11:20 Remezan henekleri | |
REMEZAN HENEKLERI
Degişmeler
■ O nämäñ günäsi! Oraza günleriniñ birinde Nasretdin Ependi suwsuzlyga halys çydap bilmän bir çeşmäñ başyna barypdyr-da, eñegini suwa basypdyr. Ýañy bir teşneligini gandyrýar welin, daýhanlaryñ biri onuñ üstünden barýar: - Ependi aga, bu edýäniñiz günä dälmi näme! - Bar güm bolsana! Oraza diýeniñ geçer gider, indiki ýyl ýene geler, emma men bir gitsem yzyma gaýdyp gelmen. O nämäñ günäsi... ■ Dag-daşlaryñ gadryny bileliñ Gadym döwürlerde Ýörük Uşak diýen ýere baranda şäherdäki ähli garbanyşhanalar ýapyk duran eken. Ol munuñ sebäbini soranda, adamlar: - Remezan geldi - diýip, jogap berenmişler. Ýörük pahyr remezany näbilsin, gurbany näbilsin. Ol itiñ ajy obasyna dolanyp gelende: - Jan dostlar, ýaýlamyzyñ gadryny bileliñ. Uşaga Remezan diýen biri gelip, bar zady gyran-jyrana salypdyr. Işläp duran ýeke naharhana tapmadym. Ajymdan öldüm. Siz ýöne Remezan diýleni gelende Uşaga gidäýmäñ. Öz ýaýlamyzdaky it-guşlaryñ, dag-daşlaryñ gadryny bileliñ - diýipdir. ■ Aç wagtyma zat soraýan ýok Oraza günleriniñ biri günortan uçurlary bir bekdaşy iýip-içip durka üstünden barypdyrlar: - Nämüçin agzyñy açdyñ? - Haýran galaýmaly! Aç wagtym-a hiç kim menden zat soranok, şu gün garnyma atmaga bir zat tapdym welin, baryñyz meñ üstüme eñäýdiñiz!.. ■ Münberdäki ymam Nasretdin Ependi oraza günleriniñ birinde namaz wagtyndan ep-esli irräk wagyz diñlemek üçin metjide gidipdir. Ol münbere golaý bir ýerde oturyp, jemagat bilen bile wagyz etjek ymama garaşyp başlapdyr. Biraz wagtdan soñ ymam gelip münbere çykypdyr. Bir salym diñşirgenip durandan soñ töweregine seredip: - Eý jemagat! - diýipdir. - Meniñ söz sözlemäge ejiz adam däldigimi gowy bilýänsiñiz. Emma häzir hiç zat ýadyma düşenok, näme aýtjagymy bilemok. Münberiñ alkymynda oturan Ependi ýerinden turaga-da, ymamyñ jogabyny beripdir: - Tagsyr, ýadyña düşýän zat ýok bolsa, münberden düşmegem ýadyña düşenokmy? ■ Iş ula gitjege meñzeýär Täret almagy, namaz okamagy we şuña meñzeş zatlary bilmeýän adamlaryñ biri maşgalasynyñ, dost-ýarlarynyñ haý-küşi bilen metjide namaz okamaga gidermen bolupdur. Tötänlige seretseñizläñ, ol birinji gezek oraza aýynda ýassy namazyna ogly bilen bile gidipdir, namazdan soñ tokaýa odun ýygmaga giderin diýip ýanyna alyp gaýdan eşegini metjidiñ daşynda goýup girende, ymam ony görüp gülümsiräpdir. Namaz başlapdyr. Bir, iki... rekatdan soñ, namaz gutarar ýerde gutarmandyr. Ymam iki egnine salam beren badyna ýañky adam ogluna ýüzlenip: - Eşegi al-da öýe git, ejeñe-de salam aýt. Iş ula gitjege meñzeýär, selälige çenli öýe gelmesem alada etmäñ - diýende, ymam ýene namaza başlapdyr... ■ Oraza - parz, selälik - sünnet Bir adam aýalyny günde zor bilen selälige turzup, çaý-nahar taýýarladypdyr, selälikde iýip-içenden soñam, agzaçara çenli günüñ dowamynda iýip-içip gezipdir. Birnäçe gün geçensoñ aýaly çydaman dil ýarypdyr: - Heý, sende ynsap diýlen zat ýokmy? Oraza tutañok, mañ-da zor bilen selälikde çaý-nahar taýýarladýarsyñ. - Oraza - parz, selälikde iýip-içmek sünnet dälmi näme? - Hawa? - Ýeri, keýwany! Parzy ýerine ýetirip bilemzok, iñ bolmanda sünneti bir berjaý edeli-dä, erbet iş edýäsmi ýa? ■ Niýet Bir bekdaşydan selälikde sorapdyrlar: - Agzyñy beklände näme niýet etmeli? Bekdaşy garnyny mazaly doýrandan soñ jogap beripdir: - "Çydabilsem duraryn, çydabilmesem ýuwdaryn" diýip niýetläp, agzyñy çaýkamaly. ■ Bir eşek, bir öküz Iki sopy orazada mugt iýip-içeris diýen niýet bilen bekdaşy obalarynyñ birine myhman düşüpdir. Hal-ahwal soralşykdan soñ olaryñ biri aýakýoluna çykypdyr. Bekdaşy sopulary synap görmek üçin otagda galana ýüzlenipdir: – Seniñ ýoldaşyñ nätüýsli adam? Bilýän zady ýok öýdýän? Olam özüni ýoldaşyndan gowy görkezjek bolup: - Äý, barypýatan eşeg-ä ol - diýip jogap beripdir. Az salyndan soñ beýleki sopa-da ýañky soragy beripdir: - Seniñ ýoldaşyñ nätúýsli adam? Üýtgeşik bilimem ýok öýdýän? Bulam beýleki ýoldaşy ýaly: - Goýsana oñ gürrüñini. Öküzem bir, şolam bir - diýip, jogap beripdir. Iñrik garalansoñ, agzaçar saçagy ýazylýar. Emma legende arpa bilen samandan başga zat görmedik sopular haýran galyp öý eýesinden sorapdyrlar: – Bular näme, erenler? Bekdaşy gülüp jogap beripdir: – Biriñiz-ä eşek, beýlekiñizem öküz. Size şundan gowy iým barmy? ■ Temeliñ sygyry Temeliñ sygyry kesellänmiş. Ol oturyp dileg edýärmiş: - Allajan, şu dilsiz-agyzsyz sygyrym bir oñatlaşsyn, on bäş gün agzymy beklejek. Ertesi gün agyla baryp görse, sygyra ylla kesel degmedik ýalymyş. Ol: - Äht etdik, sözümizde durmaly bor - diýip, agzyny beklemäge başlapdyr. On bäşilenji gün sygyr birden öläýipdir. Temel aga gaharlanyp: - Häý, äteñenälet sygyr diýsäni, men indi bu on bäş güni orazananyñ hasabyna goşmasammy! Toplan we terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |