21:19 Parfiýa garlawajy | |
PARFIÝA GARLAWAJY
Moskwaly şahyra Olga Çugaý ýakyn günlerde Aşgabatda boldy. Ol özüniň A.Kekilowanyň ykbaly bilen gyzyklanýandygyny, onuň bilen ýakyn gatnaşykda bolandygyny aýtdy. Şahyryň nähak ölümine bagyşlanan poemasy bilen tanyşdyrdy. Bizem ''Sowetskaýa molodýož'' žurnalynyň 1989-njy ýylyň 11 sanynda çap edilen 8 bölümden ybarat poemanyň bir parçaşy bilen okyjylary tanyşdyrmagy makul bildik. (80-nji ýyllaryň ortalarynda dälihanada aradan çykan türkmen şahyry Annasoltan Kekilowanyň ýagty ýadygärligine) Parfiýanyň asmanyndaky guşlar, Meger, Hudaý tarapyndan ýasalan. Olar belentlige galýan derwüşler - Hemişelik ýaşaýjysy Nusaýyň. Olara nazary düşen Allanyň, Guş däl, şahyrmydyr, çagamydyr ol. Gülleýşini gördüm ýeke almanyň, Ýa-da Parfiýanyň ýazymydyr ol. Telegraf sütünne degen garlawaç, Tok urup ölenden dogmanyň gowy, Meniň şahyr uýam, mähriban uýam, Aýtsana, sen barkaň neýläýin guwy? Höwürtgäňi mynjyratjak bolsalar, Dogulmak bir gerekmidi Nusaýda Men neýläýin ganatyňy bolsalar Neneň basyň goşdular seň bu söwda? Terjime eden: Remezan BAÝRAMMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||