04:46 Pygamber tebipçiligi: Ruhy ýagdaýlar hakynda | |
RUHY ÝAGDAÝLAR HAKYNDA
Adamyň bedeni ruhy ýagdaýlaryň täsiri netijesinde üýtgäp durýar. Ruhy ýagdaýlar diýlende gahar-gazap, gaýgy-gam, şowhun-şatlyk, çekinjeňlik, utanç-haýa ýaly zatlar göz öňünde tutulýar. Gahar-gazap bedeni gyzdyrýar we ony guradýar. Şol sebäpli Resulalla gaharlanmagy gadagan etdi. Aýtmaklaryna görä, bir adam Pygamberimiziň ýanyna baryp: «Maňa nämedir bir ýagşy zady nesihat ber» diýende, «Gaharlanma, gazaba münme» diýip aýdypdyr. Bu hadysda aýdyljak bolunýan zat, gahar-gazaba laýyk gelýän hereketleri hem etme diýildigi. Muňa Pygamberimiziň aýdan başga bir sözi delildir. Ol: «Öz araňyzdaky iň güýçli adam kimdir öýdýäňiz?» diýeninde, «Adamlaryň batyrnyp bilmeýäni» diýip jogap beripdirler. Emma Pygamberimiz munuň bilen kanagatlanmandyr. Ol: «Ýok, bu beýle däl. Ol gaharlanan wagty özüni saklap bilýän adamdyr» diýip aýdypdyr. Şonuň üçinem gahary tiz gelýän, gyzma, ýaramaz häsiýetli adamlar, gahar-gazabyň özüni eýeläp, bolmasyz bir işi etmezligi üçin, özüni köşeşdirmäge çalyşmaly, şoňa hem endik etmeli. Allatagalanyň «Gaharyny basybilýän adamlar» diýen sözünde hem şolar ýatlanylýar. Allatagala şol ýerde ýüze çykan ýagdaýyň gazap joşgunydygyny bildirdi we gaharyny basyp bilýändikleri üçin olary öwdi. Biziň Pygamberimizem käteler gaharlanýardy, onuň gaharlydygyny ýüzünden aňyp bolýardy diýýärler. Muhammet pygamberiň: «Gahar-gazap şeýtan tarapyndandyr. Şeýtan bolsa otdan ýaradylan. Ody hem diňe suw bilen öçürip bolýar. Şonuň üçinem, eger-de biriňiz gaharlansaňyz suwa ýuwunyň» diýenini Abu Dawut ýatlar eken. Termeziniň rowaýat etmegine görä: «Gahar-gazap adam ogullarynyň ýüregindäki otly kesindi ýalydyr. Eýsemde siz adam gaharlanan wagty gözüniň gyzarýandygyny, gabarylýandygyny göreňzokmy?» diýilýär. Ýene bir rowaýatda: «Men bir sözi bilýärin. Gaharlanan wagtyňyz şony aýtsaňyz köşeşersiňiz we gahar-gazapdan nam-nyşan galmaz. Ol: «Auzu billähi mineş-şeýtanirrajim» («Daşlanan şeýtanyň şerinden goramagy üçin Hudaýa sygynýaryn, Hudaýdan pena soraýaryn») diýen söz» diýipdir. Ruhy ýagdaýlaryň ýene biri şadyýanlykdyr. Şadyýanlyk sebäpli ynsan ruhy güýçli we gyzgyn bolýar. Çäkden geçen şadyýanlyk, aşa keýpihoşluk ynsan ruhyny sarsgyna berýär, netijede adam ýogalýar. Aşa begenmekden ýaňa ýogalan adamlar hakda bir ýa iki däl, örän köp adamlar gürrüň berdi. Şol sebäpli aşa begenmekligi, çaksyz şadyýan bolmagy Allatagala gadagan etdi. «Alla aşa keýpikök kişileri halaýan däldir ». Emma iman şatlygy, buýsanjy gowy görülýär. «Allanyň beren nygmatlaryndan hoşal bolýanlar », «Allanyň fazly-merhemeti we rahmet-mähribanlygy bilen şady-horram bolsunlar» diýip aýt » diýen aýatlar muňa delildir. Ruhy ýagdaýlaryň ýene biri gaýgy-gamdyr. Gaýgy-gam gündelik aladalar sebäpli ýüze çykýar. Pygamberimiz gaýgy-gamdan saplanmak üçin Hudaýa haýyş ederdi. Bir rowaýata görä, «Gaýgy-gamy köpelen adamyň bedeni hem keselläp başlar» diýip, Pygamberimiz aýdypdyr. Gaýgy bilen gamyň hem tapawudy bardyr. Gaýgy-alada indi bolmaly we bitmeli işler hakyndaky umytsyz pikirler, gam bolsa bolup geçen ýa-da elden giderilen bähbitli zatlar hakdaky pikirler. Pygamberimiz her namazynyň soňunda, gaýgy-gamdan halas etmegini Hu¬daýdan dilär eken. Ibn Apbasdan eşitmeklerine görä, «Gaýgy-gamy, aladasy artan adam «Lä hawle we lä kuwwete illä billähi-l-aliýýi-l-azym» («Barça güýç we kuwwat ýalňyz Allanyň elindedir») diýen sözi köp gaýtalasyn, ähli işleri ugruna bolar». «Hawkala » özüň bilen baglanyşykly ähli işleri Hudaýa tabşyrmakdyr. Şeýdeniňde ähli işiňi Hudaý bitirip, maksadyňa ýetirmek üçin barça ýollary ýeňilleşdirip goýýar. Gaýgy bolsa ýalňyşlyklara, şowsuzlyklara baglanyp goýlan zat bolmaly. Gaýgyň köpeliberse ony unutdyryp biläýjek zatlar bilen has köp meşgullanmak maslahat berilýär. «Bir gaýgylanyp başlasa, gaýgynyň toruna düşmeýän adam ýokdur» diýip, Pygamberi¬miz aýdypdyr. Termeziniň Abu Hüreýra salgylanyp, getirýän hadysynda: «Pygamberimiziň başyna bir alada, iş düşen pur¬sady başyny asmana göterip «Subhanallahyl-azym» («Beýik Alla päkdir») diýer eken». Abdylla ibn Mesgut: «Çözülmesi kyn nähilidir bir iş-alada ýa-da gaýgy-gama duçar bolan Taňry bendesi şu sözleri gaý-talasa, Allatagala onun ähli gaýgy-gamyny gidirer, iş-aladasyny bitirer. Ol sözler: «Özüňi atlandyran ýa-da kitabyň bilen inderen, ýa-da öz barlygyňda kimdir birine öwreden, ýa-da gaýyp ylymlaryň bilen özüňe garadan ähli mübärek atlaryň haky üçin Gurhany ýüregimiň bahary, gursagymyň nury etmegiňi, gaýgy-gamy gidermegiňi, dep etmegiňi soraýaryn». ■ ENDIGE GÖZEGÇILIK ETMEK Tebipleriň aýtmagyna görä: «Endik – ikinji tebigatdyr». Pygamberimiziň endik eden zatlary hakda Enes gürrüň berip: «Pygamberimiz ýassy namazyndan soň hem agşamlyk naharyny edinerdi» diýdi. Bir gezek Pygamberimiz Äşäniň ýanyna girende, ol nämedir bir zatdan zeýrenipdir. Şonda Py-gamberimiz oňa garap: «Berhiz tutmak jana derman, aşgazan bolsa dertleriň öýjügi. Bedeniňiziň ählisini öwrenişen zadyna endik (dowam) etdiriň» diýipdir. Aly hem bu hakda: «Aşgazan keseliň öýjügi, berhiz tebip-çiligiň gözbaşy, endik bolsa ikinji tebigy häsiýet» diýdi. Berhiz bu iýmitden ýüz öwürmekdir. Aşgazany dolduranyňdan ony aç saklamak has peýdaly. Pygamberimiziň: «Aşgazan dertleriň öýjügi» diýip aýtmagynyň aňyrsynda, iýgi-içgini azaltmak we keýp-şöhwetiňi terk etmeklik ýatyr. Endik bolsa, göýä ynsana berilýän ikinji bir tebigy häsiýet ýaly zatdyr. Pygamberimiziň: «Endik ikinji tebigy häsiýet» diýen sözi muňa delil bolýar. Endik adam süňňündäki örän äpet güýç bolup, saglygy goramagyň bir sütünidir. Şonuň üçin-de, Pygamberimiz adamlara we jemgyýete zyýan bermeýän bolsa, öňki endigmize görä hereket etmegi buýurdy. Abu Nagymyň Äşeden eşidip, aýtmagyna görä: «Pygamberimiz gyş paslynda öýe girmekçi (göçmekçi) bolsa, anna gijesi girmegi gowy görerdi. Tomusda daşarda ýatmak islese, ilki anna gijesi daşara çykardy» diýilýär. Tebipleriň garaýşyna görä, adamyň ahlak-häsiýeti, özüni alyp barşy, öň ýatlap geçişimiz ýaly, bedeniň mizajyna-da baglydyr. Haçanda bedeniň ýagdaýy, açlygy we doklugy, ukysy we oýalygy kadaly bolsa, özi hem şol ýagdaýa endik eden bolsa, ol ynsan gujurly, ýeňil, diňe ýagşy işleri etmäge höwesekdir. Eger bu ýagdaýlar kadasyz, çäkden çykan, endikleri ýaramaz, zaýa bolsa, onuň jany şol ýaramazlyklaryň ölçegine görä dertlidir. Munuň bilen baglylykda Pygamberimiz: «Ýatýaryn, oýanýaryn. Agyz bekleýärin, açýaryn» diýip, öz endigini beýan edipdir. _________________________________ [1] Gurhanyň «Aly Ymran» süresiniň 34-nji aýaty. Gurhanyň «Aly Ymran» süresiniň 34-nji aýaty. [2] Gurhanyň «Aly Ymran» süresiniň 70-nji aýaty. [3] Gurhanyň «Ýunus» süresiniň 58-nji aýaty. [4] Hawkala – «Lä hawle we lä kuwwete illä billähi-l-aliýýi-l-azym» diýen sözüň gysgaldylan ady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |