00:27 Aýy dagynda tutulan aýy | |
AÝY DAGYNDA TUTULAN AÝY
Goşgular
"Öz аýagy bilen gelen aýynyñ gözünden başga aýby ýok". Gijäñ ýary çagynda Aýylaryñ dagynda Aý nur saçýardy. Ýadaw aýagyn süýräp, Elin dyzyna diräp Biri gaçýardy. Aý barha peselýärkä Ýeliñ sesi gelýärkä, Gijäniñ ýary, Ýykylyp-sürşüp, haşlap, Barýar goşlaryn taşlap, Günbatar sary. Krymyñ asmany pes, Ýyldyzy etmezden ses Ýanýar lowurdap, Ýelden agaç ýaýkanýar, Gara deñiz çaýkanýar, Tolkun şowurdap. Gans gara der saçyp, Barýar ol dogry gaçyp, Aýy dagynda. Dost-ýary tutulan, Birje "Gans" gutulan Gije çagynda. Gabyr töwerek-daşlar, Garantgy dek gür haçlar Haýsy ýan gaçsa Halsyz ol, ýuwaş ýörýär, Sowuk ölümin görýär Gözlerin açsa. Gabapdyr daşyn öli, Olaryñ etsiz eli Oña sozulýar. Öñ ölen dosty-ýary - Ine, ýatyrlar bary, Keýpi bozulýar. Haçlar diýýär: - Bäri bak! Gansa açýar gujak, Çagyryń ony. Diýýär: - Gaçma boş ýere! Pena bolmaz dag-dere! Tutarlar seni! Süýnüşip gür mazarlar Bürenşip sowuk garlar Gijäniñ ýary. Garañkyda garalyp, Gazanan ýerin alyp Ýatýarlar bary. Duýýar tutulmak çetin Gaçyryp ganyn-petin Gussalar çekýär. Käte hem öýün ýatlap, Ýalandan göwün şatlap, Bolsady ekýär. Goýy garañka çümüp, Gür sag tokaýna sümüp, Gans tiz ýitdi. Aýy dagyñ üstünde Gür agaçlañ astynda Ol gözden ýitdi. Partizan çozan zaman Birjw Gans "sag-aman" Gaçyp gutuldy. Gijäñ ýary çagynda Aýylaryñ dagynda Ol hem tutuldy. - Bu dagyñ geldi özi, Aýyply diñe gözi, Diýip güldüler. Gansa aman-zaman Bermän iki partizan Sürüp geldiler. Rehmet SEÝIDOW. | |
|
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Aýna / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Ynsabym – adyl sudum! / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |