse-hä, geç-de nobatyña dur! Temel raýyndan gaýtman, kejeñekligine tutýar duruberýär. Gapynyñ agzynda Temeli razy edip bilmedik işgärler Rim papasyna ýagdaýy aýdýarlar. Papa gülüp: - Gidiñ, sorañ bakaly akylsyzdan, tutuş dowzaha näçe bermekçikä - diýip gülýär. Gapa gelip Temelden soranlarynda, ol on müñ dollar berjekdigini aýdýar. Papa Temeli içerik çagyrýar, taýýarladan resminamasyna Temele gol çekdirdip, on müñ dollaryny-da alyp ugradansoñ, yzyndan gülüp galýar. Daşaryk çykan Temel gapyda birnäçe günläp jennetden ýer satyn almak üçin garaşyp duran müñlerçe kişä elindäki resminamany görkezip: - Ehe-heý oglanlar! Dowzahyñ barsyny men satyn alandyryn, indi jennet satyn aljak bolup nobata durmagyñ geregi ýok, arkaýyn öýli-öýüñize dagaberiñ... - diýýär. Märeke dagaýar... Jennet söwdasy nola dirän Rim papasy we onuñ adamlary on müñ dollara satan dowzahlaryny Temelden yzyna satyn aljak bolup, şumadam başagaý bolup ýörlermiş... Temel bolsa olardan on million dollar almasa beräýerli dälmiş! Akylly adamlar köpelse, din söwdagärleri batar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||