22:02 Pygamber tebipçiligi: Aýdym we saz diñlemek | |
AÝDYM WE SAZ DIŇLEMEK
Ol jana ýakymly, ýürekler üçin rahatlyk, ruhlar üçin iýmitdir. Aýdym-saz ruhy lukmançylyga degişli, şadyýanlyga, hatda käbir haýwanlaryňam şatlanmagyna sebäp bolýan zatdyr. Kadaly şadyýanlyk gyzgynlygy güýçlendirýär, güýç işlerini kuwwatlandyrýar, garrylygyň, tapdan düşmekligiň öňüni alýar. Dertleriňi dep edip, özüňi duýşuňy gowulaşdyrýar, bedeni iýmitlendirýär. Pygamberimiz alaýhyssalamyň aýdyşy ýaly «Gaýgysy köpeleniň derdi köpelýär». Diňlenýän zadyň manysyna düşünişiňe görä, owaz diňlemegiň peýdasy, lezzeti-mazasy artyp gidýär. Allatagala: «Meniň bendelerime – söze gulak asyp, onuň iň gözeline eýerenlere hoş habar aýdyň « diýdi. Abu Hüreýrä salgylanyp aýdylýan gürrüňlerde: «Allatagala Pygamberimize Gurhany owazly okamaga aýratyn rugsat beripdir. Belkäm, beýle rugsat başga zada bagyş edilen däldir» diýilýär. Ýagny, Gurhany ýagşy, owadan heň bilen okamaga we ony diňlemäge rugsat beripdir. Pygamberimiz alaýhyssalam: «Gurhany öz sesiňiz bilen bezaň» diýdi. Allatagalanyň «Ol ýaradan zatlarynda islän zadyny zyýada eder » diýmeginiň manysy owadan sesdir diýilýär. Zünnünden owaz diňlemek hakda soranlarynda: «Ýürekleri Hudaýa tarap gozgalaňa salýan aryk (gözbaş)» diýipdir. Ondan hoş owazlar hakda soralanda: «Alla tagala iň gözel we ýakymly zatlary hoş sözlerde we heňlerde ýaratdy» diýipdir. Aýtmaklaryna görä Omar ibn Hattap bir gezek öýünde hiňlenip oturan eken. Ondan aýdym-saza hiňlenmegiň ejazasy hakda sorapdyrlar. Ol: «Biz hem edil adaty adamlar ýaly, ybadatdan boş wagtymyz aýdym-saza hiňlenýäris» diýipdir. Ol bu hakda ýene-de: «Aýdym-saz ýolagçynyň ýoldaşy» diýer eken. Aýdymyň ölemen aşyklarynyň biri Abdylla ibn Japardyr. Zuhrydan: «Aýdym diňlemegi ýigrenýäňmi?» diýip soralanda, ol: «Hawa, eger-de ol ýaramaz aýdym bolsa» diýip, jogap beripdir. Aýdym-sazy diňlemek inkär edilmeýär, ýöne aýdym-saza uzak wagtlap aýak goşup oýnamak we güýmenmek halanyl-ma¬ýar. Ibn Rawaha Medinä barýan ýolda, düýäň üstünde oturan ýerin¬de aýdym aýdyp barýan eken. Pygamberimiz oňa «pessaý ses bilen aýdym aýtmagyny» tabşyrypdyr. Bu gyz-gelinleriň kalbyny owaz bilen heýjana salmazlyk üçin şeýdilipdir. Dawut pygamberiň örän owadan sesi bolup, ýazyklary üçin gözýaş dökende aýdym ýaly edip aglaýan eken. Özüne inderilen Zebury okan pursaty, owazyna maýyl bolup, jynlar, adam¬lar, guşlar we ýabany haýwanlar ony diňlemäge gelýär ekenler. Pygamberimiz bir gezek Abu Musa Aşgary bilen söhbet edip oturan eken. Şonda Pygamberimiz oňa ýüzlenip: «Ine, bu tüýdük Dawut neslinden galan tüýdükdir» diýipdir. Eflatunyň aýtmagyna görä: «Dünýäniň lezzeti dört zatda-dyr: iýmek, içmek, guçmak we aýdym-saz diňlemek». Islendik hünärdir sungatyň ýadadýandygyny özüň bilýäň. Geýim ýuwýan we ýük daşaýan adamlar bedenlerindäki argynlygy aýdym bilen aýryp, özlerine ýeňillik berýär. Ýa-da aglap duran çagany görseň, aýdym bilen diňdirip bolýar. Düýe hem sähralary aýdym bilen kesip geçýär. Bir hekaýata görä, gadym döwürde gurply adamlaryň biri hyzmatkärini hem ýanyna alyp, uzak ýola argyşa gidermen bolýar. Birnäçe düýeleri ýola taýynlap, azyk-owkatyny, goş-golamyny jemläp, hyzmatkärini hem ýanyna alyp, ýola düşüpdir. Bu hyzmatkär hoş heňli, mylaýym sesli ýigit eken. Ötülmeli ýoluň pikirini unutmak, ýadawlygy duýmazlyk üçin baý adam hyzmatkärine aýdym aýtmagy buýrupdyr. Hyzmatkär bu talaby birkemsiz ýerine ýetiripdir, ýakymly owazy bilen aýdyma hiň¬lenipdir. Bu owaza maýyl bolan düýeler hem, ýol ýadawlygyny duýmazdan, üç günde aşmaly menzilimi bir gijede geçipdir. Barmaly menziline ýetenlerinde¸ ýigit sesini kesipdir. Düýeler diňe şondan soň ysgyn-mydaryny ýitirip, bir tarapa agypdyrlar we jan berip başlapdyrlar. Diňe ýekeje düýe janhowluna urnup, hokurdap, däbşenekläp ýatyrmyşyn. Baý adam bu zatlara şol ýakymly owazyň sebäp bolandygyna göz ýetiripdir. Ol hyzmatkärini ýanyna çagyryp: «Düýe az-kem özüne gelýänçä, ot-suw bilen ganýança, mylaýym aýdymlardan birini aýtmagy» haýyş edipdir. Hyzmatkär aýdyma başlan dessine, düýe başyny dikeldip, ota-suwa agyz urupdyr. Aýdymyň sözlerine düşünmese-de, ondaky ýakymly owaz düýä uly täsir eden bolmaly. Dünýä durmuşynyň lezzetini we manysyny bilýän adamlar dury ses bilen aýdylýan gussaly aýdymlary diňleýär, ýeri muňa näme diýjek?! Eýsem, saz sesini eşideninde özüni şol ýere atmak isleýän bilbil bilen gara jokjokyny niçik görýäň?! Aýdym-sazyň rugsatlygy ýa gadaganlygy hakda alymlaryň arasynda çapraz pikirler bar. Saza dürli döwürde dürlüçe çe-meleşipdirler. Oňa rugsat berýänem, ony gadagan saýýanam bar. Ibn Kuteýbe bu barada şeýle diýdi: «Aýdym-saz zehiniňi durlaýar, häsiýetiňi ýumşadýar, ruhuňy joşdurýar, gan aýlanyşygyny sazlaýar, agyr dertli adamlar üçin mylaýymdyr, olara peýda berýär, ruhy şerapatyňy artdyrýar, göwnüçökgünlik ýaly käbir dertler üçin derman hökmünde maslahat berilýär». Aýdym-saz hakdaky meselede şu kitabyň ýazary, ymam-laryň piri, hadysçy alym Abu Abdylla Muhammet ibn Ahmet ibn Osman Gaýmaz Türkmen Zehebi şeýle diýýär: Sazsyz bu dünýä tukatlykdyr. Aýdym-sazlar esasy dört topara bölünýär: Gadagan edilen aýdym-sazlar, wajyp bolan aýdym-sazlar, rugsat berlen aýdym-sazlar, gowy görülýän hem-de halanylmaýan aýdym-sazlar bar. Gadagan edilen aýdym-sazlara azgynlyga iterýän, halaly unudyp, haramy ündeýän, şer işi süýji görkezip, haýyr işden saklaýan, ahlak hapalygy, paýyş sözli, gabahat hereketli ýagdaýlary ýatladýan aýdym-sazlar degişli. Ol ruhy derman bolansoň, gös-göni ruhuňa täsir edýär. Ýaramaz düşünjelere ýugrulan ýürek durmuş hakda dürs pikir edip bilmeýär. Neti-jede jemgyýet agsap başlaýar. Ine, şunuň üçin hem ýaramaz aýdymlar gadagan edilýär. Aýdym aýdýan adamlar Allanyň gadagan eden zatlaryny ýerine ýetirmekde, edil fakyhlar ýaly bolmaly. Edýän işlerinde bozuklyk, pyssy-pyjurlyk bolmaly däldir. Kim dirhemlerini çar ýana pytratmagy endik eden bolsa, ol isripdir, haramdyr. Dünýä durmuşyndan gapyllykda gezip ýörmek haramdyr. Ýaramaz aýdymlary ýerine ýetirmek haramdyr. Köseleriň, beçebazlaryň, aşyklaryň, bozuklaryň barýan mejlisi jynsy höwesiňi oýarýar. Şol topar adamlardan gaça durmak gerek. Wajyp bolan aýdym-sazlara Gurhanda aýdylan parzlary goşup hiňlenmek, edebe, päk ahlaga laýyk gelýän sözleri aýdym edip aýtmak degişli. Muny durky-süňňi halal we ahlagy tämiz adam ýerine ýetirse has täsirli bolýar. Rugsat berlen aýdym-sazlara ulagyň üstünde aýdylýan ýagşy aýdymlar, şygyr, kapyýaly goşgulary diňlemek, öz ýanyňdan aýdyma hiňlenmek, zenanyň öz adamsyna, gyrnagyň öz eýesine aýdym aýdyp bermegi rugsatdyr. Hoş owazly aýallaryň aýdymyny diňlemek (ýöne sözleriniň içinde ilkinji gijäniň lezzeti wasp edilmeýän aýdymlar bolsa), toýda-baýramda we şonuň ýaly ýerde aýdym aýtmaga rugsat berlendir. Dost-ýarlaryny taryplap, olary haýyr işe höweslendirip aýdylýan aýdymlara hem rugsat berlendir. Ýöne bu babatda çäkden geçilse halanylmaýar. Herki zady öz hetdinde, öz katdynda ýerine ýetirmelidir. Bu zatlara endik etmekden daşda durmaly. Gowy görülýän aýdym-sazlara, eger bir kary özüniň süýji we akgynly heňi bilen adamlara Gurhan okap berýän bolsa, adamlar hem onuň sesini we Hudaýyň sözlerini diňlemekden lezzet alýan bolsalar, aýdylýan zatlar hakda oýlanyp, pikirlenip ýa-da gözýaş döküp oturan bolsalar gowy görülýär. Olara adamkärçilik hakda Pygamberimiziň hadyslaryny aýdyp bermek hem örän oňatdyr. Ine, bu işleri näçe köp etdigiňçe şonça-da gowy görülýär. Owadan sesli, ýagşy ahlakly bir adam, kakýan depine laýyk getirip, gorky, takwalyk, bikärlige, jenaby Hakdan daşlyga gynanyp goşgy-gazal aýdýan bolsa, diňleýjiler hem ýagşy gylykly, günäsiz takwa kişiler bolup, aýdylýan zatlar bilen ahyretini güýçlendirmäge, toba, ybadata dönmäge pikir edýän bolsa örän oňat görülýär. Şeýle aýdymlar durky bilen sogapdyr. Şeýle zatlar bilen her adam her aýda ýa-da iň bolman-da iki aýda bir gezek bir sagat töweregi meşgullanmaly. Dili şerebeli adamyň ýanyna barmakdan, kemakyl adamlara duşmakdan, dawa-jenjele golaýlaşmakdan, özüňe magrurlykdan we ýene-de şolar ýaly zatlardan abat bolmaly. Köp aýdymlarda hakykatyň bir bölegi hem bolman, köp-lenç ýalan bolýar. Ýöne galp, ýalan aýdym-saz hem rugsat berlen, mekru we haram edilen toparlara bölünýär. Ilki şu zatlar hakda oňat oýlanmazdan, her zadyň asyl manysyny ölçerip-dökmezden Allanyň öz bendelerine bagyş eden nygmatyny haram hasaplamaga howlukmaň. Durmuş toýunda ýa-da baýram günlerinde ýerine ýetirilýän ýakymly aýdym-sazlaryň içinde Hudaýa bolan ybadat bardyr. Ýöne aýdym-saza gyzygyp, tagat-ybadaty terk etmeli däldir, unutmaly däldir. Hut şonuň üçin hem Allatagala: «Mal dünýäňiz we bala-çagalaryňyz sizi Allanyň zikrinden sowa goýmasyn » diýdi. Ýagny, siziň ünsüňizi namaz-ybadatdan sowmasyn diýdi. Allatagala mömün-musulmanlara ýüzlenip: «Haçan olar bir söwdany ýa-da oýun-gülkini görseler, şoňa tarap ylgap giderler we sizi dik duran ýagdaýyňyzda taşlarlar » diýdi. Allatagala bizi rugsat edilen söwdadan we haram edilmedik güýmenjeden zorluk bilen saklanok. Adam aýdym-saza gyzygyp, Hudaýyň kesgitlän parzlaryny, anna namazyny, jemagat we parz namazlaryny taşlaman, ýerine ýetirse bolýar. Galan ýerde ýagşy aýdym-sazlary diňlemäge ejaza berlendir. * * * Dogry ýola düşenleriň beýigi, mertebesi beýik Pygamberimiz edil beýleki adamlar ýaly ýylgyrardy, gülerdi, öz gelni bilen bäsleşip degişerdi. Agtyklary Hasan bilen Hüseýini arkasyna mündürip: «Siziň ikiňiz, gör, nähili gowy adamlar» diýerdi. [Käteler] aty eýerlemän münerdi, ýeňiş güni düýesiniň üstündekä, «Atam-enem» diýip, uly sesi bilen gygyrypdy. «Ýeňiş» süresini owadan ses bilen okardy, gaýtalardy. Sojap, gözýaş dökerdi. Ol: «Eý, Abu Amyr, bizi hem bir salym diňlesene» diýerdi. Hebeşileriň oýnuny synlardy, olara sowgat eltip bererdi. Onuň kämil keşbinde solgunlyk, gaharjaňlyk we hyýrsyzlyk nireden bolsun. Dünýäniň zynaty bolan öz aýallaryny söýerdi, hoşboý yslary sepinmegi, arassa we owadan eşikleri geýmegi, halwa, bal, et ýaly tagamlary iýmegi, gözel owazy, esasanam, dogruçyllygy we dilewarlygy halaýardy. Pygamber alaýhyssalam ähli ýagşy zatlary söýýändigine garamazdan, olara çendenaşa köp güýmenmezdi. Sebäbi rugsat berlen zatlara köp meşgullanmak hem tagat-ybadatdan ünsüňi sowup, wagtyňy ýitirýär. Pygamber alaýhyssalam biziň ýatlap geçişimiz ýaly, orazany berk tutardy, ähli zada taýyndy, Allanyň beýikligini ýatlap gözýaş dökerdi, toba ederdi, mähirlidi, hormatlydy, ýüregi ýukady. Ylmyň we ýagşylygyň, sahylygyň we merdanalygyň kämil derejesi oňa nesip etdi. Ähli gözel häsiýetler, Hudaýy razy edýän öwgüli ahlak sypatlar Pygamberimizde jemlendi. Ýatlan zatlarymyzyň we şuňa meňzeş beýleki ýagşy häsiýetleriň ählisi Onuň kämil sypatyna öwrüldi. Goý, Oňa Allanyň ýagşy dogasy we salamy bolsun! Ämin. * * * Hudaýyň öwgüsi we ýardamy bilen kitap tamam boldy. ___________________________________ [1] Gurhanyň «Zümer» süresiniň 18-nji aýaty. [2] Gurhanyň «Fatyr» süresiniň 1-nji aýaty. [3] Gurhanyň «Mynapyklar» süresiniň 9-njy aýaty. [4] Gurhanyň «Juma» süresiniň 11-nji aýaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |