ÜÇÜNJI BÖLÜM
■ DERTLERIŇ BEJERILIŞI
Tebipçiligiň esasy maksadynyň – bar bolan saglygy gorap, ýitirilenini gaýtaryp getirmekdigini öň ýatlapdyk. Pygamberimiziň saglygy bejermegiň hökmandygyny we ony bize buýrandygyny gaýtadan nygtasak artykmaçlyk etmezdi.
Jabyryň Pygamberimizden getirýän sözüne görä, «Ähli derdiň dermany bar. Eger derman derdiň üstünden düşse, ol Hudaýyň islegi bilen gutular, syrkaw sagalar, hassa şypa tapar» diýdi. Şu ýerde hem bejergi üçin emr-buýruk bardygy aýandyr.
Abu Hüreýra salgylanyp aýtmaklaryna görä, «Hudaý şypa-syz derdi indermändir». Başga bir rowaýatda bu söz «dermansyz derdi» diýip beýan edilýär.
Usame ibn Şerik şeýle diýdi: «Pygamberimiziň ýanynda otyrkam çarwa araplar gelip: «Eý, Allanyň ilçisi, biz saglygymyzyň aladasyny etmelimi?» diýip soradylar. Pygamberimiz olara bakyp: «Eý, Taňry bendeleri, elbetde saglygyňyza serediň! Çünki Hudaý garrylykdan özge derdi şypasyz goýan däldir» diýdi. Bu ýerdäki «serediň» diýen sözüň asyl manysy «derman ulanyň» diýmekdir.
Gabyrdan başga zadyň çykalgasy, ölümden başga zadyň dermany bar. Abu Sagydyň aýtmagyna görä: «Hudaý ölümden başga şypasyz derdi ýaratmady. Muňa gulak goýanlar sagaldy, üns bermedikler hassa galdy».
Bir gezek Ibn Huzeýme Pygamberimize bakyp: «Eý, Allanyň ilçisi, biziň ulanýan dogalarymyz, dermanlarymyz we owsunymyz (efsun) Hudaýyň ýazgydyndan nämedir bir zady gaýtaryp bilermi?» diýipdir. «Şony ulanmagyň özi ýazgytdyr» diýip, Pygamberimiz jogap beripdir.
Adam öz saglygyny goramaga borçludyr, beden bolsa garyşyk zatlardan ýaradylandyr. Bu hakda Allatagala: «Biz ynsany garyşyk damjadan ýaratdyk» diýdi .
Şol garyşyk zat temperament – hyltdyr. Onuň sagdynlygy we berkligi hulkunyň kadalylygyna bagly bolup, bu peýdaly zatlary ulanyp, zyýanlysyny dep edeňde ýüze çykýar.
Tebipçiligiň baş maksady hem şoldur. Kesel adamyň ýara-dylan asyl çyglylygyny sökýär we ony çüýredip başlaýar. Tebipçilik sungaty bolsa çüýremäniň öňüni alýar hem-de çyglylygy tiz dargamakdan saklaýar. Pygamberimiziň aýdyşy ýaly: «Adam ogullary, daş-töweregini togsan dokuz sany derdi-bela gurşap duran mysalyndadyr. Şolaryň birinde ýalňyşdygy, ölüme çenli awusyny çeker». Ibn Mesgut bu söze düşündiriş berende: «Eger şuny ýalňyşsa, bu çakar, muny ýalňyşsa-da ol çakar» diýildigi» diýip belleýär. Elbetde, ölüm gutulgysyzdyr, ýöne tebipçilik, ömrüňdäki yllatlary bejerýändir. Hekim aýtdy: «Ölüm jesediň gapdalynda dur. Tebipçilik bolsa ýaşaýyş mütdetiniň sapaly, gözel bolmagyny üpjün edýär, sag adamyň saglygyny gorap, dertliniňkini mümkin boldugyça gaýtaryp berýär». Pygamber alaýhyssalam: «Ylym iki dürlüdir: beden ylymlary we ruhy ylymlar» diýipdir. Emma bu söz Pygamberi¬miziň däl-de, Ymam Şapygynyň aýdany bolmaly. Munuň şeýledigini Muhammet ibn Süheýl Tusy Ar-Rabygdan eşidip, gürrüň berdi. «Adamlar iki synpa: din alymlaryna we beden tebiplerine mätäçdir»; «Taňrynyň bendeleri, özüňizi bejeriň». «Ylym üç hilidir: mäkäm aýatlar, dowam edýän däpler we adalatly borçlar. Bulardan özgesi artykmaçdyr» diýdi.
Tebipçilik hem dowam edýän däpleriň biridir, sebäbi Pygamberimiz ony ýerine ýetirdi hem-de emr etdi.
Pygamberimiziň aýtmagyna görä: «Bäş zat mursallaryň adatydyr: haýa, ylym, gan aldyrmak, miswak ulanmak we atyr sepinmek».
Bu bölüme degişli hadyslar örän köp. Anygyny Alla bilýär.
■ DERMANY ULANSAŇ GOWUMY
ÝA-DA TERK ETSEŇ?
Derman ulanmaklyga rugsat berlendigi hakda bir pikire uýýarlar. Bir topar adam Pygamberimiziň: «Özüňizi bejeriň, saglygyňyza serediň!» diýeni üçin, derman ulanmagy ýagşy zat hasaplaýar. Çünki Pygamberimiziň özem sag we syrkaw halaty öz saglygynyň aladasyny edipdir. Ol sagdyn wagty hurmany garpyz bilen, az iýmek, günorta çagy sowuk nahar iýmek, hyýar, kişmiş, hurma ýa-da şolar ýaly öň ýatlan zatlarymyzyň şiresi bilen saglygyny gorapdyr.
Syrkawlan pursady bolsa…
«Resulalla köp syrkawlardy. Onuň ýanyna arap we ajam tebipleri gelerdi. Biz ony tebipleriň salgy beren dermany bilen bejererdik» diýip, Äşäniň gürrüňlerinde ýatlanylýar.
Kagbul Ahbaryň aýtmagyna göra, Allatagala: «Saglyk we şypa meniň elimde, siz saglygyňyza serediň, şypasyny özüm bererin!» diýipdir.
Käbir adamlar bolsa derman ulanmazlygy gowy gördüler. Merweziniň sözlerine esaslanyp, Ymam Ahmediň mümkin boldugyndan dermandan ýüz öwrenligi hakda gürrüňler bar. Ol: «Derman ulanmak rugsatdyr, ulanmazlyk bolsa bir gez beýik dereje (mertebe)» diýipdir.
«Derman ulanmakdan gorkýan syrkawyň ýagdaýy nähili bolýar?» diýip, Ymam Ahmetden sorapdyrlar, ol: «Derman ulanmak Hudaýa bolan töwekgellik ynanjyňa zeper ýetirmeýär» diýip jogap beripdir.
Bir gezek Ymam Yshakdan: «Hassa adam derman içse oňatmy ýa-da ony terk etse?» diýip soralypdyr. «Hudaýyň kö-megine bil baglan adam, dermany terk etse göwnejaý ýaly» diýip, Ymam Yshak jogap beripdir. Ymam Yshagyň sözüne Ibn Apbasyň aýdan rowaýaty delildir: «Bir zenan Pygam-berimiziň ýanyna baryp: «Eý, Allanyň ilçisi, meni sagaltmagy üçin Hudaýa doga etsene!» diýipdir. Pygamberimiz oňa garap: «Isleseň, Hudaýa doga edeýin, saňa şypa berer, isleseň agyra sabyr et, saňa jenneti berer» diýende, ol: «Eý, Pygamber, onuň ýaly bolsa sabyr edeýin» diýipdir.
Pygamberimiz alaýhyssalam: «Ýetmiş müň adam uçmaha bisowal girer. Olar tenlerini oda köýdürip, bejergi almadyklar, gizlenip gep diňlemedikler, agyz alartmak üçin gep gezdirmedikler, yrym-ýoruma uýmadyklar, betgüman bolmadyklar we her bir işde Hudaýyň enaýatyna bil baglanlar» diýdi.
Alaeddin ibn Attarda aglaba musulmanlaryň «derman ulanmak hökman däl» diýen pikire uýýandyklary hem beýan edilýär.
Onuň wajyplygy hakda Ahmet ibn Teýmiýäniň eserlerinde agzalýar we Hezreti Pygamberiň: «Rugsat berlen zatlar bilen bejeriň» diýen sözleri getirilýär.
Abu Bekr Syddyk syrkawlan çagy, ondan: «Seniň üçin te-bip çagyrmalymy?» diýip, sorapdyrlar. Abu Bekr: «Tebip meni eýýäm gördi» diýipdir. Adamlar: «Ýeri ol saňa näme maslahat berdi?» diýenlerinde, ol: «Men öz islän zadymy edýärin» diýdi» diýipdir. Elbetde Abu Bekr bu ýerde Hudaýy göz öňünde tutýar.
Abu Derdadan: «Nämeden ejir çekýäň?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Günälerimden» diýip, jogap beripdir. «Küýseýän zadyň näme?» diýenlerinde, «Taňry şepagatyny» diýip, jogap berip¬dir. «Seniň üçin tebip çagyrmalymy?» diýenlerinde, «Tebip hernäçe ylymly, dermany güýçli bolsa-da, meniň ýazgydymy düzedip bilmez» diýip, jogap beripdir.
Töwekgellik – ýüregiň sydky-jan bilen Hudaýa bil bag-lamasy, daýanmasydyr. Ýöne töwekgel Hudaýyň ýaradan sebäplerini we sebäp bolýan beýleki zatlary inkär etmeýär, gaýta sebäplere ýapyşmak, Hudaýa töwekgellik edenler üçin hökmandyr. Ussat tebip ilki zerur zatlary ýerine ýetirýär, soňra üstünlik gazanmak üçin Hudaýa bil baglaýar. Daýhanam edil şonuň ýalydyr. Ilki ýeri bejerýär we tohum sepýär, soňra onuň ösmegi we ýagyş ýagdyrmagy üçin Hudaýyň enaýatyna bil baglaýar. Allatagala: «Ätiýaç çärelerini görüň » diýdi. Pygam¬berimiz bolsa: «Her zada dogry düşüniň we Hudaýa töwekgel¬lik ediň» diýip aýtdy. Pygamberimiziň: «Gapylaryňyzy ýapyň» diýmesi, ýa-da gowakda üç günläp gizlenmesi muňa mysaldyr.
Keseliň ötüşip, dermanyň peýda etjegi-etmejegi näbelli, gorkuly bolsa ýa-da bir adam zäherli dermanlary bilip ýa-da bilmän içse, Pygamberimiziň sözüne laýyklykda gödek ýalňyşýandyr: «Özüni zäherlän adamyň zäheri, jähennem odunda öz eline nahar edilip berler».
Abu Hüreýra: «Uhut söweşinde ensarylardan biri ýaradar boldy. Pygamberimiz Medinede ýaşaýan iki tebibi çagyrdy we «Muňa melhem ediň!» diýdi.
Ýene bir rowaýata görä, Resulalladan: «Eger ýazgyt üýt-gemeýän bolsa, derman ulanmagyň, tebipçiligiň haýry barmy?» diýip soralanda, ol: «Hawa! Çünki derman ulanmagyň özi ýazgyt» diýip jogap beripdir.
Hylal ibn Ýassaf: «Pygamberimiz zamanasynda bir adam syrkawlady. Pygamberimiz bize tebip çagyryp gelmegi tabşyrdy. Ol: «Tebip diýýärsiňmi?» diýende, «Hawa» diýip, Pygamberimiz jogap berdi.
Bir gezek Pygamberimiz bir hassanyň halyny soramak üçin, onuň ýanyna barypdyr. Hassa agyra döz gelip bilmän ýatan eken. Pygamberimiz tebip çagyrmaklaryny buýrupdyr. Syrkaw soramaga baranlar we hassanyň garyndaşlary: «Eý, Resulalla, siz tebip diýýäňizmi?» diýip, geňgalyjylyk bilen sorapdyrlar. Pygamber alaýhyssalam: «Hawa, tebip çagyryň!» diýipdir.
Bu hadyslaryň ählisini Abu Nagym «Pygamber tebipçiligi» atly kitabynda beýan etdi.
Zeýt ibn Eslem: «Ýaralanyp gany durmaýan bir adamy bejermek üçin, Pygamberimiz Beni Enmar taýpasyndan iki adamy çagyryp: «Tebipçiligi haýsyňyz gowy bilýärsiňiz?» diýip soranda, biri ondan: «Ajaly ýetmedik adama derman bermegiň näme haýry bar?» diýip sorapdyr. Pygamberimiz: «Derdini beren Alla, dermanyny hem berer. Belki, derman onuň tiz sagalyp gitmegine sebäpdir» diýipdir. Pygamberimiziň: «Tebipçiligi haýsyňyz gowy bilýärsiňiz?» diýip, soraýşy ýaly, bu ugurdan başy çykýan, ussat birini saýlamak gerek.
Şonuň üçinem Galen: «Nadan tebip, gyzdyryp ýatan syr-kawyň ýanyna baryp gaýdansoň ýaramaz bejerýändigi, az bilýändigi we nadanlygy üçin onuň derdi iki esse artar» diýdi. Äşäniň: «Pygamberimiz köp syrkawlardy, onuň ýanyna arabyň-ajamyň tebipleri üýşerdi» diýýän hadysyny owal ýatlapdyk.
Derman meselesinde gaýry dinli tebibiň sözüne uýmak dürsdür. Emma şerap we şoňa meňzeş haram edilen zatlardan derman maslahat berse, agyz açmak, oraza tutmak, oturyp namaz okamak ýaly meselelerde oňa gulak asylmaýar. Bu ugurda diňe musulman tebibiň sözi kabul edilýär.
Gaýry dinli tebibiň ot-çöpden taýýarlaýan dermanyny ulanmazlyk hakda Ahmet ibn Hasanyň sözünde: «Müşrigiň ýasan dermanyny içmek halanylmaýar» diýilýär.
Merwezi: «Ymam Ahmet maňa, nasrany (hristian) tebibiň maslahat berýän dermanlaryny satyn almazlygymy tabşyryp: «Oňa haram edilen zäherli we nejis zatlary garyşdyrmagy mümkin» diýdi.
■ DERTLERI BEJERMEK
Haýsydyr bir keseli bejermekçi bolsaňyz adamyň ýaşyna, gylyk-häsiýetine, bejerýän paslyňyza we dermanyň ýasalyşyna içgin üns beriň. Çünki şol bir derman ähli adama, ähli pasylda, ähli ýaşda birmeňzeş täsir etmeýär. Uly ýaşly we kiçijik çagalar iç sürüji dermanlary ulanmaly däl. Deri kesellilere, argyn, ýadaw adamlara, ölüm pillesi golaýlanlara, gurby ejiz, süňňi gowşak adamlara, aşa semiz, garaýagyz, endamynda ýara bolanlara, şeýle hem aşa gyzgyn ýa-da aşa sowuk döwürlerde iç geçirýän dermanlary ulanmak maslahat berilmeýär.
Ýasalýan derman gowy taýyn bolmasa, ony ulanmak bol-maz. Derman ulanmagyň öňüsyrasy hammama girmek, şol dermanyň bedene gowy we tiz täsir etmegine ýardam berýär. Gowşak, ýeňil täsirli dermanlary içen dessine düşege geçip ýatsa, öňküdende pes täsir eder, güýçli dermanlary içip, düşege geçse, has güýçli, tiz täsir eder.
Dermanyň täsiri doly kesilýänçä nahar iýmekden gaça durmaly. Hökman içiläýmeli derman ters täsir edýän bolsa, onuň öňünden tarhun ýa-da üzüm ýapragyny çeýne. Gusaryn öýdüp gorkýan bolsa, dermany sowuk suw bilen içsin, sogan ysgasyn, el-aýagyny berkitsin, turşy naryň suwuny sorsun, dibas (ديباس) we alma iýsin. Aşgazanda agyry duýan halaty gyzgyn suwdan az-kem owurtlap içmeli we birnäçe ädim gezmelemeli. Derman bermesi kesilenden soňra gyzgyn suw bilen agzyny çaýkap gaýtarsyn. Soňra pagta çigdini alma suwy bilen garyp içmeli. Bir sagat çemesi soňra etli çorbanyň suwuny içmeli. Şunuň ýaly iç sürdürýän därileriň bir günde ikisini etmek maslahat berilmeýär.
Baş damaryndan (قيفال) gan aldyrmak beýni işjeňligine peýda berýär. Basylykdan (باسليق) gan aldyrma bagyr, dalak we döş-gursak agyrylarynyň köşeşmegi üçin, göwde damaryn-dan (الأكحل) gan aldyrmak bolsa olaryň ikisi üçinem örän peýdaly serişdedir. Sag ýandaky «islim » (إسليم) damaryndan gan aldyrmak bagyr agyrysyna, çep ýandaky bolsa böwrek agyrylaryny aýyrmaga peýdaly. Otyrýer damaryndan (عرق النسا) gan aldyrmak bolsa hut otyrýer keseliniň özüni bejermek üçin iň oňat däridir. Şeýle hem ol bogunagyrysyny, ýumurtgalykdaky dertleri aýyrmak we aýbaşyny sagdyn akdyrmak üçin haýyrlydyr. Baldyrdaky damardan gan aldyrmak aýbaşyň akmasyna zelel berýär. Arkadan gan almak göz, burun we baş agyrylaryna peýdaly. Aşgazanda dörän sanjy we agyry üçin iň oňat usul iç ýuwmadyr.
Ýeňil dermanlar bilen bejerip bolýan ýerinde, ondan ýüz öwürmek peýdaly däldir. Eger derman ulanmaga zerurlyk ýüze çyksa, onda ýeňil dermandan güýçlüsine kem-kemden geçsin. Dert bejermekçi bolaňda, tebigatyňa laýyk gelýän ýekeje derman bilen oňjak bolma, onuň peýdaly täsiri az bolar. Sag¬lygyň has beter ýaramazlaşan wagty, tä ýagdaýyňy doly aýdyp berýänçäler, dermanlara tarap eňiberme. Iýmit we içgi bilen bejerip bolýan halaty, dermanlary ulanmagyň zerurlygy ýok.
■ BUKRAT HEKIMIŇ WESÝETLERI
«Tebip Allanyň et diýen zatlaryny, tagat-ybadatlaryny hökman ýerine ýetirmelidir. Adamlara, syrkaw bendelere maslahat berip durmaly. Näsagyň näme sebäpli keselländigini ile ýaýyp ýörmän, gizlin saklamaly. Bejerip bilmejegiňe gözüň ýetýänem bolsa, heläk ediji dermanlary içirmek ýa-da salgy bermek, zenanlara çaga düşürdýän därileri ulandyrmak düýbünden bolýan däldir. Diňe aşa çykgynsyz ýagdaýa düşeniňde rugsat berilýär. Her bir ýaramaz zatlardan uzakda durmaly. Dertli bendelere, çagalara nämynasyp garaýyş bilen bakmaly däldir. Garyp-pukara, misgin-gedaý adamlary bejermäge höwesek boluň, sogaby köpdür. Süýji dilli, mylaýym sözli, Hudaýa ýakyn bende boluň» diýip, Bukrat hekimiň öwütlerinde aýdylýar.
Bukrat hekim derman ýasamagyň uly piri we esaslandyryjysydyr. Ol ýunan hekimleriniň ymamydyr. Onuň ýoly derman senagatyndaky iň dogry ýollaryň biri hasaplanýar. Onuň gabryna şu döwürlerem zyýarat edilýänligi hakda gürrüň edýärler. Bu hakda öň agzap geçipdik.
_____________________________________
[1] Gurhanyň «Ynsan» süresiniň 2-nji aýaty.
[2] Mursal – Hudaý tarapyndan iberilen, pygamber.
[3] Gurhanyň «Aýallar» süresiniň 71-nji aýaty.
[4] Dibas – Siriýanyň çöllük sebitlerinde bitýän köpýyllyk ösümlik. Ondan bal gaýnadylýar, sykylyp alnan suwundan dibas içgisi ýasalýar.
[5] Bu söz golýazmada «kaýmal» görnüşinde beýan edilipdir. Emma lukmançylyga degişli beýleki golýazmalarda ol «kaýfal» ýaly getirilýär.
[6] Basylyk – Gol damary, başgaça oňa beden damary hem diýilýär.
[7] Ýadygär ibn Şerip, «Tybby Ýadygär», 17 w.
[8] Islim – basylyk damarynyň ujy.
Medisina