22:56 Perzent edebi | |
PERZENT EDEBI
Pedagogika we edep-terbiýe
Türkmeniň milli ruhy gymmatlyklarynyň içinde iň kämil suratda işlenip düzüleni perzent edebidir. Bu türkmende maşgala gatnaşyklarynyň berk hem kämil bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu milletiň öz geljegi barasynda çynlakaý alada edendigini, geljegi akylly-başly gurnamaga çemeleşendigini görkezýär. Çünki, perzent adamzadyň ertiridir. Onuň üçin türkmenler perzendiň süňňüniň sagat, ganynyň arassa bolmagyny gazanypdyrlar. II arasynda aýdylýan gürrüňlerde: «Saglyk – sag adamlaryň başyndaky altyn täçdir, ýöne ony syrkawlardan başga hiç kim görmeýär», «Gadyry bilinmeýän nygmatlaryň biri saglykdyr» diýilse, ötüp-geçen ata-babalarymyz: «Her bir asuda damaryň astynda Allanyň bagyş eden, gör, näçe nygmaty bar. Eý, Alla, bize dinimizde, dünýämizde we ahyretimizde saglyk ber» diýip, dileg edipdirler. Ynsan saglygyna täsir edýän esasy sebäp şulardan ybaratdyr. Ruhuň kadaly we sagdyn bolmagyna täsir edýän ilkinji zatlaryň biri howadyr. Howa näçe arassa bolup, hapa we ýaramaz yslar garyşmadygyça, saglygyň has berk goragçysy bolýar. Howa üýtgän halaty, onuň ynsana ýetirýän täsiri, . berýän peýdasy hem üýtgemek bilen bolýar. Her paslyň öz howasyna laýyk gelýän keselleri döredip, ters ýagdaýyndaky keselleri aýryp taşlaýanlygy belli zat. Tomus merginiň möwjemegine sebäp bolýar we şoňa bagly keselleri ýüze çykarýar. Çünki, mergi gyzgyn-gurak tebigatlydyr. Şeýle hem tomus sowuk täsirli dertlerden ýa-da sowuklama sebäpli ýüze çykan ýoňlardan saplaýar. Beýleki pasyllary hem edil şunuň ýaly edip deňeşdiribermeli. Sowuk howa bedeni berkidýär we güýçlendirýär, iýmit siňdirişini gowulandyrýar, yssy howa munuň tersinedir. Pasyl çalşyp, howa üýtgän çaglary ýokanç keselleriň döremek mümkinçiligi artýar. Her bir iýilýän we içilýän zat hem saglyga täsir edýär. Eger-de ol gyzgyn bolsa, bedende gyzgynlyk, sowuk bolsa, sowuklyk duýlup başlaýar, olaryň täsiri endama ýaýraýar. Mälik şa, eger kinniwanja mör-möjek çakyra gaçsa ýa-da şaly ekilen ýerde syçanlar ylgap ýörse, şol önümleri zyňmak gerekdir diýip tekrarlaýar. Beden hereketi we asudalygy. Hereket etmek bedeni gyzdyrýar, ýagny onuň gyzmagyna, süňňüňde gyzgynlygyň döremegine getirýär. Beden asudalygy bolsa onuň tersinedir. Ruhy hereketler we onuň asudalygy. Ynsanda bolup geçýän ruhy ahwalatlar, tukatlyk we şadyýanlyk, gaýgy-alada, çekinjeňlik ýaly häsiýetler şonuň netijesinde ýüze çykýar. Olar ruhuň bedeniň içine ýa-da daşyna tarap edýän hereketi netijesinde hasyl bolýar. Uky we oýalyk hem saglyga täsir edýär. Uky ynsan ruhuny bedeniň içine tarap çekýär we onuň netijesinde bedeniň daşy sowap galýar. Şonuň üçin hem ukuda ýatan Adam üşegiç bolýar we üstüni ýorgan ýa-da şoňa meňzeş zatlar bilen örtmäge mätäçdir. Türkmen diňe bir geçmişinden paýhasly sapak-netije almagy, şu gününi akyla laýyk amal etmegi däl, eýsem, geljegine-de öz akyl, ruhy hem-de ahlak ölçeglerine laýyklykda öz eli bilen kemala getirmegi başaran milletdir. Geljek – biziň ertirki güne bolan ynamymyzdyr! Türkmeniň ynamy sagdyn hem esasly paýhasa daýanýandyr. Paýhas milli ruhy gymmatlyklaryny kemal edýär. Akyl geçmişe düşünmek üçinem, şu güni rejelemek üçinem gerekdir welin, emma akylyň hakyky gymmaty, esasan, nämälim geljegi mälimlige, mümkingadar geljegi hakykylyga öwürmekde aýan bolýandyr. Akyl ýok ýerinde ynam-ynanç ýokdur, Ynam ýok ýerinde edep ýokdur, Edep ýok ýerinde geljek ýokdur, Ümmülmez wagtyň goýnunda ýatan geljege barýan ýol, akyl hem edep atly ýol gurujylar tarapyndan amal bolýandyr. Edep – bergidir. Ahlaklylyk – bergililikdir. Bergili bergisini bermese, ýaşaýşyň sazlaşygy, hezilligi hem-de kada-düzgüni ýetir. Perzent öz bergisini üzen adam perzendiniň öňünde algyly bolup biler. Ata-enesine edep bergisini üzen adam perzendiniň öňünde algyly bolup biler. Ata-enä edep bergisiniň öwezi perzent öňündäki algyňdyr. Şeýdip, türkmen edep-algy-bergisi arkaly öz ruhy ýaşaýşynyň sazlaşygyny, üznüksizligini we dowamatyny üpjün edipdir. Diňe geçmişiň ýagtylygynyň, şu günüň abadanlygynyň däl, eýsem, geljegiňem abat bolmagynyň aladasyny et! Geljegiň abat bolmagyny isleseň, geçmişiňi mukaddesleşdir! Geljekden wepa göresiň gelýän bolsa, geçmişiňe wepaly bol! Türkmen perzendi enesine käbe, atasyna kybla diýýändir. Käbe, kybla manysy mukaddeslikdir. Eý, oglum! Ataň öňündäki bergiňi üzmek isleseň, ataňdan alanyňy ýüz esse edip gaýtar, eneň öňündäki bergiňi üzmek isleseň, eneňden alanyň ýüzden birini gaýtarjak bol! Ataň-eneň öňündäki bergiň – iň uly bergidir, çünki olar saňa iň uly zady, başga zatlar bilen deňäp bolmajak, başga hiç zat bilen ölçäp bolmajak zady – ömrüňi berendirler. Eneň gujagynda, ataň gorawynda geçiren günleriň ömrüň iň bagtly, ýaşaýşyň iň datly pursatlary dälmidir?! Saňa seniň özüňden ýakyn, saňa seniň özüňden belet, seni seniň özüňden eziz görýän, seniň gowulyklaryňa seniň özüňden artyk guwanýan, seniň kemlikleriňe seniň özüňden beter gynanýan, özüňi özüň bagyşlamajak ýeriňde seni bagyşlap bilýän, özüňi özüň götergilemejek ýeriňde seni ýokary göterip bilýän adamlar bar bolsa, olar diňe ataň bilen eneňdir. Ata-eneňe ýagşylyk et, ýagşylyk et hem-de näçe ýagşylyk etseňem, olar bilen üzlüşip bilmejekdigiň hakynda pikir et! Seniň şu dünýäde bardygyň ataň-eneň sebäplidir. Bu dünýäden seni ýok edip biljek närseler birnäçedir, seni dünýäde bar eden bolsa diňe ataň bilen eneňdir. Ataň-eneň ýoklukdan barlyga gelen güzeriňdir, perzendiň barlykdan bakylyga barýan dowamatyňdyr. Dünýä – ýaşaýşa, ömre, dirilige getirenlerinden soň, olardan şondan uly başga nämä tamakin bolarsyň?! Men şu ýerde özümiň «Durmuş sapaklary» atly ýatlamalar kitabymdan bir hekaýany dykgatyňyza hödürlemek isleýärin. * * * Biz üç dogandyk – bir syna ýalydyk. Ruhumyz belentdi. Çünki, bizi ezizleýän, biziň üçin kökenek gerýän mähriban ejemiz bardy. Ejemiz – arkadagymyzdy, medetkärimizdi, mähribanymyzdy, kakam hakda kän-kän gürrüňleri bilýän egsilmez hazynamyzdy. Günümiz agyr geçýän-de bolsa, ruhumyzda galkynyş bardy. Biz günümize kaýyldyk. Gujagynda oturdyp, başymyzy sypap, jedirdimize buýsanjak ejemiz ala daňdan işe gidip, garaňky gatlyşanda hem işden gelýärdi. Her kim özi üçin, fronta giden üçin işlemeli bolýardy. Şygar şeýledi. Iki adamlyk işlemek dilde aňsat. Biziň ejemiz bolsa, üç adamlyk işlemeli bolýardy, sebäbi onuň üç sany gözmonjugy ýaly çagasy bardy... Üç çaga!.. Üç çagany ekläýmek gaýratly kaka bilen ejä hem o zamanlar aňsat-aňsat başartmaýardy. Uruş ýyllaryny gözi bilen gören adamlar bilýändir, obadan gelip, çagasyny şäherde azaşdyryp, çagasyny internada aldyrjak bolýan adamlar az däldi. Näme, olar çagasyny söýýän dälmidir? Söýýändir, onda-da neneňsi söýýändir! Yöne iýdirmäge-geýdirmäge zady bolmasa neýlesin?! Uruş döwründe çagasyny açlykdan öldüren bir däl, iki däl, üç däl, köp ahyry!.. Eje! Men her gezek öz ýanymdan ejemiň adyny tutanymda ýa ýadyma salamda kalbyma, bütin dünýäme nur çaýylyp, mähir şuglasy owsunyp gidýär! Eger bu goja Zeminiň üstünde bir gudrat bar bolsa, ol gudrat – ejedir! Türkmen ejäni arzylap, Ene diýýär! Men size şu ýerde ene gudraty barada öz başymdan geçen bir wakany gürrüň bereýin. Ýer titremesinden soň, ýetim galyp, Gypjakda babamlarda ýaşap ýören döwrüm bir gudrat gördüm. Bir gyş güni öýdäki bäş-alty dowarymyzy bakmaga äkitdim. Wah, men tizara gar ýagjagyny, syrgyn geljegini bilip durdum. Ýöne daýzamyň iňirdisine galmazlyk üçin göwnemesem-de äkitdim. Çak edişim ýaly, köp wagt geçmänkä howa sargylt keşbe girip, gar torgaýlap ugrady. Şeýle bir ýagdy welin, sähel salymda ileri-gaýra tanalmaz ýaly boldy. Çar ýan ak gara bürendi. Hemä, Hudaý diýen ýerim bar eken, hemäçe kösensem-de, soňundan obanyň bir çetinden girdim, mallary agyla saldym. Daýzam garyň ýagmasyny menden görýän ýalydy, ol dowarlary sanap: «Biri kem» diýdi. «Derrew tapyp gel! Ýogsam öýe gelme!» diýip, daýzam gaharlandy. Wah, dowarlar aslynda tükelem eken-le, ýöne goýunlaryň biri agylyň garaňky çüňküne baryp durupdyr. Daýzam bolsa, dowarlary sananda garaňkyda durany görmändir, menem görmändirin. Men bir goýnuň nirede aýrylyp galandygy, ony nireden agtaramda tapjakdygym hakda oýlanýan. Daşarda gar syrap dur. Meniňem aýagym ýalaňaç, egnimde-de sowukdan gorap biljek galyň eşik ýok. Herhal, aýakýalaň, egni ýuka bolsam-da, gözlege çykdym. Teý, tapamok. Öýe dolandym. Daýzam ýiten toklyny tapmasam, içeri goýbermejekdigini gaty açyk aýtdy. Mende daşarda aýazly gijäni geçirmekden başga alaç galmady. Men näme-näme bolandygyny doly bilemok, gözümi açsam, gapdalymda Ata kol maňa seredip ýylgyrjaklap otyr. Ata kol oba lukmany, «ukol» sözüni «kol» diýip aýdýandygy, özem bu sözi köp gaýtalaýandygy üçin oba adamlary onuň adynyň yzyna «kol» sözüni ýelmäpdiler. – Goç ýigit, özüňe geldiňmi? – diýip, Ata kol maňa habar gatdy. – Salawmaleýkirn, Ata aga! – Waleýk imessaiam. Berekella, agyr kesel bolsaňam, Taňry salamyny unudaňog-ow. Beg nesli-dä! – Ata aga, men nirede? – Sen ýat ýerde däl. Arkaýyn ýat, öz öýüňdir bu. Tüweleme, koluň güýjüni gördüňmi? Men seni bary-ýogy ikije gezek kol etdim. Gör, eýýäm özüňe gelip ugradyň. Häzir bir käse çaý içeňsoňam, bir kol ederin welin, hakyt gulanalma bolýaň onsoň. Dogrudanam, meniň ýagdaýym gowulaşyp ugrady. Ýöne aýagym özümki däl ýalydy. Ata aga aýagyma gary şeýle bir sürtýärdi weli, aýagym sowukdan ýaňa gyp-gyzyl bolupdyr. – Biraz çyda, ýogsam, bütin ömrüňe aýagyň azar bermegi mümkin, aýagyňy birazajyk sowuk dalapdyr. Men ýat içerde ýatyşyma penjireden daşaryk seretdim. Entek daň doly atmandyr. – Ata aga, siz meni nädip tapdyňyz? – diýip, men ýene gyzyklandym. – Wah, men süýji ukuda ýatyrdym, ýöne: «Oglum, näsaglady, kömek et, halas et!» diýip, ejeň Gurbansoltan gije gapymy kakyp, ýatyrmady. – O nähili ejem gapyňyzy kakdy? – diýip, men ör-gökden geldim. – Nämä geň galan bolýaň? Bu ýerde näme bar geňlär ýaly? Gurbansoltan ýarygije öýe geldi: «Ata, oglum, garyň aşagynda galdy, sen kömek et!» diýdi. Meniň öňüme düşübem seniň ýanyňa eltdi. Sen hiç zady bilmän, üstüňi gara basdyryp ýatyr ekeniň. Ejeň seniň özüňi bilmän ýatyşyňy görüp, şeýle bir gözýaş döküp aglaýar, şeýle bir aglaýar. Men oňa: «Soltan, aglamasana, ynha, häzir ogluňa bir kol ederin welin, derrew sagalar ötägider» diýsemem, hiç özüni ele alyp bilenok. Ata koluň gürrüňleri meni haýran galdyrdy. Belki, Ata kol ýalan sözleýändir, belki, maňa göwünlik bermek üçin ýalan sözleýändir? Aý, ýok, Ata koluň gara çyny. Ýöne meniň ejem ýok ahyryn! Ejem jan Aşgabat ýer titremesinde ýogaldy ahyryn. Bu hakda Ata kol bilýän bolmaly. Onda ol näme üçin beýle gürrüňler edýär?! – Hany, ejem?! – diýip, men ynamsyz soradym. – Ejeň ýaňyja-da bardy – diýip, Ata kol töweregine garanjaklady. – O görgüli: «Oglumy halas et!» diýip, ýöne elewräp dur. Seniň bäri bakanyňy görensoň, biraz rahatlandy, ýogsam, ýöne gözýaş döküp, ýalbaryp otyr ol. Ýogsa-da, nirä gitdi ol? Gurbansoltan! Aý, Gurbansoltan! Ejemiň adynyň tutulmagy ýüregimi elendirdi. Durkum bilen göze öwrülip, gapa mukyt seredip durun. Gapy açylyp, ejem içeri giräýermikän? Ata kol goňşy otaga seretdi, daş çykyp seretdi. Hiç ýerde ejem ýok. Birden Ata koluň ýüzi üýtgäp ugrady. Ol, megerem, ejemiň ýer titremede ýogalandygyny ýatlan bolsun gerek. Onuň ýüzi duw ak boldy. Ol galpyldap dur. Titir-titir edýär. Soň görüp otursam, ýalňyz galan perzendiniň ýagdaýynyň agyrdygyny bilip, ejem janyň ruhy aýaga galypdyr. Ejemiň ruhy daňdanlar oba lukmany Ata agany aýaga galdyrypdyr, şeýdibem meni ölümden halas edipdir. Ejem jan o dünýäde-de oglum diýip rahat ýatyp bilenok. Soň-soňlar Ata kol bu ahwalaty oturan-turan ýerinde gürrüň berdi ýördi. Eýsem, muny gudrat diýmän, başgaça nähili atlandyrjak? Meniň ejemiň elem süýjüdi, nahar edeninde iýip doýup bolmazdy! Meniň ejemiň dilem süýjüdi, başymy sypalap, ezizlän çagy men guş bolup asmana uçýardym, ejemiň mährinden, söýgüden püre-pürlenýärdim! Meniň ejem durşuna mähri-mylakatdy, ýüzüne seredeniňde açlygyňam, horlugyňam, kyn günüňem unudanyňy duýman galýardyň. Göwnüme bolmasa, urşuň açlyk ýyllary meni, doganlarymy ejem. Mähir-muhabbeti bilen doýup, mähri bilen açlykdan-gallaçlykdan alyp çykan ýalydy. Men çagalyk ýyllarymda erbet üşänimi hem ýadyma salyp bilmeýärin, ýogsam, uruş ýyllary gyş hem gaty elhenç gelipdi. Diýmek, ejem bizi söýgüsi, mähri, aladasy bilen sowukdan alyp çykan bolmaly! Agyr zamananyň hem ýeňil günleri bolýar. Pajygaly zamananyň hem eziz günleri bolýar. Ajy ýyllaryňam süýji günleri bolýar. Şol pajygaly zamanada näme süýji gün bolan bolsa – ol günler kakamyzy ýatlap, kakamyzyň uruşdan geleninde garşy almagy hyýalymyzda janlandyran günlerimizdi. Biziň bolsa kakamyzy ýatlamaýan, kakamyza garaşmaýan, kakamyzy düýşümizde görmeýän wagtymyz ýokdy. Diýmek, biz hemişe biygtyýar ýaşapdyrys. Biziň dag ýaly kakamyz bardy! Ol goly awtomatly, gapdaly granatly duşmana hüjüm edýärdi, mert durup, duşmanlary atýardy. Kakamyz geldigi jahan ýaza çykyp, adamlaryň ini ýazylyp, durmuş gadymy akabasyna düşäýmelidi! Kakamyz bolsa, ynha, uruş gutardygy geläýmelidi! Uruş hem gutarmalydy! Heý, meniň ýolbars ýaly kakam duşman bilen söweşer-de, duşman ýeňilmezmi! Ýeňler! Duşman ýeňilse-de, hökman kakam geler! Nyýazmyrat bilen men mekdepde okaýardym. Muhammetmyrat bolsa çagalar bagyna gatnaýardy. Nyýazmyrat bilen mekdepden çykyp, Muhammetmyrady çagalar bagyndan alyp, öýe dolanardyk. Her gün şeýledi. Eziz ýaşlar! Ejeleriňizi depäňize täç ediň! Siziň ömrüňize bagt nurun çaýýan ejeňizdir, kakaňyzdyr. Durmuşyň tagamy – ata-enä goýýan hormatyňdadyr! * * * Bu gözel dünýä ata-eneňden alan aýaklaryň bilen seýran edýänsiň, bu gözel dünýäni ata-eneňden alan ýüregiň bilen söýýänsiň, eýsem, şu dünýäniň özüni saňa beren, senide şu dünýä beren ataň bilen eneň ahyryn! Emma ata-enäniň gymmaty seni dünýä getirmek bilen gutarmaýar, olar hemişe seniň bilendir, olar hemişe seniňkidir, sen dünýä geleniňden soň, olar bir özleri üçin däl, seniň üçin hem ýaşaýandyrlar, seniň dünýä geleniňden soň, olar diňe özleri bolup däl, sen bolubam ýaşaýandyrlar. Alaňda, ataň bilen eneňden alýarsyň, emma bereňde perzendiňe berýärsiň. Bergi edeniňde birinden alyp, bereniňde bolsa, başga-başgasyna berýärsiň. Perzendiňe bolan söýgiň ýaryny ata-eneňe berseň, perzendiňe edýän yhlasyň ýaryny ata-eneňe bagyş etseň, perzendiň üçin edýän aladanyň ýaryny ata-eneňe siňdirseň, nähili bagtly borduň, eý, Adam ogly! Adam ogly dil çykaranda, ilkinji aýdýan sözleri «eje, kaka» diýen sözler, emma bu sözleriň hakyky manysyna düşünmek üçin adama tutuş bir ömür gerek bolýar. Ata-ene sen bolup ajaly ýeňýär, bakylyga tarap ýol salýar. Ýaşlyk – bahar, garrylyk – gyşdyr, adam perzent öndürip, öz ömrüniň gyşyny bahara öwürýär. Atasyny sylamadyk – ýurduny sylamaz, enesini söýmedik – topragyny söýmez. Ata-enä söýgi Watana söýginiň birinji ýüze çykyşydyr. Watan söýgüsiniň kämilligi ata-ene söýgüsine baglydyr. Adamyň ilkinji söýgüsi – ata-enä bolan söýgüdir. Ata-enäniň söýgüsi şertlendirilmedik söýgüdir, ol hatda perzendiň wepasyna-da bagly däldir, şonuň üçinem dünýäde bir söýgi bar bolsa – ol ata-enäniň perzendine söýgüsidir, iki söýgi bar bolsa, olaryň birinjisi-de şoldur. Dünýäniň adamzada berip biljek iň uly derdi – bagyr awusy – perzent ölümidir. Perzentsiz öten adam gözüni açyp gidýändir. Perzent goýup gidýäniň gözleri razylyk bilen ýumular, çünki ölenden soň, ol bu owadan dünýä perzendiniň gözleri bilen sereder. Ýumulan gözlere gum dolmaz. Dogryňy dostuň makullar, ýalňyşyňa duşman begener, günäleriňi diňe ataň bilen eneň bagyşlap biler. Seni kemçilikleriň bilen bilelikde söýüp bilýän diňe ataň hem eneňdir. Dostlaryň gowyňa, duşmanlaryň erbediňe mätäçdir. Çagakaň iň uly hossaryň, ulalaňda iň ýürekdeş dost-ýaryň ataň bilen eneňdir. Adamlar ulalandan soňam, ullakan çagadyrlar. Adamy diňe onda çaga sypatlaryny görüp, oňa haýpy gelýän kişi çyndan söýüp bilýändir. Bu duýgy diňe iki kişä – ata-enä berilýändir. Eneli günler iň bagtly günler, ataly günler iň manyly günlerdir. Mirasyň – çagalaryňa, at-abraýyň – il-günüňe, derdiň hem armanyň – ata-eneňe galýandyr. Dostuň hem ýada öwrülip biler, aýalyňam ýada öwülip biler, hatda... çagalaryňam daşlaşyp biler, emma ataň-eneň hemişe ýakynyň bolup galar. * * * Çagasyny göterip ýören ata-enäni gördüm, ata-enesini göterip ýören perzendi weli görmedim. Näme? «Bu tebigy däl, bu mümkin däl, bu göz öňüne getirilende hatda gülkünçrägem» diýýärsiňizmi?! Emma bir hakykaty aýdaýyn: bizi hemişe tebigy dällikler, mydama mümkin dällikler halas edýär. Şonda gülkünçdir öýden zatlarymyzyň juda çynlakaý ekendigine akyl ýetirýäris. Bu babatda size bir türkmen rowaýatyny gürrüň bereýin. Bir biweç hem bikemal perzent enesiniň gargyşyna galypdyr. Ene gargyşy ne ýaman, ýaňky ýigidiň endam-janyny görülmedik elhenç ýara tutupdyr. Görgüli beýle ýowuz derde nädip çydajagyny bilmändir. Hiç bir tebipdenem em-melhem çäresi bolmandyr. Şonda onuň halyna ýüregi awan bir kişi dertlä keramatly bir piriň salgyny beripdir. Dertli ýigit baryp, şol keramatlyň aýagyna ýykylypdyr. Pir hem oňa şeýle diýipdir: – Ene gargyşyna galmak – ýowuz bela. Derdiňden gutulaýyn diýseň, şuny et: eneňi kyrk günläp arkaňdan düşünmän, hopba edip gez. Her hili nygmatlar bilen naharla. Näme diýse-de, arkaňdan düşürme. Seniň halyňa ýüregi gyýym-gyýym bolup, eneň göwsüne süýt iner. Ana, şol süýdi sähra gülüne eýläp, melhem et-de, ýaralaryňa ýap. Şonda derdiňden gutularsyň. Elbetde, piriň aýdyşy ýaly hem bolupdyr. Eneňi arkaňa götermek durmuşda bolmaýan zat däl eken. Arman, munuň üçin bize uly derde sataşmak gerekmi?! Şuňa meňzeş bir ajaýyp hekaýat Gorkut atamyzyň kitabynda beýan bolupdyr. Namartlaryň gepine giden Derse han ogly Bugajy öz eljagazy bilen atyp, oňa ölüm ýarasyny salýar. Oglan meýdanda ýykylyp galýar. Garga-güzgun gan görüp, oglanyň üstüne gonmak isleýär. Emma oglanyň güjügi kowalap, garga-güzguny gondurmaýar. Oglan şol meýdanda ýatyrka, boz atly Hydyr peýda bolýar. Üç gezek eli bile oglanyň ýarasyny sypalap: – Gorkma, ýigit, saňa bu ýaradan ölüm ýokdur. Dag çeçegi bile eneň süýdi ýaraňa melhemdir – diýip, gözden gaýyp bolupdyr. Enesi perýatlap gelende, Bugaç han Hydyr atanyň sözlerini oňa habar berýär. Kyrk inçe billi gyz sähra aýlanyp, daga aýlanyp, dag çeçegini üýşürýärler. «Oglanyň ejesi emjegin bir sykdy, süýt gelmedi. Iki sykdy, süýt gelmedi. Üçünjide özüne zarp eýledi, gany doldy. Sykdy, gan bile süýt garyşyk geldi. Dag çeçegi bile süýdi oglanyň ýarasyna ýapdylar. Han oglanyň kyrk günde ýarasy oňaldy, sap-sag boldy». Ine, şeýdip tebigy hakykatyň ejiz gelen ýerinde bizi ruhy hakykatlar halas edýär. Tebigy hakykat diýýänim şertlilige ýugrulan daşky hakykatdyr, ruhy hakykat diýýänim tebigylyga eýe bolan içki hakykatdyr. Sen içiňde-hyýalyňda ata-eneňi arkaňda götermegi werziş et! Şonda sen durmuşda kemally perzent bolarsyň, ata-eneň hyzmaty bilen ýaşarsyň, göwünleri bilen deň goparsyň. Onsoň adamlar sen hakda: «Ol atasyny aýasynda, enesini arkasynda göterip gezýär» diýerler, özem olaryň aýdany hakykatyňam hakykaty bolar! Ata-enesine wepaly perzent daşyndan, il gözüne näçe geň hereket etse-de, dura-bara il-gün oňa düşüner, perzendiňkini dogry tapar diýip, başga bir türkmen rowaýaty öwredýär. Onda aýdylyşyna görä, bir oglanyň atasy Allanyň öňündäki etmişi üçin jynsy üýtgäp, doňza öwrülipdir. Oglan atasyndan ýüz döndermändir. Atasyndan daşlaşmazlyk üçin, damagyny ösdürip, sakgal-murtuny bolşy ýaly goýberipdir. Her kimem beýle ýigitden gaça durupdyr. Oglanyň bolup ýörşüni gören pir oňa erbet käýinipdir. Şonda ýigit: – Eý, pirim, siziň aýdýanlaryňyz dogry. Ýöne meniň atam doňza öwrüldi. Emma men ondan ýüz dönderip biljek däl. Şonuň üçinem onuň endamyny gaşap, sypalap, hyzmat etmek üçin damaklarymy ösdürdim. Ataň doňuz bolsa, ogluň aladasy köp boljak eken. Şol iş-alada bilen, saç-sakgalyma-da elim degenok. Doňzuň haram endamyna elim degmesin diýip damaklarymy, ýüz-gözünden ogşanymda, dodaklarym degmesin diýip sakgal-murtumy ösdürdim – diýipdir. Şondan soň, pir näletsiňen atany ýekirse-de, perzentlik borjundan ýüz döndermedik oglanyňkyny makul tapypdyr. Şuňa äheňdeş başga bir rowaýaty men Ruhnamanyň birinji kitabynda gürrüň beripdim. Eý, türkmen perzendi! Perzendiň nähili perzentdigi – gowulygy, ýaramazlygy ata-enesine goýýan hormatynda, hyzmatynda äşgär bolýandyr. Her kim ata-enesine goýýan hormaty bilen tanalýandyr. Ata-enesini hormatlamaýan adam, her näçe gowy diýilse-de, ynanmaryn. Edebiň ýagşysy ata-eneňi sylamakdyr. Ähli edepleriň başy ata-eneňi hormatlamak, derejelemek edebidir. Ata-eneňi derejelemek olary öz derejesinde – ata-ene omunda görmekdir, bu uly sylagdyr, çünki, ata-enelikden uly dereje ýokdur. Ataň-eneň öňünde akyl edebini berjaý et! Akyl edebiniň manysy ataň-eneň gadyr-gymmatyna, tapylgysyzlygyna akyl ýetirmekden ybaratdyr. Akyl edebiniň birinji şerti-de ataň-eneň kimdigine, kimlerdendigine, öz gelip çykyşyňa akyl ýetirmek, öz nebere kökleriňi bilmekdir, Türkmençilikde şejeräňi – nesil daragtyňy oňat bilmek, ýedi arkaňa belet bolmak her bir perzendiň borjy hasaplanylýar, çünki ýedi arka – arkalylyk, asyllylyk, seniňem il sanyndadygyňyň güwänamasydyr. Ýedi arkaňa şular girýändir: 1. Ogul. 2. Agtyk. 3. Çowluk. 4. Ýuwluk. 5. Gowluk. 6. Ýatlyk. 7. Atlyk. Ine, seniň ýedi ataň diýilýäniň sanawy: 1. Ataň. 2. Azan ataň. 3. Ylym ataň. 4. Gaýyn ataň. 5. Oguzhan ataň. 6. Nuh ataň. 7. Adam ataň. Türkmençilikde özüňe iň ýakyn ýedi garyndaş şulardyr: 1. Dogan. 2. Doganoglan. 3. Dolanan. 4. Garyndaş. 5. Babadaş. 6. Obadaş. 7. Nebere. Akyl edebiniň şerti öz ýedi arkaňy düzýän adamlaryň diňe bir atlaryny däl, eýsem ömrüni, eden işlerini, gylyk-häsiýetini bilmekden, öwrenmekden we mydarna hakydaňda göterip gezmekden ybaratdyr. Olary hakydaňda götermek, olary perzentleriňe geçirmek nebere, millet bolup ölüme garşy çäre görmekdir. Eždatlaryň ruhy hemişe diridir, olar gaýyplykdadyrlar. Gaýyplyk ýokluk däldir. Olaryň ruhy hemişe seniň ýanyňdadyr, şat günüňde şatdyr, gyssanan günüň, saňa ýardam bererler, aljyran günüň, saňa söýget bolarlar. Öz ýedi ataň kimdigini bil, öwren, perzentleriňe öwret! Olar seniň gan hem ruhy binýatlaryňdyr! Sen öz ömür binaň haýsy binýatlaryň üstünde gurlandygyny bilmelisiň! Biz geçmişe seredip, geljegi görýäris. Biz geljegi görmek üçin, geçmişe bakýarys. Men türkmenlerimiziň ýedi, dokuz däl, ondanam aňyrky ata-babalarynyň atlaryny bilşine, olar baradaky maglumatlary ýygnap, kagyza ýazyp ýörşüne kän gabat geldim. Munuň özi mertebelilikdendir. Atalarymyzyň öňündäki baş borjumyz olary unutmazlykdyr. Olary unutmazlyk olara mynasyp ömür sünnek islegine iterýär. Eždatlaryň hakynda her haçan akyl-pikir et! Olara düşünjek bol! Sen olaryň arzuw-umydyna meňzeşmi ýa başga bir zatmy, direlip geläýenlerinde, olar saňa guwanjakmy ýa lapykeç boljakmy, sen öz gowulyklaryňda, mertebäňde, at-abraýyňda olardan öňe geçipmiň, olarça barmyň ýa-da olar bilen deňeşdirilende, hiç zatmyň? – Ine, şu akyl sowallary seniň öz içki «meniňi» hemişe gyzyklandyryp dursun! Kämilligiňi şeýle ölçegler bilen ölçe! Seniň şahsyýet kämilligiň görkezijisi şudur: seniň ömrüň iki pasyldan ybarat – kämillige çenli, kämillik döwri. Eger seni özüň däl, ataň ady bilen tanap, «pylanyň ogly» diýseler – bu ömrüň birinji paslydyr. Perzent ata-enesiniň öňünde söz edebini berjaý etmelidir. Söz edebiniň şertleri anykdyr hem-de inçedir. Olar perzendiň akyl edebinden gelip çykýar we onuň şahsy medeniýetiniň, ekramynyň hem-de sypaýylygynyň görkezijisi bolup durýar. Söze erk edip bilmek uly sungatdyr. Söz adamlaryň bir-biri bilen gatnaşygynyň serişdesidir. Şol gatnaşyklar oňyn bolsa, munuň özi söz edebiniň ýokary derejesi, ol gatnaşyklar ýaramaz bolsa-da, ol söz edebiniň perzende gowy berilmändiginiň alamatydyr. Eý, oglum! Ataň-eneň ýanynda seniň sesiň olaryňkydan belent däl-de, pes hem-de mylaýym eşidilsin! Gaty geplemek hökmürowanlygyň nyşanydyr, emma sen ata-eneňe hökmürowan däl-de, olaryň hökümini ýerine ýetirijisiň! Yuwaş, mylaýym, mylakatly, diňe manysy däl, owazy bilen-de özüne çekiji gürle! Ataň-eneň sözüni çekmelisiň! Olar bilen gürleşmek seniň üçin ýöne gep alyşmak däl-de, eýsem, halyndan habar alyşmakdyr. Ataň-eneň ýöne diliniň owazyna däl, eýsem, ýüreginiň hem paýhasynyň owazlaryna diň salmagy başar! Men size bagt hakda bir hekaýat aýdyp bereýin. Bir obada üç dogan ýaşaýar eken. Üç dogan her gün bagtly bolmagy arzuw eder ekenler. Ýöne olaryň garaýyşlary, islegleri birmeňzeş däl eken. Olaryň yhlasy bilen bir ýagşyzada gelip, olary sähralyga gezelenje äkidipdir. Sährada uly dogan içini hümledip gezelenç edip ýörşüne, bir uly çukuryň üstünden barýar. Görse, çukuryň içinde Bagt otyrmyş. – Näme islegiň bar? – diýip, Bagt uly dogandan sorapdyr. – Näme islesem bitermi? – diýip, uly dogan galkyjaklapdyr. – Näme bersem özüňi bagtly saýyp biljek? – diýip, Bagt uly dogandan sorapdyr. – Köşk ýaly howlym bolsun! Köşk ýaly howlyny gören uly dogan ylgapdyr howlusyna tarap. Ortanjy dogan gelipdir. Olam ullakan bir çukuryň içinde Bagtyň oturandygyny görüpdir. Bagt ortanjy dogandan sorapdyr: – Näme isleýäň? – Köşk ýaly howly bilen bir horjun tylla. Ortanjy dogan görse, agasynyň köşk ýaly howlusynyň gapdalyndan ýene bir köşk ýaly howly peýda bolupdyr, gapdaljygynda-da tyllaly horjun durmuş. Ortanjy dogan bir horjun tyllany arkasyna atyp, köşk ýaly howlusyna ýelk ýasapdyr. Biraz wagtdan soň ýaňky çukuryň ýanyna körpe dogan gelipdir. Görse, ullakan çukurda Bagt otyr. Bagt körpe dogana ýüzlenipdir: – Arzuwyňy aýt? Näme isleýäň? – Seniň özüň näme isleýäň? – diýip, körpe dogan sorapdyr. – Men şu uly çukurdan çykmak isleýärin. Körpe dogan Bagty çukurdan çykarypdyr-da, ýene öz ýoly bilen ýöräberipdir. Bagt näme edendir öýdýärsiňiz?! Dogry, Bagt körpe doganyň yzyndan ylgapdyr. * * * Oguz han Türkmeniň öz ogullaryna dakan atlarynda onuň dünýä bolan garaýşynyň alamatlary görünýär: Asman gözelliginden – Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Ýer gözelliginden – Dag han, Deňiz han, Gök han. Iki älemi – Asmany hem Zemini aldym diýýän Oguz han Türkmen älemler bilen sazlaşykly, ylalaşykly we arkalaşykly ýaşamak isläpdir. Alty ogul – älemiň bitewiligini kemala getirýär. Men muny her bir döwrüň, eýýamyň adam atlarynda şol döwrüň, eýýamyň adamlarynyň ruhy dünýäleriniň görünýändigini nygtamak üçin aýdýaryn. Gorkut ata Türkmeniň at dakyşynda şu gün üçin geň görünýän many bar. Ady adamyň daşky tebigy ýa-da jemgyýetçilik gurşawy däl-de, eýsem, onuň içki, şahsy mazmuny kesgitleýär. Mazmun bolsa, sypatlar arkaly ýüze çykýar. Gorkut ata at dakdyrmak üçin «hünär görkezmeli». Hünär görkezmek kämil şahsyýet hem-de jemagatyň deňhukukly agzasy bolmakdyr. Hünär görkezmek özüňi jemagata ykrar etdirmekdir. «Derse han ogly Bugaç han boýunda» Gorkut ata bugany urup öldüren oglanjyga Bugaç diýip at goýýar. At diňe adamyň şahsy hyzmatyna we sypatyna laýyklykda berilýär. Şahsyýet ýokmy, at hem ýok. Hünär ýokmy, at hem ýok. Gorkut ata milleti tebigatdan jemagata geçirdi. Jemagat Hudaýa bir gez ýakynlaşdy. Gorkut ata şahsyýetleri öňe çykardy. Elbetde, ol şahsyýetiň häzirki nukdaýnazardan nähilidigi başga mesele. Gep, umuman, jemgyýetçiligiň ruhy ölçegleriniň şahsyýete gönügenligindedir. Her eýýamyň adam atlarynda şol eýýamyň adamlarynyň ruhy ahwalaty görünýär. Türkmeniň oňony bürgüt bolan üçünji eýýamynda Togrul, Çagry ýaly bürgüt atlary ýörgünli bolupdy. Ýöne türkmeniň oňony goç bolan dördünji eýýamynda adam atlarynda naçarlyk güýçli duýulýardy: Allaberdi, Öwlüýäguly, Hojageldi, Ýowbasar... Biziň Garaşsyzlyk, baky Bitaraplyk eýýamymyzda eýýäm beýle atlar möwritini ötürip barýar. Bu günki çagalara dakylýan atlarda ertirki güne umyt-ynam duýulýar, atlarda adamlaryň ruhy ahwalatynyň belentligi görünýär! * * * Gorkuda «ata» adynyň berilmegi gadymy oguz-türkmen milli terbiýesiniň käbir özboluşlyklaryna esaslanýar. Taryhy durmuşda Gorkut dürli oguz patyşalarynyň ogullaryna atabeglik edipdir. Onuň öz döreden dessanyndaky şahsyýeti ähli taraplary boýunça atabeglige doly laýyk gelýär. Onuň öz şahsy durmuşy, maşgala durmuşy ýok diýen ýalydyr. Ol il-gün üçin ýaşaýar. Gorkut ähli ylymlardan, sungatdan, şygyrdan, keramatdan baş çykarýar. Dessanyň boýlarynyň mazmuny hem-de wakalaryň guralyşy-da döredijiniň atabeg bolandygyny aňladýar: on iki boýuň onusy ogullar, olaryň görkezen gahrymançylygy hakyndadyr. «Gorkut ata» – ogullaryň gahrymançylyklary hakdaky eserdir. Gorkut ata Türkmen döwründe terbiýe meselesiniň, onda-da ogul terbiýesiniň esasy meselä öwrülendigini görýäris. Gorkut hem terbiýeçi, ýaşuly. Şonuň üçin hem ol haýsydyr bir adamyň meselesini alanok-da, anyk bir ogluň meselesini alýar. «Pylan gojanyň pylan ogly». Ruhy mugallymyň we terbiýeçiniň şeýle görnüşde pikirlenmesi döwrüň türkmen jemgyýetinde maşgalanyň esasy birlige öwrülendigini görkezýär. Maşgalanyň gymmatyny bolsa, ataly-ogul kesgitleýär. Ogul – döwlet başy. Ogul bar – ýurt bar. Ogul bar – millet bar. Ogul – bakylyga puryja we nesil üznüksizliginden nyşan. Rowaýat: soltan Mahmyt Gaznaly ilatyň arza-şikaýatyna mydama uly üns beripdir, dergähine gelen her bir adamyň sözüni üns berip diňläp, onuň islegini bitirmäge çalşypdyr. Bir gezek soltanyň huzuryna gorkudan ýaňa saňňyldaýan egbar kişi gelipdir, ol soltanyň aýagyna ýykylyp, aglap, derdiniň agyrdygyny aýdypdyr. Soltan ol kişini ýerinden turuzyp, arzy-halyny howlukman, aljyraman gürrüň bermegini talap edipdir. Gelen kişi soltanyň ýasawullarynyň birinden arz edipdir. Jebir çekeniň habaryna görä, ýasawulyň günde-günaşa gelip, meýlis guraýandygyny, gyzynyň namysyna degendigini, kä günler dosty-ýarlary bilen gelip, tä daňdana çenli meýlis guraýandygyny gürrüň beripdir. «Eger arz etseň, öldürerin» diýendigini aýdypdyr. Jebir çeken görgüli indi ýasawula iýdirip-içirere hiç zatlarynyň galmandygyny, bu hakda ýasawuluň eşitmek hem islemeýändigini aýdyp, çykalga tapmaýandygyna, barja süýşürintgileriniň gutarandygyna gynanyp, zar-zar aglapdyr. Soltan jebir çekene şeýle diýipdir: – Men saňa hemaýat ederin. Saňa sütem eden kim bolsa-da, soltanyň ogly bolsa-da, jezasyny çeker. Häzir öýüňe gaýt. Seniň bilen meniň adamlarym gatnaşykda bolarlar. Şol nekgende gelende sen biziň adamlarymyza habar ber. Nädip habarlaşjakdygyň barada seniň bilen meniň adamlarym anyk gürleşerler. Sen habar bereňsoň, yzyny özüm oňararyn. Soltan üç gün garaşýar. Üçünji gün agşam nekgendäniň gelendigi baradaky habary eşiden soltan şol öýe ugraýar. Soltan nökerlerine öýüň daşyny gabamagy buýurýar. Soltan jebir çekeniň öýüne kürsäp girýär-de, ilki bilen çyrany depip öçürýär. Soňam pälazanyň kellesini pyzlandyryp goýberýär. Içeri dym-dyrslyk bolýar. Ähli kişi soltanyň bir zat diýerine garaşýar. Soltan demsalymdan soň çyrany ýakmagy buýurýar. Çyrany ýakýarlar. Soltan gorky bilen ýerde ýatan kellä seredýär. Soňam uludan demini alyp, töweregine garanjaklaýar: – Derrew ýok ediň! Içerini tertibe salyň. Soltan bir gyra çekilip, öý eýesine ýüzlenýär. – Men gaty aç, iýer ýaly bir döwüm nan ber! Öý eýesi täzeden saçak ýazýar. Soltan nany suwa batyryp, işdämenlik bilen iýmäge başlaýar. Ol hiç kime seretmän, başyny aşak salyp çörek iýýär. Aňyrsyna il gonan soltan öý eýesiniň özüne aňkarylyp seredýändigini aňyp, çalaja ýylgyrypdyr: – Men seniň geňirgenmäňe düşünýärin. Ýöne sen menden aýyplaşma. Meniň ýanyma baryp gaýdanyňdan bäri men bir döwüm çöregem iýemok. Üç günläp bokurdagymdan hiç zat geçmedi. Seniň gürrüň beren zatlaryň meniň ýasawullarymyň edip biljek haýasyzlygyndan çökder göründi. Onsoň bu çökder etmişi edýän meniň oglum bolaýmasyn diýen güman döredi. Şu gümanam meni maýyrdy. Gije uklap hem bilmedim. Üç günki çeken içki güzaplarymy hiç bir güzap bilen deňeşdirer ýaly däl. Ýöne, her näme-de bolsa, meseläni adalatly çözmeli, şa kürsüsinde meni Allatagala oturtdy. Onsoň oňa ikilik etmäge ygtyýarym ýok. Gelen dessime çyrany söndürmegimiň hikmeti oglumyň ýüzüne gözüm düşse, atalyk söýgim erkimden rüstem geler öýdüp gorkdum. Çyra ýakylanda etmişi eden pälazanyň oglum däldigini görenimde, gerdenimden maýryp barýan ýük aýryldy. Ýasawuluň kellesiniň ýerde ýatandygyny görenimde, süňňümde ýeňillik döredi. Şol pursat hem üç günüň açlygy özüni bildirdi. Soltan ýazylyp-ýaýrap naharlandy. Gorkut atanyň ogul bilen atanyň arabaglanyşygy, ogla berilmeli terbiýe, ogluň kemala gelşi baradaky pikirleri goýazydyr we gaýtalanmazdyr. Ogul terbiýesi, gyz terbiýesi, adam terbiýesi – bularyň bary degişli döwürde terbiýeçilik ulgamynyň kemala gelendigini aňladýar. Şeýle ulgam bolsa özboluşly hem-de gutarnykly ruhy medeniýeti göz öňünde tutýar. Terbiýäniň goldanýan, iş ýüzünde ulanýan ahlaky ölçegleri we gymmatlyklary bolmaly. Ahlak – terbiýäniň hem serişdesidir, hem maksadydyr. Adamy ilki gulagy, soňra gözleri terbiýeleýär. Oguz han Türkmen dünýäde ilkinjileriň hatarynda elipbiý döredip, öz nesillerine terbiýe we bilim bermegi ýola goýan, atalyk mekdebini döreden şahsyýetdir. Onuň döreden mekdebinde, esasan, serkerdeleriň çagalary söweş we serkerdelik tilsimatlaryny öwrenipdirler, dünýäniň ençeme dillerini özleşdiripdirler. Dünýäniň ähli ylmy öwredilipdir. Oguz han Türkmen: «Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor müňüsini ýykar. Eger bilimiňiz bilen bilegiňiziň güýji birleşse, onda her biriňiz müň kişä taý bolarsyňyz» diýipdir. Taryhda türkmen ýigitleriniň özlerinden ýüz ýigrimi esse artyk duşmany hem ýeňmegi başarandygy barada maglumat kän. Oguz han eýýamynyň bir çopany Syrak on müňlük duşmany hile-aldaw bilen Garagumuň jümmüşine eltip, suwsuzlykdan gyrandygy rowaýata öwrülip, biziň günlerimize gelip ýetdi. Ine, türkmeniň söweş tilsimleriniň biri! Türkmeniň söweş tilsimatlarynda diňe bir gara güýç, gaýduwsyzlyk, batyrgaýlyk däl, ugurtapyjylyk, duşmany çoçgara çolaşdyrmak, öz-özüni gyrmagyny başarmak, çykgynsyz güne salmak esasy ýol bolup durýar. Taryhda türkmenleriň san taýdan deň bolmadyk söweşlerde ýeňiş gazanmaklarynyň esasy sebäbi söweş we serkerdelik tilsimatlaryna ussatlygy bolmaly. Alp Arslan on bäş müň esger bilen Wizantiýanyň 50 müň esgerini amana getirýär, Malazgirt söweşi bu gün dünýä taryhynda deňsiz-taýsyz söweş hökmünde şöhratlanýar. 1279-njy ýylda Ärtogrul gazy bilen duşmany mugyra getirmäge giden 400 atly ýöne bir 400 atly däl, ýok, olar atalyk mekdebinde tälim alyp, her biri Oguz han Türkmeniň wesýeti boýunça müň duşmana taý bolmagy başarjak, tälimli, sowatly goç ýigitler bolmaly. Munuň şeýledigini şol gidişden ýigrimi ýyl geçensoň, Kiçi Aziýada Ärtogrul gazynyň üçünji ogly Osman gazynyň ýolbaşçylygynda 1299-njy ýylda olaryň beýik Osman türkmenleriniň döwletini döredip, sebiti ele almaklary hem şaýatlyk edýär. Bu tötänlik däl. Atalyk mekdebini tamamlanlar, hökman synagdan geçirilipdir. Entek ýaňy murty taban ýaş Sanjaryň atalyk mekdebini tamamlandaky ilkinji synagyny aýdyp bereýin. Olaryň üstüne garahanlylaryň hökümdary Kadyr han çozuş edýär. Olaryň güýçleri kän, ýeňjekdigi gömüp dur. Atabeglik mekdebinde az goşun bilen köp goşuny ýeňmek öwredilýär. Soltan Sanjar hem gowy çykalga tapýar. Garahanlylaryň hökümdarynyň yzyna adam salýar. Hökümdar awa çykanda ony güpbasdy edýär. Hökümdarlarynyň ele salnandygyny eşiden garahanlylar zut gaçmak bilen bolýarlar, şeýdip, ýaş Sanjar öz döwletini göni gelen howpdan halas edýär. Biz «Gorkut ata», «Görogly» eserlerini edebi mirasymyz hökmünde öwrenýäris, çeper eser hökmünde kabul edýäris, aslynda bolsa, ol eserler öz döwürleriniň, eýýamlarynyň atalyk okuw kitaplarydyr. Men ýokarky gürrüňler bilen pederlerimiziň perzendi il-günüň gerekli adamy edip ýetişdirmek üçin turuwbaşdan ýörite alada-iş edinendiklerini nygtamak isleýärin. Bu gün çagany döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda ösdürip ýetişdirmek her bir ata-enäniň, şeýle hem döwletiň gaýragoýulmasyz wezipesi bolmalydyr. Bir tarapdan ata-ene, beýleki tarapdan döwlet çaganyň ganaty bolmalydyr. * * * Garaşsyzlyk eýýamynyň bagtyýar perzendi! Sen pederleriň ruhy dünýäsini içgin öwren, şonda dünýäňe älemgoşar ýalkymy düşen ýaly bolar, köp zatlary öwrenersiň. Adama gowulyklara öýkünmäge çalyşmak mahsusdyr. Ataň-eneň hem hökümet seniň hossarlaryňdyr. Ata-ene, hökümet hossary, arkadagy bolan perzent bagtyýarlygyny duýmasa aýypdyr! Ataň-eneň ýanynda gelşiksiz, nälaýyk sözleri diliňe alma! Hoşzyban bol, süýji gürleş! Eger haýsydyr bir meselede başgaça pikirde bolsaňam, öz mamladygyňy hoş sözler, delilli hem sypaýy sözler bilen düşündirjek bol! Ataň-eneňe gaty-gaýrym, zoňtar, degnasyna degýän sözleri aýtma! hakykat zoňtar, göwne degiji hem gödek bolýan däldir. Ataň-eneň ýanynda ýumşak sözle! Seniň sözleýşiň, gep-gürrüňiň gyzykly hem özüne maýyl ediji bolsun! Ataň-eneň bilen gözüniň içine seredip, ýokardan bakyp, ýüzüňi kesä sowup gürleşme! Beren soragyny jogapsyz goýma, ýarym-ýaltalyk, men-menlik, gahar bilen jogap berme! Ataň-eneň bilen «siz» diýip gürleş! Adyny, lakamyny tutma! Ataň-eneň ýanynda gaty gülme, ýaňsyly pyňkyrma. Ataň-eneň ýanynda dymmagy başar! Asla sözüni bölme! Perzent ata-enesiniň öňünde hereket edebini berjaý etmelidir. Ata-eneňe birkemsiz hyzmat et! Ata-enäniň hyzmatynda bolmak uly bagtdyr. Emma, näçe hyzmat etseňem, olaryň öňündäki bergileriňi üzüp bilmejekdigiňi mydama ýadyňda sakla! Bir rowaýata görä, bir ýigit mydama enesiniň hyzmatynda bolupdyr. Bir gün enesi ogluna: «Meni öňki gezen ýerlerime aýla, ölmänkäm bir göreýin» diýipdir. Oglan enesini arkasyna alyp, onuň gyz, gelin bolup gezen ýerlerine aýlapdyr. Şol gün oglan perişdä duşup, özüniň enesine eden we edýän hyzmatlary hakda gürrüň beripdir. Soňam: «Men ejemiň maňa eden hyzmatlaryny üzlüşdimmikäm?» diýip sorapdyr. Perişde: «Sen eneň bir gijelik jepasyny üzlüşipsiň» diýip jogap beripdir. Watan bilen, ata-ene bilen üzlüşmek ýokdur, olara ölinçäň hyzmat etmek bardyr! Ataň-eneň buýruklaryny, ýumşuny, tabşyrygyny ýerine ýetir! Bu işden lezzet alýan perzent kemally perzentdir. Olary bitirmejek bolup, bolar-bolgusyz bahanalar tapma, ata-ene perzendiniň bitirip bilmejek işini, oňa biabraýlyk ýa şek getirjek işi buýurýan däldir! Ata-eneň gargyşyndan, käýinjinden hem nägileliginden daşda bol! Ata-eneden razylyk alman, ýola çykma! Uzak ýoldan geleniňde, ilki bilen, ata-eneň bilen salamlaş, hallaryndan habar al! Ata-eneň ýanyňa, öýüňe gelse, öňünden çykyp garşy al! Özi gelip girýänçä, göwnübir oturmak, gyşaryp ýatmak, «Geldiňmi!» hem diýmezlik uly biedeplikdir. Ata-eneň öýden çykanda, özi: «Gal» diýýänçä, ugrat! Mejalsyz, ýarawsyz bolsa, ýaltanma, başga birine tabşyrmada, barýança ýoldaş bol! Ata-eneň çagyrsa, eglenmän ýanyna bar! Ilki eneň, soňra ataň ýanyna bar! Ata-eneň möhümini öz işiňi gaýra goýup, wagtynda bitir! Ýumuşçyl bol! Ataň-eneň üçin herketde bolsaň, ömrüň bereketli bolar. Diňe çagakaň däl, ulalaňda-da, ata-eneň üçin el-aýak bol! Çünki, el-aýagyňy şolardan alansyň! * * * Perzent ata-enesiniň öňünde göwün edebini berjaý etmelidir. Ata-eneňe mähirli, mährem hem-de hamrak bol! Ata-eneň – iň oňat dostuň, iň wepaly mähribanlaryňdyr. Şatlananda, şadyýan bol! Gaýgylansa, göwünlik ber! Olar bilen ýürekdeş bol! Çünki, sen olaryň ýüreginden önensiň. Olaryň ugrunda bagryň girýan bolsun, çünki, sen olaryň bagryndan önensiň! Perzent ata-enesiniň ýüreginiň örki, bagrynyň bagydyr. Köp gepleýär, artyk gepleýär diýip dargursaklyk etme! Geplemegi şolardan öwrenensiň. Dertli bolsa, derdini paýlaş! Çünki, bäbeklikden çagalyga, çagalykdan oglanlyga, oglanlykdan ýigitlige, ýigitlikden ululyga geçmek möwritiniň agyrysyny we yzasyny – adam ösüşiniň yzasyny olaram seniň bilen deň çekişendir. Hassalyk sebäpli jebir-jepa berse, ýüregiňizi aýrylap, günä galmaň! Bäbekkäň derdiň özüňe däl, ata-eneňe bolandyr, olar garryka derdini sen almalysyň! Ata-enäni ynjytmazlyk aladasy her ädimiňde, her işiňde, her amalyňda berk ýadyňda bolsun! Olary ynjytjak pişelerden daşda dur. Halamajak işinden gaýt, begenjek işinden ýüz öwürme! Ata-enäniň göwnüni awlamak, ýeke gezek begendirmek – iň uly sogapdyr. Garrap, tapdan düşende, ýöremekden, gürlemekden, görmekden galanda tekge bol! Ata-eneň özüňe aýtmasa-da, ýüzüňden, hereketiňden, bolşuňdan seniň özüne nähili garaýandygyňy bilip oturandyr. Perzent ata-enesiniň öňünde kömek edebini berjaý etmelidir. Eşigi özüňkiden oňat bolsun! Iýýäni özüňkiden oňat bolsun! Arzuwyna ýetir! Ähli geregini tapyp ber! Golda baryň, bar zadyň eýesi şolardyr! Olardan zadyňy gysganma! Ruhuna sadaka ber! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |