22:00 Pygamber tebipçiligi: Tebipçiligi öwretmek | |
TEBIPÇILIGI ÖWRETMEK
Medisina
Pygamberimiziň: «Hudaý dermany bolmadyk derdi ýaratmady» diýen sözüni öňem ýatlapdyk. Bu söz tebipçilik ylmyny öwrenmek üçin niýet-yhlaslary herekete getirmelidigini aňladýar. Ymam Şapygy: «Halal-haramy saýgardýan ylymdan soňra, tebipçilikden oňady bardyr öýdemok» diýdi. Ol tebipçilik ugrundan musulmanlaryň ýitiren zadyna gynanyp: «Ylmyň üçden birini ýitirip, ýehudylar bilen hristianlara bil bagladylar»; «Ähli-kitap bu babatda bizden üstün çykdy» diýip, ýatlar eken. Ymam Şapygy şerigat ylmynda umman ýaly giň, arap dili bilimlerinde kämil alym we ussat tebip eken. Biziň pirimiz şyh Ybraýym Raky, şyh Takyýeddin ibn Teýmiýe we Şyh Ymadeddin Wasyty dagylaram ussat tebiplerdir. Tebipçilik sungatynyň kerwenbaşysy bolan Bukrat hekim: «Tebipçiligiň Hudaýyň beren ylhamydygyny» aýtdy. Mezhebiniň, garaýyşlarynyň dürsligi üçin, bu sungatyň ymamy saýylýan Galen hem Bukrat hekimiň ýoluny alyp göterdi. Tebipleriň arasynda bu ikisiniň hormaty örän beýikdir. Öň hem ýatlap geçişimiz ýaly, ýunanlylaryň arasynda keramatly saýylýan Bukrat hekimiň mazaryna şu günlerem zyýarat edilýärmiş. Käbir adamlar tebipçilik ylmyny ilki oýlap tapanyň Şis pygamberdigini nygtaýar. Şis pygamber bu ylmy Adam atadan miras alypdyr. Käbirleri: «Tejribe, synag bilen» ýüze çykdy diýse, ony ilki oýlap tapanyň Müsürde ýaşan kowumdygy ýa-da hindilerdigi hakda gürrüň edilýär. Tebipçilik jadygöýlük bilen peýda boldy diýýänlerem bar. Bu ylmyň gözbaşyny Idris pygambere ýöňkeýänlerem, hünärmentlik, pelsepe we tebipçilik sungatyny oýlap tapan Hirmis (Germes) diýýänem bar. Aglaba adamlar bu ylmyň Hudaýyň tälimi we ylhamydygy, soňra ylym-tejribe bilen üsti ýetirilendigi hakda aýdýarlar. Ibn Apbasyň Pygamberimizden getirýän hadysynda: «Her gezek Süleýman pygamber namaz okanda, öňünde bitip oturan ota gözi düşüpdir. Pygamberimiz ondan adyny we peýdasyny sorap, ýazyp alar eken». Adamlaryň, hat-da käbir haýwanlaryň hem tebipçilik sungatyny tebigy ýollar we ylham arkaly ulanýandygyny gördük. Açdygyny duýanlar iýmit gözläp başlar, teşne bolsa suw talap eder. Aşgazan işlemese iýmitden ýüz öwrer – bularyň barysy tebipçilikdir. Gyş ukusyndan çykan ýylanyň göreji kütek bolýandygy üçin, ol arpabadyýan otundan iýse, göreji öňküsi ýaly ýitelýär. Tebipler gözi kütek adamlara hem şony iýmegi, peýdalanmagy maslahat berýär. Ýa-da bolmasa, balyk iýýän guşlaryň içi gatasa, deňiz suwy bilen içini ýuwýandygyny öň aýdypdyk. Garlawaç jüýjesiniň gözi kör bolsa, enesi oňa Hytaýda bitýän «lümeýran» (لميران) (?) otuny getirip berýär we sagal-dýar. Eger ene bürgüdiň ýumurtga guzlamasy agyr bolsa, ata bürgüt hindi topragynda «iktemt» (إكتمت) (?) diýilän hozsypat daşy getirip, ene bürgüdiň astynda goýsa, ýumurtga guzlamasy ýeňilleşýär. Bu daşyň häsiýeti, eger ony gymyldatsaň, onuň için¬den gymyldaýan zadyň sesi eşidilýär. Bahar möwsüminde kesellän tilki, saman otlary iýmek bilen, özüni sagaldýar. Gusmak, gaýtarmak isleýän pişiklerem şu oty iýýär, bolmasa bu otuň pişik iýmiti däldigi mälim ahyr. Ähli zada ýaradylyş we gollanma bagyş eden Alla beýikdir we päkdir. «Tebipçilik ylmyny Äşeden gowy bilen hiç kimi görmedim» diýip, Hişam ibn Urwa aýtdy. «Men daýzama ýüzlenip, bu ylmy kimden öwrenendigini soranymda, ol: «Birek-birege maslahat berýän adamlary diňledim we ýat bekledim» diýdi. Äşä bakyp: «Eý, musulmanlaryň enesi, saňa tebipçiligi kim öwretdi?» diýenimde, ol: «Eý, uýamyň ogly, haçan-da Pygamberimiziň dişi döwülip, ýaralanan wagty, bir topar adam gelip maslahat berdi. Şolaryň aýdanlaryndan köp zat öwrendim» diýdi. «Eý, uýamyň ogly, maşgalamyzdan bir adam syrkawlasa, Pygamberimiz oňa hynagüli (ýa-da reýhan güli) bererdi, adamlara-da şony ulanmagy ündärdi» diýip, Äşe aýtdy. Pygamberimiziň: «Hudaý dermany ýok derdi ýaratmady. Ony öwrenenler bildi, öwrenmedikler nadan boldy» diýen sözi bilenleriň tebiplerdigini, bilmedikleriň bolsa beýleki nadan adamlardygyny görkezýär. Şonuň üçin tebipçilik – her kimiň hökman öwrenmeli ylymlarynyň biridir. ■ TEBIPÇILIGE GELIŞMEÝÄN ZATLARDAN GAÇA DURMAK Pygamberimiz: «Tebipçilik ylmyndan başy çykmaýan adam, tebipçilik edip bir adama zeper ýetirse, garamaty öz boýnunadyr»; «Başy çykmaýan adam tebipçilik bilen meşgullansa, garamaty öz boýnuna bolar» diýdi. Hattaby: «Syrkawyny heläk edýän tebip günäsini öz boýnuna almalydyr. Muňa şübhe ýok» diýdi. ■ TEBIP DIÝDIRMEGIŇ HALANYLMAÝANDYGY Abu Remse şeýle aýtdy: «Kakam bilen Pygamberimiziň ýagdaýyny soramaga baranymyzda, kakamyň arkasynda duran bir adam: «Maňa päsgel berme, ýanyňda durany bejereýin, men tebip» diýdi. Pygamberimiz oňa garap: «Sen ýöne bir ýoldaş, tebip Alladyr» diýdi. ■ TEBIBIŇ HAK ALMAGY Pygamberimiziň dost-ýarlarynyň bir topary arap obalarynyň birinde düşläpdir. Olaryň hiç biri bularyň ne ýanyna gelipdir, ne-de ýerleşdiripdir. Şol wagt eshaplaryň birini ýylan çakypdyr. Olar adamlaryň ýanyna baryp, aralarynda doga-jadydan, derman-däriden başy çykýan adamy sorapdyrlar. Emma olar: «Eý, bizde düşlemedikler, öwezine bir zat berýänçäňiz, si¬ze tebip ýok diýip düşüniberiň» diýipdirler. Olar bir süri goýny berip, jadygöýi getiripdirler. Jadygöý tä gutulýança «Elhamd» süresini okap, çüfläp, dem salypdyr we goýunlary sürüp gidipdir. Soň bu hakda Pygamberimizden soranlarynda: «Siz şoňa jadydyr öýdýäňizmi? Eti iýiň, meni hem oňa şärik ediň» diýipdir. Başga bir rowaýatda: «Dermanyňyz barmy?» diýlip soralanda, «Bar, ýöne dermana derek bize bir zat beriň» diýipdirler. Abu Dawudyň getirýän rowaýatynda, zynjyrlanyp saklanýan, akyly üýtgän bir adamy getiripdirler. Her gün irden we agşam «Fatyha» süresini okap, oňa dem salypdyrlar welin, üç günden soň ol hassa gujurlanan ýaly bolup, sagalyp gidipdir diýilýär. Ýene bir rowaýatda bolsa «ýüz goýun berip, tebip bilen ylalaşypdyrlar» diýilýär. «Fatyha» süresi iň peýdaly doga hasaplanýar. Sebäbi onuň aýatlarynda Hudaýa tagzym-ybadat etmek, ýardam soramak ýaly zatlar ýatyr. Ol ýerdäki «Saňa yba¬dat edýäris we senden kömek soraýarys» diýen aýat iň beýik dileg-dogadyr. Pygamber alaýhyssalam: «Jady-tumar dakynmak Hudaýa şirk ýetirmekdir» diýip aýtdy. Köp adamlaryň okaýan dogala-ryna şirk getirip biljek zady goşýanlygy üçin, doga-tumary dakynmagy Pygamberimiz gadagan etdi. Eger ol ýerde Hudaýa şirk ýetirýän zat ýok bolsa, doga ulanmak dürsdür. Bu barada Müslimde: «Hudaýa şirk ýetirmeýän dogany ulanmagyň zyýany ýok» diýen hadys bar. Bir adam Pygamberimiziň ýanyna baryp: «Eý, Allanyň ilçisi, men içýana garşy doga-jady okaýaryn, emma sen doga-tumary gadagan etdiň?!» diýende, ol: «Gardaşyňa haýryň deg-jek ýerde ýaýdanyp durma!» diýipdir. Bu gadaganlygyň ilki hökmany bolup, soň ýatyrylandygy ähtimal, ýa-da adamlar ähli peýda-gudrat şol sözüň durkunda bar diýen düşünjä uýup ýörkä, yslam gelip, hakykat dabaralanyndan soňra, oňa rugsat berlen bolmagy ähtimal. Sebäbi peý-dany-zeleli ýetirip duran Alladyr. Bela-beterleri, apatlary dep etmek üçin, gorag hökmünde dakylýan tumar nadanlykdyr. Emma, käbir sözlerde Alla tarapyn bagyş edilen peýdaly häsiýetler bolup, onuň dogrudygyna alymlar şaýatdyr. Ol gümansyz Allanyň sözleridir. Aly: «Dermanyň ýagşysy Gurhandyr» diýdi. Emma «bir süri goýun» hakda aýtsak, ol tebipdir-dogagöý-leriň töleg (hak) almaga hakynyň bardygyny delillendirýär. Pygamberimiziň: «Meni hem oňa şärik ediň» diýmesi, bu sözi goldaýanlygydyr. Käbir alymlar Pygamberimiziň: «Meni hem oňa şärik ediň!» diýen sözüne düşündiriş berenlerinde, sürini dogagöýüň islegine görä teperrik hökmünde hem paýlaşyp bolar diýmekdigini nygtaýarlar. Şeýle hem şol dogagöýüň Abu Sagyt Hadrydygyny hadysçylar gürrüň edýär. Termeziniň eserinde bu barada «Tebibiň haky» diýen bölüm bar. Abu Dawudyň «Sünen» eserinde bolsa, «Tebibiň gazanjy» diýen at bilen berlipdir. Çüflemek hakda, nesip bolsa, soň giňden gürrüň bereris. ■ EL BILEN SYRKAWYŇ ÝAGDAÝYNY BILMEK Müjähit aýtdy: «Bir gezek syrkawlan çagym, Pygamberimiz halymy soramaga geldi. Ol elini kükregimiň üstünde goý-dy welin, hat-da onuň sowuklygy ýüregime ornap gitdi. Ol maňa garap: «Seniň ýüregiň agyrýar, git-de ussat tebip Harys ibn Keldäni getir, ol bejerip bilýär» diýdi. Pygamberimiz: «Syrkawyň ýanyna baryp, eliňizi eliniň ýa maňlaýynyň üstüne goýup, ýagdaýyny soramak, onuň halyny soramagyň iň kämil edebidir» diýdi. Pygamberimiziň özi hem syrkawyň ýanyna giren çagy, elini onuň maňlaýynda goýar eken. ■ PARASAT WE DERMAN (BEJERGI) Resulallanyň: «Parasatly mömine gulak asyň, ol Allanyň nury bilen bakýandyr» diýen sözüni, Abu Sagyt aýtdy. Ýene şol: «Ýüzi dert ýa söýgi sebäpli solgun görünmeýän adamyň kalbynda, galp imanyň bardygyny biliň» diýdi. Enes: «Adamy synçylyk bilen tanaýan Taňry bendeleri bar» diýdi. Parasat – daşky alamatlaryňa seredip, gizlin ahwallary bilmek ylmydyr. Ol ýürege hüjüm edip, özüne garşy gelýän zatlary ýok edýän hatyra kuwwatydyr, öz awuna topulan ýolbars kimin ýüregi gurşap alýandyr. Allatagalanyň: «Elbetde munda parasatly kişiler üçin aýat-ybrat bardyr» diýen sözi şolar hakda bolup, her kimsäniň parasatlylygy onuň akylyna, imanyna, parasat ylmyndan baş çykaryşyna bagly. Keseliň sebäpleri hakda şübhe dörände, parasat ylmynyň peýdasy kömek edýär. Tebip derdiň alamatlaryny beden hulkyna, ýüz keşbine, gözüne seredip hem-de eli bilen barlap bilýär. ■ AÝALYŇ ERKEGI, ERKEGIŇ AÝALY BEJERMEGINIŇ DÜRSLÜGI Resulalla bilen ýedi söweşe gatnaşyp, olaryň goşunda ýaşan Ummu Atyýe: «Olara nahar bişirýärdim, ýaralysyny bejerýärdim, syrkawyna seredýärdim» diýdi. Söweş pursady Resulallanyň ýanynda Ummu Selime bilen ýene birnäçe ensary aýallaryň bolandygyny aýdan Enes: «Olar suw berýärdiler we ýaralylary bejerýärdiler» diýdi. «Zerurlyk ýüze çyksa, gaýry aýalyň uýat ýerine seretmäge tebibiň haky bardyr» diýlip Ahmediň sözlerinde, Merweziniň, Esremiň we Ysmaýylyň rowaýatlarynda bildirilýär. Edil şonuň ýaly halatda erkegiň uýat ýerine seretmek aýallar üçinem dürsdür. Abdyllanyň bili bükülen wagty, bir zenany çagyryp, bejerdendigi Merwezide ýatlanylýar. Edil şonuň ýaly, syrkawlan zenanyň ýanynda sereder ýaly adamsy ýa-da mährem kişilerden biri bolmasa, erkek adamyň oňa seretmegi we uýat ýerine bakmagy dürsdür. Şaýadyň ýa-da öýlenmek isleýän adamyň zenanyň ýüzüni görmäge haky bardyr. Aýallaryň arasynda ýogalan erkegiň we erkekleriň arasynda ýogalan zenanyň ýüzüni görmek hem dürsdür. Bir rowaýata görä, ýogalan pursaty (zerur bolsa) aýallaryň erkekleri, erkekleriň aýallary gusl etmegi hem dürs diýilýär. Iň dogrusy olaryň teýim edilýändigidir. Zelelinden goraýan bolsa, aýbaşy ganyny togtadýan dermany ulanmak zenanlara rugsatdyr. Bu diňe äri bolan zenanlara degişlidir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |