21:21 Pikirler we oýlanmalar | |
PIKIRLER we OÝLANMALAR
Sözler
Birden bir zadyñ üstünden baraýmaýyn diýip, gorky edip, mydama öz-özüne basalyk bolýan adam bütin ömrüne betbagtdyr. * * * Gannibal ýekegöz bolan. Ol bir gezek özüni ikigöz edip şekillendiren hudožnige hezil edip gülüpdir we gymmat baha sylaglar bilen sylaglapdyr. Sebäbi hudožnik ony gapdaldan, ýekegözlügini ýaşyryp, iki gözli ýaly edip çekipdir. Aşa öwgini, ýapa degmez ýalany hiç kimem halanok, ýöne bir trinity tapyp, kemini-köstüni ýaşyrsañ, hemme kişem gowy görýär. * * * Atasy ogluna aýdan: sen aşa akmak, ýöne bir işde töwekgel bolsañ, gorky-ürkini bilmeseñ, akmaklygyñy añmazlar. * * * Döwlet we goşun aglaba ýagdaýda öz gabarasy sebäpli gowy ýüzüp bilmeýän gämä çalym edýändir. * * * Şeýle adamlar bolýar: olary öz kalplaryndaky gorky-howatyryñ özi idekleýär-de, eltilmeli ýerine eltýär. * * * Rimliler öz çagalarynyñ ömürlerini kesip bildiler, ýöne olaryñ erk-ygtyýaryny alyp bilmediler. * * * Eger özlerine garşy bolsa, adamlar akyla elmydama garşy bolýarlar. Klod Adrian GELWESIÝ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |