16:55 Rus sowet baleti | |
RUS SOWET BALETI
Teatr we kino sungaty
Oktýabr rewolýusiýasyndan soň, rus baleti uly kynçylyklary ýeňip geçmeli bolupdyr. Sebäbi, köp sanly baletmeýstrlar, ussat artistler, balet pedagoglar başga ýurtlara gitmeli bolupdyrlar. Hojalyk weýrançylyklary, graždanlyk urşy, agyr maşgala durmuşy, öňki Imperatorçylyk teatrlaryndaky truppalaryň dargamagy rus baletini şeýle ýagdaýa getiripdir. Täze teatrlary dikeltmekligiň öz talaplary orta atylypdyr. Şol döwürde teatrlaryň işlemegem, spektakllaryň sahna çykarylmagam, täze artistler toparyny terbiýeläp ýetişdirmegem uly kynçylyklar döredipdir. Halkyň sungata bolan uly islegi täze balet toparlaryny diňe bir Moskwada, Petergratda däl-de, eýsem, ýurduň ähli ýerlerinde döretmekligi talap edipdir. 20-nji ýyllarda sowet balet sungatynda dürli ugurlar boýunça häsiýetli göreşler alyp barlypdyr. Döwrüň talap edýän täze mazmunly, baý spektakllary döretmekde köp ugurly gözlegler gerek bolupdyr. Klassyky tanslar, baletler "gapy sungaty” hasaplanmak bilen durmuşyň täze şertlerine garşy goýlupdyr, olara derek sazlaşykly, mylaýym hereketli, bedenterbiýe, akrabatika tanslaryny täze durmuş talap edipdir. Klassyky tanslara gaşy goýlan köp sanly studiýalar, mekdepler, toparlar döredilip başlanýar. Balet ussatlary klassyky mirasy goramak üçin proletkultuň teoriýalaryna ýykgyn edýän, köne medeniýetiň sungat eserleriniň manysyny ret edýänleriň garşysyna öz nägileliklerini yzygiderli bildiripdirler. Häzirki zamanyň baletmeýstrleri bolsa, sungaty täzeçe şöhlelendirjek bolup, allegoriki, simwoliki spektakllarda tejribe geçirmek arkaly tanssimfoniýa (Tassimfoniýa - iki däbiñ (rus we sowet) arasyndaky sepleşiginde dörän täze žanr. Bu "täze baletiň” gözbaşy XX asyryň başyndan başlanýar) ýüzlenilipdir. Şeýle tejribeler L.Bethoweniň sazyna "Beýik älem”, Beriň sazyna "Tüweleý” spektakllarynda täze döwre bap gelýän goşundylaryň hasabyna ulanylypdyr. Özünde konstruktiwizm bezegi D.D.Şostakowyçyň "Altyn asyr”, "Bolt” Oranskiniň "Futbolçy” balet spektakllarynda ulanylypdyr. 20-nji ýyllarda esasy baletmeýstrler K.Ý.Goleýzowskiý, F.D.Lapuhow hasplanypdyr. K.Ý.Goleýzowskiý konstruktiw we beýleki tejribelere garamazdan taze, aýdyň görnüşli, baý, mylaýym hereketli, akrabatiki tehnika ýugrulan tanslara ýüzlenipdir. Ol "Kamerniý balet” truppasyny döredip, kiçi balet (miniatýur) tanslaryny goýupdyr. K.Ý.Goleýzowskiý şeýle tanslary goýmak bilen mylaýym hereketli tanslaryň täze utgaşdyrma, sazlaşdyrma we çylşyrymly emelleşdirme hereketleri özünde toplan, duýdansyz rakusly, örän täsin spektakllary sahna çykarmaklygyň tarapdary bolupdyr. 20-nji ýyllarda ol S.N.Wasilenkonyň "Iosif Prekrasnyý” (1925) balet spektaklyny goýupdyr. Ol bu spektaklda belli bir görnüşde durmak häsiýetleri, kantilen üýtgetmek garaýyşlaryndan ugur alypdyr. Baletmeýstr F.D.Lapuhowyň 20-nji ýyllarda we 30-njy ýyllaryň başlaryndaky döredijiligi esasan iki ugur boýunça ösdürilipdir. Onuň birimjisi klassyky mirasy aýap saklamakdan ybarat bolupdyr. F.D.Lapuhowyň tagallasy bilen köne spektakllar dikeldilipdir. Ikinjisi täze gözlegleriň, tejribeleriň netijesinde täze balet spektakllaryny döwrüň talap edýän temasynda, keşplerinde işläp düzmek, balet žanrlarynyň örüsini artdyrmak, horegrafiýanyň görnüşleriniň çäklerini giňeltmek, horegrafinyň seslendirilişinde rewolýusion ruhy dabaralandyrmak ýaly zatlara ünsi çekipdir. Ol balet spektakllarynyň çeperçilik gurluşyny üýtgetmäge-de çalşypdyr. F.D.Lapuhow spektakllarda öňden gelýän köre-körlük bilen subutsyz düzgüne giren (dogmalary) kadalary düýbünden bozupdyr. Ol özüniň täzeçe ideýalaryny sintezlemek arkaly spektakllara geçiripdir. W.M.Deşýowowyň "Gyzyl wihr” ("Bolşewikler”, 1924), skomoroş baletleri toplumynda I.F.Stawinskiniň Tilki barada erteki we "Pulçinella” (italýan "del arte” balet komediýasy) N.Grigiň sazyna "Buz gyzy” (1927l balet spektakllaryna täze ideýalary goşmak arkaly jemläpdir. 30-njy ýyllaryň başlarynda balet sungatynyň içinde dürli ugurlar boýunça özara göreş ýaýbaňlandyrylypdyr. Netijede ýaýbaňlandyrylan drama žanry öňe çykypdyr. Bu balet žanry öz adatlaryna XIX asyryň göwrümli, manysy boýunça täze döwrüň temalaryna golaý edebi ýazgylar bolupdyr. 1927-nji ýylda "Gyzyl mak” baleti döredilipdir. Bu balet iki däbiñ (rus we sowet) arasyny açmak bilen 20-nji ýyllaryň dowamynda sowet baletiniň ösmegine we onuň geljekdäki ösüşine ýol görkeziji bolup hyzmat edipdir. Utgaşdyrmalar arkaly edilýän tans diwertismentler sahnalarda pantomimler, feýeriler (ertekiler) düýş görmeler "Gyzyl mak” baletini nusgawy tanslara golaýlaşdyryp, baletmeýstrler tarapyndan sahnadan çetleşdirilen köp tanslar bu spektaklda häsiýetnama hökmünde öňe sürleň häzirki zaman balet gahrymanlarynyň döremegine ýol açypdyr. Bu ýerde ilkinji gezek tansyň dili bilen rewolýusiýa barada gürrüň bermäge synanyşyk edilipdir. Wagtyň geçmegi bilen şeýle drama baletleri XIX asyra mahsus bolan ýönekeýje baletlerden daşlaşyp täze ösüşe tarap ýol çekipdir. Dramaturgiýa balet sungatynyň esasy başlangyçy hökmünde kabul edilip ugrapdyr. Realistik baletiň ssenariýasy, sazy, horegrafiýasy dramaturgiýanyň esaslaryndan ugur alypdyr. Ssenariýeçiler N.D.Wolkow, Ý.I.Slonimskiý, kompozitor B.W.Astafýew örän hyjuwly ýagdaýda klassyky, edebiýatlara we dra-malara ýüzlenmek bilen A.S.Puskinden, N.W.Gogoldan, U.Şekspirden, Lope de Wegadan, Žorž Santdan, Onore de Balzakdan balet üçin sýužetleri susup alypdyrlar. Şeýle sýužetlerden emele gelen S.E.Radlowyň "Parižiň yşklary" (1932), "Bakjasaraý fontany” (1934), E.I.Kaplanyň "Laurensiýa” balet spektakllary goýlanda köp halatlarda drama we opera režissýorlaram gatnaşypdyrlar. Täze görnüşli, täze mazmunly balet syngatynyň üstünde baletmeýstrler P.W.Zaharow, L.M.Lawrowskiý işläpdirler. P.W.Zaharow tarapyndan sahna çykarylan "Bakçasaraý fontanynda” ssenariýeçi, kompozitor, baletmeýstr bilelikde işlemek arkaly A.S.Puşkiniň poemasyndaky köp taraplaýyn, çylşyrymly mazmunly, spektaklyň ähli bölekleriniň bitewiligini öz içine alýan mylaýym, sazlaşykly horeografiýa eseri döredilipdir. Şol döwrüň baletmeýstr sungatynda esasy häsiýetlilik toparlaýyn tansdaky ýokary guramaçylygy, sahna çözgüdindäki aýdyňlygy, degerli hereketi, personažlaryň tans dialogi hökmany hasaplanypdyr. Şeýle öňe sürmeler "Bakçasaraý fontanynyň” 3-nji bölüminde has aýdyň duýlupdyr. Esasanam baletiň esasy personažlary bolan Mariýa bilen Zaremanyň arasyndaky tans dialogynda aýdyňlaşdyrylypdyr. Baletde pantomima sahnanyň esasy serişdesiniň birine öwrülmek bilen kämahal tansy ýekirmäge (gysyp çykarmaga) çenli baryp ýetipdir. Balet spektakllarynda tansyň görnüşlerinede täzelikler girizilip ugrapdyr. Baletmeýstrleriň täzelikleri köpçülik tanslarynda, folklarda hem ula-nylypdyr. Şeýle täzelikleri baletmeýstr W.I.Waýnon B.W.Asafýewiň "Parižiň yşklary” (1932), "Partizan günleri” (1937), B.M.Çabukian M.Balançiwadzanyň "Daglaryň ýüregi” (1938), Kreýniň "Laurensiýa” (1939) sahna çykarypdyr. Bu spektakllarda esasan milli tanslar - "Parižiň yşklarynda” bask milli tanslary, "Daglaryň ýüreginde” "horumy” Kawkaz milli tanslary girizilipdir. Şeýle tanslaryň üsti bilen halky täze rewolýusion balet sungatyna çekmekçi bolupdyrlar. 30-njy ýyllarda öň gowşak we bezlikiý kordebalet tanslary halk köpçüliginiň göwnüni galkyndyrmak üçin goýlup başlanýar. Halkyň nusgawy tanslaryny peýdalanmak ýa-da klassyky tanslarda göçgünlilik, şowhunlylyk (brawurnost) döretmek bilen balet gahrymanlaryny orta çykarmaga synanşyklar edilipdir. Şu ugurdan horegrafiýa sungatynda ýerine ýetirijilik ussatlygy peýda bolup, labyzlylyk, täsirlilik (ekspressiwnost), hereketleriň joşgunlylygy (dinamiçnost) berlip başlanýar. Tansçylar A.N.Ýermolowa, W.M.Çabukiani, A.M.Messerera, M.T.Semýonowa klassyku tanslarda çykyş etmek bilen keşplere asyllylyk, päklik, adamkärçilik, şeýle hem güýç bermegi başarypdyrlar. Tansçy O.W.Lepeşinskaýa tanslaryna durmuşy söýüjilik, baýramçylyk häsiýetleri dermek bilen sporta golaý bolupdyr. Şol döwürde L.M.Lawrowskiniň sahna çykaran "Romeo we Žulettasy” (1940) iň ýokary derejeli balet hasaplanypdyr. Özünde kyn, köp taraply horeografiýa žanrlary jemläp, wakalaryň bolup geçen öz taryhy eýýamyny ýüze çykaryp bilmegi, pýesanyň esasy ideýasy bolan ynsanperwerçilik ugruny, tragigik çyňlygy, spektaklda ýokary aýdyňlyk bilen berip bilmegi baleti ýokary derejä göteripdir. Sowet balet sungaty çylşyrymly kyn, çuňňur duýgyly, täze meseleleri açmak talaby tansçy-aktýorlaryň öňünde goýlupdyr. Esasy talap hereketlerde keşpler açylanda keşpleri köp taraply duýgylar bilen baýlaşdyrmak öňe sürlüpdir. Şeýle talap G.S.Ulanowanyň döredijiliginde giň gerime eýe bolupdyr. Onuň sungatyndaky lirika ýugrulan esaslar ruhybelentligiň çuňňur sepgitlerine ýetipdir. G.S.Ulanowa öz ýerine ýetirýän tanslaryna drama aýdyňlygyny, durmuş hakykatyny bermegi başarypdyr. Şeýle ýagdaýda tomaşaçy tansçynyň sahnadaky hereketlerini tebigy zat hökmünde kabul edipdir. Şol döwürde tansçy K.M.Sergeýewiň lirika ýugrulan Arzuwçyllyk baletleri onyň öz döwrüniň uly wekilleriniň biri hasaplanmagyna alyp barypdyr. Sowet balet sungatynyň ösüşi Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen togtadylyp, diňe 40-njy ýyllaryň 2-nji ýarymynda täzeden ösüşe başlapdyr. Şol wagtlar Ptokofýewiň "Zoluşka” (1945), Çulakiniň "Ýaşlyk” (1949) Ýaruliniň "Şurale" (1950) baletleri sahna çykarylypdyr. Bu zatlara garamazdan balet sungatynda 40-njy ýyllarda emele gelen horeografik drama žanry öz hilini gowsadyp ugrapdyr. Spektakllarda dramaturlýa göçürmeler (ştamplar), şol bir gaýtalanýan žanrlar sahnada peýda bolupdyr. Baletmeýstrler pantomim žanrlaryny sahnada bolup geçýän ähli hadysalarda ulanmakdan daşgary tanslaryň arasyndaky diwertismentlerde boşlukda, arakesmelerde hem ulanypdyrlar. Köp halatlarda baýramçykyklarda, dürli şagalaňlarda, ballarda göçürme (ştamp) pantomimlerdäki sahna düýüşlerini, arzuwlaryny yzygiderli gaýtalap tomaşaça ýetiripdirler. Hakyky balet tanslary öz keşplerini ýitiripdir. Baletlerde esasy ýeri ýaşaýşyň daş tarapyny suratlandyrýan naturalizm akymy eýeläpdir. 40-njy ýyllaryň aýaklarynda balet sungatynyň häsiýetli tarapy ertekilere (feýerilere) artykmaç orun berlipdir. Ertekiler spektakllarda gerekmejek ýerlerinde-de ulanylypdyr. Hat-da "Mis atly” ýaly uly spektakllarada salnyp ony güýmenjä öwrüpdirler. Şol döwrüň baletleri 30-njy ýyllarda düýbi tutylan bitewülik, pikir, mazmun sagdynlygy ýaly zatlardan daşda bolupdyr. 50-nji ýyllaryň 2-nji ýarymynda balet sungatynyň aýratynlyklaryny öz içine alýan spektakllar peýda bolup başlapdyr. Şol döwürde dramaturgiýa öz mazmunyny bermekligi, düşündirmekligi horeografiýa serişdelerinden talap edipdir. Baletmeýstrler horegrafiýa sungatyny köp taraplaýyn ulanmaklyga mümkinçilikler döredipdirler. Balet tanslary täze kabul etmeleriň, garyşyk sungatlar sazyň, žiwopisiň, heýkeltaraşlygyň, akrabatikanyň hasabyna baýlaşyp ugrapdyr. Repertuarlarda tejribe häsiýetli bir bölümli spektakllar sahna çykarylyp başlanýar. Kän wagt geçmänkä-de repertuarlarda köp bölümli, biri-birinden tapawutly Melikowyň "Daş gül hakynda hekaýaty” (1957), "Söýgi hakynda rowaýat” (1961), baletmeýstr Ý.N.Grigorýewiç Petrowyň "Umyt kenary” (1959), baletmeýstr I.D.Belskiý L.W.Ýakobsonyň "Spartak” (1956) baletleri bilen doldurylypdyr. 40-50-nji ýyllaryň dowamynda balet artistleriniň tutuş bir nesli ösüp ýetişipdir. Olardan A.Ý.Şelest bu tansçy gyz ýerine ýetirýän tanslaryny örän inçelik, uly döredijilik belentlikde (diapozonda), M.M.Pliseskaýa tanslary örän ussatlyk, labyzlylyk (ekspressiýa) we joşgunlylyk (patetiki) bilen ýerine ýetirmegi başaryp sowet balet sungatyna uly goşant goşupdyrlar. R.S.Struçkowa, A.Ý.Osipenko, I.A.Kolpakowa ýaly ýaş ussat tansçylaram ösüp ýetişipdirler. Ýaş zehinli tansçylaryň ösüp ýetişmegi bilen olar iň oňat nusgawy we täze görnüşli sowet spektakllaryny öz repertuarlaryna goşmagyň hötdesinden gelipdirler. Ýaş zehinler bolan Ý.S.Maksimowa, Ý.M.Rýabinkina, N.I.Bessmertnowa, W.W.Wasilýew Moskwada, A.I.Sizowa, Leningradda Ý.W.Salowýow ösüp ýetişipdirler. Şeýle ýaş tansçylar merkezden daşda bolan Permiň, Nowosibirskiniň, Yfanyň teatrlarynda-da peýda bolupdyrlar. RSFSR-de diňe 1964-nji ýylda 14-sany Opera we Balet teatrlary hereket edipdir. Woronežde, Petrozawodskide, Syktykwarda, Ýakutskide, Ižewskide we beýleki şäherlerde sazly-drama teatrlar balet spektakllaryny goýlypdyr. Leningradyň, Wolgagradyň, Irkutskiniň, Habarowskiniň sazly komediýa we operetta teatrlarynda-da balet spektakllary sahna çykarylypdyr. RSFSR-de 7 sany horeografiýa uçilişeleriň, çeper höwesjeňleriň, teatr mekdepleriniň, studiýalaryň ýüzlerçesi işläp balet sungatynyň ösmegine uly hemaýet edipdir. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |