19:21 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
Eşitdim naçary ýar saklar diýip, Eşitdim demiri ýag saklar diýip. Emma eşitmedim azgyn-lolyny, Mal-malk, baýlyk, bossan-bag saklar diýip. Goraga mätäçdir bag-bakjañ güli, Ulus il - hökümdar, hökümi uly. Halk - kanuny, kanun halky hormatlar, Kazylar bolsalar halkynyñ guly. Daşky görki ykbalyny baglady, Içki durky jigerini daglady. Ykbalyna kaýyl bolan şol ýürek Çagalarna dözmän, ogryn aglady. Gorkamok albassy-ala ýatandan, Iki itiñ guýrugyny çatandan. Gorkýaryn, dostlarym, beter gorkýaryn, Tenini däl, wyždanyny satandan. Diýeniñ bolmasa, ot-suwa urma, Nadaralyk etme, hic hile gurma. Maksat-myrat bolar, howlukma, oglum, Hereket eýlegin, bir ýerde durma. Dost göwnüni görüp, ejizi ezseñ, Özgäni äsgermän depeläp gezseñ, Il içinde iliñ gözünden düşüp, Duşmanyñ köpeler, gözýaşa dözseñ. Ol döwrüñ hasyly berk emir boldy, Ýetmiş ýyl düzgüni sim-demir boldy. Halkyñ baýlygyny özüne bermän, Ogurlanan ~ saglyk, gül ömür boldy. Goý, beûok alym bol, goý, beýik şahyr, Ýagşy bol, ýaman bol-ömür bor ahyr. Diñe ik agysyn aglap bileni Ýagşyny il ýatlar, diýer: "Wah, pahyr..." Başlar birikmese, daw-jenjel ýatmaz, Hak ýolundan çykan maksada ýetmez. Makul bilmez, binamysyñ bal günün ~ Şir-şagal mesligin görelde etmez. Är erkinde är dünýäsi çolardy, Gyz erkine geçse, gülden dolardy. Bu jahanda är uruşyn ýatyryp, Gyzlar söýgiñ pygamberi bolardy. Medeniýet bar ýerde gahar, ýigrenç az, Gül-gülüstan, dört pasyly mydam ýaz. Ýamanlyk edene ýamanlyk etseñ, Ýaman ýagşy bolup, ýaşarmyka saz?! Dogruçyl söz berse, sözi düz-hakdyr, Ýar-dostlugy dowamlydyr, uzakdyr. Gözüñ kökün gyryp, ýoluna bakma, Galp dostluga gysga ara üzükdir. Halk gynansa, gyýylmazdan-köýmezden, Hakykatyñ bilimdigin duýmazdan, Ýaşamak gerekmi, tümlükde boglup, Bilim alyp, hakykaty söymezden?! Baş bellense nadan, körzehin kişi, Başlykdan biidin çözmez bir işi. Oýlanyp gör, golastynda saklamaz, Başlygyñ kömekçä batmasa dişi. Bilseñ, adam üçin ýerdir serişde, Ruhy baýlyk, ylym - beýik perişde. Uçsañ - ganat, münseñ ata öwrüler, Keramatly-kelläñ bolar her işde. Hakdan ýetse dözer her kişi kaza. Dözebilmez zorluk, kemsitmä, yza. Ynsan mertebesin bilýän adama, Barmyka zorlukdan ýokary jeza! Halkyñ dilindäki sözleri aýlap, Gaýtaladym, ýöne ýazmadym gaýlap. Bagt saýyp özüme ýerde ýöränim, Goşgy goşdum ýönekeýje söz saýlap. Ýagty dünýäñ jadylaýjy görküni, Ruhy dünýäñ gözelligniñ örküni. Saklap bilse, galdyrardy adamlar, Belentden-belende söýgiñ durkuny. Uruşa sebäp köp, derýa dek joşar, Paýhasa duşmasa, kenardan aşar. Ýeñiş bilen uruş gutarar öýtmäñ, Nadanlyk ýaşasa uruş hem ýaşar. Aý bolaýsañ günden şöhle almaly, Gün bolaýsañ dünýä şöhle salmaly. Howandarlyk eýläp birek-birege, Belentlige bilelikde galmaly. Durmuş aýnasynda düşüp ýalkyma, Ymtylýarlar şeýtan-kezzap alkyma. Ogry-jümri etmişinden utanman, Halkym diýip ýüzlenýärler halkyma. Ol döwürde ýetmän Hatamtaýlyga, Garaşardyk ol aýlykdan aýlyga. Görkezmä baglanan garyp kalbymyz, Mätäçlik çekerdi ruhy baýlyga. Posty barka dogra dostluk etmeli, Il-gün bilen maksadyna ýetmeli. Beýik boljak bolup, pesleri ýantap, Bir özüni bildi, şaha bitmedi. Dädebaý ALLABAÝEW. | |
|
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Buýy-zülpüň kibi anbar bar-u misgin olmyýa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Kargär duşmaz hadaňy-tognaýy-duşman maňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ilim ajap / Goşgular - 31.05.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |