09:18 Ruhy hemra | |
RUHY HEMRA
Oýlanmalar
Gijeleriň sessiz tümlügini kitaplaryň täsin dünýäsine gidip, daňa golaý dolanmak bilen ýeňmek indi meniň adatyma öwrülipdir. Bu ilkibadalar ukymyň tutmadygy üçin tapylan gowy çykalgady, indi bolsa, süýji ukyny ýeňip, maksatlaryma kitaplardan merdiwan örýän gyza dönäýipdirin. Bu günem adaty agşamlaryň biridi, haçanda men köne gadyrdan dostuma sataşmazymdan ozal... Bu dostum meni gussaly günlerden ýagty günlere äkiden gadyrdanymdyr. Onuň her sözi meni ak ýollaryň ýagty geljege eltjegine ynandyrypdy. Edil şu günki ýaly ýadymda kalbymda gopýan harasatdyr beýnimi birahat edýän sowallary daşa kowup, kitabyň içine girip gidişlerim: kebelek kowalap barýan adamyň yzyndan ylgap barşyma, ýolda “ýaba suw gelipdir” diýişýän çagajyklara bakyp durşum, obamyzdaky Aga daýy geçip gidipdi şonda deňimden, oňa “Aga aga” diýip öz ýanymdan ýylgyrypdym, dükandan eli ýumurtgaly çykan gelnejäniň yzyndan seredip, her aýyň 30 gününiň gadry barada eden pikirlerim, köçedäki sübsegär gelnejeleriň deňinden geçenimde her bir käre sylag bolmalydygyny özüme ýatladyşym..., wagtyň perdesini syran ýagşa ezilip aýňalardym her gezek. Aýnaň öňüne geçip saçymda garyň entek diňeje iki tarynda yz goýup ýetişenine begenerdim käte. Käte bolsa gerdenine gar agram beren gojanyň halyna gyýlyp oturyşyma, kalbymda gül döwrümize şükranalyk dörärdi. Ýene-de gujagym kitaply süýji ukyny daş kowup otyryn. Ah, gijeler, nähili lezzetli. Näme üçin men kitaby gündiz okap bilmeýänim bolsa, entägem çözülmedik syrlygyna ýatyr. Hawa, gadyrdan dostum hakda söhbedime dolanyp geleýin. Bu kitaby okadygymça türkmen dili hünärinde okasamam entek bu dili doly bilmeýänligime göz ýetiripdim. Meselem siz “gyladiş batmak, küje, besse-besse, aňastyaň, pilpökgüjeçaljeren” ýaly sözleri bilýärdiňizmi?! Ol meniň hakyky dostum bilmeýänlerimi ýüzüme aýdýar, gowy häsiýetlerimi jomartlyk bilen öwýär. Ýazmaga, döretmäge ruhlandyrýar. Kitapdaky halan, gündeligimde aýratynlap, özüme bellän sözlerim. Islendik pursatda maslahata mätäç mahalym dadyma ýetişen jümleleler: “Ömrüň manysy göçürip al, özüňde goý! Suwsasaň suw içmeli. Içki dünýäňi sazla! Pikirleri götermäge döz geliň. Ömrüňizi döretmäge bagyşlaň. Nollaryň jemi eýmenç ululygy emele getirýändir...” Gözüm bilen ummanlary çeşmeleri görmek nesip etmese-de hyýalymda men gaty kän zat bilen gabatlaşdym şu kitaby okap. Bu kitaby okadygymça, durmuş hakda, ömür hakda has çuň pikirlenmäge başladym. Pikirleriň arasynda getirilýän tymsallar ýöne gep arasynda ýada düşüp agzalan ýaly bolsa-da, ynsabyma, zähmetime çekilen terezi ýaly bolup böwrüme dürtdüler. Näme etdiň şu ömrüňe, dogry ýaşadyňmy, eliňden gelen işiňi etdiňmi? Her nämede bolsa özgeleriň ady ýazylan şarlary başardygymdan eýesine gowşuryp geldim şu güne çenli. Başgalaryň bagty bellibir derejede meni bagtly etdi. Bu maňa ejem-kakamyň öwreden zady. Elimden gelen zady etdimmikäm çyndanam?! Belki, töňňedäki gurbaga misli gowy zat ýazmanyň hyýalyny edip, ýöne ýazmaz halyma ýazdym öýdüp ýörendirin, öz-özünden tutaşmaýan, Günüň ýanşyna, ýalkymyna bahyllyk bilen garap, garalyp galjak kömürdirin belki-de. Hut şu güne, şu pursada çenli geçen ýoluň netijesidir bu duran nokadyň. “Belki, has öňe saýlanybam bilerdiň” diýip içimden bir ses meni birahat etse-de, ýüregim häzirki günüme şükür etmegi ündeýär. Hawa, ynsan ruhy sungatdan iýmitlenýär. Kalbyňy dokundyrýan kitaplar ömrüň her pursadynda seni terk etmejek iň wepaly dostlardyr. Olary gamly günüňde okan bolsaň, şat günüňde hem törüňden aýrasyň gelmeýär. Meniň meni asla terk etmeýän, göwnümdäki argynlygy, gussany, şatlygy deň çekişýän, şonuň ýaly dostlarym gaty kän. A sizde barmy?! Eger ýok bolsa ýa-da dostlaryňyzyň sanyny ýene-de artdyrasyňyz gelýän bolsa, Orazmyrat Myradowyň “Örküç belki ganatdyr” atly kitabyny okaň. Ol kitap size kän zat öwreder, ýaşamaga ruhy güýç berip, kalbyňyzyň ömürlik hemrasyna öwrüler. Bagtyň gelip gapyňyzy kakmagyna garaşmazdan, özüňiz bagtlylyga eltýän dostlaryňyzy öýüňize üýşüriň. Aýdyň gijelerde olar bilen ediljek söhbetleriň lezzetinden mahrum galmaň. “Pikirleri götermäge döz geliň, ömrüňizi döretmäge bagyşlaň!!!” Annabeg AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |