12:20 Polat han | |
POLAT HAN
Taryhy şahslar
(taryhy oçerk) Polat han 1820-nji ýyllarda şol wagtky Hurmant-gökjede Annahal gökjäniñ maşgalasynda dünýä inýär. Annahal gökjäniñ bäş ogly bolýar: Polat han, Mämmet, Amanguly han, Ýüzbaşy, Allamyrat. Olar Nusaý galalarynyñ arasynda ýer açyp, Bagyr obasynda ýaşapdyrlar. Polat han öz inileri, atasy bilen türkmen halkynyñ erkinligi ugrundaky göreşlere gatnaşan. Hatda Gökdepe galasyny goramaga hem gatnaşýar. 2-nji Gökdepe urşuna-da öz inileri Amanguly han, Mämmet, Ýüzbaşy, kakasynyñ iñ kiçi dogany Nazar talaply bilen gatnaşýar. Şol söweşde Mämmet, Nazar talaply wepat bolýar. 1881-nji ýylyñ 12-nji ýanwarynda Gökdepe urşunda Polat hanam wepat bolýar. Polar hany öz inisi Amanguly han Yzgandyñ günbatar-demirgazygynda şehit bolan ýerinde jaýlaýar. Häzirem Polat hanyñ gubury şol ýerde, Yzgandyñ günbatar-demirgazygynda ýatyr. "POLAT HAN" atly taryhy oçerkde Gökdepe urşuna gatnaşan türkmen gerçeginiñ gahrymançylyga beslenen ömür ýolunyñ bir pursady hakynda söz açylýar. ◆ ◆ ◆ Obanyñ günorta-gündogar çetinde ýurt tutan Polat hany öz galasynda tapmak örän kyndy. Ol elmydama ýolda, Ahalyñ bir ol çetinde bolsa, ertesi bu çetinde bolýardy. Polat han nirede bolsa, onuñ ýanynda Nazar talaply bilen Begenç gajaram görmek bolýardy ýa-da tersine, Nazar talaplyny, Begenç gajary nirede görseñ, şol ýerde-de hökman Polat han bolaýmalydy. Bu iki görmegeý, syratly, edermen, batyr gerçeklere hemme adamlar, hatda hanlaram uly sarpa goýýarlar. Olara Polat hanyñ goragçysy hökmünde däl-de, egindeşi hökmünde garaýardylar. Nazar talaply Polat hanyñ kakasy Annahal gökjäniñ iñ kiçi inisidi. Olary Ahal sebitinde tanamaýan ýokdy. Bu ikisi gerek ýerinde pälwançylyk edip, göreşden serpaýsyz çykmaýardylar. Gylyç oýnatmakda-da ezber ussatdylar. Özleri ýedi ýaşdan gylyç oýnap başlansoñlar, Polat hanyñ inisi Amanguly han ýedi ýaşa ýetende, onuñ eline-de gylyç beripdirler. Bular obada boş wagtlary, bir topar oglana gylyç oýnatmanyñ tilsimlerini, gylyç tutmagy, gylyjy gyýak ýa-da dik urmagyñ tärlerini öwredýärdiler. Amanguly şeýle tilsimleri örän ussatlyk bilen ýerine ýetirýär eken. Bir gezek oglanlaryñ arasynda Polat han Amangulynyñ gylyja erk edişini synlap durşuna: "Amanguly şu gidişi bilen, gylyjy ussat işledip bilse, gerçek han bolup ýetişse gerek" diýip oýlanypdy. Ol wagtlardan oba göçüpdi. Bagyrda, dag eteginde, Amanguly hem Amanguly han bolup, indi murty taban, ýetişen ýigitdi. Ol irden gara atyny seýisläp, gezdirip, otuny-suwuny bereninden soñ, ony ýatakda baglap, Polat hanlara ugraýar. Polat han düýn günortan aganda gelipdi. Amangult howlynyñ deñine ýetende, ilerden atyny ýüzin salyp gelýän atlyny görýär. Atly golaý gelende, ol onuñ öz inisi Ýüzbaşydygyny tanaýar. Ýüzbaşy Amangulynyñ ýanyna ýeten badyna, atyñ başyny çekip, ondan böküp düşýär: - Dikjäñ depesinde, dagyñ üstünde, men 40-50 atlyny gördüm, olar alamançy. Olaryñ käbiriniñ kellesinde gyzyl şypyrtmasy bar. Meniñ añlaýşyma, olar bärik gelýär. Dikjeden aşak inip başladylar - diýip, demi-demine ýetmän habar berip, ýene Amangula ýüzlenýär: - Polat agama habar bereýin - diýip bärik gaýtdym, saña duşanym gowy boldy. Polat öýdemikä?! - diýýär. Amanguly inisine seredip: - Sen ol ýerde näme işläp ýörsüñ?! - diýýär. - Men at gezdirip ýördüm. Dag etegi bilen Kör çeşmä bardym. Ata biraz dynç beremsoñ, suwa ýakyp, yzyma gaýtmakçydym, edil şol wagt Dikjäniñ üstünde nätanyş atlylar peýda boldular. - Hany, ýör onda - diýip, Amanguly inisini yzyna tirkäp, Gara suwuñ üstünde edilen köprüden geçip, derwezä barýar. Derweze çala açykdy. Bular derwezäni çala itip, howla girýärler. Howlynyñ içi gum-guklukdy. Amanguly ylgawyna Polat hanyñ bolýan jaýynyñ agzyna baryp: - Nazar kaka, Nazar kaka -diýip gygyrýar. Hiç kimden ses bolmansoñ: - Polat, Polat! - diýip, gygyrmaga durýar. Birki gezek gygyrandan soñ, gyrmyzy dony egnine ýektaý atynan Polat han eýwana çykýar: - Ýeri how, näme zörledip dursuñ, howlyny göçürjek bolýarsyñ, ýagy gelýärmi?! - diýýär. Amanguly: - Hawa, Polat, ýagy gelýär. Olary Ýüzbaşy görüpdir. Menem bärik aýlanyp gideýin diýip gelýärdim - diýip, Polada Ýüzbaşyny görkezip: - Nazar kakam ýokmy? - diýýär. - Nazar bilen Begenjiñ öten agşam goýun üstüne gidişleri. Men olary goýna aýlanmaga iberdim. Olar şu gün guşluga geleris diýdiler. Inim, hany bärräk, meniñ ýanyma golaýrak gel - diýip, Amangulynyñ yzynda duran inisine ýüzlenýär. Ýüzbaşy eýwana geldi. Ýüzbaşy Amangula aýdan zatlarynyñ baryny gaýtalap aýdyp berýär. Polat han birsellem böwrüni diñläp durýar-da: - Eger Ýüzbaşy 40-50 atly gören bolsa, gowlugyñ alamaty däl. Amanguly, häziriñ özünde ikiñiz öýe gidiñ. Sen agañ Mämmet bilen ýarag-şaýyñyzy tutup atlanyñ-da, bärik geliñ - diýip, soñra Ýüzbaşa ýüzlenýär. - Inim, sen öýde Allamyrat bolsa, jigiñi al-da, biriñiz gaýraky gala, biriñizem ilerki gala, howlyma-howly aýlanyñ. Ýagyñ gelýänini aýdyñ. Polat han erkek kişileriñ hemmesine atly-ýaragly örän çalt çöle çykmagy tabşyrdy diýip. Bizem şol ýerde adamlara garaşarys. Näçe çalt çyksalar, şonça gowy, düşnüklimi, baryñ çaltyrak, aýagyñyz ýere degmesin - diýip, öýe öwrülýär. Ýüzbaşy duran ýerinden: - Polat, aýlanyp çykamsoñ, menem atly-ýaragly geleýin - diýup gygyrýar. Polat han hyrra yzyna öwrülip: - Saña näme diýlen bolsa şony et, çalt. Ýagyñ öñünden çykmaga sen entek ýaş, agzyñdan süýt ysy gitmedik oglanjyk, basym ugra, bolduñ meñ başyma Görogly - diýip, öýe girip gidýär. Polat han ýarag esbaplaryny dakynyp, at ýatagyna özi ak, Gyr atynyñ ýanyna baryp, sypalap-sermeläp, atyny eýerläp, bilini çekip, aty idip howludan çykdy. Polat han her egninde bir adan oturaýmaly, eginlek, süññi iri, pürs ýaly daýaw, agaç etli, syratly, görmegeý, ýüzi nurana adamdy. Ol nirä barsa, "Polat han gelipdir" diýen habar oba ýaýrardy, hatda gyz-gelinler hem bir bahana tapyp, Polat hany ýörite görmäge, topar-topar bolup geler ekenler. Polat hanyñ kakasy Annahal gökje ýedi doganyñ ulusydy. Onuñ bäş ogly bolup, iñ kiçileri Allamyrat biraz ýuwaşrak bolaýmasa, hemmesem görmegeý, dogumlydy. Ýöne uly ogly Polat han hasam görmegeýdi. Garaz, hemmesi Annahalyñ özüne çekipdir, onuñ özem görmegeý, dogumly adam bolan. Ol ýaş wagtlary Stambula gidýär. Stambuldan türk gyzy Nediri alyp gaýdypdyr, gelibem toý tutup, özüne aýal edip alýar. Bu mahal Polat han howludan çykyp atlanyp, Gara suwuñ gaýrasyndan geçýän uly ýola çykanda, Amanguly, agasy Mämmet bilen atlaryny haýdaşyp gelýärler. Polat han: - Oglanlary ýola salyp, bärik gaýtdyñyzmy? - diýip soraýar. - Hawa, hanha, eýýäm iki atly gelýär - diýip, Amanguly yzyna seredip durşuna jogap berýär. Ýañky iki atly bulara goşulýança, olaryñ yzynda ýene bäş atly görünýär, aý garaz, bir salym wagtsa bular ýigrimi atly dagy bolýarlar. - Men ilerki galañ hemmesine aýlanyp habar berdim - diýip, Ýüzbaşam gelýär - Gelen bolsañ, şu ýerik gelen adamlary çöle ugradarsyñ, özüñem howla girip, içinden ur-da, howluda bol. Biz bolsa Çele ugralyñ. Olar hökman Nusaýyñ gündogar gapdaly bilen çölüñ içinden geçýän uly ýola düşüp, Çele çykarlar. Biz çagyrylmadyk myhmanlara şol ýerde garaşyp, garşy alarys - diýip, atyny Çele tarap sürýär. Bular çölüñ eteginde-de biraz güýmenýärler. Gelen atlylaryñ sany 30- ýetensoñ, çöle çykyp onuñ orta gürpüräginde, özlerine amatly ýerde saklanýarlar. Çel Köne Nusaýyñ gaýra tarapynda kiçiräk baýyrlaryñ üstünde ýerleşýän düzlük, ekin meýdanydy. Polat hanyñ aýdyşy ýaly, bular Çele çykansoñlar, ýaga köp garaşmaly bolmadylar. Polat han atlylaryñ birini sag gapdalda, depede ýerleşýän ýeke gala ugradýar. Nusaýyñ daş-töweregine seredip, ýagyny görse, habar bermegi tabşyrýar. Atly gala ýeten badyna hyrra yzyna öwrülip gaýdyberýär. Ol adamlaryñ ýanyna ýetip-ýetmänkä, ýagynyñ gelýändigini Polat hana aýdýar. Edil şol wagt uly ýoluñ gapdalyndaky tutlaryñ ýanyndan bir topar atly görünýär. Atlylar uly ýol bilen göni bulara tarap howlukman gaýdyberýärler. Polat han: - Bular kyrk atlydan-a köpräk, gelişlerem gaty arkaýyn welin, gelişlerine biziñ bilen garpyşmaga gaýratlary çatmasa gerek - diýýär. Onýança aşak gapdaldanam bäş atly görünýär. Polat han sözüni dowam edýär: - Görüberýäs, siz biraz ýaýrawrak duruñ, arañyz azyndan 4-5 ädim bolsun, 250-200 ädime gelende, saklanmasalar, onda biz hüjüme geçeris. Gorkmañ, gorky adama beladyr, biziñ atlarymyz ýyndamdyr hem-de duşmana uly howpdur. Olaryñ arasynda gatyrlylaram görünýär - diýip, sözüni soñlamanka, gaýradan gelýän bäş atlam bulara goşulýar. Ýagy 300-400 ädim aralyga gelipdi. Ýañky bäş atlyñ gelip bulara goşulanyny görüpmi ýa-da başga pikir bilenmi, olar atlarynyñ başyny çekip saklandylar. Polat han inisi Mämmede ýüzlenip: - Ýüz ädim öñe çyk-da sora, kim olar, olara näme gerek, äheñlerini bir bileli - diýýär. Mämmet atyby debisgiläp, sesýetim ýere baryp, atyny saklady-da, gygyryp soramaga durdy: - Siz kim, kimiñ atlylary, size näme gerek? Olaryñ arasynda biri öñe çykyp: - Beli, biz Abdyllanyñ serbazlary. Alamana geleris. Size nä gerek? - diýdi. Mämmet yzyna, Polat hana gözüni aýlady-da, ýene gygyrdy: - Näme alamana gelip, alyp gidibir ýaly bu ýerde eýesiz zat barmy, zakgun alarsyñyz, başga zat almarsyñyz - diýip seslendi. Onýança alamançy ýene: - Siz nirä bararsyñyz? - diýdi. - Bizem alamana barýas. Häzir siziñ at-ýaragyñyzy alamanlarys. Ýöne gelen yzyñyzy ýel çalmanka, yzyñyza öwrüliñ-de, gelen ýeriñize güm boluñ, ýogsa ganyñyzy gotura derman ederis - diýip, Polat seslendi. Mämmet gyzmarak ýigitdi. Alamançy atyny yzyna öwrüp, öz adamlaryna tarap 20-30 ädim sürdi. Esli wagt olar öz aralarynda gürleşip bolansoñlar, alamançy ýene öñki ýerine gelip: - Siz-de, biz-de alamana bararys. Bir kişini Alynyñ ala meýdanyna çykaryñ. Ýeñen alamana gitsin, ýeñlen öýüne gaýtsyn - diýip gygyrdy. Mämmet atyny öz adamlaryna tarap öwürjek boldy-da, birden atyny yzyna pyrlap: - Bolýar, sizden gaýdan atasyndan bolmasyn - diýip, öz adamlaryna tarap gaýdyberdi, gele-gelmäne-de, Polat hana ýagdaýy düşündirjek boldy. Ýöne Polat han öñürtdi: - Biz hemmesini eşitdik, Mämmet! - diýip, adamlara seretdi. Mämmet: - Polat, häzir orta men çykýan. Men olaryñ gözüne görkezeýin - diýip, mertlik bilen seslendi. Hamala Polat han onuñ orta çykmagyny makullaýan ýaly, onuñ gapdalynda atyny öwrüp durdy. Polat han oña seredip: - Mämmet gyzyberme, biraz köşeş, sabyr et, hany soñuny göreli - diýdi. Oña çenlj alamana gelenleriñ arasyndan, endamjany şaýly daýaw pyýada atyny debisgiläp, meýdanyñ bir gyrasyna çykdy. Polat han adamlaryna göz gezdirip, öz içinden "Ilki özümkiden başlaýyn, wah, Nazar bilen Begenç bolan bolsa bolmaýarmy" - diýip, gözüni ýaşam bolsa, Amangulyda saklady. - Amanguly inim, nädersiñ, hany synanyş, bar, Alla ýaryñ bolsun - diýdi. Amanguly añk-tañk bolup, atyny meýdana tarap sürüp, orta çykdy. Mämmet närazylyk bildirjek boldy. Polat han oña gaharly seredip: - Saña-da gezek ýeter, demiñ çykmasyn - diýip, Amangula ýüzlendi: - Amanguly seresap bol, gorkmagyn, atylan ok daşdan gaýtmaz - diýip gygyrdy. Amangulynyñ jan alyp, jan bermeli söweşe ilkinji gezek çykyşydy. Muny Polat hanam bilýärdi, eger Nazar bilen Begenç gajar bolan bolsa, onda ol Amangulyny başa-baş urşa salmazdy. Söweşmek üçin ortada duran serbaza 100-150 ädim ýetmän, Amanguly atynyñ başyny çekdi. Edil şol wagt aşakdan ýene iki atly çykyp, aldyrany bar ýaly atlaryny ýüzin salyp gaýtdylar. Bu iki atly söweş meýdanynda duran adamlaryñ hemmesiniñ ünsüni özüne çekdi. Nazar talaply bilen Begenç gajary Polat hanyñ adamlary gören batlaryna tanadylar. Söweş başlanmanka, olar Polat hanyñ öñünde peýda boldular. Nazar talaply: - Häzir söweşe men girip, Amangulyny bärik ugradaýyn - diýip, atyny söweş meýdanyna sürüberjek boldy. - Nazar dur, bolmaz, indi giç, näme bolsa, göräýmeli bolar - diýip, Polat han Nazary saklady. Dogrudanam giçdi. Nazar söweşe çykmaga atyny debsiläp ugranda, ýagy: "Ýa Aly, medet" diýip, atyna gamçy çalyp, gylyjyny syryp, Amangulynyñ üstüne gaýdypdy. Amangulam gylyjyny syryp, gara atyny debsiläp, garşydaşynyñ üstüne eñdi. Iki tarapyñ adamlarynyñ bar ünsi ikisindedi. Bular meýdanyñ ortasynda çaknyşdylar. Amanguly hanyñ gara aty dişlerini syrtardyp, hokranyp, öñki aýaklaryny göterip, çarpaýa galdy, aýaklary bilen däbşenekläp, garşydaşyny çeýnäp, depeläp geçjek ýaly, at yzky aýaklarynyñ üstünde dik durdy. Gylyçlar galgap ýalpyldady. Gara at çarpaýa galanda, ýagynyñ aty biraz saga buruldy. Amanguly hanyñ atam çepe öwrülip, aýaklaryny aşak goýberende, Amanguly ikinji gezek, gylyjy ýanynlap saldy. Soñra bolsa ýagynyñ çep gapdalyndan öñüni kesip ötägitdi. Ýagynyñ aty sag tarapa birki ädim ätdi-de, sag gapdalyna gaýdyberdi. Amanguly han 20-30 ädim geçip, aty yzyna aýlady. Görse atam, ýagam ýerde ýatyr. Ol aýagyny atyñ aşagyndan çykarjak bolup zomaýardy. Amanguly han ýagynyñ üstüne gelip, gylyjyny galdyranda, ol ýatan ýerinden ellerini daldalap, ýokaryk galdyrdy. Amanguly han bir sellem onuñ bolup ýatyşyna seredip, gylyjy aşak goýberdi-de, özleriniñkä tarap gaýdyberdi. Ony begençli garşyladylar. Ilki bilen Nazar talaply gürläp başlady: - Sen, ony näme üçin kaklamadyñ ýa-da sen ony atyñ üstündekä çapdyñmy. Gylyç işledişiñ-ä oñat - diýip, onuñ egnine kakdy. Amanguly: - Ýok, oña gylyç degmedi, ýogsa gylyjy onuñ kellesinden saldym. At aşak gaýdansoñ, gylyç onuñ öñünden geçip, atyñ boýnundan düşdi. Eli ýaragsyz ýatan adama men nädip ýarag çekeýin, goý, ýaşasyn - diýdi. Polat han: - Tüweleme, ynha, munyñ bolýar, inim, ilki çykañda, tas göwnüm geçipdi welin, ýok, saña ynansa boljak, göwnüm ýetdi, sen hökman Amanguly han bolarsyñ - diýip, loh-loh edip güldi. Ýykylyp ýatan ýagynyñ ýanyna, olar tarapdan iki kişi gelip, onuñ aýagyny atyñ aşagyndan çykarmaga başladylar. Alamana gelen ýagy yzyna gaýtmaly boldy. Polat han ýagynh ganjaryşman gaýtarandyklaryna begenip, Nazara ýüzlendi: - Nazar! Birki adam iber-de, Annahal gökjäniñ sürüsinden birki işşegi alyp gaýdyñ, munu adamlar bilen bellemek gerek - diýip, buýruk berdi. Bular tä ýarygijä çenli Polat hanyñ howlusynda oturdylar. Amanguly NURLYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||