01:31 Patyşa Karunyñ gözgyny soñy | |
PATYŞA KARUNYÑ GÖZGYNY SOÑY
Taryhy makalalar
Baýdygyñyzy, juda baýdygyñyzy göz öñüne getiriñ... Hyýalyñyzda! Pikir ediñ, eliñizi degren zadyñyz şobada altyna öwrülýär. Bular ýaly baý bolmagy kim islänok... Gadym döwürlerden bäri Gündogar we Günbatar jemgyýetlerinde dilden-dile geçil gelen bir söz bar. Puly, maly-mülki köp adama "Karun ýaly baý" diýilýär. Hatda Karunyñ çakdanaşa baýlygy barada Gurhandyr Töwrat ýaly mukaddes kitaplarda hem aýdylýar. Ýogsa-da, Karun diýilýän kimkä? Heý, bu barada gyzyklanyp gördüñizmi? Ine, garşyñyzda puly bilen bar bolan we puly bilenem ýok bolan Lidiýanyñ patyşasy Karunyñ nusgalyk hekaýaty... * * * B.e.öñ 600-nji ýyllar. Anadoly... Gadymy döwrüñ möhüm Anadoly siwilizasiýalaryndan bolan lidiýalylar Gündogardan gelip, Günbatar Anadola ýerleşen, etniki gelip çykyşy boýunça hindi-ýewropa kökli kowumlaryñ biridi. Taryhda puly oýlap tapyp, ilkinji gezek puly dolanşyga salan siwilizasiýa hökmünde tanalýan lidiýalylar bu aýratynlyklary bilen adyny taryha ýazdyrmagy başarypdylar. Anadolynyñ günbatarynda Gediz we Menderes çaýlarynyñ arasyndaky sebite ýerleşen bu kowum ilki hettleriñ, soñra frikiýalylaryñ golastynda ýaşapdyr. Frikiýalylaryñ ýykylmagyndan soñ b.e.öñki 687-nji ýykda Gig patyşanyñ döwründe garaşsyz döwlet gurup, taryh arenasyna çykypdyrlsr. Lidiýa patyşalygynyñ paýtagty Sard häzirki Türkiýäniñ çäklerindäki Manisa-Salihliniñ ýakynlarynda döwrüñ iñ uly we baý şäherlerinden biri bolupdyr. Baýlygynyñ çeşmesi bolsa paýtagtyñ içinden geçen we biziñ günlerimizde Tabak çaýy diýilýän Paktolos derýasyndan çykýan altyn-kümüş magdanlary eken. Lidiýalylar bu gymmatbahaly magdanlar arkaly az wagtyñ içinde uly güýje eýe bolupdyr we Egeý sebitinde ýerleşen beýleki şäher-döwletleri düzümine birikdirip, Gyzylyrmaga çenli çäklerini giñeldipdir. Söwda bilen hasam köp gyzyklanan lidiýalylar şol wagta çenli alyş-berişde ulanylýan çalşyk sistemasyny üýtgedip, ilkinji gezek altyn-kümüşden ýasan pullary bilen söwda edip başlapdyrlar. Bu pul töwerekdäki beýleki patyşalyklarda hem ulanylmaga başlanansoñ, mundan beýläk täze döwrüñ başy başlanypdyr. * * * Puluñ oýlanyp tapylmagy bilen birlikde söwda garaşylşyndanam çalt ösmäge başlapdyr. Paýtagt Sard söwda merkezine öwrülipdir we bu ýerde dünýäniñ iñ gadymy bazary gurlupdyr. Lidiýalylar söwda şeýle bir üns beripdir we ony ösdürmäge synanyşypdyr welin, b.e.öñki 600-nji ýyllarda patyşa Gig tarapyndan Efes sebitinden başlap Mesopotamiýa çenli ýüzlerçe kilometre çenli dowam edýän patyşanyñ ýoly çekilipdir. Isledigiçe zikge kakyp ulanyp bilen siwilizasiýada garyp-gasar ýa-da kömege mätäç haýsydyr bir lidiýaly bolmandyr. Elbetde, bular ýaly baý döwleti daşardan abanjak howp-hatarlara garşy uruşlarda goramak we hatda täze ýerleri eýelemek üçin birem goşun gerekdi. Beýle bolçulykda we baýlykda ýaşaýan hiç bir lidiýaly esger bolasy gelmänsoñ, başga halklardan hakynatutma esger alypdyrlar. Lidiýa daşyndan gelýän we pul üçin şirin janyny orta goýýan bu esgerler Lidiýa patyşalygynyñ goşunyny düzüpdir. Aslynda döwletiñ iñ gowşak tarapy-da şu bolupdyr! Indi bolsa Lidiýanyñ mukaddes kitaplara we mifiki hekaýatlara tema bolan patyşasy Karunyñ gürrüñini edeliñ. Bizde has köp Karun ady bilen tanalýan patyşa Krýozyñ döwri lidiýalylaryñ gülläp ösen döwrüdi. B.e.öñki 595-nji ýylda doglan Karun 35 ýaşyndaka Lidiýanyñ şa tagtyna geçipdir. Mifiki hekaýatlarda Karun şeýle bir altyna gyzygypdyr welin, elini degren her bir zadynyñ altyna öwrülmegi üçin hudaýlara ýalbarandygy we hudaýlaryñ onuñ islegini kabul edendigi aýdylýar. Gadymy grek taryhçysy Gerodot ony dünýäniñ iñ baý adamy hasaplaýar. Pulyñ oñarmajak zadynyñ ýokdugyny aýdýan Karun Lidiýa patyşalygynyñ mundan beýläk uruşlarda-da özüni görkezmelidigine ynanypdyr. Şeýlelikde ol düzen hakynatutma esgerlerinden ybarat goşuny bilen ýörişe çykmaga taýýarlanypdyr. Emma lidiýalylar söwda bilen has köp gyzyklanýan, uruş-sögüş bilen işi bolmadyk patyşalykdy. Şol sebäpden Karun goşunyndaky hakynatutma esgerleriñ sanyny artdyryp giren uruşlarynda umuman san taýdan agdyklygy bilen añsat ýeñişleri gazanypdyr we az wagtyñ içinde töweregindäki 11 patyşalygy-da düzümine birikdiripdir. Emma gündogarda gözüni Lidiýa patyşalygyna doken uly güýç döräp gelýärdi. Bu güýjüñ adyna Pers imperiýasy diýilýärdi... * * * Anadolynyñ ýerlerini basyp almak we Egeýiñ kenarlaryna çenli gitmek isleýän persler uly leşger dartyp Lidiýanyñ çäklerine giripdir. Karun hakynatutma esgerlerden düzülen uly goşuny bilen ýeñiş gazanjagyna ynanypdyr. Iki goşun ýüzbe-ýüz bolansa lidiýa goşunlarynda bölünmeler bolmaga başlapdyr. San taýdan agdyk pers goşunynyñ garşysynda ýeñiş gazanmak umydyndan el üzen esgerler ýeke-ýekeden jeñ meýdanyny taşlap gidupdir. San taýdan agdyklygy elden beren Lidiýa patyşalygy b.e.öñki 546-njy ýylda bolan söweşde persleriñ garşysynda uly ýeñlişe uçrapdyr we patyşalyk ýer bilen ýegsan bolupdyr. Taryhçylar puluñ kömegi bilen gysga wagtda uly güýje ýeten lidiýalylaryñ ýykylmagynyñ iñ esasy sebäbiniñem ýene puldugy babatda bir pikire gelýärler. Watan söýgüsi bilen däl-de diñe pul üçin söweşýän esgerler özlerinden rüstem güýji gören badyna ökjä tüýküripdir, bulam siwilizasiýanyñ örän añsat ýagdaýda çagşamagyna getiripdir. Karun barada jikme-jik maglumatlar mukaddes kitabymyz Gurhanda "Kasas" "Mömin", "Ankebut" sürelerinde berilýär. Bu sürelerde Karunyñ Ysraýylogullaryndandygy we ummasyz köp baýlygynyñ bolandygy aýdylýar. Onuñ baýlygy "Biz oña açarlaryny götermegiñ özi uly kowuma agyr düşjek hazynalary berdik" görnüşinde suratlandyrylýar. Karunyñ baýlygy bilen gopbamsylyk satandygyny, "Bular maña öz bilimim we zehinim sebäpli berildi" diýendigi aýdylýar. Onuñ Musa pygamberiñ (a.s) mugjyzalaryna ynanmandygy, kezzap bolandygy we jadygöýlük edendigi gürrüñ berilýär. Bularyñ netijesine-de Allanyñ gazabyna uçrandygy, edil pyrgun ýaly heläk bolandygy ýazylypdyr. * * * Eýsem dünýäniñ iñ baý adamy bolan Karuna we onuñ hazynasyna söweşden soñ näme bolupdyr? Persler bilen bolan uruşda goşunynyñ jeñ meýdanyndan gaçmagy netijesinde ýeñlişe uçran Karun perslere ýesir düşüpdir we bir ýyl çemesi wagt geçensoñ, b.e.öñki 547-nji ýylda ýesirlikde aradan çykypdyr. Dünýäniñ öten-geçen adamlarynyñ içinde iñ baý adamy hasaplanýan Karunyñ hekaýaty şular ýaly gözgyny ýagdaýda tamamlanypdyr. Emma Karunyñ hazynalary häzirem bu ýerlerde bar. Uşak welaýatynyñ Güre posýologynda geçirilen bikanun gazuw-agtaryş işlerinde tapylan käbir bölekler ABŞ-na alnyp gaçylypdyr, emma soñra hukuk proseduralary esasynda yzyna alnypdyr. Som altyndan ýasalan kiçijik heýkeller häzir Uşak şäheriniñ Arheologiýa muzeýinde saklanýar. Ýöne Karunyñ eýelik eden tonna-tonna altynlaryna näme bolandygyny welin häzirem bilýän ýok. Hakan TOÝTEKIN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||