■ HEÝWERE
Gara öt zäheriniň bedeniň ähli ýerine ýaýramagy netijesinde ýüze çykýan bu kesel, beden agzalarynyň hulkyny we şekilini zaýalaýar, hat-da horlap, heläk edýär. Bu derde duçar bolanyň ýüz keşbiniň ýolbarsyňka meňzeýändigi üçin, muňa başgaça «ýolbars keseli» diýilýär. Käbir tebipleriň aýtmagyna görä bu ýokanç kesel nesilden-nesile geçip bilýändir.
Pygamberimiz: «heýwerelä uzak seretmezligi» buýurdy. «Kasam edişmek üçin heýwereliniň ýanyna birini iberip, yzyna gaýtarandygy», soňra «onuň bilen nahar iýendigi» hakda aýtsak, ondan çetleşmegiň ätiýaçlyk üçin, bile nahar iýmegiň bolsa rugsatlygy üçindir. «Ol heýwereliniň ýokanç keselinden däl-de, ýaramaz ysyndan biynjalyk bolardy» diýip, Ibn Kuteýbe aýtdy. Pygamberimiziň: «Duşman we betgüman bolmaň» diýmegi, heýwereli bilen nahar iýmek dogrusynda bolup, «heýwereli adamdan gaçardy» diýilmegi, «Eger onuň yzasyna çydam edip bilmeseň, ondan uzakda durmagyň rugsatdygy» hakdadyr. Ýaramaz porsy ys hem duşmançylyga sebäp bolýar.
Ähli zatlar, elbetde Hudaýyň ýazgydy bilendir.
■ HAPA ZATLAR BILEN BEJERMEZLIK
Arak-şerap ýaly zatlary derman hökmünde ulanmagyň haramlygy hakda, Taryk ibn Süweýdiň hadysyny ýatlapdyk.
Akylyňy gidirýän zyýan-zeleliň bardygy üçin şerabyň derman däl-de dertdigini Sadyk habar berdi. Akylyň gitse diniň bolmaz, diniň bolmasa soňky ykbalyň jähennem bolar. Goý ondan Hudaý saklasyn! Bukrat hekim: «Zehiniňe zelel berýändigi üçin, şerabyň başa ýetirýän zyýany uludyr» diýdi.
Arak-şerap huşsuzlyga, duýdansyz ölüme getirer, gabahat işleri göze görkezer, sandyrama, ýüz ysmazy, şel, tutgaý ýaly dertleri döreder.
Äşäniň rowaýatynda: «Serhoş ediji her zat haramdyr, hat-da aýaň doly bolsa-da» diýilýär.
Şerabyň käbir dertlere peýdalydygy hakda tebipleriň aý-dandygy mälim zat. Ýöne, haçan-da Hudaý ony haram edende, ondaky peýdany aýrypdyr. Bu babatda Pygamberimiziň sözüne gözlesek «onuň derman däl-de, dertdigi» aýdylýar.
Şyh Muhýiddin Newewi: «Ýedi hurma bilen ertirlik edin-ýän adama, şol günüň dowamynda zäherdir jadynyň täsir etmejegini» aýdýar.
Onuň hormaty hakda şerigatda buýrulandyr. Hurma hakda şyh Newewiniň aýdýany dogry bolup, muny Pygamberimizden başga bilen, üns we salgy beren hiç bir tebip ýokdur. Gaýta, soňky döwrüň käbir tebipleri, sowuk zäheri ýatyrmakda hurma miwesiniň peýdasyna ynanýarlar.
Şonuň üçinem, arak-şeraby haram edip, ondaky peýdany aýranyndan soň, Hudaý öz Pygamberimizine şerabyň ornuny tutup biljek dermany salgy berdi.
Abu Talybyň rowaýatynda, Abu Söwrüň şerap bilen bejerýändigini Ymam Ahmede aýdanlarynda: «Bu ýaman söz» diýip, jogap beripdir. Abu Söwrüň: «Syrkawy şerap bilen bejermegi tebipler biragyzdan goldaýar» diýen sözüni, Merwezä gürrüň beren Ymam Ahmet, ony inkär edipdir, hatda düzümin-de ýylan eti we şerap bolan, zähere garşy serişdeleri ulanmagyň dürs däldigini» aýdypdyr.
Merweziniň rowaýatynda, düzüminde ýylan eti bolan dermanyň ulanylmaýandygy, eşek süýdüniň, zeruram bolsa, içilmeýändigi aýdylýar.
Abu Hüreýranyň Pygamberimizden eşiden hadysyna salgylansaň, eşegiň peşewi hem içilmeýär. Pygamberimiz: «Hudaýyň halal eden zadyny ulanan adam şypa tapar» (halal zady derman hökmünde ulanan adam şypa tapar) diýdi. Abu Salyh Muhammet ibn Hasan, Yshak ibn Ybraýym, Harb, Abdylla, Esrem we Ybraýym ibn Harys ýaly alymlar, zerur bolanda düýe siýdigini içmegiň dürsdügini aýtdylar.
Onda, zerur bolmasa-da içseň bolýarmyka?
Enesiň öň ýatlap geçen hadysynda içmäge rugsat berlendigi aýdylýar.
Däri we çakjagunduz ýaly ukladyjy, ýadyňy küteldiji serişdeleri ulanmak nädürs.
Däri arpa dänesine çalymdaş, gara reňkli ösümlikdir. Bularyň ikisi hem serhoş ediji. Pygambe¬rimiziň gurbagany öldürmegi gadagan edendigini öň aýdypdyk. Bu gadaganlyk onuň awuly haýwanlara degişlidigi üçindir, onuň ýaýrap gitmezligi üçin bu ýagdaýy aýan etmek islemedi. Ondaky zyýanlary ýatlap: «Gurbaga etini iýmek dişiňi, hatda örüde otlap ýören mallaryň dişinem düşürer, bedeni çişirer, meňziňi soldurar, döl akma keseline ýolukdyrar, hat-da öldürerem» diýdi. Çaga gurbaganyň has zyýanlydygy üçin, tebipler ony peýdalanmagy düýbünden gadagan etdi.
Tebipler bu zatlardan saklap, adamlara rehim edýän bolsa, «Mömin-musulmanlar üçin rehimli we mähriban» diýlip, wasp edilen Allatagala gör nähili mähirlidir.
■ GYZZYRMALY SYRKAWY SOWUK SUW BILEN BEJERMEK
Pygamberimiz şeýle diýdi:
Başlangyç döwründe sowuk suw içmek, gyzzyrmany gow-şadýar, güýjüni gaçyrýar.
Ibn Omarda: «Gyzzyrma (ysytma) jähennemiň howrudyr. Ony suw bilen sowadyň».
Ibn Apbasda: «Gyzzyrma jähennemiň howrudyr. Ony Zemzem suwy bilen öçüriň» diýilýär.
Abu Bekriň gyzy Esma, gyzzyryp ýatan zenanyň üstünden suw guýup, Pygamberimiziň: «Ony suw bilen sowadyň, çünki ol jähennemiň howrudyr» diýen sözüni ýatlar eken.
Pygamberimiziň «sowadyň» diýen sözi, esasan Hyjaz iline aýdylandyr. Agyr gyzzyrmany aýyrmak üçin sowuk suwa ýuwun¬mak ýa içmek gerek. Bu Hyjazyň howasynyň aşa gyzgynlygy sebäplidir.
«Zemzem suwy bilen» diýmeginiň manysy, topragynyň düzümine görä suwlar hil we bereket taýdan dürli bolýar. Emma: «Zemzem suwuny nämä niýetläp içseň, şoňa şypa berer» hadysyna görä, diňe Zemzem suwy ähli zada şypalydyr.
«Gyzzyryp ýatanyň üstünden üç gijeläp, säher wagty sowuk suw akydyň» diýip, Pygamberimiz aýtdy. Muny Enese salgylanyp Ibn Jöwza rowaýat etdi. Abu Hüreýrede: «Gyzzyrma jähennemiň bir körügidir, ony sowuk suw bilen aýryň» diýilýär.
Sümrede: «Gyzzyrma dowzahyň bir bölegidir, ony suw bi-len sowadyň. Gyzzyran çagy Pygamberimiz bir meşik suwy getirdip, üstünden guýup, ýuwunardy» diýilýär. Ýarawsyz wagty Pygamberimiziň, ýedi meşik Zemzem suwuny üstünden akytmagy buýranlygyny Äşe rowaýat etdi.
Rafyg ibn Hadyjda: «Gyzzyrýan adam, ony sowuk suw bilen öçürsin, çünki gyzzyrma dowzah odunyň bir bölegidir» diýilýär.
Gyzzyryp ýatan ýaş ýa-da semiz adama suwda ýüzmekligiň şypadygyny Galen aýdyp geçdi.
Tiz siňýänligi, ýakynlygy we tebigatyň ýeňilligi üçin gyzzyrmaly adamlara iň peýdaly zadyň suwdugyny tebipler belledi. Kähalatlarda suwuň sowuklygyny artdyrmak üçin gar (buz) goşulýar, ýa-da tiz täsir etdirmek üçin sirke; beden agzalaryna doly ýetip, çyglandyryp durmagy üçin şeker garylýar. Şeker bilen sirkäniň alyşýanlygy üçin, mundan taýýarlanylýan içgä sirkelibal diýilýär. Gyzzyrmanyň togtamagy we açylmagy üçin iň oňat içgi şoldur. Gyzzyrmanyň birnäçe gör-nüşi bolup, bir günlük gyzzyrma ýa-da üç güne çenli dowam edýän adaty gyzzyrmalar bar. Eger hyltlar bilen baglanyşykly bolsa ýiti gyzdyrma, beden agzalaryna bagly bolsa, günaşa gaýtalanýan gyzdyrma, goýy ahlata bagly bolsa bişen gyzdyrma diýilýär. Onuň kähalatda ysmazdan saplap, sanjyny aýyrýan wagtlaram bar.
«Pygamberimiziň ýanynda ysytma hakda gürrüň gozgalan-da, biri ol kesele sögündi» diýip, Abu Hüreýra gürrüň berdi. Pygamberimiz oňa bakyp: «Oňa sögmäň! Oduň, demriň hapasyny aýryşy ýaly, ol hem günälerden arassalaýar» diýdi.
«Pygamberimiz ýanyna gelen Ümmi Saýyba bakyp: «Sen nä galpyldap dursuň?» diýende, «Bereketi ýitmiş, gyzzyrma-la» diýip, ol aýal jogap beripdir. «Ýok, oňa sögmäň, gyzgyn körügiň demir hapasyny aýryşy ýaly, ol hem Adam ogullarynyň günäsini ýuwýar» diýip, Pygamberimiz aýdypdyr.
Pygamberimiz: «Bir günlük gyzzyrma bir ýyllyk günäni ýuwýar» diýse, Ymam Hasanda: «Ol taňry bendesiniň günäsini ýuwýar» diýilýär.
Gyzzyrmanyň bedenimize we dinimize peýdadygy üçin Pygamberimiz oňa sögünmegi gadagan etdi.
■ GYZZYRMA
Gan bilen baglanyşykly gyzzyrma.
Alamatlary: Ýüzüň we gözüň gyzarmagy.
Bejerilişi: Fasd we hyjamat (gan aldyrmak), turşy tagamly gury miweleri iýmek.
Holerik gyzzyrma.
Alamatlary: Ýüzüň saralmagy, ukusyzlyk, holerik gusmasy we agzyň ajamagy.
Bejerilişi: Armyt we turşy mizwar içgisini bermeli. Eger teşneligi zyýada bolsa garpyz, gök ot däneleriniň süýdi gerek. Iç geçirýän kakadylan miwe bilen tebigatyny ýumşatmaly. Eger ukusyzlygy artykmaç bolsa benewşe gülüniň ýagyny çalmaly. Ysgynsyz, mejalsyz bolsa jüýje çorbasy bilen naharlamaly. Uzaga çeken gyzdyrmany bejermek üçin, yşgyn gaýnadyp içirmeli. Gyzdyrmadan saplanan dessine, hammama salmaly we guzy eti bilen naharlamaly.
Balgamy gyzzyrma.
Alamatlary: «Az suwsamak, ýüzüň gurşun sypat reňke öwrülmegi, gagşyldap oturmak (üşütme).
Üşütmäni bejermek üçin gusdurmaly, birnäçe günläp sirkeli baly gyzgyn suwa garyp içirmeli. Ýeňil iç ýuwmak bilen tebigatyny ýumşadanyňdan soňra, çowdary dänesini içirmeli, nohut ýa-da zagpyran atylan jüýje çorbasyny iýdirmeli.
Melanholik gyzzyrma.
Alamatlary: Nury öçüşen ýüz, peşewiň reňkiniň üýtgemegi, ukusyzlyk.
Bu keseli bejermek üçin arpa suwundan ýagşy hiç zat ýokdur. Bu tagamda nemlendirmek we uklatmak ýaly täsirler bolup, örän ýokumlydyr. Bir ukyýe möçberinde arpa suwuna ýarym ukyýe şeker garyp içirmeli, nahar bilen tebigatyny ýumşatmaly, owlak we täze balyk ýaly zatlaryň eti bilen naharlamaly. Bu gyzzyrmalar sepgitleýin hem bolup bilýär. Holeriki gyzzyrmasynyň ýene bir alamaty onuň her gün däl-de, günaşa gaýtalanýandygydyr.
Melanholik gyzzyrma bir gün tutsa, iki gün köşeşýär, flegmatiki gyzzyrma her gün tutýar.
Gaýtadan tutup başlanda, derrew gusmak gerek. Galan ýagdaýda bejerilişini bolsa ýokarda aýtdyk.
Eger gyzzyrma beden agzalaryna bagly bolsa, ol adamda üsgülewik, ýiti gyzgynlyk, işdäsizlik, derlegenlik we mejalsyzlyk ýüze çykar. Şeýle ýagdaýda arpa suwuny peýdalanmaly. Ysgyn-mydary oňat bolup, suwsuzlygy güýjese kamfar agajynyň dänelerini içmeli, eger ysgyn-mejaly bolmasa içirmeli däldir. Hammama köpräk girip, onuň bugundan däl-de, suwundan peýdalanmaly. Hammama girmek, kädi suwuny içmek, owlak eti, jüýje çorbasy ýaly zatlar bilen özüňe seretmeli. Eger ýagdaý ýitileşse, heläkçilikden gutulmak üçin arpa aşyny we göknary ulanmak bolar. Dogrusyny Alla bilýär.
■ KELLAGYRY
Başda döreýän bu agyry gan, öt, balgam we gara öt sebäpli ýüze çykýar. Alajynyň käbirini gyzzyrmaň bejerilişinde ýatladyk. Sowuklamadan dörän syrkawlygy bejermek üçin müşk, anbar we tmin dänesi ysgalýar, bal iýilýär, gaýnag suwa tutulýar we gyzgyn iç ýuwma ulanylýar. Sowuk suwdan we sowuk howadan gaça durmaly. Iç boşatma mätäç bolsa, eýaryj dänesini peýdalanmaly. Bu çäräni sowuk beýni keselleriniň ählisinde ulanyp bolar. Oňa guduzlama, tutgaý, ýüz ysmazy, sandyrama, ysmaz, çakyza, dümew, sowuklama, ysgynsyzlyk ýaly dertler degişli.
● Eýaryj dänesiniň sypaty.
Eýaryj – ak köpürjik, bir dirhemlik peçek (3,12 gram), bir dänik şepbik (0,52 gram) we iki sany çowdary dänesini alyp taýýarlamaly, taýýar bolan dänäni ýary gije ýuwutmaly. Bu hakda öň aýdypdyk.
Abu Hüreýrada: «Pygamberimize wahy gelende başy agyrardy. Ol başyna hyna çalyp, ýaglyk oraýardy» diýilýär. Hynanyň peýdalaryny öň ýatlap geçipdik.
Gözüniň sagdynlygyny saklamak isleýän ony aşa yssydan, ötgür sowukdan, güýçli ýelden, çaň-tozandan, köp aýallykdan, nämedir bir zada uzak wagtlap siňe seretmeden, seýrek bolmasa iri hatlary göçürmekden goramaly, çünki uşak hat ýüregiňi nurlandyrýar. Ýalpyldawuk jisimlere, gün tegelegine, ak we gara reňklere siňe seretmekden saklanmaly. Göz üçin iň ýaramlysy ýaşyl reňkdir.
Enes Pygamberimiziň ýaşyl reňki halandygyny aýtsa, Allatagala: «Olar üçin aşagyndan derýalar akyp duran ebedi jennetler bolup, olar o taýda altyn bilezik bilen bezenerler, ýüpek matalardan lowurdap duran ýaşyl lybas geýerler» diýdi.
Jennet iliniň geýýän lybasy hem ýaşyl reňkdedir. «Gök ot-çöplere we akar suwa seretmek Pygamberimize ýaraýardy» diýip, Ibn Apbas aýtdy. Bureýdäniň hadysynda: «ýaşyl zatlary we akar suwy synlamak görejiňi ýiteldýär» diýilýär. Hoşboý ysly ismet (sürme) ýaly gözi ýiteldýän we saglygyny goraýan zatlary peýdalanmaly. Bu hakda öň aýdypdyk.
■ BURNUŇ GANAMAGY
Aşa köp gidip, güýçden gaçyrmadyk bolsa, togtatjak bolmak hökman däl. Eger gan akmasy köpeliberse alma we turşuja içgisini alsyn, gar (buz) suwuny kamfar bilen garyp burundan guýsun, jüýje çorbasyny içip, güýjüne gelsin.
■ DIŞLERIŇ SAGLYGYNY GORAMAK
Şepbik zatlary çeýnemekden, gaty we aşa sowuk zatlary dişiň bilen döwmekden, gyzgyn nahardan soň örän sowuk suw içmekden ýa-da sowuk suwuň yzysüre gyzgyn nahar iýmekden saklanmaly. Gereginden artykmaç ýuwmak dişleriňi döker, agzyňy porsadar. Zaýa tagamlary köp iýmekden, dişiňi gow¬şad¬ýan zatlary çeýnemekden we arap akasiýasy ýaly zatlardan gaýra durmaly.
■ ÜSGÜLEWIGIŇ BEJERILIŞI
Gaýnadylan, süýji arpa suwy, badam ýagyna gowrulan nar, harira , ýumurtga we «nimerşet » ýasalýar. Sowuk gardan, etden, turşy we duzly zatlary iýmekden gaça durmaly.
■ ÝÜREGAGYRY WE SANJY
Bu ikisi köplenç noýba, mäş, merjimek ýaly iýmitleri ýa-da aş üstüne aş iýeniňde ýüze çykýar.
Bejerilişi: ýokarda ýatlan iýmitlerimizden saklanmaly, gusduryjy serişdeleri ulanmaly, gyzgyn gül mürepbesini peýdalanmaly. Iç boşatma zerurlyk bolsa ýiti-ýeňil iç sürýän aýwa uny bilen bejermeli. Ýüregiň üstüne we göwräňe gül ýagyny hem-de mastikany çalmaly, gyzgyn dermanlar bilen melhem daňmaly, gyzgyn suwa düşünmeli.
Içegedäki ýiti sanjyny ýada ganly içgeçmäni bejermek üçin, alma içgisi bilen gülhaýry köküni gaýnadyp bermeli. Pagta çigdini gyzdyryp ulanmaly, göknar gabygy gaýnadylan suwa buga tutmaly. Eger ganly içgeçme has çäkden geçse, köne çig (gök) üzümiň suwuny towuk çorbasy bilen içmeli, eger iç sürgüsi çäksiz bolsa nar dänesinden taýýarlanan mäjumy ulanmaly.
■ PLEWRIT KESELINIŇ BEJERILIŞI
Plewrit keseli iki hili bolup, hakyky däl görnüşiniň bejeri-lişini öň ýatladyk. Hakyky plewriti bejermek üçin gaýnadylan miwe şeraplary taýýarlanylýar, arpa uny, ak gülhaýry we be-newşe güli bilen sargy edilýär. Badam hozuna garylan arpa su-wy hem munuň üçin peýdaly. Eger iç gatasa bir bölek çowdaryny nabat bilen garyp bermeli.
■ SUWLYÇIŞ (SARY SUW) KESELINIŇ BEJERILIŞI
Bu hakda öň aýdyp geçdik. Abu Hüreýranyň rowaýatynda, Pygamberimiziň içi durmaýan bir adamyny bejermegi tebibe emr edendigi aýdylýar. Olar Resulalladan: «Tebipçiligiň peý-da¬sy barmy?» diýip soranlarynda, «Derdi beren Alla dermanyny hem berer» diýipdir.
Bu söz dogry bolsa, suwlyçiş keseline duçar bolan islendik adamyny tebipleriň bejermelidigini, çünki onuň köp görnüşlidigini aýtmak isleýär. Etli suwlyçiş onuň iň ýaramaz görnüşidir.
■ DÜŞEGINE BUŞUGÝANLAR
Bu kesel köplenç çagalarda we garrylarda ýüze çykyp, onuň baş sebäbi üşemekdir. Onuň üçin ilki bilen ýorgan-düşegi galňatmak gerek.
Ladan, mastika we bal bilen bejermeli. Towuk çorbasyny, sowuk tagamlary, garpyz we şoňa meňzeş zatlary iýmekden saklanmaly.
■ BABASYL KESELINI BEJERMEK
Babasyly bejermek üçin gyzgyn suw bilen benewşe şera-byny içmeli. Maluhiýa (مالوخيا), mamamonjuk we ysmanak bi-len naharlanmaly. Mümkin boldugyça, tebigatyňy ýumşatmaga çalyşmaly. Babasyl keselli adam gaty we gury çörek iýmeli däldir.
■ GURAGYRYNY BEJERMEK
Guragyryny bejermek üçin gusduryjy dermanlary içmeli, etli tagamlary, esasanam balygy, süýdi, ter miweleri iýmekden saklanmaly, bal iýmeli. Eger agyry sowuklyk sebäpli ýüz beren bolsa, gyzgyn zatlary köpräk iýmeli. Iç sürýän dänelerden we iç ýuwmadan peýdalanmaly.
■ OTYRÝER KESELINI BEJERMEK
Bu hakda «elip» harpynda Resulallanyň aýdanlaryny hem ýatlapdyk.
Pygamberimiziň aýtmagyna görä, Ysraýyl alaýhyssalam (Ýakup Pygamber) otyrýer keselinden ejir çekende düýe süýdüni we etini iýmekden saklanypdyr, şeýdibem şypa tapypdyr, sagalypdyr. Perzentlerine hem şeýle etmegi ündäpdir.
Guryagyry bilen otyrýer keselini gozgaýan esasy zeleller süýt bilen etdir, hususanam düýe we sygyr eti şonuň ýalydyr.
Guragyrysy bolan adama et iýmegi, şerap içmegi Ibn Sina hem gadagan etdi.
Otyrýer keseliniň gözbaşy uýluk boýnundan buda baryp, tä ökjä çenli uzalyp gidýär. Kesel ötüşdigiçe agyrysy artýar, onuň netijesinde aýak we but horlanyp, tapdan düşýär. Soňra ötüşen otyrýer keselini diňe oda köýdürmek bilen bejerip bolýar. Ýöne, oda köýdürmek halanylýarmyka? Bu barada dürli pikir¬ler bar.
Oda köýdürip bejermek hakda esasan iki rowaýata salgylanýarlar:
Jabyryň Resulalla salgylanyp beýan edýän hadysyna görä, Resulalla: «Ulanýan dermanlaryňyzyň arasynda şypa bar bolsa, ol gan aldyrmakda we oda köýdürmekdedir. Hat-da oda köýdürmäni halamasam-da» diýipdir.
Ibn Apbasyň getirýän hadysynda bolsa, Pygamberimiziň: «Üç zatda şypa bardyr: Gan aldyrmakda, bal içmekde we oda köýdürmekde. Ýöne men ymmatyma oda köýdürmegi gadagan edýän» diýilýär.
Abu Abdylla Mazeri, mundan beýleki dertleriň ganyň, ödüň, balgamyň we gara ödüň artmagy netijesinde ýüze çykýandygyny aýdýar.
Gan bilen baglanyşykly (دموي) keselleri bejermek üçin gan aldyrmaly. Beýleki üçüsini bolsa özüne laýyk gelýän iç geçiriji serişdeler bilen bejerip bolýar.
Pygamberimiz «hyjamat» hakda aýtmak bilen, gan aldyrmagy; bal içmek bilen iç geçirmegi ýatlatdy. Eger bu derman-lar gowşak täsir etse tebipçiligiň soňky çykalgasy bolan oda köýdürme usulyna ýüz urmaly bolýar. Şonuň üçin hem araplar «Oda köýdürmek – iň soňky usul» diýýärler. Bu usul, berlen derman keseli ýatyryp bilmese ýa-da syrkawyň tebigaty dermanyň täsirinden üstün gelen halaty ulanylýar.
Pygamberimiziň: «Ysytmanyň gyzgynlygy jähennem odu-nyň howrudyr. Ony suw bilen sowadyň» diýen hadysyna görä, keselleriň ýönekeý bejerilişini bilşimiz ýaly, maddy keselleri bejermegiň aslyýetini hem öwrendik.
Oda köýdürmegiň alamaty hakda, nesip bolsa, soň ýatlarys.
* * *
Sagyt ibn Magaz tirseginden gan alanda, Pygamberimiz onuň ganyny uzyn taýak bilen saklapdyr. Soňra ol ýerde çiş dörände oda köýdüripdir. Ymran ibn Hasynda: «Bela duçar bol¬duk, oda köýdürdik. Ne maksada ýetdik, ne üstün bolduk» diýen hadys bar.
Ibn Apbasa görä, Resulalla: «Ymmatymdan ýetmiş müň adam jennete bihasap girer: olar gybat etmedik, betgüman bol-madyk, oda köýdürmedik we öz Hudaýlaryna töwekgellik eden adamlardyr» diýdi.
Bu ýerde doga-tumar dakynmaýan, umytsyz, göwniçökgün bolmaýan adamlar göz öňüde tutulyp, rugsat berlen we gada-gan edilen zatlar hakda anyk aýdylýar.
Oda köýdürmegiň gadagan edilmesiniň bir sebäbi, adam-laryň ony beýleki dermanlardan artyk saýýanlygy üçindir. Olaryň pikiriçe, ol dermanyň täsirini saklaýan ýaly, hamana oda köýdürilmese, beden agzalaryny bejerip bolmajak ýalydyr. Munuň gadagan edilmesi hut şonuň üçindir. Bolmasa, derde däl-de, şypalara sebäp bolýandygy üçin oňa rugsat berlerdi. Aslyýetinde, adamlara şypa berip dertden sagaldýan oda köýdürmek ýa-da derman däl-de, Beýik Allatagaladyr.
Bu mesele dogrusynda adamlarda hem nädürs pikirler örän köp. Olaryň pikiriçe: «derman içen bolsa, ölmejek ýaly. Öz ýurdunda gezen bolsa, öldürilmejek ýaly». Ähtimal, bu gada¬gan edilme, aňrybaş zerurlyk bolmasa-da, keselden goranmak üçin oda köýdürýänlere degişlidir, ýogsam, zerur bolanda ondan peýdalanmaga rugsat berlipdi.
Belki-de, bu gadaganlyk Hudaýa bolan töwekgelligi kämil etmek üçindir, ynsanyň ynanjyna haýsydyr bir beýleki ýagda-ýyň tagna salmazlygy üçindir, belki-de onuň ornuny tutup bolmajak ýerinde rugsat berlendir. Sebäbi jerhet bilen iş salşa-nyňda, damaryň üstünden düşse, köp halatda onuň ganyny oda köýdürmezden saklap bolmaýar, sebäbi gan damarlarynyň hereketi ýaranyň bitmegine päsgel berýär. Eger oda köýdürseň, ol diňe ýaranyň üstünde «haşkerişe » döredýär. Haçan-da da¬mar çukurjygynyň daşyndaky gan gurasa, ol ham bilen alyş¬ýar. Gan akmasy togtasa, Hudaýyň islegi bilen, ol ýerini sepleýär. Ine, şunuň ýaly zerurlyk çyksa oda köýdürmegiň aýby ýok. Gan akyp durmagyndan we heläk bolmagyndan howp edip, Sagt ibn Abu Wakgasy oda köýdürme bilen bejerendikleri, Hattabyda aýdylýar.
Şuňa kybap halatlarda, el ýa aýak kesilmeli bolsa, oda köýdürmäge rugsat berilýär.
Ibn Omar ýüz ysmazyny bejermek üçin oda köýdürendigini aýdýar. Ýüz ysmazy goýy maddalaryň täsiri bilen hasyl bolup, ol ötüşen kesellere degişli. Ol maddany derman ulanmazdan bejerip bolmaýar, onuň iň oňat dermany bolsa oda köýdürmekdir.
Gün uranda ýa-da müçükdirme bolanda gan aldyrmaly. Etli we sowuk zatlary iýmekden daş durmaly. Müçükdirmeden saplanmak üçin Pygamberimiziň uýlugyndan gan aldyrandygy, Jabyrda ýatlanylýar.
Müçükdirme süňküň döwülmezden ýa çykmazdan agyrmasy. Muny bejermek üçin agyrýan ýere künji ýagy we ow-radylan reýhan çalmaly.
■ DÖWÜLMÄNI BEJERMEK
Aly Jabyra salgylanyp şeýle diýdi: Bir tirsegim çykanda, ony seýikledim we Pygamberimizden bu hakda soranymda melhem ýapmagy buýurdy. Melhemi tä gutulýança ýapybermeli.
■ IT DALAMASY
Itiň melanholiki mizajy gyzgyn bolsa ol guduzlyk keseline uçraýar. Iki gözüniň gyzarmagy, diliniň sallanyp, agzyndan gyllyk akyp durmagy, kellesini ýere ýapyryp, gulagyny salpartmagy, guýrugyny ýamzyna gysyp gezmegi, hamynyň gijemegi we elmydam ylgap ýörmegi, hereket edende serhoş ýaly bol¬masy munuň esasy alamatlarydyr. Gören zadyna topular, sesi¬niň gyryklygy üçin az üýrer, zat iýmez, itler ondan gaçyp gezer, onuňam esasy gaçgyny suw bolar.
Guduz it dişlän ynsanda, edil şol itiňki ýaly kesel dörär. Guduzlama keseli elhençdir. Guduzlan adam suw görse gaçar, kimi görse gorka düşer, aýna baksa öz ýüzüni it keşbinde görer.
Muhammet Pygamberimiz:
«Gap-çanaklaryňyzy it ýalan bolsa, ony ýedi gezek ýuwuň, şonuň bir gezegi hem toprak bilen bolsun» diýdi.
Başga bir rowaýatda: «Ýedi gezek ýuwuň, iň gowusy toprak bilen ýuwuň» diýilýär.
Sebäbi itiň zäheri gyllygynda bolýar. Dalan mahaly beden agzalaryna geçişi ýaly, ýalan halaty gap-çanaga geçýär, ýaran adamsyna guduz ýokuşdyryşy ýaly, hyllygynyň galyndysy (ýokundysy) nahar iýýäne ýokuşýar.
Anygyny Alla bilýär. Kesel dörediji sebäplere böwet bol-magy üçin it ýalan gaby ýuwmagy Pygamberimiz emr etdi. Guduzlan adamyň suwdan çekinmesi bir-iki hepdäniň ýa-da alty aýyň dowamynda-da bolup biler. Eger guduzlyk keseliniň alamaty şübhe döredýän bolsa, bir bölek çöregi it ýarasyndan akyp duran gana bulap, başga bir ite iýdirip görmeli. Sag it şol çöregi iýse, ýaran itiň guduz däldigini, iýmese – guduzdygyny aňladýar.
Bejerilişi: It dişlän ýerini kesmeli we oňa gan alýan guraly goýup, zäherli gany gowy edip sordurmaly. Gandaky zyýanly maddalaryň çykyp gitmegi üçin ýaranyň üstüni açyk goýmaly. Arpa suwuny içmeli, owlak etini iýmeli, asudalykda gezmeli.
Guduzlan adam peşew edende, edil çaga güjükleriniňkä meňzeş geň bir etli peşewiň gelmegi mümkin.
Onuň ganyny arassalaýan tebip, şol bir wagtda syrkawyň agzyna gül ýagyny çalyp durmaly.
■HAÝWAN ÇAKAN ADAMY BEJERMEK
Zäherli haýwanyň neşterine uçran adam hergiz ýatmasyn. Çünki adam ýatan wagty zäher onuň beden çuňluklaryna ýeňil siňip başlaýar. Haýwan çakan ýerine, gan alynýan guraly go-ýup, öň aýdyşymyz ýaly, zäherini sordurmaly. Eger zäher süň-ňüne ýaýran bolsa gan aldyryp bolar, ýaýramadyk bolsa ýok.
Içýan çakan halaty iki hili ýagdaý: käte sowuklyk, käte gyzgynlyk ýüze çykýar. Ilki bilen içýan çakan ýerini berk edip daňmaly. Soňra içýany bölekläp, şony hem sargy edip ýapmaly. Içýan çakan adama hoz maňzyny we limon dänesini iýdirmeli. Bu synalyp görlen tärdir. «Içýan çakan ýerine suw we duz basylýandygyny» Resulalla bilen baglanyşykly rowa-ýat¬da aýdypdyk.
Başga bir rowaýatda, Pygamberimiz elinden çakan içýany öldüripdir. Soňra duz bilen suw getirmeklerini buýrup, ony zäherli ýeriniň üstünden akydypdyr.
«Ýatar wagty: «Ýaradan zatlarynyň şerinden goramagy üçin Hudaýyň kämil sözlerine sygynýaryn» diýen adamy, tä oýanýança içýan çakmaz».
«Ýatar wagty: Allanyň ady bilen hereket edýärin. Onuň ady bilen hereket edilende ýerde we gökde bolan hiç bir zat zyýan bermez. Alla ähli zatlary eşidýändir we bilýändir» diýse, ertire çenli hiç bir zat oňa zyýan bermez.
■ ZYÝANLY MÖR-MÖJEKLERI KOWMAK
Munuň üçin öýde pişik, kalyk (?), tawus we kirpi ýaly haýwanlary saklamak tebipleriň adatydyr. Şeýle hem mör-möjekleri özüne çekmegi üçin çyra-şem ýaly zatlary ýakyp goýmaly. Bularyň ählisi çybyn-çirkeýiň ezýetinden goranmak üçindir. Emma bu ýagdaý Pygamberimiziň sözüne çapraz gelýär. Pygamberimiz:
«Ýatar wagtyňyz çyralaryňyzy söndüriň»;
«Ýatar wagtyňyz öýüňizde ot ýakyp goýmaň»;
«Ot siziň duşmanyňyzdyr, ýatmankaňyz ony öçüriň»;
«Bir bolgusyz zat peltäni özüne çekip, öýi oda bermegi mümkin» diýdi.
Bularyň ählisi dogry, ygtybarly hadysdyr. Bu beladan sypmak üçin Allanyň kämil sözlerine sygynmak we «Aýatyl-kürsüni» okamak buýruldy.
Äşede: «Resulalla düşegine geçende, aýasyny bir ýere jemläp tüýkürerdi, soňra «Yhlas», «Falak» we «Nas» sürelerini okap, başyndan we ýüzünden başlap, süňňüniň ähli mümkin bolan ýerini eli bilen sypalardy, bu usuly üç gezek gaýtalardy» diýilýär.
Bu ýerdäki «tüýkülik» «suwly tüýkülik» däl-de, çygly dem ýaly çüflemekdir. Pygamberimiziň çüflemesi hakda Äşeden soralanda: «Edil kişmiş iýýäniň tüýküligi ýaly» diýipdir. Pygamberimiz: «Ähli bela-beterden goranmak üçin «Bakara» süresiniň soňky iki aýatyny okamak ýeterlik» diýdi.
Pygamberimiz ýatjak wagty: «Eý, Alla, adamlary gaý-tadan direldýän günüňde, meni azabyňdan gora» diýse, ukudan oýanýan wagty: «Bizi ölümden soňra direlden Hudaýa şükür. Hudaýa döneýin!» diýipdir.
Pygamberimiz ýatar wagtymyz istigfar , tesbih , tahmyd we tekbir aýtmagy buýurdy. Bu örän meşhurdyr.
«Ýatar wagty «Äýatyl-kürsini» okaýan adamy, Hudaý tara¬pyn iberilen perişde, ertire çenli gorap saklar».
Ot we haýwan ýaly zatlaryň şerinden goranmak üçin, Pygamberimiz bize ýagşy, mübärek we goragçy bolýan sözleri öwrenmegi tabşyrdy. Bizi bu dünýäde ýagşy we mübärek zikrler bilen gorady, indi diňe bu sözleriň ahyretdäki sogaby galdy. Bu zatlaryň ählisi Pygamberimiziň beýikligi we bereke-di bilendir. Oňa we onuň maşgalasyna tükeniksiz salam we bereket bolsun!
■ GYRGYN WE MERGI KESELI
Pygamberimiziň gyrgyn keseli hakda aýdanlaryny sorap, Usame ibn Zeýde ýüz tutupdyrlar. Ol: «Tagun Ysraýyl kowumyndan bir taýpa, ýa-da ondanam owalkylara inderilen azapdyr. Gyrgyn düşen ýer hakda eşitseňiz, ol topraga girmäň. Gezip ýören topragyňyza gyrgyn düşse, mundan gaçyp ýurtdan çykmaň» diýipdir.
Enesde: «Gyrgyn keseli her musulman üçin şahadatdyr, ýagny gyrgynda ýogalan şehitdir» diýilýär. Ygtybarly alym-ýazarlar mergi sebäpli adamlaryň köpçülikleýin ýogalmagyny gyrgyn hasaplaýar.
Tebipçilik ylmynda bu ölüm howply, erbet, çişli keseldir. Töweregini gara-ýaşyl edip goýýar, köplenç hem goltukda we gulak astynda ýüz berýär.
Äşäniň hadysynda: «Gyrgynda ýogalan şehit hasaplanýar, ol nähili dert?» diýip soranda, «Düýäň mäzi ýaly bolup, gulak astyna we goltuga çykýan çiş» diýipdir. Ibn Sina: «Goltugyň we gulak astynyň ýumşak etinde ýüz berýän çişe tagun (gyrgyn) diýilýär. Ol erbet, çüýrän gandyr. Bu çüýrän gan ýürege ýetse howply täsir edýär, ýürek bulanma, gusma ýaly ahwalatlar köpelýär, ýüregiň urşy batlanýar».
Gyzyl gyrgyn sary gyrgyndan ýeňildir. Ölüm howply bolan gara gyrgyndan halas bolýan ýokdur. Ol köplenç mergi keselinde ýüze çykýar.
Pygamberimiziň: «gyrgyn düşen topraga girmäň» sözünde iki sany peýda bar.
1). Ýaramaz, erbet ysly howadan dem almazlyk we syr-kawlamazlyk üçin.
2). Syrkawa goňşy durmazlyk bolup, bela-beteriň has artmazlygy üçin.
Abu Dawutda: «Mergä golaý gelmek heläk bolmak» diýilýär.
Pygamberimiziň: «mundan gaçyp ýurtdan çykmaň» diýmesi, Hudaýa bil baglap, töwekgel bolmak üçindir.
Pygamberimiziň gyrgyn düşen ýere göçmezlik hakda aýt-masyna görä, bir toprakdan özge ýere gideniňde, mizajyň (tebigatyň) üýtgäp, tapdan gaçýaň. Äşäniň: «Resulalla Medinä gelende, Abu Bekr bilen Bilal gyzdyryp ýatdy» diýmegi, muňa delildir.
Durkuň üýtgäp, güýjüň ejizlän halaty howa we mergi örän çalt täsir edýär.
«Gezip ýören topragyňyza gyrgyn düşse, mundan gaçyp ýurtdan çykmaň» diýen sözüne görä, bu keseliň erbetdigini, bedeniňi ejizledip, ýiti täsir edýändigini, başga ýere göçeniňde, bedeniň ýene-de ejiz bolýandygyny bildik. Şeýle ýagdaýda kesel has hem ýitileşýär. Bu gadaganlygyň sebäbi şoldur.
Äşe Resulalladan gyrgyn hakda soranda, «Ol Allanyň islän adamsynyň üstüne iberýän azabydyr. Allatagala bu keseli musulmanlara ýagşylyk hökmünde ýaratdy. Ýaşaýan topragyna gyrgyn düşende, şol ýerde sabyr edip saklanan adamlara – «Hudaýyň ýazgydyndan başga zadyň maňlaýymyza gelmeje¬gini» bilýänlere, edil şehitleriňki ýaly sylag bardyr».
Gyrgyn keseline mergi keseli hem diýilýär.
Ol ýata suwuň ysyna meňzeş bolan porsy ysyň howa ýaýramasyndan ýüze çykýar. Ol ýa-ha zemini sebäpler bilen, ýa-da asmany sebäpler bilen baglydyr. Zemini sebäplere gömülmedik maslykdyr, jesetleriň çüýräp-porsamagy, asmany sebäplere ýagynsyzlyk, asmandan daş ýagmagy ýaly zatlar degişli. Eger howa zaýanlasa, porsasa, hyltlar çüýräp başlaýar, köp adamlar hem bu kesele duçar bolýar.
«Ysraýyl kowumyna iberilen azap» sözüne görä, şol azap inende bir sagatda ýigrimi müň, käbir rowaýatda ýetmiş müň adamyň birbada ýogalandygyny aýdýarlar.
Gyrgyndan gaçyp salamat gezen adam ýokdur.
Allatagalanyň: «Ölümden gaçyp, öz diýarlaryndan çykan müňlerçe kişiniň hal-habaryny bilmediňizmi? Bes, Alla olara «Ölüň» diýdi (we olar öldüler)» diýen sözi gyrgyn hakdadyr.
Ibn Apbasda: «Tagundan gaçan dört müň adam ýogaldy. Pygamberleriň biri olar üçin doga edende, Alla olary gaýtadan direltdi» diýilýär. Et-Temimi: Beni-Merwanyň häkimlik eden döwründe Şam sebitleri, esasanam Damask bilen Iordaniýa gyrgyn bilen gurşaldy» diýdi.
Aýtmaklaryna görä, Omar as-Syfah Damaskda hutba okan-da: «Eý, şamlylar, Allatagala şu wagt gyrgyn keselini üstü¬miz-den aýyrsa gowy bolardy» diýipdir. Şonda bir adam: «Belki, Allatagala bu gyrgyny üstümize iberip, sizi ýygnamagy we bizi halas etmegi isländir» diýipdir.
Jabyr ibn Atykda: «Hudaý ýolunda şehit bolanlardan baş-ga-da ýedi sany şehit bardyr. Gyrgynda ýogalan, gark bo¬lan, otda ýanan, jaý ýykylanda ýogalan, dyknyşykda ýogalan aýal şehitdir» diýilýär.
«El-Muwatta» eserinde Abdyrahman ibn Awfyň sözleri getirilýär: «Ýaşap ýören topragyňyza mergi düşse, ondan ga-çyp ýurtdan çykmaň. Mergi düşen ýer hakda eşitseňiz, ol ýere gitmäň» diýilýär.
«Mergiden goranýan islendik adam, öz içindäki çygly galyndylary çykaryp, aç gezmelidir, hammama girmekden saklanmaly, asuda-rahat bolmaly. Hereket etmezden ondan gaçmak mümkin däl bolsa, möwjän hyltlary köşeşdirmeli.
Onuň zyýany hakdaky manylar Pygamberimiziň aýdan habarynda şöhlelenýär.
Omar bilen baglanyşykly meşhur habar bar. Şam diýaryna howlukmaç gidip barýan Omar Sarga ýetende, oňa: «Şama gyrgyn düşdi» diýip aýdypdyrlar. Ol Şama barman yzyna do-lanypdyr.
Sarg – Tebuk ýaýlasyndaky, Hyjazyň aýak ujundaky ýerdir. Medine bilen onuň aralygy on menzilden ybarat.
■ MAMA, GYZAMYK WE GARAMYK
Mama keseli birnäçe görnüşli bolup, ak reňkli, gyzyl reňkli, sary reňkli, benewşe reňkli, ýaşyl we gara reňkli mama bardyr.
Olaryň içinde iň ýeňili akmama bolup, ol aklyk döwründäki ýagdaý ýaly tebigy güýjüňe bagly bolýar. Akmamadan soň gyzylmama ýeňil, soňra sary, benewşemama ýeňilräk. Ýaşyl we gara mama iň ýaramazydyr. Az sanly we uly göwrümli mama hernäme-de bolsa howpsuzdyr. Sebäbi ol maddalara we tebigy güýje tabyn bolýar. Şeýle hem goşa-goşadan, ýagny biri-biriniň gapdalyndan çykmadyk bolsa gorkuly däl. Köp sanly we göwrümi kiçi bolan mamalar iň howplusydyr.
Iň howpsuz mama üçülenji ýa-da şoňa golaý günlerde çykýar. Haýal ýüze çykýan mama erbet bolup, ol maddanyň güýjüni we tebigatyň ejizdigini delillendirýär. Käteler ýüze çykyp, ýene-de ýitýän bolsa, howply mama hasaplanýar. Tiz bitýän mama howpsuz, tersine bolsa howpludur. Sebäbi bu kesel ol ýerde beden agzalaryny gorar ýaly maddanyň ýoklugy bilen ýüze çykýar. Beýleki beden agzalaryna çykýan mama, ýüze we kellä çykýan mamadan haýyrly. Gaýgy-gamy we gyzzyrmasy az bolsa, howpsuz; tersine bolsa gorkuly. Mamadan öň çykýan gyzzyrma, gyzzyrmadan soň çykýan mamadan howp¬suz bolýar. Özüňi duýuşyň oňat bolsa mamanyň howpsuzlygy, dartgynly bolsa erbetligidir. Teşnelik ony dartgynly hala salsa, peşewi gara ýa gan reňkli bolsa, ol heläk bolar.
Mama gan bilen baglanyşykly kesel, gyzamyk gara öt bilen baglydyr.
Garamyk bolsa gyzamyk bilen mamanyň arasyndaky keseldir.
Ony bejermek üçin içgeçmeden saklanmaly, «fasd» ýa «hyjamat» usuly bilen gan aldyrmaly, sähekigde we nar içgisi-ni peýdalanmaly, mäş, ysmanak, hoz garylan haryra, hoz ýagy¬na garylan arpa suwy bilen naharlanmaly. «Kesfere» suwuny göze damdyrmaly, aýagyň astyna hyna çalmaly. Mama gyzzyrmasy aýrylandan soň, syrkawy jüýje çorbasy bilen naharlamaly, ýigrimi günden soňra hammama girmeli.
Garamyk bilen gyzamygyň bejerilişi hem şuňa golaýdyr.
Medisina