00:35 Kagyz puluñ taryhy | |
KAGYZ PULUÑ TARYHY
Taryhy makalalar
Taryhy geçmişi lidiýa siwilizasiýasyna çenli uzaýan pul durmuşymyzda uly orun edinipdir. Zikgelerden başlap, kredit kartlary bilen dowam eden bu ýolagçylykda kagyz pul iñ köp ulanylýan serişdä öwrülipdir we häzirem iñ köp ulanylýan serişdeleriñ biridir. Adamlaryñ ýaşaýyş-durmuş formasyna, ýaşaýyş derejesine täsirini ýetirýän, ýok ýerinde hiç zadyñ bolmaýan puly adam ogluny nämeleri etdirýär, nämeleri etdirmeýär? Gadyrdan lidiýalylaryñ oýlap tapan puly bize barlygy-ýoklugy, aýry-gaýryny, ala tutmagy öwretdi. Altyn tokgalaryndan metal pullara, ahyrsoñunda kagyz pullara çenli geçmişden günümize birnäçe medeniýetde hemme ýerde ulanylypdyr, ugrunda birgiden janlar pida bolupdyr. Biržadan altyna, bank kartlaryndan "coin" pullara çenli hemmesiniñ pul deregne ulanylýan maýa goýum serişdelerini köp ulanýan ýok. Hakykatda ulanmaýanlygymyzdan däl-de, kän ynanmaýanlygymyzdan birnäçämiz kagyz pullary söýýäris. Kagyz pul hemmämiziñ özümize bolan ynamymyzy güýçlendirýär... Ýogsa-da, kagyz pullar nireden gelip çykdy? Ine, jogaby... * * * Kyssasy Uzak Gündogarda başlady! Kagyz puluñ düýp köki häzirki Hytaýyñ çäklerinde galan Tang dinastiýasyna baryp direýär. Emma has ýygjam ulanmaga başlan Song dinastiýasydyr. Zikgeleri daşamak kyn bolandygy üçin söwdagärler kagyz puly söz agramynda ulanmaga başlapdyr. Song dinastiýasy söwdadaky bu öwrülişigi görüp, onuñ has täsirlidigini duýandan soñ kagyz pullary çykarmaga başlapdyr. Aýdylyşyndan, XII asyrda ulanylýan kagyz puluñ möçberi 26 millipn zikgä barabar bolupdyr. • Meşhur jahankeşdäniñ üsti bilen Ýewropa ýaýrady... Bir döwür Ýewropada Templiýer rysarlary gymmatbahaly goş-golamlary alyp, ýerine gymmaty kesgitlenen kwitansiýalary ulanypdyrlar. Kagyz pul Ýewropa XIII asyrda Marko Polonyñ Ýuan dinastiýasyny görenden soñ baryp ýetipdir. Polonyñ kagyz pul barada aýdanlary ýewropalylaryñ aglabasyny geñ galdyrypdyr. • Marko Polonyñ sözleri ýewropa halkynyñ ünsüni çekdi "Kagyz bölejikleriniñ barsynyñ sa:p altyndan ýa-da kümüşden ýasalan pullar ýaly hümmeti bardy. Kubilaý han aýdyşym ýaly görnüşde çykarylan şu kagyz bölejikleri bilen öz hasabyna ähli tölegleriniñ edilmegini ýola goýupdyr. Bulary ähli patyşalyklarynda we welaýatlarynda, ýerlerinde we güýjüniñ hem-de agalygynyñ ýetýän her bir ýerinde hemmetaraplaýyn güýjüni ýöreder ýaly edipdir". (Marko Polo). • Italiýa bu akymda hataryñ başyny çekdi Şeýlelikde bu usul Italiýada ýola goýuldy. Banknot sözi italýan diliniñ "nota di banco" sözünden gelip çykýar. • Baha rewolýusiýasy arkaly kagyz pullara geçme prosesi çaltlandy Ýewropada bolup geçen ýokary inflýasiýa döwri kagyz pula geçme esasan baha rewolýusiýasy bilen bolup geçdi. Yzyndan ýigrimilik bilen müñlügiñ aralygynda Angliýanyñ banklary tarapyndan çykarylmaga başlandy. • Geçmişden biziñ günlerimize çenli gelip ýetdi... XI asyrda hytaýly söwdagärleriñ zikgeleriñ ýerine ulanan kagyz pullaryny ýa-da kredit kartlaryny ulanýarys. Ýaşaýşymyzy añsatlaşdyran bu oýlap tapyş üçin geçmişde ýaşan geçenlere minnetdarlyk bildirmelimi ýa-da başga bir zatlary diýmelimi, hiç bilebilmedim! Hakan TOÝTEKIN. 11.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |