14:36 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
Gel, göwün açaly, gussany taşla, Pikir etseñ müñ hyýal bar bu başda. Unudaly dünýäñ derdi-azaryn, Allam, bu gün azar berme, bagyşla. * * * Iner ýükün bir gaýratly är götär, Älem ýükün ýalñyz Biribar götär, Bu zeminiñ sansyz jebir-jepasyn, Berekella, bu togalak şar götär. * * * Omar, seniñ bolsadyñy ekdim men, Gögermedi, gury azap çekdim men. Älem çuñlugyny boýlajak bolup, Gark bolmankam, zordan gaçyp çykdym men. * * * Muña çylşyrymly durmuş diýýärler, Ony biler akly çatyp duýýanlar, Gury çörege-de bal ýaly diýer - Derin döküp zähmet çekip iýýänler. * * * Şatlansam joşýaryn, däli deñiz dek, Saña garrama ýok, eý, juwan ýürek. Bäş günlük ömrüñi şatlan, hoş geçir, Bir wagt bizdenem tapylmaz derek. * * * Başarsañ ynsanyñ göwnüni ýykma, Ýa ony kemsidip, ajyñy pürkme, Ýagşy sözüñ bilen güler ýüzli bol, Adam bolmaklygy ýadyñda sakla. * * * Nijede ýagşy söz, güler ýüz gytdyr, Agyr günäñ biri ýalan töhmetdir, Bu zeminde ynsanlaryñ içinde, Kimsi "şagal", "tilki", kimsi "gurt", "itdir". * * * Gargalar, gargalar, gara gargalar, Sizlerde ne owaz, ne mukam bolar, Bilbiliñ deregne saýran bolup siz, Salmañ ýüreklere ýara, gargalar. * * * Kä mahal ýüz tutdum beýik Pyraga, Ol diýdi: -Gyssansañ dag bar, daga, Daglardyr mertleriñ hemaýatkäri, Aglasañ duşmana duýdurman agla. * * * Süýrenijilerñ biri bolan suwulgan, Haýdap barýan wagty duşupdyr ýylan. Sorapdyr ol: - Aýt, ýeriñ ýüzünde, Heý, gördüñmi biziñ ýaly süýrenýän?.. * * * Akar suwda gördüm, bar iki kenar, Sag kenar çemenlik, gülli, lälezar. Bu ne beýle geñ-tañ, haýran galdym men, Suwuñ çep kenary ot-çöpe-de zar. * * * Ejiziñ ganymy köp bolar eken, Eşidýäni awy gep bolar eken, Öz başyñy özüñ çarap bilmeseñ, "Sen otur, sesiñi gap!" bolar eken. * * * Alym bolmak añsat, adam bolmak kyn, Her kimden tapylar agtarylsa müýn. Şyltak atyp, teýeneli sözleýän, Ol kişiler özün bilmez büs-bütin. * * * Güýç-gudratyñ gördüm sende tebigat, Büdüredi ozup gelýän ýüwrük at. Göz boldumy, dil boldumy, bilmedim, Käte at dek büdüreýär adamzat. * * * Aý-Gün aýdar, bulut aýdar, ýel aýdar, Owal haram bilen halaly saýgar. Haram gazanç bilen ýygnalan baýlyk, Uzak gitmez basym yzyna gaýdar. * * * Beýik bolmak daga etdi miýesser, Depelerem "menem dag bolsam" diýer, Dagdyr beýikligiñ, merdiñ nyşany, Görip beýik görse örtener, köýer. * * * Derejäñ artdyrar bir ýagşy gylyk, Özüñe zyýandyr bilseñ ýaltalyk. Adam işlemese, bir kär etmese, Ondan kän ýagşydyr dikilen gazyk. * * * Sen bolmasañ, kalbym ynjap döwülýär, Günüñ yssy howry ýakyp-gowurýar, Pelek şatlygymy alýar elimden, Pany sensiz boş, biderek, söwer ýar. * * * Durmuş girdabyna düşdüm ýaşlykdan, Ejir çekdim gara gyşdan, açlykdan, Ýöne gara günleñ baryna derek, Ýowuz zat ýok eken, dost, mätäçlikden. * * * Dogduk mekan ýaly bahar görmedim, Öz obamyñky dek säher görmedim, Bu zeminde gök asmanyñ astynda, Ene mähri kimin mähir görmedim. * * * Şygyr, buýsanjym sen, ykbal ýoldaşym, Senden ylham-kuwwat tapdy bu başymn Begensem, ynjasam, ýa ýalñyz galsam, Sensiñ goldan hemaýatçy, syrdaşym. * * * Adam bar şadyýan, güldürip bilýän, Adam bar aglany diñdirip bilýän. Görmäge adamdyr, deñ däldir bary, Adam bar hassany galdyryp bilýän. * * * Ýar meniñ kalbyma bir ýagty çyra, Sönýär çyram eger gitseñ daş ýere, Sen meniñ Aý, Günüm, gökde ýyldyzym, Melhem sen ezizim, bil ýüregime. * * * Iýip-içsem, çaý-nahary goluñdan, Tutup sypalasam ak goşaryñdan, Bil, bu jahan meniñ üçin jennetdir, Ýokdur başga jennet ýar gujagyndan. * * * Alsañ nesihatym, öwüt-pendimi, Oka şygrym, setirlerim, bendimi, Goluñdam gelmese, ajy doýurmak, Hemaýat ber, sora näsag derdini. * * * Iner ogul är işini bitirer, Ýagşyñ göreldesin alyp göterer, Bihepbe oguldan sokydaş ýagşy, Bikemal ogul-gyz yzyñ ýitirer. * * * Aýdar Baýramgurban, başyña gurban, Ýaryñ her bir sözi derdime derman, Bu zemine ýagty saçýan Aýym sen, Ýaşap bilmen seniñ gül ýüzüñ görmän. Baýramgurban BEGNYÝAZOW. | |
|
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |