PUBLISISTIKANYŇ BATLY GADAMLARY
Çeper döredijiligiň hil taýdan üýtgemegi hemişe adamzat durmuşynda düýpli özgerişleriň bolmagy bilen bagly bolýar. Merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň başda durmagy bilen milli döwletimiziň döremegi, halkymyzyň asyrlar arzuwy bolan özbaşdaklygyny, erkinligini almagy bütinleý täze mazmunly edebiýatyň döremegine, rowaçlanmagyna sebäp boldy. Durmuşda uly öwrülişik bolan wagtlarynda poeziýa žanry edebi döredijiligiň beýleki žanrlaryndan saýlanyp öňe düşýär, ol ýüze çykan her bir täzelige bada-bat seslenýär. Täze döwürde-de ýagdaý şeýle boldy. Şahyrlarymyz erkinligimiziň, özbaşdaklygymyzyň ilkinji jarçylary boldular. Olar Saparmyrat Türkmenbaşynyň halkymyzyň maňlaýyndan dirän, ony bagt atyna atarýan beýik ideýalaryny çeper sözlere ýugrup ile ýaýdylar.
Bu döwürde edebiýatymyzyň taryhynda käbir žanrda düýpli özgeriş boldy. Bu, ozaly bilen, çeper publisistika žanryna degişlidir. Dogrusy, bütinleý täze mana eýe boldy. Ol iň operatiw žanrlaryň biri hökmünde orta çykyp, poeziýa bilen egin deňedi. Iň okalýan žanrlaryň birine öwrüldi. Ol özüniň ideýa-çeperçilik mümkinçilikleri babatda-da, täsirliligi babatda-da, gyzyklylygy babatda-da, özüne çekijiligi babatda-da hiç bir žanrdan kem däldigini subut etdi. Dogry, bu žanr öň hem bardy. Emma oňa şeýle bir üns berlip durulmazdy. Oňa gündelik wakalary habar berýän ýazgylar hökmünde seredilerdi. Onuň uly ideýa-çeperçilik mümkinçilikleri hakda pikir hem edilmezdi. Ol elujyndan ýazylýan zatlaryň hataryna goşulardy. Emma biziň döwrümiz bu žanry bütinleý täzeden döretdi. Ony edebiýatymyzyň täze döwürdäki gazanan üstünligi derejesine ýetirdi. Ol okgunly öňe gidýän, täzeliklere baý durmuşy, onuň batly gadamlaryny real hem täsirli suratlandyrmaga özüniň ukyplydygyny subut etdi. Biziň erkin, özbaşdak baky bitarap Döwletimiziň durmuşyň ähli ugurlarynda gazanýan ägirt uly üstünlikleri, aklyny haýran edýän, gurýan, döredýän zatlary, halkyň aň-düşünjesiniň bütinleý täzelenişi, milli, ruhy oýanyşlar hut şeýle žanryň zerurlygyny orta çykardy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sapar Öräýew indi ençeme ýyl bäri «Prezidentnama» atly publisistik poemasyny ýazyp ýör. Bu özboluşly eseriň ilkinji kitaplary okyjylara ýetirildi. Poemanyň ýazylan baplary çeper publisistikanyň durmuş hakykatyny giňden hem dogruçyl açyp görkezmekde ägirt uly mümkinçiliginiň bardygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. Poemada özbaşdak, erki Döwletimiziň öňe garşy okgunly edýän ädimleri Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň türkmen durmuşyna ornaşdyrýan görlüp-eşidilmedik täzelikleri, halkymyzyň milli buýsanjyna, watançylyk duýgularyna gop berşi yzygider, täsirli yzarlanýar. Poema dowam edýär. Ondaky wakalar döwür bilen, bagtyýar döwletimiziň batly gadamlary bilen deň ösýär. Bu publisistik poema özi hakyndaözbaşdak, ýörite gürrüň edilmegitalap edýär. Şeýle bolansoň tutuşlygyna publisistik häsiýetli eserler hakdaky pikirlerimiziň ýumagyny çöşläliň. Ýokarda eseri hakda söz açan awtorymyzdan daşlaşman, onuň «Türk topragyndaky tolgunma» atly publisistik eserine seredip göreliň. Bu eser öňki döwürlerde ýazylýan publisistik makalalardan bütinleý tapawutlanýar. Onda ekzotika kowalaşylmaýar, ýurduň daşky täsinliklerini ýazyp görkezmek bilen çäklenilmeýär, Sapar Öräýew eserinde düýpli pikirleri gozgaýar. Olar okyjyny öz geçmi- şini ýatlamaga, oýlanmaga, köp zatlara täzeçe seretmäge mejbur edýär. Her bir eser haýsy žanrda ýazylandygyna garamazdan, okyjyny oýlandyryp, onuň öz geçmişini, başdan geçiren zatlaryny ýatladyp, garaýyşlarynyň täzelenmegine, giňelmegine hemaýat, edip bilýän bolsa, beýle eseriň gadyr-gymmaty bir başga bolýar. Sapar Öräýew eserinde, ozaly bilen, totalitar sistemasy döwründe höküm süren çäkli, ýöntem garaýyşlaryň köklerini açyp görkezýär.
Daşary ýurtly adamlaryň proletariatdan özgesi biziň synpymyzyň, biziň gurluşymyzyň duşmanlary hökmünde häsiýetlendirilip gelindi. Diňe biziň synpymyzyň adamlarynyň adalatly, bagtly jemgyýetde ýaşaýandygy, diňe biziň gurluşygymyzyň ýeke-täk dogry gurluşykdygy, beýleki ýurtlaryň adamlarynyň garaýyşlarynyň bize duşmançylyklydygy hakdaky ýöntem düşünje halkyň aňyna yzygider guýuldy. Şeýlelikde, beýleki ýurtlaryň adamlary bilen biziň ýurdumyzyň adamlarynyň arasyna hytaý diwary çekildi. Netijede 70 ýylyň dowamynda şol ýöntem, dar düşünje adamlaryň aňyna şeýle bir çuň ornaşdy welin, olar başga bir hakykatyň bardygyny asla göz öňüne-de getirip bilmediler. Bu jümleden söz açyp, Sapar Öräýew şeýle ýazýar:
«Onýyllyklaryň dowamynda bizden gizlenýän zat eýle-beýle däl eken, uly-uly ýurtlar, uly-uly halklar gizlenilen eken. Dogry, dürli ýurtlar, dürli halklar hakda biziň düşünjämiz bardy. Biz olar bilen haýsydyr bir suratlar, eserler, onda-da rugsat edilenleri arkaly üzlem-saplam tanyş bolardyk. Emma her ýurduň durmuşy, halky hakda, il aýtmyşlaýyn, eliň aýasyndaky ýaly aýdyňlyk hem açyklyk ýokdy. Olar bize ýat ýurt, ýat halk hökmünde suratlandyrylýardy. Olar tarapyndan hemişe howp abanýan ýaly edilip görkezilýärdi. Haýsy halk hakynda gürrüň edilse-de, olar ýabany ýalydy, medeniýetden, ynsanperwerlikden daşda tutulyp gürrüň edilýärdi. Şeýdibem her ýürekde şübhe şineläp, ol gitdigiçe gazaba öwrülýärdi. Onsoň ol ýurtlara gitmek, olaryň adamlary bilen duşuşmak meýline ymtylmak. hem ýokdy. Setanda-seýranda daşary ýurtdan birdir-ikidir adam gelse-de, bellenilen adamlardan başga adam olara golaý barmaly däl- di, görşüp-gürrüňleşmek diýen zad-a aňynda-da aýlamak bolanokdy. Olara garaýyş garasy ýokjak gazana garaýyş ýalydy. Özümiz güýçli bolmasak-da, düşündirişimiz güýçlüdi. Ol diňe bir ýat ýurtlary, ýat adamlary däl, dürli sebäpler bilen biri-birinden jyda düşen doganlary-da biri-birine ýagy edip goýmagy başarypdy». («Garagum» žurnaly, № 10, 1995, 31 sah.).
Hak aýdylan sözler. Daşary ýurda gidip gelmek bagty her kese ýetdirip duran zat däldi. Eserde dogry bellenişi ýaly, daşary ýurda gitmegi ýüregine beslän adamyň dokumentleri ilik-düwme barlanardy. Gitjekleriň köpüsine dürli bahana tapyp, çet ýurda gidip gelmä- ge idin berilmezdi. Biriniň ata-babasynyň geçmişinden kem tapylsa, ýene biriniň daşary ýurtdaky garyndaşyny bahanalap çet ýurda gidip gelmäge rugsat berilmezdi. Hut şu setirleriň awtoryna-da da- şary ýurtdaky tanamaýan «garyndaşy» sebäpli çet ülkeleri görüp gelmeklik nesip etmändi.
Sapar Öräýew bu publisistik eserinde taryhy kökümiz bir bolan Türkiýe döwleti hakda söhbet açýar. Garaşsyzlygymyzy ilki bolup ykrar eden bu garyndaş döwletiň türkmen halkyna kalby mähir-muhabbetden doly adamlary, gözel ülkesi hakda täsin maglumatlar berýär. Öňki gurluş döwründäki bu halk, bu ýurt barada berilýän maglumatlaryň gyra-ýapa degmeýändigini any faktlar arkaly açyp görkezýär. Ýazyjy türk halkynyň Prezidenti Süleýman Demireliň aşakdaky sözlerini nygtap belleýär:
« -Biz daragtyň şahalary bolsak, Siz biziň kökümizsiňiz. Türkiýede gezeniňizde, öz iliňizde gezen ýaly arkaýyn geziň. Bu ýeri siziň-de iliňizdir» - diýip, Süleýman Demirel doganlyk goluny uzatdy». (Şol ýerde, 33 sah.).
Türk halkynyň baştutanynyň bu mähirli sözleri «Özüňi süýt bilgin, dostuňy gaýmak» diýlen halkyň dana nakylyny ýadyňa salýar. Süleýman Demirel türkmen halkynyň sarpasyny, mertebesini juda belent tutýar. Ol türkmen halkyny köp millionly türk halkynyň asly, köki hasaplaýar. Türkmen halkyna, türkmen adamlaryna ýönekeý türk adamlarynyň-da hormaty, mähri hiç zadyň çeni-çaky däl. Bu barada Sapar Öräýew şeýle ýazýar:
«Ýurt ýolbaşçysynyň sylagy uly bolanda, halkynyň; sylagy-da uly boljak eken. Nirä barsak, güler ýüz biziňki. Elbetde, ýörite çagyrylanlara baryljak ýerlerem öňünden belli. Ol ýerleriň adamlary-da habarly. Onsoň biziň kimdigimizi-de olar bilýärler. Emma belet däl ýerlerde-de Türkmenbaşa, türkmen halkyna goýulýan sylag-serpaýyň juda ägirtdigini her ädimde syzdyk... söwda setlerine baranymyzda-da biz bar ýerde, bar kişide söýgi-sarpany syzdyk... Türkmenistanlydygymyzy gören batlaryna bilýänlerem köp. - Türkmen arkadaşlarymyz gelipdir. Geliň! Geçiň! Çaý içiň! - diýip, olar oturan oturgyçlaryndan turup, ýer berýärler». (Şol ýerde, 37 sah.).
Biz ýaşlykdan Şabendäniň «Gül-Bilbil» dessanyny okap, dünýäde «Stambul» atly ajaýyp şäheriň bardygyny bilýärdik. Emma ony ertekilerde tarypy ýetirilýän gözel şäherdir öýder ýörerdik. Halkymyz Garaşsyzlygyny, Özbaşdaklygyny alandan soň weli Stambul şäheri ertekiler dünýäsinden real dünýä geldi duruberdi. Türkiýäniň iň uly, iň gözel şäherlerinden biri bolan Stambul şäheri halkymyzyň iň köp baryp gelýän şäherleriniň birine öwrüldi. Sapar Öräýew eserinde bu ajaýyp şäheriň gözel keşbini ähli täsinlikleri, geň-enaýylyklary bilen göz öňümizde janlandyrýar:
«Türk topragynda gabat gelýän hemme zat biziň üçin täsindi, bar zady, bar ýeri göresimiz, synlasymyz gelýärdi. Emma ol mümkin däldi. Diňe Stambul şäherinde ýaşaýan ilat on iki milliona ýetýär. Şonça adam ýaşaýan şäheriň nähili giňişlige ýaýylyp ýatanlygyny, olardaky ymaratlary göz öňüne getirmegem mümkin däl. Olaryň üstüne edara, kärhanalary-da, okuw jaýlaryny-da, söwda setlerini-de goşsaň, ymarat bolup duran näçe giňişlik emele geler. Diňe olaram däl. Köçelerem, olarda dürli tarapa süýnüp ýören dürli kysymly awtomobillerem nazaryny egläniňe degýär. Ýöne gynansak-da, oňa wagt ýok.
Köp adamly, köp hereketli, köp zatly şäherde oduk-buduk zyňyndylaram gabat geläýjek ýaly welin, emma gabat gelenok. Baran ýeriň, gören ýeriň arassa. Ýogsam bu şäherde-de morožnide iýilýär, çilimem çekilýär. Ýöne olaryň gabynyň taşlandysyna gabat gelmersiň. Hatda çilimiň taşlanan galyndysy-da gabat gelenok». (Şol ýer- de, 37 sah.)
Sapar Öräýew diňe şäheriň gözelligini, arassalygyny, nepis ymaratlaryň özünde galdyran ajaýyp täsirlerini bellemek bilen çäklenmeýär. Ýazyjy ol ýerde ýaşaýan adamlaryň ýokary medeniýetli, sabyr-takatly, sowukganly, eserdeň, mylakatly adamlardygyny aýratyn nygtaýar.
Türkiýe ajaýyp kurortlaryň mekany. Bu ýurduň aklyňy haýran edýän kurortlary az däl. Sapar Öräýew şeýle kurortlaryň biri bolan «Guşlar adasy» hakda-da täsin maglumatlar berýär. Ol gözelligiň nusgasy bolan kurortyň eýeleriniň türkmen adamlaryna goýýan hormatlaryna özüniň çäksiz minnetdarlygyny beýan edýär.
Ýazyjy türkmen halky bilen asyl kökleri bir bolan türk halkynyň arasyndaky gün-günden pajarlap ösýän beýik dostlugy Saparmyrat Türkmenbaşynyň alyp barýan pähim-paýhasly, öňden görüji, dana syýasatynyň netijesi hasaplaýar.
Sapar Öräýewiň «Maryda joşan mähir» atly publisistik oçerki çuňňur lirizme ýugrulanlygy bilen tapawutlanýar. Bu eserde publisistika bilen lirika alaçaly ýag ýaly gatyşýar. Haýsy žanr bolsa bolsun, tapawudy ýok. Ol ýazyjylyk ussatlygyny talap edýär. Sebäbi her bir eseri hakyky eser edýän zat ýokary çeperçilik. Sapar Öräýew publisistik eserlerinde-de şu hakykata gol ýapýar. Ol özüni joşa getiren duýgularyny şahyrana suratlandyrmaga aýratyn ulyüns berýär. Ol her bir pikirini obrazly dilde, täsirli formada okyja ýetirmäge çalyşýar. Şonuň üçin publisistik oçerkiň käbir pursatlary goşgy setirlerinden sähelçe hem kem oturmaýar. Ýekeje mysal:
«Eserimiň gahrymany, il-günümiň Mähribany, dünýä ýetjek mähri bary, ajap köňül şähri bary, iň paýhasly pähmi bary, iň durnukly ähdi bary, şady-horram şähdi bary - mährem Saparmyrat Türkmenbaşynyň baran ýeri ala-ýaz, baran ýeri toý-tomaşa! Şeýle serdary-da türkmen halky, türkmen topragy hiç haçan görmändi! Mary topragynda tutulan toý göz öňümde, il-günüň şatlygy ýüregimde. Saparmyrat Türkmenbaşa goýulýan sarpa bolsa serimi serhoş edip, ýüregimi bökdürip dur». («Edebiýat we sungat» gazeti, 1993-nji ýylyň 17-nji dekabry).
Ýokarky gürrüňlerden mälim bolşy ýaly, oçerkde Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýurdumyzy gülletmek üçin janyny gaýgyrman bitirýän ägirt uly işleri, onuň il-günüň ýüregine barýan ýol-ýodany tapyşy, uly adamkärçiligi, çensiz-çäksiz kiçigöwünliligi, ynsanperwerligi hakda söz açylýar. Elbetde, Saparmyrat Türkmenbaşynyň Diýarymyzyň keşbini özgertmekdäki uly tagallalary, onuň adynyň dilleriň senasyna öwrülendigi hemmelere belli. Bu ýerde ýazyjynyň oçerkçi hökmündäki ussatlygy şol amala aşyrylýan abyrsyz işleriň, halkyň serdara bolan söýgüsiniň täsin syrlaryny täsirli obrazly açyp görkezişinde ýüze çykýar.
Elbetde, öňki sistema döwründe çagşan ýurdy dikeltmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Iň esasy-da ähli zady täzeden başlamaly. Tarpdan ýol salmaly. Munuň üçin bolsa töwekgellik, batyrgaýlyk, atyň kellesi ýaly ýürek, Saparmyrat Türkmenbaşynyňky ýaly ýiti pähim-paýhas, öňden görüjilik gerek. Oçerkiň awtory bu hakykaty täsin obrazly formada, täsirli beýan etmegiň ebeteýini tapýar:
«Saparmyrat Türkmenbaşy taýýar korabla-da eýe bolmady. Ol ony täzeden gurmaly boldy. Onda-da öňki korabldan üýtgeşik edip gurmaly boldy. Özem jaý-parahat ýagdaýda, howlukman däl-de, alňasap, ýüzüniň ugruna, gomlaryň arasynda ýüzüş edýärkä gurmaly boldy. Sebäbi ol korabl kenarda däldi, okeanyň ortarasyndady. Tutuş bir ýurduň halky, çaga-çugasy, mal-garasy, öý-öwzary bilen onuň üstündedi. Olary ynjytman, arzyly ýere ýetmekde iş bardy. Üstesine kapitanyň kömekçileri-de ýüzüşde uly tejribe toplan adamlar däldi. Olar ony ýüzüşiň dowamynda toplamalydyrlar. Şeýle ýagdaýda ýüzüş etmek juda agyrdy. Şuňa garamazdan korabldakylaryň hemmesi jebis, ysnyşykly bolsa, biribirini goldasa, ruhy taýdan ýokary bolsa, kapitana ýüzüş etmek ýeňil düşjekdi. Emma juda beýle däldi» (Şol ýerde).
Ýazyjynyň obrazly sözler arkaly suratlandyrýan simwoliki korably biçak ezber, ussat, juda uzaklary görüp bilýän kapitanyň eline düşdi. Şonuň üçin-de ol ýalňyşman, ýoluny ýitirmän diňe ýagty kenara tarap ýüzdi. Bu ýolda duş gelen, duş gelýän garşylyklar, päsgelçilikler sabyrly kapitanyň daş ýarýan pähim-paýhasy, parasatly öňdengörüjiligi arkaly ýeňildi. Ol korabla diňe üstünlikler ýar boldy. Ol ezber kapitan bu korablyň adyny arşa göterip, şan-şöhratyny bütin dünýä ýaýdy. Bu obrazly pikir tutuş publisistik oçerkiň durkuna, süňňüne siňdirilýär. Oçerkiň awtory Garaşsyzlygymyzy bahar paslyna meňzedýär. Bahar paslynyň tebigaty, jümle-jahany oýandyryp, ony gözel görke getirşi ýaly, Garaşsyzlygymyzam durmuşymyzyň ähli ugrunda görlüp-eşidilmedik täzelikler döretdi. Halkymyza onuň asyrlarboýy toplan ruhy baýlyklaryny, kemala getiren asylly däp-dessurlaryny, dini-ygtykatlaryny gaýtaryp berdi. Oçerkde halkymyzyň maddy hem ruhy durmuşynda bolup geçen beýle belent özgerişler, ol özgerişleriň sakasynda duran, olary aýdyň ýola ugrukdyran Saparmyrat Türkmenbaşynyň merdana keşbi juda aýdyň, täsirli, her bir ýürege baryp ýeter ýaly edilip şekillendirilýär. Şeýle-de bolsa, oçerkiň awtory sadalygy, kiçigöwünliligi elden bermeýär. Garaşsyzlygymyzyň durmuşyň dürli ugurlarynda berýän miwelerini, parasatly Serdarymyzyň durmuşa ornaşdyrýan täsin täzeliklerini, bitirýän abyrsyz işlerini obrazly suratlandyryp, ile ýaýmakda entegem bärden gaýdýandygyny kişi kimin boýnuna alyp şeýle ýazýar:
«Merhemetli Prezidentimiz, onuň batyrlyk bilen getiren Garaşsyzlygy, durmuşa geçirýän çäreleri bilen bagly döreýän dür-däne pikirler, ajaýyp duýgular söz bilenem, saz bilenem, owaz bilenem wasp edip aňyrsyna çykar ýaly däl. Tutuş kalbyň bilen oňa uýanyňdaşonuň belentligini ýürekden duýanyňda muňa anyk göz ýetirmek mümkin. Haýsy ugry göz öňüne getirseň, biri-birinden täsin, biri-birinden özüne çekiji täzelikler seni albaý bulap çagyryp dur.
Goşgynyň özüne siňdirýän, sygdyrýan täzeligi köp. Özem sesden-de çalt uçmaga ukyply. Şoňa atlanybam men Serdarymyzyň galan belentligine wagty bilen galyp, geçen menziline golaýlaşybam bilemok. Ýogsa diňe bir goşgy ýazmak bilen çäklenmän, poema-da ýazdym. Üstesine publisistik makalalara-da baş goşýan. Şonda-da Merhemetli Prezidentimiziň uçuşlaryny, il-güne edýän ýagşylyklaryny ýazyp ýetişip bilemok. Kalbym edil müň bir derýa guýýan deňiz ýaly dyňzap dur». (Şol ýerde).
Awtor oçerkinde başga bir täsin pikiri-de obrazly formada okyjylara ýetirýär. Mälim bolşy ýaly, her bir halk öz meşhur şahslary bilen beýik. Her bir halk özüniň taryhda yz galdyran beýik şahsyýetleri bilen tanalýar. Gadymy halklaryň biri bolan türkmen halky-da taryhy şahslara baý. Türkmen halkynyň taryhynda-da dabarasy dag aşan şalar, uly iş bitiren hanlar, batyr serkerdeler, beýleki atly adamlar az bolmandyr. Olaram häzirki döwürde garysyna galdy. Olaryň her birine özüniň taryhda, halkyň öňünde bitiren hyzmatlaryna görä sarpa goýulýar. Olar baradaky adalat dikeldilýär. Bu-da biziň Garaşsyzlygymyzyňmiweleriniň biri.
Emma geçmişde ýaşap geçen şalar, hanlar, serkerdeler, ýurt soran kişiler her näçe uly iş bitiren bolsalar-da, türkmen halkynyň ählisiniň agyz-dilini birikdirmekde, bitewi, özbaşdak, erkin, gazaşsyz döwlet döredip, ähli halkyň rysgyny bir suprada eda etmekde Saparmyrat Türkmenbaşynyň galan belentligine galyp bilmediler. Şu hakykaty-da Sapar Öräýew obrazly dil bilen, teswirleýär.
«Men Prezidentimiz bilen bagly başga bir beýikligi şu ýerde aýtmakçy. Serdarymyza bar mähri joşan Marynyň Üçdepedäki toý dabarasynda üýtgeşik bir waka boldy. Asyrlary, onýyllyklary yza serpip, her döwrüň öz hökümdary, belli adamlary öňe çykdy. Ol ýerde Soltansanjaram, Gowşut hanam, Güljemal hanam, garaz, Mary welaýatynda belli bolup öten han-begleriň hemmesi diýen ýaly yzly-yzyna çykyp, Saparmyrat Türkmenbaşa baş egip tagzym etdiler. Şonda olar: «Biziň başarmadygymyzy Siz başardyňyz. Biziň gan döküp getirip bilmedik garaşsyzlygymyzy Siz getirdiňiz. Biziň bir saçagyň başyna jemläp bilmedik halkymyzy Siz jemlediňiz. Size Aperin! Biziň barymyz Siziň öňüňizde, bitiren beýik gahrymançylygyňyzyň öňünde başymyzy egýäris!» diýip, Serdara ak ýol arzuw etdi- ler». (Şol ýerde).
Sapar Öräýewiň «Bolçulyk badalgasy» atly uly publisistik oçerki-de iňňän möhüm meselä bagyşlanýar. Ol Merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň 1996-njy ýylyň dekabr aýynyň ortasynda geçiren uly döwlet maslahatynyň täsirinde ýazylypdyr. Mälim bolşy ýaly, bu maslahatda Saparmyrat Türkmenbaşy oba hojalygyny üzül-kesil ýokary götermegiň anyk ýollaryny kesgitledi, kemçilikleri düzetmegiň aýdyň çärelerini belledi. Ýeri hak eýelerine bermegiň zerurlygyny nygtady. Bu ýygnak oba hojalygyny belli-külli ösdürmegiň badalgasy boldy. Saparmyrat Türkmenbaşy her bir daýhana, maşgala onuň eýgerip biljek ýerini berip, ondan bol hasyl almagyň hakyky ýollaryny salgy berdi. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky takyk görkezmeleri hemmeleriň göwnünden turdy. Onuň oba hojalygynyň öňünde duran meseleleri juda inçeden seljerişi, daýhan adama biçak ýakynlygy, her bir daýhan barada edýän aladalary adamlarda uly täsir galdyrdy. Sebäbi olar daýhan hojalygynyň ykbalyny çözdi. Onuň bol-elinlige tarap barýan ýoluny ýagtylandyrdy. Sapar Öräýew şu jümleden söz açyp, şeýle diýýär:
«Sarpaly Serdarymyzyň il-güni bolelinlikde ýaşatmak üçin, işlejekleri höweslendirmek üçin edýän gözlegleriniň aňry çägi ýok. Özüniň geçiren Uly Döwlet Maslahatynda bellän çäreleri aýyl-saýyllygy ýol saldy. Onda-da aýgytly ýol saldy. Ol bu ugurda uly aýgyt boldy. Indi daýhan kim bilen nähili iş salyşmalydygyna içgin belet. Oňa dökün bermelem, suw bermelem, tehnika bermelem... her daýhan üçin belli. Onuň elinde takyk baglaşylan şertnama bar. Şol şertnama esasynda işlemek daýhanyň ýoluny açdy, aradaky düşnüksiz böwetleri böwüsdi. Indi ýolbaşçylar olara diňe kömek etmek bilen meşgullanmaly. Daýhanyň özi özüne hojaýyn. Onuň ýetiş-diren hasylyny-da hut öz üstüne gelip aljaklar. Gazananynyň segsen prosenti daýhanyň özüne degişli. Berilýän dökün, tohum bilen beýleki tehniki hyzmatlaryňam ýarysyny döwlet öz üstüne aldy. Şol çäreleriň durmuşa geçirilişine, onda-da öz wagtynda takyk ýerine ýetirilişine Merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşymyzyň gös-göni özi gözegçilik edýär. Kärendesine, hususyýetçilige ýer alan adamlaryň ýüzlerçesine şahadatnamany hut onuň özi gowşurdy. Hawa, Sarpaly Serdarymyzyň geçiren Uly Döwlet Maslahatyndan başlap, daýhan dünýäsiniň howasy düýpgöter üýtgedi. Daýhanlaryň kalbynda höwes fontany atylyp, asmana çykdy. Indi olaryň arasynda edilýän gürrüňlerem bol hasyl almaga hyzmat etjek gürrüňler. Tüýs daýhanyň diýeni geldi. Täzeden berilen ýere bolan yhlas juda köpleriň kalbynda köwsarlap ugrady. Özlerem birläp-ikiläp däl, onlap ýere hyzmat etmäge yhlaslylar artyp başlady. Mähriban serdarymyz şeýle isleglere-de ýol açdy» («Edebiýat we sungat» gazeti, 1997-nji ýylyň 11-nji apreli).
Saparmyrat Türkmenbaşynyň sözlerinde oba hojalygynyň geljekki ösüş ýollary jikme-jik iňňän aýdyň beýan edilýär. Sapar Öräýewiň oçerkinde bolsa meseläniň ahlak, ruhy taraplary töwerekleýin açylyp görkezilýär. Beýik Serdarymyzyň öňe sürýän oba hojalyk programmasyny üstünlikli amala aşyrmak üçin ähli şertleriň bardygy obrazly dilde täsirli suratlandyrylýar. Oçerkiň awtory il içinde ýörgünli bolan «bagt guşy», «döwlet guşy» diýen ýaly pähimlere ýöne ýere ýüzlenmeýär. «Bagt guşy-da», «döwlet guşy-da» parahat, asuda, agzybir halkyň ýarany. Ýazyjy Türkmenbaşynyň tagallalary bilen Diýarymyzda barha berkeýän, köklerini has çuňluklara ýaýradýan asudalyga, parahatlyga, agzybirlige ýürekden guwanýar. Olary «bagt guşynyň», «döwlet guşynyň» gonmagynyň, göz öňünde tutulýan beýik programmalaryň, oba hojalygyndaky täze başlangyçlaryň amala aşyrylmagynyň ähtibarly girewi hasaplaýar.
Elbetde, «bagt guşy-da», «döwlet guşy-da» ýeňil gonmaýar. Ol uly tagallalary, gujur-gaýraty doly tijemegi talap edýär. Ýazyjy gahrymançylykly geçmişli, gadymy, asylly halk bolan türkmen halkynyň-da gujur-gaýratynyň, ar-namysynyň, mertebesine sarpa goýşunyň, minnetsiz ýaşamaga bolan endigiň dünýäniň hiç bir halkynyňkydan pes däldigini, gaýrata galsa, gallanyň, beýleki ekinleriň bol hasylyny-da hiç bir halkdan pes öndürmejekdiklerine berk ynanýar. Bu babatda adamlaryň gaýrat, hyjuw damarlarynyň oýanmagyna täsir eder ýaly sözler tapyp, şeýle ýazýar:
«Geçen ýyl dänäniňem, pagtanyňam bary-ýogy üçden bir bölegi alyndy. Şol sebäpli-de Türkmenbaşymyz 800 million dollarlyk galladyr uny daşary ýurtdan satyn alyp getirdi. Şonça gyzyl pul başga hajatlarymyz üçin ulanylanda, ýurdumyz nähili çalt güllärdi! Men şol hakda oýlanyp, oturanlary ýuwaş-ýuwaşdan gözden geçirdim. Daşary ýurtlarda bolanlygym üçin olarda ýaşaýan adamlaryda göz öňüme getirdim. «Özlerinden artdyryp, daşary ýurda galla çykaryp bilýän şol adamlardan biziň adamlarymyzyň boýlary pesmi, el-aýaklary gysgamy, akyl-huşy azmy?» diýen soraglaryň birine-de «hawa» - diýip jogap berip bilmedim. Sebäbi zalda oturanlaryň her biriniň ýagyrnysy aştagta ýaly ýap-ýasydy. Eginleri galyp duran gerdenlik-gerdenlik pyýadalardy. Özlerem Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň nebereleridi». (Şol ýerde).
Dünýäde hiç bir zat zähmetsiz, öz-özünden döremeýär. Bolçulygam, eşretli durmuşam emele gelmeýär. Amerika, Ýaponiýa ýaly ýurtlarda halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarylygy hakda köp gürrüň edilýär. Emma ol ýurtlarda halkyň işjeňligi, şol ýaşaýyş derejäniň diňe zähmet bilen gazanylýandygy weli, köplenç, göz öňünde tutulmaýar. Hiç bolmanda ýurdumyzda zähmet çekýän türk işçilerini göz öňüne getirip görüň! Olaryň zähmet çekişine, öz edýän işiniň öňünde jogapkärçilik, duýşuna haýranlar galaýmaly. Olar her minutyny eşrepi ýaly tutýarlar. Bizde weli öňki totalitar sistemasy döwründe işden daşlaşan, işlemän hak almaga endik edinen adamlar az bolmady. Umumy häsiýetli, kollektiwleýin iş bolansoň, adamlaryň ençemesi işe bütin durkuň bilen ýapyşmalydyr hem öýtmediler. Dogrusy, işjeňlige, işewürlige başga, ýagny ters many berlen mahallary-da boldy.
Şeýle bolansoň, häzirki döwürde-de şol köne endiklerden saplanyp bilmedik adamlar-da gabat gelýär. Bu kysymly adamlar özi hiç iş bitirmese-de, durmuşdan nägile bolýar. Özi döwlete, halka hiç zat bermese-de, özi döwletden, halkdan köp zat tamakin.
Biziň ýurdumyzyň uly tebigy baýlyklary, giň territoriýasy bar. Özümize zerur gallany aňryýany bilen öndürmek mümkin. Munuň üçin diňe tagalla, her kesiň öz ornunda durup, yhlasly zähmet çekmegi gerek. «Alma biş, agzyma düş» diýen ýaly boş hyýallardan el çekmäge wagt ýetdi.
Sapar Öräýew zähmet çeken bilen zähmet çekmedigiň her biriniň berýän netijesini intelligensiýanyň, hut öz durmuşyndan alnan täsin mysal arkaly şeýle görkezýär:
«Mundan bäş ýyl ozal Sarpaly serdarymyz döredijilik işgärlerine daçalyk ýer berdi. Şol ýerden, ýalňyşmasam, bir ýüz kyrk iki ýazyjy ýer aldy. Ýadymda, özem 1991-nji ýylyň 25-nji martynda paýlanyldy. Aýalym Arzygül bilen şol günüň özünde 75 düýp miweli agaç nahalyny oturtdyk. Ýylyň-ýyly köpeldip, iki ýüze ýetirdik. Üç ýarym ýyllap suwam berilmedi. Şonça wagtlap aýlygymyzdan bölüp, hepde-de iki maşyn suw satyn alyp, agaçlaryň düýbüne guýduk. Ýer alanlaryň aglabasy suw berlerine garaşdylar. Suw berlenine üç ýyla gadam basdy. Emma şondan bärem ýeriniň ýele ýanyndan geçmän ýören ýazyjylar bar. Biz bolsa günümizi boş geçirmedik, Elimiz sypynsa, daçada işledik, bag ýetişdirdik. Üzümleri ilki keltejik taýajyklara berkiden bolsak, indi olary dört metr ýokardaky telärlerde-de ýerleşdirip bilemzok. Olar şeýle derejä ýetip, boý aldylar, miwä durdular. Ozal il-günden nahal alan bolsak, indi biz il-güne nahal hödürleýäris. Hawa, mundan 5-6 ýyl ozal nahala mätäç bolup, ýalaňaç ýatan ýerde indi illere nahal paýlamaga mümkinçilik berýän bag döretdik. Ol ýerimizde ösüp oturan diňe bag däl. Kartoşka, sogan, käşir, pomidor, şugundyr, bolgar burçy, baklajan, hyýar ýaly dürli gök önümler ösüp otyr. Indi gyşy-ýazy bazardan ot-çöp almamyz ýok. Bary öz ýerimizde önüp dur. Biz olary gazanjymyzyň azlygy üçinekemzok. Alýan aýlygymyz iýmämize-de, geýmämize-de ýetýär. Eýeleýän ornum, hormatly atlar akja köýnek geýip, buýsanç bilen başymy belent tutup gezmäge maňa doly mümkinçiligem berýär. Ýöne öz eliň, öz deriň bilen ýetişdiren ekininden öz eliň bilen hasyl ýygnamagyň, öz ýetişdiren bagyňdan öz eliň, bilen miwe ýolmagyň adama berýän lezzeti başga». (Şol ýerde).
Oçerkiň awtory hak aýdýar. Ýazyjylaryň daçalyk ýerleriniň gül-pürçük bolup, miwe, hasyl berip oturanlary-da bar. Emma olaryň persini bozman çaňjaryp, gurap ýatanlary-da az däl. Bu ýerde esasy zat. ol daçalyk ýerlere eýelik edýän adamlarda. Ýazyjy bu ýerde ýere, zähmete iki tüýsli garaýşy, iki tüýsli gatnaşygy iňňän aýdyň görkezýär. Emgenmeseň, iki eliňi çyzgap işlemeseň, hiç zat öz-özünden döräberenok. Emma janyna dözüp işlän, zähmet çeken adamnyň elinden dür dökülýär, ol ýere erk edibem bilýär, ondan hasylam alyp bilýär.
Hormatly Prezidentimiz,adamlaryň ýeriň hakyky eýeleri bolmaklaryny, oňa erk etmeklerini, biagyrlyk, bikärlik, hallaň-sallaňlyk ýaly ýaramaz endiklerden el çekmeklerini isleýär. Olary jakypkeşlikli zähmete ruhlandyryp, bol-elinlikde, eşretli durmuşda ýaşatmagy, gurplandyrmagy, hatda päk zähmet arkaly baýatmagy hem göz öňünde tutýar. Munuň üçin edilmeli anyk işleri, görülmeli çäreleri, eýelenmeli belentlikleri janyndan syzdyryp salgy berýär, olaryň aýdyň ýollaryny görkezýär. Oçerkde olar hakda şeýle diýilýär:
«Hawa, türkmen topragynda aýagyňy basan ýeriň bagt. Merhemetli, mährem Prezidentimiziň aýdanlary ara salym salynman amala aşyrylsa, olaryň gözbaşlary joş alyp çogup dur. Şonda-da geleňsizlige, hallaň-sallaňlyga ýüz urup, «Alma biş, agzyma düş» edýänler bar bolsa, olar uly günäniň eýesi. Allatagalla bar zady önüp-ösmeküçin ýaradypdyr. Geleňsizligiň, biagyrlygyň bilen ýere düşmeli, gögermeli tohum ýere düşmän galsa, açylmaly gül açylman, miwelemän galsa, ol onuň üçin külli günä. Tohumlar toprak bilen tapyşanda, ýaşyl öwsüp, ýeriň ýüzune çykýan ösümlikler bagtyň hem bolçulygyň çeşmeler-ä! Mähriban serdarymyz şol çeşmeleri çogdurmak üçin, her kimiň öz goşandyny goşmagy, uly baýlyga eýe bolmagy üçin näçe jan çekýär, jan ýakýar! Onuň belleýän her bir çäresi eşret arygyny akdyrmak üçin uly adalga hem badalga». (Şol ýerde).
Şeýlelikde, bu publisistiki oçerk döwlet, jemgyýetçilik ähmiýetli uly meseleleri gozgaýanlygy, olara gelşikli çeperçilik lybasyny geýdirip bilýänligi bilen ähmiýetlidir.
Sapar Öräýew «Prezidentimiziň perzentleri» atly publisistik oçerkini Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işine bagyşlaýar. Garaşsyzlygymyzy, Özbaşdaklygymyzy alanymyzdan soň döredilen bu partiýany awtor Prezidentimiziň perzendi hasaplaýar. Dogrudan-da, bu abraýly partiýany döredenem, onuň başynda durýanam merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy. Ýazyjy bu partiýaň abraýynyň Prezidentimiziň il içindäki belent abraýyndan gözbaş alýandygyny, şoňa daýanýandygyny ynandyryjy belleýär: «Abraýy ulyadam haýsy guramanyň başynda dursa, şol gurama-da abraýa eýe bolýar. Sebäbi sarpasy uly adamyň tutýan ýoly, alyp barýan işi sarpaly hem adalatly. Kebelegiň ýagta ganat açyşy ýaly, ýagta uçuşy ýaly, ynsanam adalata, asudalyga, agzybirlige, hakykata, eşretli durmuşa baka ganat gerýär. Şeýle adamlaryň yhlas-ylhamyny, hyjuw-höwesini, güýç-gaýratyny bir ýere jemläp, halkyň maksat-myradyna, Watanyň güllemegine gönükdirmekde ýoly aýdyň, maksady aýdyň guramanyň bitirjek işi beýikdir. Ony şol ýola salýanam, maksada baka okgunly hereket etdirýänem ýolbaşçy». («Syýasy söhbetdeş» gazeti, 1994-nji ýylyň 14-nji dekabry).
Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny özüne ýörelge edinen bu partiýanyň gapysy her bir päk ýürekli, Watana, halkyna hyzmat etmäge taýýar adam üçin açyk. Öňki, dagan partiýa wezipä hantama bolnup girilerdi. Sebäbi diňe şol partiýanyň agzasy bolan adama ygtyýarly orunlar berlerdi, diňe şol partiýanyň agzalary wezipe basgançaklaryndan ýokary galyp bilýärdi. Emma şol partiýanyň agzasy bolmadyk adam her näçe päk ýürekli, pähim-paýhasly, halal, guramaçy, iş başarjaň adamam bolsa, wezipäniň ýele ýanyndanam eltmezdiler. Onuň tersine, partiýa agzasynyň weli idili pähim-paýhasy, başarýan işi bolmasa-da wezipä çekilýän, uly orunlary eýeläp oturanlary seýrek däldi. Şonuň üçin dürli ýollar bilen, tanyşlyk üsti bilen, para bermek bilen şol partiýa agza boljak bolýanlar köpdi. Şol galp ýollary saýlan adamlaryň işiniň şowuna düşýänleri, partiýa, agzalygyna geçip, degerli orunlary eýeleýänleri, wezipe basgançaklaryndan çalt ýokary galýanlary az däldi.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy beýle ýollary ret edýär. Ol wezipe wada berip ýa-da adamlary şahsy bähbitlere imrindirip, öz hataryna agzalar toplamak meýlinden daşda. Oçerkiň awtory aýtmyşlaýyn «onuň maksat-myrady barymyza aýan - ol halka, Watana hyzmat etmeli. Özem meýletinlik bilen. Kim oňa meýilli bolsa, kim oňa ak ýürekden hyzmat etmek islese, şolam onuň hataryna girmeli. Mejburlyk oňa ýat. Ýokary wezipeleri wada beribem ol öz hataryny ösdürjek bolanok». (Şol ýerde).
Şeýle-de bolsa, onuň hatarlary, ýazyjynyň belleýşi ýaly, ösüp gidip otyr.
Ýazyjy merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly işleri birin-birin göz öňüne getirýär. Ol işleriň beýik ähmiýetini halka ýetirmekde, Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň many-mazmunyny çuň düşündirmekde, adamlaryň aň-düşünjesinde beýik döwrümize laýyk düýpli özgerişler döretmekde Demokratik partiýanyň uly işler bitirýändigini, amala aşyrmaly işleriniň has uludygyny nygtap belleýär.
Oçerkiň awtory Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna has bolan käbir sypatlary aýratyn duýgurlyk bilen belleýär:
«Biziň Demokratik partiýamyza aýratyn bir häsiýet mahsus. Onuň tutuş durkunda, özüni alyp barşynda, durmuşa geçirýän işlerinde, hereketinde, äheňinde aýratyn mylaýymlyk, aýratyn mähremlik bar. Elbetde, bu ýöne ýerden däl. Sebäbi onuň sakasynda partiýanyň Başlygy merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy dur. Onuň öňe sürýän ýörelgeleriniň, ideýa-syýasatynyň bu partiýanyň alyp barýan bütin işine geçişi ýaly, mährem Prezidentimiziň mähremligi-de oňa geçipdir. Ýürekdeşlik, düşünişmek esasynda alnyp barylýan işe gatnaşmagam ýakymly. Şeýle ýagdaýda hiç kim özüne tabşyrylan jemgyýetçilik işini ýüksünmeýär. Gaýtam ondan lezzet alýar.
Ile-de lezzet paýlap, özi-de lezzet alýan, barha güýje galýan Türkmenistan Demokratik partiýasy hemişe il içinde. Biri-birinden wajyp, biri-birinden göwün göteriji, biri-birinden beýik işler, wakalar bolsa näçe diýseň bar. Diýarymyzyň her säheri täzelik üstüne täzelik bilen dem alýar». (Şol ýerde).
Garaşsyzlygymyzyň batly gadamlaryny wasp etmek Sapar Öräýewiň tutuş döredijiliginiň özeni, leýtmotiwi, Şonuň bilen birlikde ýazyjynyň «Garaşsyzlygyň gadamlary» atly ýörite şu tema bagyşlanan publisistik oçerki-de bar. Her bir hadysa beýleki hadysa bilýän deňeşdirilen mahalynda onuň artykmaçlygy has aýdyň ýüze çykýar. Totalitar sistemasy döwründe halkymyzyň üstüne millet hökmünde ýitip gitmek howpy abandy. Milli guwançlyklarymyz, milli gymmatlyklarymyz gitdigiçe çüpredi. Sapar Öräýew oçerkinde şu aýylganç hadysanyň sebäplerini düýpli açyp görkezýär, Muňa, bir tarapdan, Merkez sebäp bolan bolsa, ikinji tarapdan, öz içimizdäki milli duýgusyny ýitiren, özüniň şahsy bähbitlerinden başga zady bilmeýän ýaranjaň adamlar-da az sebäp bolmady. Olar «ur» diýilse, «öldür» etdiler. Darajyk düşünjeli ol adamlar milli özboluşlyklarymyzdan ýüz öwürmegi, olary harlamagy öňki sistema wepadarlygyň, ygtybarlylygyň alamaty, wezipe basgançaklaryndan ýokary galmagyň serişdesi, ýoly hasapladylar. Şeýle bolansoň, ýazyjynyň aşakdaky sözleri ýüregiňe jüňk bolýar:
«Garaşsyzlyk gelmezden ozal näçe mukaddesligimiz aýak astyna düşüpdi. Halklaryň biri-birine siňip gitmegini ündeýän, şony goraýan, goldaýan syýasat tas biziň millet hökmünde ýitip gitmegimize ge tiripdi. Biz dilimiziň, dinimiziň, däp-dessurymyzyň soňuna sogan ekip barýardyk. Öý goşlarymyzda, geýim-gejimlerimizde dinimize, düýnümize dahylly näme bolsa dynmaga baş goşduk. Köp mukaddesligimizi Merkeziň gatyşmagy bilen gümlesek, köp zadymyzy Merkeze ýaranjak bolan ýerli ýaranjaňlar sebäpli derde ýaramaz ýagdaýa saldyk. Aslymyzdan başlanan ýola ýandak-çeti bitirip, täze ýol, täze ýörelge diýilýäne topuldyk. Topulmadyklary tankyt taýagy bilen ýepbekledik. Has hötjetlerini bolsa köne, zyýanly däp-dessurlaryň daýanjy, täzäniň aýak bagy hökmünde, her näçe talantly adam bolsa-da, körzehin, zyýankeş edip görkezdik, gülbersini goltugyna gysdyrdyk, käbirine gan gusdurdyk. Şeýdibem aslymyzdan arany açyp, ondan daşlaşyp gitdik oturdyk». («Syýasy söhbetdeş» gazeti, 1993-nji ýylyň 22-nji sentýabry).
Sapar Öräýewiň oçerkinde juda dogry belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk özüniň ilkinji ädimlerini halkymyzyň mukaddesliklerini aýaga galdyrmaklyga, goramaklyga tarap ätdi. Saparmyrat Türkmenbaşy deslapdan halkyň ar-namys, milli duýgularyny oýandyrmaga, olary goramaga, galkyndyrmaga aýratyn uly üns berdi. Şeýle pähim-paýhasly, uzakdan görüji hereket öz miwelerini bolluk bilen eçilip başlapdy. Ýurdumyz tutuş gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Dogry, oçerkde jaýdar aýdylyşy ýaly, öňler hem ol ýa-da beýleki gurluşygyň gürrüňi edilerdi. Emma asla soňy gelmezdi. Gurluşyklaryň käbiri bolsa başlanardy-da ýarym-ýalta gurlup, orta ýolda gutarylman taşlanardy. Indi weli ýagdaý bütinleý başgaça. Diýarymyz üçin juda gerek bolan zawod-fabrikler sähelçe mahalda gurlup, önüm berip başlaýar. Ýurdumyzyň keşbi bütinleý özgerip gidip barýar. Bu guwançly faktlar weli öz Watanyny ýürekden söýýän hiç bir adamy-da perwaýsyz goýmaýar.
Sapar Öräýew oçerkinde Garaşsyzlygymyzyň türkmen Diýarynyň daşyndaky germewleri gyryp taşlandygyny, Döwletimiziň indi dünýä ýollary arkaly dünýäniň juda köp ýurdy bilen aragatnaşyk edýändigini has hem nygtap belleýär.
Merhemetli Prezidentimiz halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, onuň bol-elin ýaşamagyny üpjün etmek, ülkämiziň keşbini gözel görnüşe getirmek ugrunda ägirt uly tagallalar etmek bilen çäklenmeýär. Ol halkyň kalbyny, ruhy dünýäsini täzelemek, onda ajaýyp duýgular, joşgunly hyjuw döretmek barada-da güýç kuwwatyny gaýgyrmaýar. Bu barada oçerkde şeýle diýilýär:
«Prezidentimiz türkmen topragynyň her daban ýeriniň halk üçin eşret çeşmesine öwrülmegi barada atalyk aladasyny etmek bilen çäklenenok. Ol adamlaryň kalbyny gözellik dünýäsine öwürmek, olarda birek-birege bolan mähremligi, ynsanperwerligi, howandarlygy, doganlygy, ertire, geljege bolan ynamy berkitmek üçin güýjüni gaýgyranok. Biziň topragymyz baý toprak. Ýöne Prezidentimiziň kalbynyň baýlygy ol baýlykdan has ýokary hem egsilmez. Ol täzeligiň, beýikligiň ündewçisi. Onuň sözlerinde jady bar. Garaşsyzlygymyzyň bady bar. Şonuň üçin hem biz barha gaýratlanýarys» (Şol ýerde).
Sapar Öräýewiň publisistik oçerkleri Garaşsyzlygymyzyň barha ynamly edilýän ädimleriniň, batly gadamlarynyň şahyrana beýany. Ýazyjy oçerk žanrynyň mertebesini beýgeltmäge, ony okyjylaryň söýüp okaýan žanryna öwürmäge degerli goşant goşýar. Ol publisistik eserleriniň diňe mazmunyna däl, eýsem çeperçiligine hem aýratyn uly üns berýär. Ol kyssa setirlerini-de mümkin bolan ýerinde kapyýalaşdyrjak, sazlaşdyrjak bolup dur. Onuň şahyrlygy publisistikasynada doly geçýär. Ol publisistik eserlärinde-de özüni şahyr hökmünde görkezýär.
Jora ALLAKOW,
professor.
# garagum_97
Publisistika