REMEZAN ÝOMAKLARY
Mejlisde birinden sorapdyrlar:
- Näçe gün agzyňy beklediň?
- Bir gün.
Bu soragy mejlisde oturan ýene birine beripdirler. Ol:
- Onuň alyjenaplary menden bir gün köp agzyny beklän eken – diýip, jogap beripdir.
* * *
Bir bekdaşydan näçe gün oraza tutandygyny sorapdyrlar. Ol şu jogaby beripdir:
- Heniz-ä tutmadym. Gapan gurup garaşyp ýörün.
* * *
Bir bekdaşy erbet suwsapdyr. Ol wagtyny geçirjek bolup gyrda gezip ýörkä lummurdap akyp ýatan çeşmäniň üstünden barsa näme!..
Bekdaşy görgüli dünýäni undup, çeşmä eňegini basypdyr. Ony görenler:
- Haý, duraweri, zaluwat! Bu näme etdigiň boldy? Oraza gitdi!
Bekdaşy erniniň suwuny süpürip durşuna jogap beripdir:
- Oraza gitdi, ýöne pakyra-da jan geldi!
* * *
Iki adamy özara gürrüňinden:
- Remezanda has köp halaýanyň, iýýäniň näme?
- Oraza.
* * *
Nasretdin Ependi oraza günleriniň birinde eline torbasyny alyp, çeşmäniň başyna bakan barýarmyş. Ýolda oňa bir dosty duşupdyr:
- Ýol bolsun, Ependi aga. Ugur hanjak?
- Torbama biraz iýer-içer ýaly oduk-buduk alyşdyrdym. Derä çykyp açyk howada agzymy açaýsam diýýän. Meýliň bolsa-ha, ýör senem.
Iki şepe ýola düşüpdir. Azana gygyrylan badyna Ependi torbanyň agzyny açypdyr. Olar birküç sany zeýtun bilen agyzlaryny açypdyr. Ependi torbadan iki sany ýumurtga bilen bir döwüm çörek çykaryp ýoldaşyna beripdir. Özüne bolsa bir towuk buduny alyp, symyşlamaga başlapdyr. Muňa gahary gelen ýoldaşy Ependä azgyrylypdyr:
- Mürähet şeýle bolýarmy, Ependi aga?
Ependi onuň öz bolşuna görä jogap beripdir:
- A nähili bolýarmyş, eýse?
- Men bolsam towugy ýanymdaka berip, ýumurtgalary özüm iýerdim.
- Minnetdar onda. Ine, görýäňmi, menem seň göwnüňdäki ýaly edýän-dä!
* * *
Bir gije iki dost özara gürleşip otyrkalar, ýaremezançylar aýlanyp, ertir oraza başlanýandygyny aýtmaga başlapdyrlar. Olaryň biri beýlekisine:
- Dost, ýogsa-da... Dogryňy aýt, heý, orazany sypdyran ýeriň boldumy?
- Aý, ýok, sypdyrmadym. Sebäbi men her ýyl bir gün başyndan, bir gün soňundan tutýaryn. Ortasyny özümden başgasyna goýaýýan.
- Bäh, sen nähili mübärek adam ekeniň! Onça bolanna görä ortasyndanam bir gün tut, üç bolsun. Belkäm, bir nola şepagat edene duşarsyň, orazaň otuza çykar.
* * *
Oraza günleriniň birinde agzyny beklemeýän kişiniň ýanyna iki adam golaýlaşyp, biri:
- Remezan geldi. On bäş güni geçdi. Sen häzirem agzyňy bekläňok! – diýip, onuň degnasyna degipdir.
Olam ýene näçe gün galanyny sorasa, beýlekisi:
- Ýene on bäş güni bar – diýipdir.
Agzyny beklemeýän kişi başyny aşak salyp, şeýle diýipdir:
- Bendesiniň birine Remezan gelipdir, üstünden on bäş gün geçipdir. Ýene bir bendesi heniz on bäş gün bar diýýär. A maňa näme azar berýärsiňiz onda?
* * *
Iki kişi özara gürleşýärmiş:
- Aýlaryň içinde haýsysyny has halaýarsyň?
- Remezan aýyny.
- Nämüçin?
- Gündizlerine agzym bekli bolýar, iýip-içerlik zat satyn almakdan halas bolýaryn. Agşamlaryna dost-ýarlarymyň, tanyş-bilişlerimiň öýüne agzaçara gidýärin., ýene-de iýip-içerlik zada pul sowamok. Ýeri, onsoň, men Remezan aýyny halaman namedeýin? Halamaz ýaly aýmy näme?
* * *
Bir bekdaşydan sorapdyrlar:
- Remezany halaýarsyňmy ýa Baýramy?
- Remezany.
- Nämüçin?
- Iýilýändigi üçin.
* * *
Bir bekdaşydan:
- Remezany nädip dyndyň? – diýip sorapdyrlar,
Ol gülümsiräp:
- Otuz kişi bolduk-da, bir günde dynaýdyk – diýip, jogap beripdir.
* * *
Bir molla oraza aýynda metjitde aýal-gyzlar barada:
- Gözüňe sürme çekmek haram, gaş çyzdyrmak haram, dodagyňy gyzyla boýatmak haram – diýip, wagyz edýärmiş.
Jemagatyň arasyndan biri turup:
- Bäh, mollam! Bu zatlary sen nä ýüzüňe aýdarsyňaý? Seň aýalyň ýeke günem gaşyny çyzdyrman, dodagyny reňkletmän gezýän güni ýog-a!
Molla gülümsiräp:
- Hawa, dogry aýdýarsyň. Ýöne eýjejigime bu gowam gelişýär-ä! – diýipdir.
* * *
Oraza aýy golaýlanda, metjitleriň minaralaryna baýram ýazgylary asylypdyr. Hajy Bekdaş weliniň derwüşleriniň biri meýhananyň agzynda oturan ýerinde bu şatlykly bolşa görnüşe buýsanç bilen syn edip oturan eken. Edil şol wagtam metjitden çykyp gelýän mollsaumagyň biri ýaňsylamak niýeti bilen oňa gep gatypdyr:
- Minaralardan asylan ýazgylara syn edýärsiňmi? Ne agzyňy bekleýäň, ne namaz okaýaň remezana diňe şo ýazgylara syn etmek üçin garaşýarsyňmy?
Derwüş ýylgyryp jogap beripdir:
- Remezany remezan bolandygy üçin söýýärin. Edil Alyny Aly bolandygy üçin söýşüm ýaly.
- Ýöne biz siziň ýaly däl. Biz “käşgä, her gün remezan bolsa, her gün agzymyzy beklesek” diýip gezýäris.
- Dogrudyr welin... Siz Remezan giden badyna yzyndan baýram edýärsiňiz. Adam diýeniň söýýäni gidende yzyndan gynanar, matam tutar. Heý, meniň baýram edenimi gördüňizmi? Biz ikisinem erbet göremzok.
* * *
Jahylyň biri Remezanda agzyny bekleýärmiş, ýöne namazyny okamaýarmyş. Dostlarynyň biri oňa şeýle diýipdir:
- Biderek ýere agzyňy bekleýärsiň, saňa sogap ýazylýan däldir. Namazynam okamaly ahyryn.
- Şeýledir. Ýöne men namaz okap bilemog-a!
- Bilmez ýaly zat ýok. Ymam näme etse, senem şony gaýtalabermeli. Bolany.
Ýaňky adam metjide gidipdir. Ymam näme etse gaýtalaryn diýen pikir bilen ymamyň göni yzynda durupdyr. Tötänleýin onuň yzynda kapýuşonly (şapkaly) bir biri namaza durupdyr. Rukuwa eglenlerinde kapýuşonyň ujy jahylyň syrtyna degipdir. Ol muny namazyñ wajyby hasaplap, özü-de öňdäki ymamyň syrtyny elläpdir. Täreti bozulanyna gahary gelen ymam yzyna öwrülip, jahyla bir ýumruk çalypdyr. Muny namazyň wajyby hasaplan adam şobada yzyna öwrülip, kapýuşonly adamyň ýazzy maňlaýyndan uraga-da:
- Bol, senem yzyňdaka ur! – diýipdir.
* * *
Ir döwürde öwlet ýolbaşçylarynyň biri agzaçar edenmiş. Döwrüniň ähli atly-abraýly adamlary üýşenmiş. Çagyrylanlaryň arasynda bir şahyram bar eken. Ol öý eýesiniň barmagyndaky ýüzüge ümläp şeýle diýipdir:
- Hojaýyn, bagyşlarsyňyz, ýöne gyzyklanaýdym, ýüzügiň daşy nämeden?
- Almaz!
- Size ýylda näçe pul gazandyrýar?
- Hiç zat! Näme pul gazandyrsyn.
- Meniň ata-babamdan miras galan bir jübüt daşym bar. Ýylda tegelek elli altyn gazandyrýar.
- O nähili daş?
- Degirmen daşy!
* * *
Bir aýal adamsyna:
- Iki günden oraza gelýär gelýär. Agzymyzy beklemeli – diýýär.
Adamsy jogap beripdir:
- Men geçen ýyl ony iýdim-ä. Bu ýyl gelmez!
Toplan we terjime eden: Has TÜRKMEN.
Degişmeler