03:39 Pygamber tebipçiligi: Berhiz | |
BERHIZ
Medisina
Berhiz keseliň öňüni alýar, ony togtadýar we bejermäge mümkinçilik berýär. Pygamberimiz saglyga zyýan berýän zatlardan saklanyp, berhiz tutmagy buýurdy. Bir gezek Pygamberimiz dertden aýňalyp, aýak üstüne galyp barýan Alynyň ýanyna barypdyr. Pygamberimiz ol ýerdäki üzümden iýmäge duranda, Aly hem iýmäge başlapdyr. Pygamberimiz Ala ýüzlenip: «Saklan, Aly, sen entek dümew-den gowy saplanaňok ahyry. Men saňa muwapyk gelýän şu içgiden guýup bereýin» diýip, şugundyr bilen arpadan taýýarlan dermanyny beripdir. «Bir gezek Pygamberimiziň ýanyna baranymda onuň öňünde hurma bilen çörek duran eken. Pygamberimiz maňa hödür edende, bir hurmany alyp, iýmäge başladym» diýip, Suheýb gürrüň berdi. Şonda Pygamberimiz oňa bakyp: «Gözüň agyrýaram welin hurma iýýäňmi?» diýip sorapdyr. Katada Resulallanyň sözüni ýatlap: «Hudaý bir bendesini halasa, siziň iýip-içgiden saklanyp, berhiz tutuşyňyz ýaly, ony hem dünýä derdinden gorap saklar» diýdi. Omar bir syrkawyň berhiz tutuşyny görüpdir. Ol berhizi şeýle bir berk tutýan ekeni, diňe şänik sorup oňýan eken. Arap tebibi Harys ibn Keldeden tebipçiligiň gözbaşy hakda soralanda, ol: «Berhiz tutmak» diýip, jogap beripdir. Kagp ibn Sagyt aradan çykan ýaş inisiniň agysyny tutup: «Reňňi-roýuň öçügsi, ýene «janym sag» diýýäň, bir suw bilen oňňut edýäň, heý-de ol (berhiz tutmak) seni dertden gorar öýdýärmiň?» diýdi. Ymam Ahmet syrkawlan pursaty mäş bilen kädini künji ýagyna gowrup iýer eken. Soňra Abdyrahman tebip oňa süýri kädiniň suwuna şeker garyp içmegi maslahat berdi we ol şeýle-de etdi. Abu Nagym: «Pygamber tebipçiligi» atly kitabynda «Pygamberimiz haýsy aýalynyň gözi agyrýan bolsa, tä gutulýança onuň bilen jynsy gatnaşyk etmezdi» diýilýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |