19:32 Magtymgulynyñ döredijiliginde merdiñ çeper keşbi | |
MAGTYMGULYNYÑ DÖREDIJILIGINDE MERDIÑ ÇEPER KEŞBI
Magtymgulyny öwreniş
«Mert» hem «namart» diýen düşünjeler türkmen nusgawy edebiýatynda, türkmen dessanlarynda, şadessanlarynda uly orun tutýar. Olar gahrymanlaryň ahlak sypatlaryny, kimdigini takyk kesgitleýän adalgalar bolup durýar. Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymgulynyň jöwher şygryýetinde mert hem namart kişileriň keşpleri giňden şöhlelendirilipdir. Bu hakykat ýöne ýere däl. Sebäbi mert ýigitleriň keşbinde Watanyny şirin janyndan eziz görýän, onuň asudalygy ugrunda göreşýän, il-halkyň aladasy bilen ýaşaýan, döwrüň öňdebaryjy adamlarynyň häsiýetleri jemlense, namart, muhannes adamlaryň keşbinde il derdinden alysda ýaşan, diňe özüni bilýän adamlaryň ýigrenji sypatlary şekillendirilipdir. Bu sypatlar XVIII asyr edebiýatynda has aýyl-saýyl bolup ýüze çykypdyr. Şeýle bolansoň, il-günde, döwürdeşlerinde, hat-da soňky nesillerde hem watançylygy, mertligi, batyrlygy terbiýelemekde beýik Magtymgulynyň döredijiliginiň ähmiýeti çäksiz uly bolupdyr. Magtymgulynyň döredijiliginde watançylyk, mertlik, batyrlyk, gaýratlylyk, ar-namyslylyk, päklik onuň nusgawy gahrymanynyň esasy sypatlary bolup, ol sypatlar mert, goç ýigit, ýigit, är, är ýigit ýaly adalgalarda öz beýanyny tapypdyr. Mert adamyň ajaýyp häsiýetleri söweş meýdanlarynda has hem aýdyň ýüze çykypdyr. XVIII asyrda bolup geçen söweşler Watanyň parahatlygyny, asudalygyny, özbaşdaklygyny goramagyň hatyrasyna edilipdir. Şeýle söweşlere gatnaşmak her bir adamyň ynsabyna, has takygy, mertligine bagly bolupdyr. Sebäbi ol döwürlerde belli bir möhletde saklanýan hökmany goşun gullugy dowam etmändir. Hakyna tutma goşun hem saklanylmandyr. Her obanyň, tiräniň üstüne duşman sürnüp gelende, goranma goşuny meýletin böleklerden, il bähbidini şahsy bähbidin¬den ileri tutýan mert ýigitlerden düzülipdir. Ýogsam duşmana garşy söweşmek olaryň ýörite kanun boýunça kesgitlenen borjy hasaplanmandyr. Mert ýigitleriň belent aň-düşünjesi, Watana, il-halkyna bolan wepalylygy, çäksiz söýgüsi olary ýowuz duşmanyň garşysyna göreşe çykarypdyr. Mert adamyň hakyky keşbi şol söweşlerde has aýdyň ýüze çykypdyr. Ol söweşler merdi, namardy aýyl-saýyl edýän synag meýdany bolupdyr. Şonuň üçin beýik Magtymguly «Ýagyda tanylar mertler» diýip, ýöne ýere nygtamandyr. Şahyr söweş meýdanyny ýigidiň kimdigini, nämä ukyplydygyny kesgitleýän ýer hasaplap, şeýle ýazýar: Magtymguly, söweş bolar, Ýigidiň syry paş bolar1. Magtymguly il-halky ýagydan goramak üçin bolýan söweşlere meýletin gatnaşýan ýigitleri ar-namysly, mert ýigitler hasaplapdyr. Watany goramagyň hatyrasyna edilýän söweşlerden gaça durýanlary arsyz-namyssyz namartlar hökmünde häsiýetlendiripdir. Magtymguly döredijiliginde merdi köp taraply görkezýär. Gahrymanyň häsiýetini köptaraply suratlandyrmak bolsa hakyky, dogruçyl, belent derejeli, ýokary çeperçilikli edebiýatyň esasy sypatlarynyň naýbaşylaryndan biridir. Magtymguly beden sagdynlygyny, güýçlüligini mertligiň, gahrymançylygyň zerur sypatlary hasaplapdyr. Ol döwrüň batyr, mert ýigidi gaýduwsyz, ýeke özi onlarça adama taý gelýän, bedew atly, kesgir gylyçly adam bolmalydyr diýip belleýär. Mundan başga-da, ol pähim-paýhasly, duýgur, zerur bolanda, duşmany gapyl basmagy başarýan, öňdengörüji bolmalydyr diýen pikiri öňe sürýär. Muny şahyryň kynçylyklardan doly döwri talap edýärdi. Şeýle bolansoň Magtymguly mert, batyr ýigide zerur bolan köp sypatlary özünde jemleýän gahrymanlary orta çykardy. Olary il-halkyna görüm-görelde edip goýdy. Magtymgulynyň «Başy gerekdir» atly meşhur goşgusyny tutuşlygyna alsaň, türkmeniň mert ýigidi özüniň köp sanly ajaýyp sypatlary bilen göz öňünde ör-boýuna galýar: Mert oldur ki, bola köňli rehimli, Göwresi giň gerek, özi pähimli, Giň ýerde garga deý bolsun wehimli, Ýerinde hünäri, işi gerekdir. Gaplaň kimin baryp girse meýdana, Tilki kimin bazy berer her ýana, Duranda gaýa dek durup merdana, Alar ýerden at salyşy gerekdir. Bu ýerde Magtymguly hakyky mert-merdana ýigidiň häsiýetine köp ajaýyp sypatlaryň zerurlygyny şygryýetiň şirin-şerbetine ýugrup sypatlandyrýar. Magtymguly gahrymana mert ýoldaşyň gerekdigine-de ünsi çekýär. Magtymguly mert ýigide at, ýarag, aýal, ogluň gerekdigini-de öňe sürýär. Şahyryň jöwher şygyrlaryndan syzylyp çykýan çuň manyny synlasaň, edermen mert ýigidiň söweş meýdanlaryndaky gahrymançylyklary-da, merdanalyklary-da, durmuşdaky orny-da, ruhy, ahlak kämilligi-de şu zatlar bilen aýrylmaz baglanyşykly. Magtymguly mert ýigide howa ýaly zerur bolan bu dörtlügiň biri bolan ýarag hakda gep uzaldyp oturmasa-da, bedew hakda giňden gürrüň edýär. Bedew mert ýigidiň aýrylmaz ýoldaşy. Şahyryň jöwher şygryýetinde türkmen bedewi hemişe mert ýigit bilen bilelikde göz öňünde janlandyrylýar. Olaryň ikisiniň hem ajaýyp sypatlary bilelikde taryp edilýär. Bu hakykat mert türkmen ýigidiniň keşbiniň milliligini-de, durmuşylygyny-da alamatlandyrýar. Sebäbi gamyşgulak bedewi türkmen ýigitleriniň durmuşynda örän uly orun tutupdyr. Türkmen ýigidiniň öz gamyşgulak bedewi bilen bitirmejek işi bolmandyr. Aşakdaky setirler bu hakykaty kemsiz tassyklaýar: Bedew ölse, meýdan galar armanly, Hak yşkyna at sal meýdan ýoluksa, Är ölejek, heňňam galar döwranly, Wagtyňy hoş geçir, döwran ýoluksa. Ýa-da: Ýedi ýaşan arap atyň şanynda, Mälim bolmaz, depe nedir, düz nedir. Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda Elli nedir, altmyş nedir, ýüz nedir. Magtymgulyda mert türkmen ýigidiniň ygtybarly ýoldaşy bedew atyň tarypynyň ýetirilişiniň ýene-de bir düýpli sebäbi bar. Ol döwürde sürnüp gelen duşmana garşy söweşer ýaly aty, ýaragy her bir mert adam öz serişdesiniň hasabyna özi edinmeli bolupdyr. At, ýarag edinmek we olary saklamak hiç kimiň kanuny borjy hasaplanmandyr. Döwlet adamlary ilaty at, ýarag, beýleki uruş esbaplary bilen üpjün etmändir. Şeýle bolansoň, her kimiň öz aty, ýaragy, beýleki uruş esbaby bilen halky goramak üçin meýletin söweşlere gatnaşmagy onuň mertligine, ynsabyna, ahlak derejesine bagly bolupdyr. Mertlik, Watana bolan söýgi, belent ahlaklylyk türkmeniň är ogullaryny sürnüp gelen duşmana garşy aýgytly göreşe ruhlandyryjy esasy güýç bolup hyzmat edipdir. Magtymguly özüniň şygryýetinde at, ýarag edinmegi mert ýigidiň watançylyk borjy hasaplapdyr. Ol «Aty gerek» diýen şygrynda şeýle diýýär: At gazanar goç ýigidiň, Owwal bedew aty gerek. Gelene garşy durmaga, Ýagşy muhabbeti gerek. Mert gerek jepa çekmäge, At gerek dere sökmäge, Supra ýaýyp, nan dökmäge Köňlüniň hümmeti gerek. Magtymgulynyň edebi däplerini dowam etdiren beýleki türkmen nusgawy şahyrlarynyň döredijiliginde hem at, ýarag edinmek türkmen ýigitleriniň watançylyk borjy hem olaryň mertliginiň simwoly hökmünde wasp edilipdir. Myhmansöýüjilik türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biri. Myhmansöýüjilik Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde getirilen oguz aýdymlarynda we nakyllarynda hem giňden taryp edilipdir. Beýik Magtymgulynyň şygryýetinde myhmansöýüjilik mertligiň esasy alamatlarynyň biri hökmünde suratlandyrylýar. Şahyr «Meýdan ýoluksa» atly goşgusynda hem merdi, hem namardy jaýdar häsiýetlendirýär: Ýüz namart ýerini tutmaz bir merdiň, Mert çeker täsibin iliň–ýuwurdyň, Bitiren işin, gör, gedi namardyň– Jeňdir diýip gaçar duman ýoluksa. Mert çykar myhmana güler ýüz bile, Namart özün gizlär myhman ýoluksa. Myhmansöýüjilik türkmeniň milli aýratynlygy hökmünde häsiýetlendirilýär. Bu hakykaty Magtymgulynyň we beýleki türkmen nusgawy şahyrlarynyň döredijiligi kemsiz tassyklaýar. Emma, myhmansöýüjilik diňe türkmen halkyna degişlimi diýlen soraga jogap berip bilmeýän kişiler-de gabat gelýär. Dogry, myhmansöýüjilik köp halkda bar. Biz bu meselede başga bir halky peseltmek meýlinden daşda. Gep bu ýerde myhmansöýüjiligiň derejesinde. Türkmenlerde myhmansöýüjilik halkyň milli abraýynyň derejesinde belende göterilýär. Halkymyzyň içinde «Myhman ataňdan uly» diýlip, ýöne ýere aýdylmaýar. Türkmen halkynyň ýaşulysy Jygaly beg Üçgümmez dagynda ýaşaýarka, ýykma-ýykylma gün dolandyrýandygyna seretmezden, ýekeje sygryny soýup kyrk galandary myhman alýar. Ol agtygy Görogla şeýle maslahat berýär: Jygalybeg öwüş-öwüş, Myhman gelse etgin söwüş, Döwüşseň, mert bilen döwüş, Namardy kowujy bolma! Türkmenlerde geçmişde-de myhmansöýüjiligiň, myhman alyjylygyň çygry örän giň bolupdyr. Taňry myhmany hökmünde gelen her bir adam tanyşlygyna, nätanyşlygyna seredilmezden, mertebeli myhman hökmünde kabul edilipdir. Öý eýesi öz myhmanyny gorapdyr. Gerek bolsa öz myhmany üçin janyny gurban etmekden-de gaýtmandyr. Magtymguly jomartlygy-da mert adama mahsus häsiýet hasaplapdyr. «Goç ýigit mal tapsa hümmeti artar» diýip, jomart kişileri taryplapdyr. Magtymguly mert ýigidiň özüne mynasyp ýarynyň bolmalydygyny, şeýle-de nesliniň dowamyny ýitirmez ýaly, öz hereketlerini, edermenliklerini dowam etdirer ýaly, mynasyp oglunyň bolmagyny belleýär. Beýik şahyryň şygryýetinde mert ýigidiň mertebesini belende göterýän ajaýyp ynsan häsiýetleri giňden suratlandyrylýar. JORA ALLAKOW Çeşme: Köňül gözgüsi. Magtymgulynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan makalalar ýygyndysy. A.: Türkmenistanyň Ylymlar Milli golýazmalar instituty, 2014. 80 – 85-nji sahypalar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |