22:00 Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata | |
Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata, Ýazygymny ýat edip, lutpuňy kylaý sen ata. Bir nepesde älemi bar eýlediň emriň bile, Barça eşýa tutdy mesgen gudratyňdan jabe-ja. Adamy kyldyň jahanda, çünki ynsan ähli kim, Emr kyldyň şol melaýyklar sujud etdi saňa. Kimleri söýdüň jahanda, kimleri kyldyň heläk, Kimleri kyldyň gany sen, kimleri hem binowa, Gudratyňdan asman durmuş howada bisütin, Ýer dagy gaýym durupdyr, kim sujud eýläp aňa? Kimleri aşyk kylyp, äleme ryswa eýlediň, Kimlere mülki-jahan berdiň, ki kyldyň patyşa. Ger enaýet manzaryn salsaň gedaga, şah bolar, Haşm ile kylsaň nazar, soltan bolar kemter geda. Bu kemine Gaýybydyr, bir günäkäriň seniň, Her niçe bolsa günäsi, sen ýarylykagyl, huda! | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |