13:09 PARODIÝALAR | |
Atadurdy Garaýew
Goşgular
ÝYLGYRSAŇ Sen ýylgyrsaň, paýrap gökden döküler, Kümüş apbasylar, altyn şaýylar. Gül açylyp Garagumyň golunda, Süýji suwdan dolar gurruk guýular. Sen ýylgyrsaň, suw sepen deý ýatyrar, Dübläp gelen tüweleýliň gylawyn. Kör bolan çeşmeleň gözi açylar, Süýt iner ýelnine gysyr sygyryň. A. Gurbanow ÝYLGYRMASAŇ Eger ýylgyrmasaň, şo günden şeýläk, Goýar guzlamasyn biziň towuklar. Suwy takrap galar tereň derýanyň, Öňküsinden has ir düşer sowuklar. Ýylgyrmasaň – burunlarny gyzardyp, Aglar hork-hork edip, öňki gülenler. Ýylgyrmasaň – girdi “Gyzyl kitaba”, Ýylgyraňda üçem dogan gulanlar. Ýylgyrmasaň, dat gününe obanyň, Guýusyndan suw deregne laý çykar. Ýylgyrmasaň gaty kyn bor, ezizim, Uçup barýan durnalary möý çakar. Ýylgyrmasaň, wah, nädeýin, nädeýin, Her ýyl gysyr galýar sary sygrymyz. …Yzyny ýazmakçy bolýanam weli, Ýylgyrmaňsoň – soňlanaýýar şygrymyz. Alty Akmämmedow HOWLUKMAÇ Häzirki bagtly minutlar indi, Belli däl gelermi, gelmezmi gaýdyp. Ýagşymy, ýamanmy bir zat diý indi, Sen gyz, haçana çen oturjak şeýdip. Baýran Amangylyjow HOWLUK, GYZ! Ýagşymy, ýamanmy bir zat diý indi, Sög weli bir sözüň eşdip galaýyn. Soň duşarmyň, ýa dyşmazmyň kim bilýä, Men-ä gelmen duş etmese täleýim. Sen gyz, haçana çen oturjak şeýdip, Wagtam geçip gitdi ýatar pillämden. Sözlemeseň hereket bir et, janym, Ökjeli köwşüňi inder kellämden. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||