10:02 Jora Allakow | |
JORA ALLAKOW
Edebi tankyt
Altmyşynjy ýyllardan başlap türkmen edebi tankydyna ençeme täze güýçler gelip goşuldy. Şolaryñ arasynda bu günki gün görnükli tankytçy hem edebiýaty öwreniji bolup ýetişen filologiýa ylymlarynyñ doktory, professor Jora Allakow hem bardy. Tankytçy ýönekeý durmuş hem uly döredijilik ýoluny geçdi. Ol 1930-njy ýylyñ 9-njy sentýabrynda Kerki raýonynyñ Astanababa obasynda dünýä indi. Geljekki tankytçynyñ “çagalygyny uruş ogurlady”. Onuñ çagalygy Beýik Watançylyk urşunyñ haý-haýly ýyllaryna gabat geldi. Şonuñ üçin hem ol edil beýleki deñ-duşlary ýaly, çagalykdan has ir saýlanmaga mejbur boldy. Hem okady, hem işledi. Obadaky ýediýyllyk mekdebiñ iñ menikli okuwçysy, ylaýta-da hasap sapagyndan öñüne adam geçirmeýän Jora adamlaryñ gözüne çalt ildi. Ony ullakan bir brigadanyñ hasap ýöredijisi edip bellediler. Wagt geçdigi saýyn oba adamlarynyñ oña bolan ynamy has berkäp ugraýar. Ilki ony buhgalteriñ kömekçiligine göterýärler. 1947-nji ýylda bolsa ýañy mekdep partasyndan çykan ýigdekçä uly kolhoz hojalygynyñ baş buhgalteri wezipesini ynanýarlar. Iş arasynda ol Kerkiniñ oba hojalyk tehnikumynyñ buhgalteriýa bölümini hem üstünlikli okap gutarmaga ýetişýär. - Öz işimiñ kössüni goýamokdym. Hemmeler meniñ işleýşimden razydy. Ýöne meniñ özüme nämedir bir zat ýetmeýän ýaly bolup durdy. Durmuşdan öz ornumy tapmadyk ýaly duýýardym. Iş stolymyñ bir tarapynda buhgalterlik kagyzlary, beýleki tarapynda hem edebi kitaplar durardy. Elim şol edebi kitaplara has göwünjeñ uzaýardy… Bular professor Jora Allakowyñ şu günki ýatlamalaryndan. Edebiýatda bolan höwes hem teşnelik ahyr üstün çykýar. Ol 1951-nji ýylda Çärjewdäki Türkmen döwlet pedagogiki institutynyñ türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Turuwbaşdan fakultetde işleýän edebiýat kružogynyñ işeñnir çlenleriniñ birine öwrülýär. Kružoga bolsa meşhur alym hem şahyr Aman Kekilow ýolbaşçylyk edýärdi. Jora Allakow instituty tapawutly diplom bilen tamamlaýar. Hut Aman Kekilowyñ özi institutyñ ýolbaşçylarynyñ öñünde ony institutda mugallym edip alyp galmak barada mesele goýýar. Ol şol ýyldan başlap hem institutda türkmen edebiýatyndan ders berip ugraýar. 1957-nji ýylda institutyñ “Ylmy ýazgylarynda” onuñ ilkinji ylmy makalasy “Türkmen edebiýaty kyrk ýylda” ady bilen çap edilýär. Geljekki edebiýatçy alymyñ deslapky ylmy gözleglerine şol makalany ýazmak barada maslahat beren Aman Kekilow hem, “Ylmy ýazgylaryñ” jogapkär redaktory Şaja Batyrow hem ýokary baha berýär. Şondan soñ onuñ edebiýatyñ dürli meselelerine bagyşlanan makalalary ylmy ýygyndylarda, gazet-žurnallaryñ sahypalarynda ýygy-ýygydan peýda bolup başlaýar. Pedagogik institutyñ Alymlar soweti ýaş edebiýatçynyñ ylmy taýýarlygyny, işeññirligini nazara alyp, 1959-njy ýylda ony TDU-nyñ ýanyndaky aspirantura okuwa ibermegi makul görýär. Jora Allakow aspiranturada okaýarka “Türkmen romanlarynda işçiniñ obrazy” diýen temanyñ üstünde barlag işlerini alyp barýar. 1962-nji ýylda ol dissertasion işini üstünlikli goraýar. Hut şol ýylda hem onuñ ylmy işi başybitin kitap edilip çykarylýar. Filologiýa ylymlarynyñ kandidaty diýen alymlyk derejä mynasyp bolan ýaş edebiýatçy uniwersitetiñ türkmen edebiýaty kafedrasyna mugallym edilip alnyp galynýar. Tankytçy pedagogik işi döredijilik bilen utgaşykly alyp barýar. Respublikan gazet-žurnallaryñ iñ aktiw awtorynyñ birine öwrülýär. Häzirki döwre çenli Jora Allakowyñ üç ýüzden gowrak edebi-tankydy makalalary çap edildi. Ol ençeme edebi-tankydy makalalar ýygyndylarynyñ awtory. Onuñ “Döwür we gahryman” (1971), “Durmuş hakykaty we çeper hakykat” (1975), “Prozamyzyñ gözlegleri” (1980), “Häzirki döwür we türkmen edebiýaty” (1982), “Prozamyzda döwürdeşlerimiziñ ahlak keşbi” (1984), “Zähmet we häsiýet” (1987) atly makalalar ýygyndylary türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyñ hem edebi tankydy pikiriniñ ösüşine önjeýli goşant boldy. Ol uzak ýyllaryñ dowamynda “Häzirki etapdaky türkmen prozasynda häsiýet problemasy” diýen tutumly ylmy temanyñ üstünde irginsiz iş alyp bardy. 1971-nji ýylda şol tema boýunça dissertasiýa gorady. Oña filologiýa ylymlarynyñ doktory diýen hormatly ylmy dereje berildi. Jora Allakow respublikamyzyñ baýry mugallymlarynyñ biri. Ol bir egne otuz ýyldan gowrak wagt bäri ýokary okuw jaýynda mugallymçylyk edip gelýär. Ilki mugallym, soñ uly mugallym, dosent, professor derejelerine ösüp ýetişdi. Indi esli wagtdan bäri TDU-nyñ türkmen edebiýaty kafedrasyna ýolbaşçylyk edip gelýär. Tankytçy pedagogiki işiñ daşyndan wuzlaryñ, orta mekdepleriñ edebiýat sapaklary üçin okuw kitaplaryny ýazmaga hem işeññir gatnaşdy. Ilkinji gezek ýokary okuw jaýlarynyñ talyplaryna niýetlenip ýazylan “Türkmen sowet edebiýaty” (1972, 1983) atly iki tomluk okuw kitabynyñ esasy awtorlarynyñ biri hem Jora Allakow. Ýokary okuw jaýlarynyñ edebiýat boýunça aýry-aýry programmalary gönüden-göni onuñ ýolbaşçylygynda hem redaktor bolmagy bilen döredildi. Eliñizdäki okuw kitaby-da şu predmet boýunça ýazylan ilkinji okuw gollanmasy. Şonuñ ýaly ol 10-njy klaslar üçin edebiýatdan okuw kitabynyñ hem esasy awtorlarynyñ biri. Mundan başga-da, ylmy kadrlary ösdürip ýetişdirmekde, ýaş tankytçylary gözükdirmekde, ýola salmakda, irginsiz iş alyp barýar. Onuñ ýolbaşçylygynda ýaş alymlarynyñ ona golaýy ylmy dissertasiýany üstünlukli gorady. Häzir hem onuñ ýolbaşçylygynda ylmy işleriñ ondan gowragy ýazylyp ýör. Jora Allakow “Edebiýat we sungat” hepdeliginiñ redaksion kollegiýasynyñ çleni, TSSR ýazyjylar soýuzynyñ ýanyndaky tankyt sowetiniñ başlygynyñ orunbasary bolmak bilen ýaş tankytçylara halypalyk edýär. Jora Allakow döredijilik özboluşlylygy bir bada kemala gelmedi. Tankytçynyñ deslapky makalalarynda, ilkinji “Türkmen romanlarynda işçiniñ obrazy” diýen monografiýasynda köplenç eserleri ideýa-tematik taýdan yzarlamak, wakalary özüñçe täzeden gürrüñ bermek häsiýetlidi. Bu döwürlerde ol ýygy-ýygydan gerekmejek jikme-jiklige ýüz urýardy. Emma altmyşynjy ýyllaryñ ikinji ýarymyndan başlap, tankytçynyñ barlaglarynyñ tebigatynda uly özgerişler emele geldi. Şundan soñky ýyllarda onuñ tankydy pikir ýöretmeleri ideýa-tematiki häsiýetde däl-de, eýsem ideýa-çeperçilik häsiýetde boldy. Ol ýazyjynyñ beýan edýän wakalarynyñ yzyna düşmän, eýsem obrazlaryñ sosial-çeperçilik mazmunyny açyp görkezmäge erjeşdi. Şunuñ özi hem tankytçynyñ makalalarynyñ şowly çykmagyna, olaryñ okyjylar tarapyndan hem, ýazyjylar tarapyndan hem gyzgyn garşylanmagyna sebäp boldy. Jora Allakowyñ görnükli edebiýatçy hem ezber tankytçy hökmünde ykrar edilmegi, biziñ pikirimizçe, onuñ döredijiliginiñ aşakdaky ýaly aýratynlyklary bilen bagly. Häzirki zaman edebi tankydy çuñ professionallygy talap edýär. Her bir eser haýsy-da bolsa belli bir žanrda ýazylýar. Tankytçynyñ borjy anyk eseriñ mysalynda ýazyjynyñ şol žanrda özüniñ nähili görkezip bilýändigini, žanryñ däplerine nähili täzelikler girizendigini seljermekden ybarat. Diñe şeýle edilen halaty ýazyjynyñ döredijilik özboluşlygyny aýan edip bolýar. Munuñ üçin tankytçynyñ özüniñ hem belli-belli edebi görnüşler, žanrlar boýunça ýöriteleşmegi gerek. Onuñ şol görnüşleriniñ hem žanrlarynyñ taryhy, ösüş ýoly, soñky döwürdäki gözlegleri dogrusynda düýpli düşünjesi bolmaly. Şu hili ýöriteleşmek rus edebi tankydynda bir eýýämden dowam edip gelýär. Mysal üçin, şu günki günlerde hem Al.Mihaýlow poeziýanyñ, W.Ozerow prozanyñ, A.Aleksandrow çagalar edebiýatynyñ görnükli tankytçylary hasap edilýär. Hatda döredijilik ykbalyny belli bir ýazyja badaşdyran tankytçylar hem bar. Ý.Lukiniñ tankydy işleri tutuşlygyna M.Şolohowyñ döredijiligi bilen bagly. Türkmen tankytçylarynyñ arasyndan ilki bolup Jora Allakow şeýle ýöriteleşmek ýoluna düşdi. Tankytçy döredijiliginiñ ilkinji ädimlerinden başlap, türkmen prozasynyñ ösüş ýoluny yzarlap gelýär. Bu bolsa öz gezeginde onuñ barlanylýan meselä düýpli beletligini, pikirleriniñ esasly hem ynandyryjy bolmagyny kepillendirýär. Şoña görä-de, beýleki bir görnükli tankytçy Öde Abdyllaýew “Jora Allakowyñ kitaplary, makalalary bilen tanyş bolan adamyñ häzirki zaman türkmen prozasynyñ ýagdaýyny aýdyñlyk bilen göz öñüne getirip biler” (Uly alym. – “Sowet edebiýaty”, 1980, № 9, 125-nji sah.) diýen wagty hakykatdan daş düşmeýär. Her tankytçy öz “materialyna” dürliçe çemeleşýär. Jora Allakow “Tankytçy tankyt etmeli” diýlen düşünjä däl-de, eýsem “Tankytçy eseri açyp bermeli” diýen ýörelgä gulluk edýär. Şonuñ üçin hem ol eseri barada gürrüñ edýän awtorynyñ boýnuna özüniñ tema, ideýa, forma babatdaky garaýyşlaryny dakjak bolmak meýlinden daşda durýar. Ol ilkinji nobatda ýazyjynyñ ideýa pozisiýasyny aýdyñlaşdyrmaga, obrazlaryñ reallygyny, durmuşylygyny açyp görkezmäge çalyşýar. Tankydy barlagyñ şu hili prinsiplerine arkalanyp hem ýazyjynyñ döredijilik özboluşlylygyny aýan etmegiñ ýollaryny agtarýar. Jora Allakowyñ tutuş döredijiligini diýen ýaly proza žanryny öwrenmäge bagyşlandygyny, onuñ bu ugurdan ýöriteleşendigini başda belläpdik. Tankytçy hiç bir makalasynda hem türkmen prozasyna, umuman, proza žanryna doñup duran bitewi bir zat hökmünde seretmändi. Ýönekeý söz bilen aýtsak, proza žanrynyñ hem öz içki žanrlarynyñ bardygyny (Mysal üçin, roman žanry, powest žanry, hekaýa žanry…) ýatdan çykarmady. Hemişe diýen ýaly prozamyzyñ problemalaryny žanrlaýyn öwrenmäge çalyşdy. Şunuñ özi hem tankytçynyñ peýdasyna boldy. Sebäbi žanr – bu anyk taryhy kategoriýa. Ol özüniñ ýüze çykyş hem ösüş taryhy dowamynda özboluşly çeperçilik kanunlaryna eýe bolýar, özüne has şahyrana dünýäsi bilen tapawutlanýar. Her žanryñ öz ideýa-çeperçilik obýekti, öz “materialy” bolýar. Bular hem şol žanryñ içki mümkinçiliklerine baglydyr. Her žanryñ ösüşi hem rowaçlanyşyny aýry-aýry edebi-taryhy etap bilen bagly bolýar. Tankytçy öz barlaglarynda meselä köplenç şu prinsip bilen çemeleşdi. Prozanyñ ähli žanrlarynyñ öñden gelýän däplerinden, çeperçilik gazananlaryndan düýpli habarly bolan tankytçy dürs deñeşdirmeler arkaly türkmen prozasynyñ roman, powest žanrlarynyñ tebigatyndaky tendensiýalaryny täzelikleri açyp berdi. Mysal üçin, tankytçy türkmen romanynyñ tebigatynda ýüze çykan özgerişleri “Roman žanry we onuñ tankydy” (Hazirki döwür we türkmen edebiýaty) diýen makalasynda ýekän-ýekän çigitläp berdi. Tankytçynyñ irki taryhy-rewolýusion romanlarynda wagyz-nesihatçy bolup göz öñüne gelýän taýyn rewolýusioneriñ obrazyny döretmegiñ tas shema öwrülip gidendigini ýazgaranda-da, “Soñky döwürde döredilen romanlarymyzyñ köpüsi özünde hut şol anyk bir meseläniñ, problemanyñ gozgalmaýandygyndan kösenýär” (1982ý. 34 s) diýip janygan wagty, hem beýleki pursatlarda tankydy täzelik tapýar. Tankytçy makalada edebiýatçylaryñ köplenç gürrüñi romandan başlanlaryny kem görmeýändigini dogry belleýär. Hut şondan bolsa gerek. Jora Allakowyñ özi iri prozanyñ beýleki bir žanry powestiñ ösüş ädimlerine, onuñ durmuşyndaky özgerişlere has siññin gözegçilik edýär. Onuñ dürli döwürlerde ýazan “Biziñ günlerimiziñ powestleri” (Durmuş hakykaty hem çeper hakykat) “Powestler dünýäsine syýahat” (Prozamyzyñ gözlegleri), “Powestleriñ gürrüñi” (Prozamyzda döwürdeşlerimiziñ ahlak keşbi) ýaly makalalary munuñ gözli şaýady. Hut Jora Allakowyñ şeýle yzygiderli barlaglaryndan soñ, türkmen prozasynda powestiñ “žanrlaryñ žanry” bolmaga dalaş edýändigini, ýazyjylarymyzyñ onda özlerini has erkin duýýandygyny, powestiñ biziñ günlerimize has ukyply hyzmat edýändigini aýdyñ añşyrsa bolýar. | |
|
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |