08:21 Dünýämize garaşýan howp | |
DÜNÝÄMIZE GARAŞÝAN HOWP!
Haýwanat dünýäsi
Dokumental filmlere tomaşa etmek adamyñ umumy medeniýetini, terbiýesini we bilim derejesini ýokarlandyrýar. Şeýle hem dokumental filmler adamyñ dünýädäki janly-jandarlary has gowy tanamagy, olaryñ nähili ýaşaýandyklaryny, doglup ulalýandyklaryny we ölýän pursatyna çenli öwrenmek bilim we medeni derejesiniñ güýçlenmegine mümkinçilik berýär. Olarda älem-jahanyñ ýaradylyşyndaky ajaýyplygy görýäris. Seredýän dokumental filmimiziñ mazmunyna görä bize nämeleri berip biljekdigi üýtgeýär. Emma bärde bir hakykat bar: Adam her tomaşa eden dokumental filminde täze zatlary öwrenýär we maglumat edinýär. Şonuñ üçin adamlar dokumental filmlere has köp tomaşa etmeli. Bilmegiñ, öwrenmegiñ hiç haçan zyýany degmeýär... Elbetde, dokumental filmler diñe haýwanlar barafa düşürilen filmlerden ybarat däl. Taryh, älem-jahan, tebigat, ýurtlar, şäherler, adamlar barada düşürilen ajaýyp dokumental filmleriñem bardygyny ýatdan çykarmalyñ. Dokumental filmlere tomaşa etmegiñ peýdalary hakda şunça aýdanymdan soñ geçen hepdäniñ ahyrynda gören bir dokumental filmimiñ gürrüñini etmesem bolmaz diýip pikir etdim. Dokumental filmiñ temasy: Buzluklar... Aslynda bütin dünýäni ýakyndan gyzyklandyrýan we ýakynlaşyp gelýän howpa ünsümizi çekýän gyzykly dokumental film barada, eger isleseñiz size-de gürrüñ bereýin. * * * Dokumental filmiñ temasy: Buzluklar doly eräp gutarsa, dünýäde nämeler bolar? Gaty köpem däl, adamzat bary-ýogy birküç müñ ýyl bäri dünýäde agalyk ediji güýç hökmünde höküm sürýär. Emma dünýäde şeýle bir basybalyjy güýje öwrüldik welin, planetany-da üýtgetmäge başladyk. Dünýä 2,5 million ýyl öñ Buz eýýamy arkaly buzluklar bilen tanyşdy. Iki million ýyldan gowrak dowam eden bu ak uky 10 müñ ýyl mundan öñ tamamlandy. Döwür indi adamlaryñ döwrüdi... Buzluklar belentliklere we dünýäniñ polýuslaryna çekildi. Emma adamlar ol ýerde hem buzluklara rahatlyk berjek däldiler. Edil neslini ýok eden müñlerçe janly-jandary ýaly! XVIII asyrda başlan senagat rewolýusiýasy we maşynlaşma gürrüñsiz adamzat üçin ullakan ädimdi. Bu senagatlaşma prosesinde çykarylan kömürturşy gazlary, nebit-gaz, kömür ýaly energetika çeşmeleriniñ soñuny saýman sarp edilişinden ep-esli mukdarda karbon monoksiti bölünip çykýardy we elbetde bular atmosferamyza zyýan ýetirýärdi. Ýetirilen zyýan bolsa bize gyzgynlygyñ artmagy bolup gaýdyp gelýärdi. Senagatlaşmagyñ ilkinji ýyllarynda adamzat muña o diýen intipis etmedi. Barha artmak bilen dowam edýän bu senagatlaşma prosesinde 200 ýyldan soñ gelip ýeten sepgidimizde indi Ýer togalagyna yza dolap bolmajak şekilde täsirimizi ýetirmäge başladyk. Habarlarda her tomus görşümiz ýaly bu tomus hem dünýäniñ iñ gyzgyn tomsy hökmünde suratlandyrylýar, dürli ýerlerde yzygiderli diýen ýaly howanyñ gyzgynlygy rekord derejä ýetýär. Eýse bu proses şeýle dowam ediberse we buzluklaryñ barsy erese, dünýämize nähilu betbagtçylyk senarisi garaşýar? Edil häzir bar bolan buzluklar dünýäniñ süýji suw zapaslarynyñ takmynan 69%-ni emele getirýär. Emma hernäçe bular süýji suw çeşmesi bolsa-da, buzluklar eränden soñ süýji suw gorlary-da bolsa, deñiziñ suwuna goşuljakdygy üçin adamzadyñ uly möçberde erän buzluklardan süýji suw hökmünde peýdalanyp bilmejegi belli. Käbir hünärmenler ähli buzluklaryñ 5 müñ ýylyñ dowamynda erejegini aýtsa, käbirleri-de 40-50 ýylyñ dowamynda global maýlamanyñ täsiri bilen buzluklaryñ ýok bolup biljekdigini pikir edýär. Emma giñden ýaýran pikiriñ tersine, buzluklar eräp bolandan soñ bütin dünýä suwuñ astynda galmaz. Emma gaýsy guryýer zolaklarynyñ suwuñ astynda galjakdygy hakda käbir ylmy-barlag işleri bar. "National Geographic" teleýaýlymynyñ geçiren barlaglaryna görä, 2100-nji ýylda dünýä kartasynda göze ilip duran üýtgeşmeler bolup geçer. Suwlaryñ 70 metre çenli beýgeljekdigi, kenarýakalarynyñ täzeden şekillenjekdigi, hatda käbir şäherleriñ doly suwuñ astynda galjakdygy aýdylýar. Ylmy-barlag işiniñ Türkiýe bölümine sereder bolsak, Marmara sebitinde Tekirdagyñ, Stambulyñ, Bursanyñ uly bölegi suwuñ astynda galmaly. Izmit hem suwuñ astynda galar. Garadeñiziñ kenarýaka zolagynyñ ugrunda Sinop, Samsun, Trabzon etraplary hem mundan ýetdik paýyny alar. Egeý sebitinde bolsa Izmir we adalaryñ hemmesi ýok bolmaly. Aslynda beýle senarini dünýäniñ birentek ýerindäki şäherleri başdan geçirmeli bolar. Emma bütin bu şäherler bilen birlikde üç ýurduñ dünýä kartasyndan doly ýok bolmagyna garaşylýar. Bu ýurtlar Belgiýa, Daniýa, Gollandiýa... Edil häzirem deñiz derejesinden pesde ýerleşen Gollandiýa ýakynlaşyp gelýän betbagtçylygy duýana meñzeýär, hökümet häzirden ýurduñ kenarýaka zolaklaryna birnäçe kilometr uzynlykdaky diwarlary gurmaga başlapdyr. * * * Elbetde, buzluklaryñ eremegi diñe adamlara täsirini ýetirip dynaýmaz. Bu ýagdaýdan ilkinji täsirlenjekler buzluklarda ýaşaýan janly-jandarlardyr. Buzluklar hernäçe uç-gyraksyz, hiç bir janly-jandaryñ ýaşamaýan ak örtügi ýaly bolup görünse-de, pingwinler, polýar aýylary, morslar, halkaly foklar, polýar möjekleri, polýar tilkileri, polýar baýguşlary, misk sygyrlary ýaly san-sajaksyz janly-jandary goýnunda saklaýar. Bularyñ hemmesiniñ biziñ günlerimizde-de ýaşaýyş-durmuş ugurlarynyñ daralýandygy üçin nesilleri ýitip-ýok bolup gitmegiñ bäri ýanynda dur. Buzluklaryñ doly eräp gutaran senarisinde bolsa, ilkinji bolup bu haýwanlaryñ dünýä bilen hoşlaşmagyna garaşylýar. * * * Emma asyl uly howp deñizlerde we okeanlarda bolup geçer. Erän buzluklar bilen birlikde suwuñ gyzgynlygynyñ üýtgemegi we deñiz suwuna goşulan süýji suw nilen birlikde deñizlerdäki ýaşaýşyñ doly gutarjakdygy çaklanýar. Ýagny, deñiz jandarlary ýagdaýa uýgunlaşmasa, ne deñizlerde, ne-de okeanlarda ýeke janly-jandar galman biler. Deñizler sowap, suwuñ üstünde galan guryýer böleklerinde bolsa, ýagdaý düýbünden tersine bolar. Hünärmenler edil häzir ottaça 15° bolan dünýä maýyllygynyñ buzluklaryñ ýok bolmagy bilen 27 gradusa galjakdygyny aýdýar. Munuñ bilen baglanyşyklylykda suw basman galan ýerlerde uly çölleşmeler bolup geçer. Ýagny kõp sanly ösümlikler we agaçlar suwsuzlyga çydap bilmän gurap gider. Betbagtçylykdan soñky dünýäniñ ösümlik örtügi uzyn we gür agaçlardan däl-de, gysga boýly hapa-haşal ot-çöplerden ybarat bolar. Elbetde, soñabaka bu otlar bilen iýmitlenýän biziñ günlerimizdäki janly-jandarlara, soñam ot iýýän jandarlary iýip ýaşaýan et iýýän haýwanlara gezek geler. Gepiñ keltesi, dünýäniñ düzgüni we iýmitleniş dowamlylygy doly dargar. Adamzat üçin dünýä beter gorkunç we ýaşap bolmajak ýere öwrüler. Iýmit we suw ýetmezçiliginiñ ýiti duýuljak gytçylyk döwründe dünýä ilatynyñ 90%-den gowragynyñ öljekdigi çaklanýar. Beýle ýagdaýda uruşlaryñ köpüsi megerem suw we azyk üçin tursa gerek. Eýse adamzat iñ bolmanda suwa bolan mätäçligini şor suwlar bilen kanagatlandyryp bilermi? Bu soragyñ jogabyna "hawa" diýip jogap bermek mümkin... Şor suwy arassalamak işleri üçin häzir köp maýa goýumlary goýulýar. Emma bu tehnologiýa juda gymmada düşýär. Ýagny suwu Adamzat häzirem öz bilenini edýär we her geçen gün yza gaýtmasy mümkin däl soñlama sary süýşüp barýarys. Takmynan, 4,5 milliard ýaşynda bolan dünýämiz aradan geçen şu wagtyñ dowamynda millionlarça janly-jandara öý bolup hyzmat etdi. Emma her bir janly-jandar sanalgysy dolanda bu dünýäden göçdi gitdi. Bizem nesli ýitip-ýok bolup giden millionlarça janly-jandar ýaly bärde kwartirant ýaşaýarys we ýagdaý şunlugyna dowam ediberse, öý eýesiniñ bir gün bizi öz goýnundan çykaryp kowjakdygy görnüp dur. * * * Biz bulary 2000-nji ýylda bilip başlanam bolsak, indeýleriñ serdary Sittl 1853-nji ýylda bularyñ soñunyñ näme bilen gutarjakdygyny bilipdir we gysgajyk jümle bilen aýdypdyr: "Iñ soñky çeşme guranda, Iñ soñky agaç ýok bolanda, Iñ soñky balyk ölende, Ak adam puluñ iýip bolmaýan zatdygyna düşüner..." Hakan TOÝTEKIN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |