15:32 Paýhasly sözler | |
PAÝHASLY SÖZLER
Sözler
Şindi bir danadan gadym zamandaky ýedi danadan akylyny soraýarlar... * * * Bilimiň bolany hiç zat, zehinem gerek. * * * Gizlin hereket etgin. Duýdansyzlyk – üstünligiň girewi! * * * Haram alkyşa sygynsaň, ýagşy umytdan dynarsyň. * * * ..Öz bähbidiňi arap, öz ýakynyňa ýamanlyk etmek beýiklikden däl, peslikden. * * * Hiç kim kämil bolup dünýä inmeýär, ýöne adam her gün öz şahsyýetini kämilleşdirip, öz kärine ökdeläp, kämilligiň, mertebe belentliginiň we hatyranyň çür depesine ýetýär. * * * Ýeňmek – özüňi ýigrendirmek diýmekdir, jenabyňy ýeňmek bolsa , paýhasa laýyk däl, üstesine-de gorkuly. * * * Iň uly gaýrat – hyjuwuňa buýurmak. Şu belentligiň özi adamyň kalbyny ähli bela beterlerden goraýar. * * * Şöhrat mydama läheňleriň hemrasy bolupdy, şonlugyna-da galar. * * * Akylly kişiler är kişiler bilen gatnaşar, olaryň öýi başagaýlygyň mesgeni däl-de, edermenlik ojagydyr. * * * Paýhasly adamlaryň dostlugy iki ýan tarap üçinem peýdaly, gepleýän-ä diňleýäniň alkyşyny alýar, diňleýäniňem akyly artýar. * * * Adam ömri – adamyň hilesi bilen gurýan göreşi. * * * Işiň bitmegi entäk ýarpy iş, gep şol işiň nähili edilendiginde. * * * Kän bilmeli – az ýaşamaly, bilimsiz ömür-kepensiz gabyr. * * * Aklyňy hoş niýet bilen utgaşdyrgyn – bu seniň uly üstünlikleriň, girewidir. * * * Pes maksat üçin ulanylýan belent akyla nälet bolsun! * * * Ýagşy niýetsiz paýhasyň özi iki esse nadanlykdyr. * * * Her kimiň açaryny tapmaly. Adamlara diýeniňi etdirmegiň esasy serişdesi şudur. * * * Beýikligiň düýp manysy sanda däl-de, hildedir. Ajap zat mydama ýeke-täkdir, seýrekdir. Näme köp bolsa, şonuň gadry azdyr. * * * Kä kişi galyň kitaba gadyr goýýar, hamala kitap eliňi türgenleşdirmek üçin ýazylan ýaly, aslynda welin, kitap kelle üçin niýetlenip ýazylýar ahyryn. * * * Bagtly bilen betbagty tanagyn, sebäbi, birinjä söýen – ikinjidenem gaç. * * * Öz artykmaç tarapyňy bil! Iň gowy başarnygyňy ösdür, ýöne beýleki ukyplaryňam ýatdan çykarma. * * * Öz garaýşyň bolsun. Ylaýta-da möhüm işlerde. * * * Ykbalyňy synap gör – durmuş ýoluny gözlejek bolsaň, menzillere ýetjek bolsaň, hökman täleýiňi synap görgün. * * * Kyrkdan geçeniňden soň Gippokraty kömege çagyranyňdan, öňräjikden paýhasa aýlananyň gowy. * * * Ykbalyň hoşgylawdygyny duýduguň batyr topulgyn, ol gözel gyzlar dek batyr ýigitleri halaýar! * * * Gül açyp, kämillige ýetişen zady gözle. * * * Ilki – işe, soňam galama ýapyş, jeň meýdanyndan – kagyz meýdanyna sary. * * * Çenden aşa haýran galmajak bol. Öwgüli sözlerden gaça dur, ýogsam ýagdaýy bozup görkezip, özüňe samsyk diýdirersiň. Çendenaşa öwmek, taryplamak – ýüzleý düşünjäň, ýüzleý islegiň alamaty. * * * Kemsiz oýlanşyp edilen göçüm, işde üstünlik gazanmagyň girewi! Oýlanyp görmegiň özi iň gowy kömekçidir. * * * Ýigrenjiňi, gaharyňy agyzdyryklamagy başar. * * * Wada beriji bolma. Paýhasyň ilkinji ýörelgeleriniň biri şudur. * * * Adamyň akyly şahsyýetine bagly. * * * Hiç haçan öz sylagyňy gaçyrma. Ýeke özüň otyrkaňam öz-özüň bilen jedelleşgin. * * * Gelşiksiz bir iş ediji bolma, muny ilden çekinip etmegiňde, öz paýhasyň salgy berşiçe şeýtgin! Öz-özüňden gorkmany öwren, şonda saňa hiç bir howaýy halypa gerek bolmaz. * * * Herki zady seljerýän adam ýagşy. Bu ömrüňde kän zady nämäň-nämedigini seljerip bilşiňe bagly, munuň üçin gowyny-hordany ýagşy aýyl-saýyl edip, dürs pikir ýöredip bilmeli – bu ýerde yhlas edip ýa-da hile bilen aljak galaň ýok. Saýlap-seçilmeýän ýerde kämilligem bolmaz; saýlamagy başarmak, onda-da iň gowy zady saýlamaga türgenlik iki esse zyýadalykdyr. * * * Hiç haçan gaharlanmagyn. Paýhasy elden berjek bolsaň, özüňe buýur, onuň esasy ýörelgesiniň bir şudur. Heran-haçan özüňe erk edip bilseň, ýüregiň atyň ýüregi ýaly boldugy – ony aňsat-aňsat ýerinden gozgap bilmersiň. * * * Oýlanyşykly adam uzak wagtlap öwrüp –çöwürýänçä, gaýduwsyz etjek işini edip dynýar. * * * Akylly, batyr bolgun. Öli ýolbarsa towşanlaram dişini gyjaýar. * * * Yhlasyň güýji teniň güýjünden elmydama zyýatdyr! Edil ýanyňdan gylyç sokulan dek, paýhas mydama gynandajyk häzir bolup dursun. Ol – şahsyýet galkanydyr! Yhlasyň dereksizligi teniň dereksizliginden ýamandyr. * * * Hiç wagt howlukma-da, gaharlanma-da, özüňe buýurmagy öwren, şonda ile buýrarsyň. * * * Töwekgellere berekella, olar Taňryň gudraty bilen ähli ýere ýetişýärler – akyllaram ýiti, işleri hem oňyna. * * * Özüňi saklagyn. Her öňýeteniň gaşynda özüňi mazamlap, biderek ýere güýjiňi sarp etmegin. * * * Iň gowy işlerde birinji boljak bol. Gowy sypat azmy näme, ýöne şolaryň içinde-de biri saýlantgy bolmalydyr. * * * Gam-gussadan daşda boljak bol! Gam laýyna düşmän saklanmak ýaly gowy zat ýok, hut paýhasam şuny salgy berýär. * * * Göwün islegiňe ýetme kyndyr. Edil akyla bolşy ýaly, göwün islegiňe-de edep-ekram gerek. * * * Şemal dek üýtgäp durmagyn, men-menlikdenem gaça dur – şular eneden dogma-da bolmasyn, ýasama-da. * * * Elýetmezlik – özüniň kimdigini bilmeýän adamlaryň aýbydyr. * * * Merdi nusga ediň: öýkünmek üçin däl-de, bäsleşmek üçin. Beýikligiň, şöhratyň janly okuw kitaplarynyň subutnamasy az däl. Goý, her kim öz işinde öňdäkilere äňetsin, muny ýöne bir şonuň yzyna düşmek üçin etmeli däl-de, eýsem ondan ozup geçmek üçin etmeli. * * * Gözüňi ýumup başlabermek – akmagyň işidir, ähli akmaklar – batyrdyr. * * * Ähli zada ynanyp ýörmegin. Kän zady ilden eşidip bilýäris, öz görýän zadymyz has az; biz eşidýän zadymyz bilen ýaşaýarys, ömür sürýäris. Gulak – hakykatyň gizlin gapysy, ýalanyňam çyn gapysy. * * * Öwülýärkäň gaty berk bolgun, ýazgarylýakaň-a hasam beter! Araçynyň ýüreginde nämäniň bardygyny biljek bol, onuň niýeti nämekä?! Hernä oýlanşykly bol, goý, ol samsyklykdan hem peslikden goraýan seniň galkanyň bolsun. * * * Her haçan zyýada bolmaga çalyşgyn. Ykbalyň lezzetidir şu. * * * Ownuk-uşak geleňsizlik etmänem bolmaz. Käbir edilýän hata işler adam mertebesini taryplamagyň iň gowy mysalydyr. * * * Duşmanlaryňdan-da özüňe peýdaly zatlary almagy başar. Her bir zady oňaryp ele almaly, gylyjyň ýüzünden tutsaň, eliňi keser, sapyndan tutsaňam goranarsyň, hasam beter bäsleşikde şeýle. Samsyga dostlaryndan gelýän peýdadan paýhasly kişä duşmanlaryndan kän peýda geler. * * * Medeniýet şahsyýeti kemala getirýär, näçe artyk medeniýetli boldugyça, şahsyýet şonça-da görnükli bolýar. * * * Giň göwünlidigiňi görkezip, il bilen gatnaşyk edeňde, gaty geçirimli bolgun. Är kişi hergiz gündelik durmuşda ownukçyllyk etmez. * * * Uzak ýaşamagyň syry: mynasyp ömür sürmeli. Iki sany zat adamyň bahym başyna ýetýär: bir-ä samsyklyk, ýene birem başyna gidenlik. * * * Paýhasa ten berseň, mydam işiň şow bolar! Işde-de, söz sözläňde-de, ylaýta-da uly, hormatly bir işe başlanda şu möhüm ýörelgä eýergil! Paýhasyň ýeke zerresi batman mekirlikden gymmatdyr. * * * Seresap kişi özüniň sylanmagyny isleýän bolsa, asyl içini açmaz, näme pikirdediginem, näme iş etmekçidiginem bilmersiň, onuň bilen diňe tanşyp bilersiň, ýöne hiç haçan düýp syryna aralaşmarsyň. Hiç wagt içiňdäkini parran görkezäýmegin. Bilmeseler, näme edip, näme goýjagyňa ikirjiňlenseler, beter sylarlar. Has uly işleri bitirip biljegiňi anyk görüp duran bolsalar welin, beýle sylamazlar. * * * Iliň tamasyny öde - olara ömürlik hemdem bol; goý, senden kän zat tama etsinler - oýnuň ulusyna giden ýagşy. Birinji göçümde tutuş eliňi görkezäýme. Oýnuň iň gowy usuly - çakyňy bilmek. Döwüň geldimi-eliňden gelenini et, ähli bilýän zadyňy gaýgyrma, umydyňdan öňe geç. * * * Niýetiňi ýaşyr. Hyjuw - höwes - ruhuň penjiresi. Durmuş paýhasy ýaşyrynlygy talap edýär: kimde-kim aç-açan oýnaýan bolsa, utulaýmagy ahmaldyr. * * * Maýyl ediji keýpi-sapalara özüni aldyrmaýan kişi – paýhasly adamdyr, dünýewi filosofdyr. * * * Adamlaryň ýarysy başga biriniň üstünden gülýär, şoňa görä olaryň ikisem samsykdyr. * * * Ähli zady özüçe täzeden ýasajak bolup ýören adam barypýatan samsykdyr. * * * Kimem bolsa biriniň göwnünden turmany üçin kämil zat egsilmez: kim gowkyny, kim gaýkyny halar. * * * Uly olja - uly garnam gerekdir, sebäbi ony bir ýere sygdyrmalam ahyryn. * * * Şa-da däl bolsaň, ylahym, eden işiň şolaryňkydan pes bolmagaý, şalara ogşap tapan ýoluňdan çykyjy bolma; edýän işiň belent bolsun, il-günüň alkyşyny al! Goý, tagtyň-derejäň bolmasa-da, mydam şalaryň mertebesi ýaly mertebäň bolsun, çünki hakyky şalyk kalbyň belentligidir; özi beýik adam hiç wagt iliň beýikligine bahyllyk etmez, sebäbi onuň özi – nusga. * * * Ykbalym çüwdi diýip magtanmagyn. Ornuny mazamlap, tumşugyny ýokary tutýan zehini bilen öwünýändenem beter gaharyňy getirýär. Hondanbärsiräp, hem-ä bahylçylyk döredýär, hem ýigrenç. * * * Özüňden göwnühoşlugyňy görkezme. Ähli zatdan närazy bolup, öz-özüňi horlap, gynap ýörme – bu ejizlik bolýar, ýöne özünden göwnühoşluk hem akyllylyk däldir. Köp adamlaryň öz-özünden göwni hoşlugy nadanlygyň netijesidir... * * * Şahsyýet bolmagyň iň aňsat ýoly – dost saýlamagy başarmakdyr. * * * Ili ýazgaryp ýörmek aýypdyr. * * * Ýaşyp barýan gün bolmajak bolsaň, garaşma. Iş senden gaçýança, sen işden gaç - paýhasly kişileriň durmuş ýörelgesi şeýle. * * * Dostlarymyzyň hem duşmanlarymyzyň arasynda ýaşamaly bolýarys, şoňa görä, goý, ýakyn bolmasa-da, her gün ýagşy niýetli dost tutunmaga çalyş. * * * Wepaly söýgi gözle... Wepaly söýgi ähli derdiňi ýeňilleşdirýär, kalbyňa ganat bekleýär; mydam mertebäňe görä gadyryňy bilýär diýjek däl, köplenç muny o * * * Işiň rowaзka gara gьnlere taээarlyk gцr. * * * Bäsdeşlige baş goşma. Ýaryş bar ýerinde, ymtylyşyň işi ýok: özi ýeňjek, özgänem masgara etjek bolýarlar. Halal göreş edýän az-azdyr. * * * Edil dereksiz adam bilen oňşuşyň ýaly, töweregiňdäkileriň ýaman gylyk-häsiýeti bilenem öwrenişgin, ylaýta-da birek-birege bagly bolsaň, şeýtmelidir. * * * Edepli-ekramly adamlar bilen iş salyş. Olara karzam berse bolar, karzam alsa bolar. Olaryň ygrary bar; şoňa görä olar bilen her iş etseňem gorkup oturma, jedele gezek gelende-de şeýle, çünki edepli-ekramly adamlar ýüreginiň emr edişine görä hereket edýärler. * * * Deýýus bilen ylalaşyga gelip bilmersiň, onuň üçin belli bir ýörelge ýok; şoňa görä-de binamys bilen biynsap hiç haçan çyn dost bolup bilmez, olaryň hoşgylawlylygy hem işi bitýänçädir, sebäbi namys bolmasa, nämä daýansyn... * * * Ar-namyssyz adamdan yzyňa garaman gaçgyn; namysa gadyr goýmaýan adam namysly kişiň eden ýagşylygyny biler öýdýämiň. * * * Özüňi ýigrendirjek bolmagyn, ýigrenç seniň ygtyýaryňa baglam däldir, ol her haçan özüňden öňe düşer. Köp adamlar näme üçin, näme sebäbe ýigrenýändiginem bilmen, adamlary peýwagtyna ýigrenip ýörler. * * * Döwrüň bilen jedele gitmän, şonuň bilen aýakdaş ýöre. * * * Iş etmän, iş edýän kişi bolma. * * * Ile gara ýöňkemek, iliň gybatyny etmek öz işiň gaýdanlygynyň alamatydyr, bu öňräkden bäri şeýle hasap edilip gelinýän hakykat. Iliň aýybyny görme-de, öňürti özüňkini gör. Ile gara ýöňkäp, köp adamlar öz tegmilini ýaşyrjak bolýar.. * * * Samsyklyk eden samsyk däl-de, şol işi edip, gizlän samsyk. Öz höwes-hyjuwyňy gizlin sakla, ylaýta-da gowşak tarapyňy hiç kes bilmesin. Ýalňyşmaýan adam barmy näme, ýöne olaryň tapawudy bar: mekir kişiler boýun almaýarlar, samsyklar bolsa, entek etmedik işlerini etdim diýip öwünýärler. * * * Ähli babatda özüňi erkin alyp bar. Erkinlik mertebäňi galdyrar, sözüňe joşgun berer, şeýtseň, işiň oňuna bolup, gözelligiňe gözellik goşular. Ähli galan derejeler daşyň bezegidir, erkinlik bolsa hut mertebäniň öz bezegidir; pikir alşylanda-da şuňa aýratyn uly baha berýärler. Erkinligi jan edip, renç siňdirip alyp bilmersiň, ony Hudaý eçilýär... * * * Ruhuň belent bolsun. Gahryman ýigidiň esasy sypaty şu bolmaly, çünki söýgä ody ähli beýik işlerde tutaşýar. Ol göwün-islegiňe nepislik, kalbyňa giňlik, pikiriňe erkanalyk, häsiýetiňe gowulyk berýär, şahsyýetiň belent bolmagyna ýol açýar. * * * Hiç haçan zeýrenmegin. Zeýrençden zyýandan başga peýda görmersiň. * * * Edepli bol. Adam kalbynyň hem öz gözelligi, köňül nagmasy bar * * * Ýedi ölçe, bir kes. Bir işe başlamakaň, töweregiňi synlasaň kem bolmaz. * * * Ýeke özüň akylly bolandan, uly il bilen däli bol - diýip syýasy kişiler aýdýar. Uly il akylyndan azaşan bolsa, hiç kimem ýazgarmaz. Emma danaň ýeke özi akymyň tersine gitse, oňa hökman däli diýerler. Käte iň gowy etmeli zat şudur - ýa bilme, ýa-da bilmediksirän bol. * * * Gapma-garşylyga çapraz gidýäniňi aýdyjy bolma, eger şeýtseň, akmak we iňre adam adyny alarsyň. Muňa ynha paýhasy garşy goýsaň bolar. Elbetde, garşylyk görkezmek bolar, özem jaý, ýiti söz bilen garşylyk görkezmeli, emma hötjetlik hiç haçanam paýhaslyk hasaplanan däldir. * * * Zady bilmeli, ondan baş çykarmaly: her bir zadyň düýp manysyna göz ýetir. * * * Dana kişi özüne buýrar. Onuň ähli baýlygy - onuň özi, ol ähli zadyny ýanynda göterýär. * * * Diňe özümiňki dogry diýip oturma. Ile ýaramasaň, öz-özüňi gowy göreniň hiç zat; özünden göwni hoşy il ýigrenýär. Hondanbersiden – il bizar. * * * Eger öz-özüň bilen gürleşýän bolsaň – nadansyň, il bilen gürrüň edip, diňe özüňi diňleseň, iki esse nadansyň. * * * Peslik etmejek bolup, ilden çykaýmagyn. Ikisem çakdan çykma bolar, bularyň ikisem ýazgarylmaga degişli. * * * Agyryly ýeriňi gizlegin, ýogsam şoňa deperler. Agyrýandygyny hem aýtmagyn, duşmanlar iň agyrýan ýeriňi nyşana alýarlar. * * * Tekepbirlik edip, ile elýetmez boljak bolma. Hiç wagt maslahatdan ýüz öwürýän, onsuz oňup bilýän adam ýok. Akyl almaýan adam – tüýs gutaran akmakdyr. * * * Gürrüň etmegiň abyny-tabyny ele al, çünki gürrüňçilikde kimiň kimdigi belli bolýar. * * * Ýuwnuksyz bolma. Ony eýtdim, munam beýtdim diýip, döşüňe kakmagyn, ile-de ýol bermegin. Ýuwnuksyz bolmak zyýat kişä, edepli-ekramly ýigide asyl gelişýän zat däl, ol seniň at-abraýyňa-da zelel ýetirýär. Günem bizden daşda ahyryn, ýöne onuň güneşiniň nur saçyşyna äňed-ä! * * * Çuňlukda çuň syrlar saklanýar, çünki ol ýerde uly-uly aýlaglar bar, ähli gymmatly zatlar şolara çökýär. Az sözli adam özüne gaty berk erk edip bilýän adam bolmaly, öz joşgunyňdan üstün çykmagyň özem kiçi-girim ýeňiş däl. * * * Kime ýüregiňi açýan bolsaň, şoňa-da jan başyna salgyt töleýänsiň. * * * Paýhassyz adam hiç wagt akylly adamyň çak eden işini etmez, sebäbi akmak nähili hereket etmelidigini nä bilsin. * * * Hakykaty aýtmak üçin hem, ony gizlemek üçinem ukyp gerek. * * * Aldanan adama sada, aldana-da deýýus diýýärler, deýýuslyk has erbet dälmi näme? * * * Ähli hakykaty ýaýyp bolmaz: birini öz abraýyň üçin aýtma, beýlekisini hem dostuň hatyrasyna gizle. * * * Adamlara baha bereňde, sabyr-takadyna garap baha bergin, gorkmazlyk, ätiýaç etmezlik üçin olary o diýen asmana-da göterme – hyýalyň, ýüregiň zähresini ýaraýmasyn. Käbir adamlary mazaly tanaýançaň, kimdigini biljek gümanyň ýok, ýakyndan tanasaň köplenç sylagyň deregine göwnüň geçýär. * * * Şol bir diýeniňi depip durma. Ähli akmaklar – kejeňek bolýarlar, ähli keç eňeklerem - akmak, şonuň üçinem pikir näçe ýalňyş boldugyça şonça-da kejine gaýdýarlar. * * * Jedelde erjellik etseň, üstün çykyp gazanjak zadyňdan-da has kän zyýan çekersiň, sebäbi sen hakykaty goraman, öz edepsizligiňi goraýaň. * * * Hondanbärsi bolýany Hudaý hem halanok, ýöne şu keseliň ejirini çekip ýören tutuş halklaram bar. * * * Aýyp zada altyn täç geýdirip, daşyňa parça çolasaň-da, barybir, il gözünden gizläp bilmersiň. * * * Ýüregiňi bendi edýän işi özüň et, ýüregiň almaýan zadyny özgäniň üsti bilen et. Birinjisi saňa söýgi-muhabbet getirer, ikinjisi ýigrençden sowar. * * * Imisalalygy halaýan adam uzaga gider. Ýaşasyň gelýäni çynyňmy, il bilen oňşupjyk ýaşa! * * * Ähli zady görmeli, ähli zady eşitmeli, onsoň hem dymmaly. * * * Il bähbidine ylgan kişi bolup, öz işini araýan adamlardan ägä bol! * * * Ýüzi ýyrtyklyk bilen ýol alma-da, akyl-paýhasyň bilen ýol al. * * * Göräýmäge, akmak ýaly görünýänleriň-ä hemmesi akmak, akmak görünmeýänleriňem ýarysy akmak. Dünýä akmaklardan doldy, iki-ýeke ýer ýüzünde akylly kişä gabat geläýseň-de, ol hem külli asmanyň danalygynyň ýanynda hiç zadyň alnyndan däl. * * * Dana bolmak üçin dana diýdirmek ýeterlik däl, ylaýta-da özüňe dana diýmeli däl; bilmeýändigine düşünýän adam bilýändir, beýlekileriň düşünýändigine düşünmeýän adamam düşünýän däldir. * * * Äri är edýän - sözi bilen işidir. * * * Ýeňil işe agyr iş ýaly, agyr işe-de ýeňil iş ýaly ýapyş! Birinjisinde ynamyň arkaýynçylyga geçmezligi üçin, ikinjisinde ynamsyzlygyň ýaýdanja ýazmazlygy üçin şeýtgin! * * * Hiç pisint etmän oýna. Küýseýän zadyňa ýetmegiň iň gowy usuly – pisint etmezlik. * * * Unutmaweri, nadan adamyň ýok ýeri ýokdur, olar iň abraýly maşgalaň içinde-de bolýar. * * * Sabyr-takatly bol, bu seni ähli ýerde tötänlikden, görer-görünmez beladan gorar. Gahara tabyn bolmak paýhasyň taýpançak ýeridir, ahmal bolaýma, taýyp ýykylaýmagyň mümkin. * * * Hakykaty başaryp peýdalan. Hakykat gorkuly zat, ýöne arly-namysly, adam ony açyk aýtman durup bilmez – ine, şuňa-da ussatlyk gerek. * * * Keç ykbalyň oýunlaryna sered-ä sen: başdanaýak bagtly adamam ýok, başdanaýak betbagt adamam ýok. Biziň dünýämiz – nula deň: bir özi hiç zada-da degenok * * * Az sözleýän adam - paýhasly bolaýmalydyr. Dil diýeniň bir wagşy möjekdir: boşatdygyň, aňsat daňyp bilmersiň. * * * Ilden aşa saýlanyberme. Kä kişi gomparypmy ýa-da bilmezlikdenmi, garaz, ile-hä meňzänok, munuň soňy samsyklyga çenlem baryp ýetýär. Muňa ilden tapawutlanmak diýilmän, ilden çykmak diýmeli. * * * Öz esasy kemçiligiňi bilmeli. Gowy tarapy ýaly erbet tarapy-da ýok adama duşmarsyň... * * * Özüňe erk etmek diýmek özüň bilen söweş alyp barmak diýmekdir. * * * Ilki guýlan suwuklygyň ysyny özüne siňdirýän gap ýaly adamlar bolýar, olara gül ysymy ýa poh ysymy tapawudy ýok, şol ilki ysy saklaýar. * * * Ile dil ýetirmekden gaça dur. Iliň hasabyna ýesersiremek kyn däl, ýöne gorkuly. Senden ar almaga, sen hakda-da erbet sözler aýtmaga başlarlar. Sen ýekesiň, duşmanyň bolsa kändir – olar seni bahym dyza çökererler, saňa welin bu eýgertmez. Iliň erbet ýerini görüp begenme, hasam beter oňa baha beriji bolma! Ýaman söz aýtsaň, has ýamanyny eşidersiň. * * * Gowy görünjek bolup, hakyňy iýdirip ýörme – şeýtseň, begenmegiň ýerine gynanarsyň. * * * Dilemegi oňarmaly – kim üçin-ä şundan agyr iş ýok, kim üçinem şundan ýeňil iş ýok. * * * Çendenaşa paýhaslam bolma – iň gowusy, etjek işjagazyňy bilmek. Bilmelisinden köp bilseň, gaty inçeden yzarlaýanlygyň bilen ilden tapawutlandygyň, nirede inçelýänem bolsa, hökman şol ýerdenem üzülmeli, iň gowusy – il bilen gelen toý-da baýram. * * * ..Kän bilýän adam bolmak gowy zat, ýöne öz gepini gögertjek bolýanlardan hudaý saklasyn. Näçe köp seljerseň, şonça-da köp jedel döredersiň * * * Samsyklaryň ýanynda danalyk gerek däl, dälileriň ýanynda-da akyllylyk, hersi bilen öz dilinde gürleş. * * * Degişjek adamyňy bilmeseň, tanamasaň, diliňi dişle-de otur. * * * Günüňi bihuda geçirme. * * * Çendenaşa mylakatly bolup, birden ýaman ada eýe bolaýma. Hiç zada gahary gelmeýän adamyň ýüregem bolmaly däl, ýüregi doň adamam hiç wagt şahsyýet bolup bilmez. * * * Iş salyşýan adamlaryň gylygyny bilmeli, ýogsam olaryň niýetini bilip bilmersiň. * * * Gopbamsyrama, ile göwnüýetmezçilik etme – bular mylakatyň ýek ýigrenýän gylygydyr. * * * Başga bir işigaýdan üçin öz günüňi bulama. Batgada kimiň gark bolýanyna seret-de, bir zady hergiz unutma - ol senem özi bilen äkider, sebäbi umumy belany iki bolup çeken aňsat. * * * Kämillik adamyň keşbinde, emma, has dogrusy, gylygynda ýalkym saçýar. * * * Haýyr-yhsan – biziň kiçi dünýämiziň güneşidir, onuň asmanam – päk wyždandyr; ol allanyň we onuň bendeleriniň söýgi-muhabbetine mynasyp boldy. Haýyr-yhsan edenden gowy zat älemde-de ýokdur, ile ýamanlyk ýalam erbet zat ýokdur. Diňe haýyr-yhsan – çyndyr, galam ähli närseler – ýasamadyr. Çuňlugam, zyýadalygam ykbal bilen däl-de, haýyr-sogap işiň bilen ölçenýär, oňa taý bolmaz. Adam dirikä-hä sylanýar, ölensoň hem ýatlanýar. Ispan filosofy Baltasar Grasianyň “Paýhaslar kitabyndan” taýýarlan: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |