05:33 Awçy, atma jereni! | |
AWÇY, ATMA JERENI!
Goşgular
![]() Awçy, atma jereni! Onda uly arzuw bar. Intizar ol, gör ony, Ol kanala garaşýar. Gör, injigi inçejik, Suw diýip köp ýörmekden. Mahrum etjek sen niçik, Ony kanal görmekden?! Sanalgyja gün galdy, Arzuwyna ýeterne. Kanal çöle ýol saldy, Gelýär jerenleň ýerne. Kanal gumy boýn edip, Geçsin, çöli suwarsyn! Owlaklaryn oýnadyp, Jeren-de suwa barsyn. Awçy, atma jereni! Onda gowy arzuw bar. Gowy arzuwy seni Etsin oňa rehimdar! Rehmet SEÝIDOW. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||
| |||