11:15 Rehmet Seýidow | |
REHMET SEÝIDOW (1910-1955)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Şahyr Rehmet Seýidow 1910-njy ýylda Halaç etrabynyň Akdepe obasynda dogulýar. Atamyrat şäherindäki mugallymçylyk tehnikumynda, soňra Aşgabadyň mugallymçylyk institutynyň dil we edebiýat fakultetini tamamlaýar. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy 1938-nji ýylda neşir edilýär. Onuň ''Lebap gyzy'' poemasy 1941-nji ýylda çap edilýär. Rehmet Seýidow ''Ýaşlara ýadygär'', ''Amanyň bagy'', ''Awçy, atma jereni'' ýaly ýygyndylary çagalara niýetlenendir. Şahyryň ''Eserler'' atly uly göwrümli kitaby ol aradan çykandan soň, 1956-njy ýylda neşir edilýär. Kitaba ýazyjy Beki Seýtäkow sözbaşy ýazypdyr. Görnükli şahyra doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlyk ýyllarynda 1995-nji ýylda ''Türkmenistanyň halk ýazyjysy'' diýen hormatly at dakyldy. UKLANYŇDA Näzik gabaklaryň hut iňrik ýaly, Göýä güneş deýin gözüň ýaşypdyr. Kirpikleriň aşyk bolan mysaly, Bir-birini tapyp gujaklaşypdyr. Howlugyp dem alşyň, näzijek gülşüň Meni düýşde görnüşini aňladýar. Gözel ak düşekde sen towlanyşyň Agşam görseň hyýalymda daň atýar. Misli alma gonan çyg säherlerde Ýaňagyňda bulduraşýan kümüş der. Bizden başga hiç adam ýok bu ýerde, Oýan-da, söýgülim, maňa posa ber! ÝAPJAGAZ Ýapjagaz, sen ýadamazdan akýarsyň, Akyp paýtagtymy suwa ýakýarsyň. Tiz akýarsyň, tigirmidir sen astyň! Howlugýarsyň ýa-da garaşýan dostuň? Irkilmeýän, dynmaýaň, heň edýärsiň, Bag-bossana suw bermäge gidýärsiň BAGT IÇINDE Janym, tenim, Göz röwşenim Watanym hem halkymdyr! Her bir zaman Güýç aýaman, Oňa aýdym düzerin. Gün nura baý, Gijeler Aý Durmuş doly ýalkymdyr. Günde-günde Bagt içinde Men gulaçlap ýüzerin. AWÇY ATMA JERENI Awçy atma jereni! Onda uly arzuw bar. Intizar ol, gör ony, Ol kanala garaşýar. Gör injigi inçejik, Suw diýip köp ýörmekden. Mahrum etjek sen niçik, Ony kanal görmekden? Sanalgyja gün galdy Arzuwyna ýeterne, Kanal çöle ýol saldy, Gelýär jerenleň ýerne. Kanal gumy boýun edip, Geçsin, çöli suwarsyn! Oelaklaryn oýnadyp, Jeren-de suwa barsyn. Awçy, atma jereni! Onda gowy arzuw bar. Gowy arzuwy seni Etsin oňa rehimdar! "GARAGUM" žurnaly, 2009 ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |