WATANÇYLYGYŇ KÖKLERI
■ hem-de onuň gadymy edebiýatymyzda teswirlenişi
Dürli taryhy döwürlerde agyr külpetleri başdan geçiren, iň gadymy halklaryň biri bolan türkmen halky uzak asyrlaryň dowamynda beýik arzuw-islegler, geljege bolan uly umytlar bilen ýaşap gelipdir. Ol berkarar döwlet gurmak, halkyň agzybirligi, ar-namysy, ýurdunyň parahatçylygy, il-günüň abadançylygy ugrunda göreş alyp barypdyr.
Geçmişde, köplenç, ýüreklerde garran ol mukaddes arzuw-islegleriň, belent umyt-küýsegleriň biziň döwrümizde täzeden janlanyşy, uly güýç bilen durmuşa geçişi hiç kesi biperwaý goýmaýar. Beýik täzeden döreýiş, ruhy hem ykdysady taýdan galkynyş her bir türkmeniň guwanç hem buýsanç duýgularyna bat berýär.
Şeýle bolansoň biziň günlerimizde üstünlikli amala aşyrylýan halkymyzyň beýik arzuw-islegleriniň, umyt-küýsegleriniň, asylly däpleriniň, edim-gylymlarynyň gadymy köklerini öz öňüne getirmek, olary yzarlamak her kimde uly gyzyklanma döredýär.
Gadymy türkmen edebiýatynyň eserleri hasaplanylýan “Oguz-orhon” ýazgylarynda biziň döwrümize gelip ýeten beýik ideýalaryň ençemesini görmek bolýar. Biziň döwrümizde belent sarpa goýulýan, gözüň göreji ýaly garalýan watançylyk ideýasy “Oguz-orhon” ýazgylarynyň hem içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu ýazgylarda suratlandyrylýan taryhy şahslara olaryň halkyň, Watanyň öňünde bitiren hyzmatlaryna garap baha berilýär. Ýazgylarda gahrymançylyga uly sarpa goýulýar. Emma gahrymançylyk öz-özlügindäki zat hökmünde däl-de, Watanyň asudalygy, özbaşdaklygy ugrundaky göreşler bilen baglanyşdyrylýar.iliňöňüne çykan Ilteriş, Bilge kagan, Kultegin, Tonýukuk, Moýun Çor ýazgylarda biçak edermen kişiler edilip şekillendirilýär. Olaryň hereketleri, söweşleri halkyň bagty ugrunda edilýän hereketler, söweşler hökmünde häsiýetlendirilýär. Kaganlaryň ählisi “garyp halky baý etdim, az halky köp etdim” diýýärler. Ýazgylarda ýolbaşçylaryň adyndan aýdylýan bu sözler hem watançylyk ideýalary bilen bagly. Olar halkyň arzuw-islegleri. Döwlet ýolbaşçysynda halkyň görmek isleýän häsiýetleri, sypatlary bar. Ýazgylarda döwlet ýolbaşçylarynyň il-gün üçin bitiren hyzmatlary yzygider nygtalýar.olar açlary doýrup, egni ýukany geýindiren il ýolbaşçysy hökmünde görkezilýär.
“Oguz-orhon” ýazgylarynda häzirki döwürde erkin döwletimizde rowaçalýan aň-bilimi, söwdany, telekeçiligi ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Bu ugurlarda iş bitiren adamlar aýratyn hormat bilen ýatlanylýar.
Türkmen halkynyň beýik eseri “Gorkut atada” watançylyk ähli meseläniň gözbaşynda durýar. Beýleki meseleleriň bir ujy gelip, şu meselä direýär. Türkmeniň beýik häsiýetleriniň geçmişdäki kökleri-de şu mesele bilen baglanyşykly aýdyňlaşdyrylýar. Berkarar döwlet gurup, özbaşdak, asuda erkin ýaşamak üçin ähli halkyň tagallasy gerek. Her bir adam döwleti goldamaly, onuň rowaçlanmagyna hemaýat etmeli. Şu pikir tutuş eseriň süňňüne siňdirilýär. Salyr Gazanyň öýüniň duşmanlar tarapyndan talanyşyny suratlandyrýan boýundaky Garaja çopanyň obrazyny göz öňüne getirip görüň. Ol ýönekeý çopan, zähmetkeş adam bolsa-da, onuň watançylyk duýgusy joşup dur. Ol Watanyny öz başyndan-da belent tutýar. Ol mallaryň kesekiniň eline düşmegine, ýurdunyň adamlarynyň ýesirlikde duşman elinde horlanmagyna sähelçe-de dözüp bilmeýär. Şonuň üçin ähli gujur-gaýratyny tijäp, talaňçylygyň garşysyna göreşip, watançylygyň beýik nusgasyny görkezýär.
Eserde kimdigine seretmezden, her bir adam döwleti goldar ýaly, Watany gorar ýaly sypatlary özünde terbiýelemeli diýen pikir örboýuna galýar. Şeýle bolansoň, eserde gahrymançylygyň iň küýselýän häsiýet hökmünde öňe sürülmegi ýöne ýeredäl. Sebäbi Watanyň asudalygyny goramak üçin gerek ýerinde gahrymançylyk görkezmäge ukyply Garaja çopan ýaly adamlar köp bolmaly. Gahryman bolmak üçin sagdyn, gujurly, taplanan, gaýratly pälwan, batyr bolmaly. Garaja çopanda şu sypatlaryň ählisi bar. Hut şonuň üçin-de ol talaňçy duşmanlara aýgytly zarba urup, türkmen batyrynyň gaýduwsyzlygyny, ýanbermezligini, watançylygyny görkezýär.
Eseriň köp ýerinde beden taýdan sagdynlyk, güýçlülik gahrymançylygyň ilkinji şertleri hökmünde suratlandyrylýar. Birinji boýuň gahrymany Bugaç beden taýdan sagdynlygy, güýçlüligi bilen uly abraý gazanýar. Ol on bäş ýaşly oglan mahalynda äpet buga bilen göreşip, ony ýeňýär. Bugany ýeňip, ile özüni gahryman hökmünde tanadýar. Hut şonuň üçin onuň atasy Derse han oňa öz ýanyndan orun berýär, ony özüniň baş daýanjy hasaplaýar. Gorkut ata bugany ýeňip, edermenlik görkezeni üçin oglana Bugaç diýip at goýýar. Hut şu ýerden-de Buganyň geljekki gahrymançylykly hereketleri başlanýar. Ol atasyny azat etmek üçin uly gahrymançylyk, mertlik görkezýär.
“Gorkut ata” eposynyň ähli ýerinde adamyň mertebesi onuň Watanyň, il-günüň öňünde bitiren hyzmatlary bilen ölçelýär. Ýigit adyny-daiş bitirip almaly. Iş bitirmedik, hyzmat görkezmedik oglana at hem dakylmandyr.
Ol döwürde patyşa, han saýlanmak üçin-de iş bitirmeli. Salyr Gazan ogly Oraza ýüzlenip şeýle diýýär: “Oguzda uruş görmedik, tejribesiz adamyň şöhraty bolmaz. Sen oglum, söweşlerde bolmadyň, tejribäň ýok, menden soň oguz begleri täji – tagty saňa bermezler”.
Atasynyň şu sözleri Orazyň namys damarlaryny oýarýar, ony gaýrat atyna atarýar, ol atasynyň, il-günüň ynamyny gazanmak üçin uly işler bitirip, gahrymançylyk görkezýär.
Diňe bir beýle uly derejeli däl, eýsem meýlislerdäki oturýan ornuňy-da halkyň, Watanyň üçin iş bitirip, hyzmat görkezip almaly. Bu babatda eserde täsin mysal bar. Ol şeýle:
“Egrek Baýandur hanyň begler begi Gazanyň diwanyna päsgelsiz baryp gelerdi. Bir gün Egrek oturanlary basyp geçmekçi bolanda, Ters Uzamyş diýen biri: “Öwşün Goja ogly, bu oturan begleriň her biri ýerini gylyjy bilen, ekmegi bilen alandyr. Sen baş kesdiňmi, gan dökdüňmi, ajy doýurdyňmy, ýalaňaja don berdiňmi?” diýdi”.
Hut şu sözler hem Egregiň gahrymançylykly hereketler etmegine, iş bitirmegine sebäp bolýar.
“Gorkut ata”eserinde çuňňur watançylyk duýgusy gelin-gyzlaryň obrazlary arkaly-da teswirlenýär. Şeýle bolansoň, gahrymançylyk, edermenlik, gaýduwsyzlyk, gerek bolsa ata çykmak, mertlik ýaly sypatlar gelin-gyzlara-da mahsus. Gelin-gyzlar hem bu babtda erkek kişilerden kem oturmaýarlar. “Gazan begiň ogly Oraz begiň tussag bolmagy boýunda" Burla hatyn kyrk sany inçe billi oguz gyzyna baş bolup, batyrlarça söweşip, urşa girýar.
Eseriň “Gaňly Goja ogly Hantöreli boýundaky” Sylyjan hatynyň obrazynda gahrymançylyk, paýhaslylyk, seresaplylyk, adamkärçilik ýaly sypatlar täsin bir görnüşde utgaşýar. Adamsy uklanda, Sylyjan hatyn uklaman, ata münüp, gylyjyny alyp taýýar bolup durýar. Ol duşman bilen söweşde batyrlygyň, gahrymançylygyň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Eserde Sylyjanyň söweşdäki gaýduwsyz hereketleri täsin çeperçilik serişdeleriniň üsti bilen şekillendirilýär. Ýekeje mysal:
“Sylyjan hatyn muny beýle gördi, içine ot düşdi. Bir bölek gaza laçyn daran kibi duşmana at saldy, ol ýüzüniň ugruna öňünden çykanlary bir ujundan gyryp, ol ujuna çykdy”.
Sylyjan hatyn söweş meýdanynda örän paýhasly hereket edýär. Ol gaçany kowmaýar, aman diýeni öldürmeýär. Sylyjan gelen sansyz duşman goşunyny yzyna gaýtaryp, adamsyny halas edýär. Emma Hantöreliniň göwünde güman döreýär: “Gyz Hantörelini ölümden halas etdim” diýip öwner, meni abraýdan gaçyrar” diýip oýlanýar hem-de gyzy öldürmegi ýüregine düwýär, bu niýetini gyza-da aýdýar. Emma gyz: “Aýala öwünmek ýaraşmaz” diýip, özüniň türkmen zenanyna mahsus bolan salyhatlylygyny, kiçigöwünliligini mälim edýär. Emma Hantöreli niýetinden el çekmeýär. Muňa weli Sylyjan hatynyň biçak gahary gelýär. Hantörelini göreşe çagyrýar. Özüniň taýsyz mergenligini görkezip, Hantöreliniň başyndaky jygasyny ýere gaçyrýar. Gudrat gören Hantöreli ok atman, hiç hili garşylyk görkezmän aýaly bilen ýaraşmaga mejbur bolýar.
Eserde gyz-gelinler hem güýç-gaýrata uly sarpa goýýarlar. Durmuşa çykjak gyzlar özlerine öýlenjek ýigitleriň öňünde uly şert goýýarlar. Çeçek atly gyz: “Kim meni ýaryşda ýeňse, göreşde ýyksa, ok atmakda menden ozdursa, men şol ýigide bararyn” diýip, şert goýýar. Görnüşi ýaly, gyz güýçli, gaýratly, batyr ýigidi özüne mynasyp hasaplaýar. Gyz Birek diýen ýigit bilen ok atyşýar, at çapyşýar, göreş tutuşýar. Gyz hem bu ýerde özüniň mergenligini, ata erk etmegi başarýandygyny, pälwandygyny subut edýär.
Eseriň başga bir gahrymany Sylyjan hatyn hem özüne öýlenjek ýidiň öňünde uly şertlergoýýar. Öýlenjek ýigit äpet öküzi, bugrany, ýolbarsy ýeňmeli. Sylyjan hatynyň özü-de özüniň deňsiz-taýsyz mergendigini görkezýär. Bu meselede ol “Saýatly-Hemra” dessanyndaky Saýat hany ýatlaýar.
Bir gezek bolsa, eseriň gahrymany Bökel patyşadan öýkeleýär-de, aýalyna ýüzlenip,: “Han bizi äsgermeýär. Men duşman tarapyna geçjek” diýýär. Emma aýaly Bökeliň bu niýetini gabahat ýalňyşlyk hasaplaýar. Watanyň hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýan beýik zatdygyny adamsyna düşündirip, şeýle diýýär: “Bu sözüň ýalňyşdyr, ol bolmaz, patyşalar Taňrynyň kölegesidir, olara hyýanat edip, duşman tarapyna geçen ýagşylyk görmez”. Aýalynyň dana sözleri Bökeli köşeşdirýär. Ol bet niýetinden el çekýär.
Eseriň gahrymany Egregiň, Segregiň obrazlarynda-da türkmene mahsus bolan beýik ar-namyslylygyň alamatlaryny görmek bolýar. “Gorkut ata” eserinde gahrymançylyk, edermenlik uly adamkärçilik bilen utgaşýar. Gahrymanlar diňe özüni bilmän, ilkinji nobatda özge kişileriň ykbaly hakynda alada edýärler. Eseriň gahrymany Birek uly kynçylyklary ýeňip, uzak ýyllap aýra düşen söýgülisi Çeçege gowşýar. Gazan beg Birege: “Çeçegi al, myradyňa ýet, toý tut” diýýär. Birek: “Ol ýerde meniň ýigitlerim duşman ýesirliginde ýatan mahalynda, men mundatoý tutup, arkaýyn ýatyp bilmerin” diýip, ýesir ýoldaşlaryny, kyrk ýigidini halas etmegiň ugruna çykýar. Ol ýigitlerini boşatmak üçin aldym-berdimli söweşde uly gahrymançylyk görkezýär. Eseriň beýleki bir gahrymany Segregi toý tutup öýerýärler. Emma ol hemme zatdan beter zyndanda ýatan dogany hakda oýlanýar. Gije gelni bilen arasyna gylyç goýup ýatýar. Ol: “Tä doganymy boşatmasam, eşret maňa haram bolsun” diýýär. Doganyny boşatmagyň ugruna çykýar.
Eseriň gahrymany Oraz tussag mahalynda atasy Gazan onuň yzyndan barýar. Oraz atasyna ýüzlenip: “Ogul üçin ata ölmek aýyp bolar, yzyňa gaýt” diýýär. Emma Gazan Orazyň sözüne bakman, ony boşatmak üçin gazaply söweşe girip, duşmanyň köp esgerini ýok edýär.
Eserde hüşgärlik, saklyk, watançylyk duýgusy bilen utgaşykly suratlandyrylýar. Adam näçe batyr bolsa-da, saklygy, hüşgärligi elden bermeli däl, gapyl galmaly däl diýen pikir eseriň aýry-aýry boýlarynda aýratyn nygtalyp bellenýär.
“Gorkut ata” eserinde bigünä bir ýurduň üstüne goşun çekilmeýär, eserdäki söweşler ýurdy keseki talaňçylardan goramagyň, halkyň asudalygyny, parahatçylygyny saklamagyň, adalatyň hatyrasyna edilýär. Jedelli, garşylykly meseleleri gara güýjüň, gylyjyň kömegi bilen däl-de,mümkin bolan ýerinde gepleşikleriň üsti bilen çözmeli diýen pikir ündelýär.
Öz döwründe il arasynda gudratly adam saýylan Gorkut atanyň özi watançylygyň ajaýyp nusgasyny görkezipdir. Ol üçsany patyşanyň weziri bolupdyr. Ol özüniň dana paýhasy, öňden görüjiligi bilen patyşalaryň nebereleriniň arasynda ýüze çykaýmagy mümkin bolan agzalalyklaryň, gowgalaryň öňüni alypdyr. Ýurduň, il-günüň parahatçylygyny, asudalygyny goramaga, agzybirligi saklamaga ähli gujur-gaýratyny sarp edipdir.
Bu beýik eser biziň döwrümizde gözüň göreji ýaly goralyp saklanýan, ösdürilýän watançylyk duýgusynyň has-da rowaçlanmagyna, ýaş nesilde watançylyk terbiýesiniň has-da berkemegine hemaýat etmäge ukyply türkmen edebiýatynyň ajaýyp nusgasydyr.
Jora ALLAKOW,
filologiýa ylymlarynyň doktory.
#edebiyatwesungat_2000
Edebi makalalar