13:49 Sadakanyñ gudraty | |
Halkyñ hazynasyndan
Halk döredijiligi we rowaýatlar
▶ SADAKANYÑ GUDRATY Selim diýen bir garyp ýigit biraz pul toplanyndan soñ, söwdagärler bilen daklyşyp, daş ýurda sapara gidipdir. Gämi deñziñ içinden ýüzüp barýarka, güýçli harasat turup, ýolagçylaryñ üstüne uly howp abanypdyr. Tupan gämini iki ýana çaýkap, agdararly bolanda asmandan: "Haý, Hudaý ýoluna sadaka bereweriñ" diýen owaz eşidilipdir. Şondan soñam gämidäki baýlar, täjirler biri-birlerine seredişip, sadaka bermän, tykyraşyp oturypdyrlar. Selim garyp bolsa, şo bada kisesindäki teññeleri çykaryp, "Hudaý ýoluna sadaka bolsun" diýäge-de, deñze oklapdyr. Şol demde bir ullakan lakga balyk suwuñ ýüzüne çykaga-da, Selim garybyñ oklan teññelerini agzy bilen gapyp alyp, ýene deñze çümüp gidipdir. Onýança-da düñderilen gämini suw basypdyr. Bir haýukdan soñ görse, Selim garyp deñizde gämiden gopan bir tagtanyñ üstünde ýatanmyş. Dik oturyp seretse, ne gämi bar, ne-de ýoldaşlary, daş-töweregi çaýkanyp ýatan ummanmyş. Geñ görmeli zat, şemal ýogammyş welin, garybyñ münüp oturan tagtasy bir tarapa zymdyrylyp ýüzüp barýarmyş. Bu ahwala geñirgenen Selim garyp seredip görüpdir welin, tagtany bir balyk gerşine mündürip alyp barýarmyş. Tagta bir gije-gündiz ýüzenden soñ, seleñläp duran dag göze kaklyşypdyr. Gudrat bilen ölmän galandygyna haýran galyp oturan Selim garyp tagta kenara dirän badyna, ýere düşüpdir. Ol daga dyrmaşyp, bir jülgä barypdyr welin, perizat kysmy bir näzenin gyz öñünden çykypdyr. Selim garyp geñirgenmek bilen oña garap durşuna: - Ynsmysyñ, jynsmysyñ? - diýip sorapdyr. - Ynsdyryn. Özüñ haýsyndan bolarsyñ? - diýip, gyz hem onuñ özüne sorag beripdir. - Menem ynsdyryn. - Wah, "Ynsdyryn" diýen dilleriñe döneýin! Seni maña Allatagala ýollapdyr - diýip, gyz oña tarap okdurylypdyr. Gelşine-de, Selim garyby garsa gujaklap, möññürip aglamaga başlapdyr. Gyz köşeşenden soñ, Selim garyba özüniñ nähilelik bilen bu ýere düşendigi barada gürrüñ beripdir. ...Ol gün patyşanyñ gyzy öz kenizleri, deñ-duşlary bilen deñizde gezelenç edýär eken. Birden apy-tupan turup, gämi elenip başlaýar. Ýer-gök gapyşana dönüp, gämi leññer atyp ugraýar. Adamlar gämini halas etmegiñ aladasy bilen bolýarlar. Ýüregin dowul düşen şa gyzy bolsa, "Ajygan ölmez, alñasan öler" diýenlerini edýär. Ol gämidäki gaýygy suwa taşlaýar-da, kenara tarap kürekläp ugraýar. Emma güýçli harasat oña ýüzmäge maý bermeýär. Şo barmana ol aljyrap, küreklerini hem suwa gaçyrýar. Onsoñ şemal gaýygy suwuñ ýüzi bilen taýdyryp, nireleredir alyp gidýär. Telim günläp myçan gaýyk ahyry gelip, bir dagyñ düýbündäki kenara urulýar. Şa gyzy ýere düşüp, gaýygyny gyýçak daşlaryñ birine baglandan soñ, töwerege ser salýar. Görse, giden bir daglyk. Ol birbada hopugyp, aglap-eñrese-de, kem-kemden özüni ele alýar. Onsoñ ol bir ýerden özüne ýaşar ýaly gowak tapynyp, ot-çöpleriñ sypalyndan düşek edinibem jaýlaşýar. Dagdaky ir-iýmişleri iýibem naharlanyp ugraýar. Şeýle halda ol bir ýyla golaý ýaşandan soñ Selim garyba sataşýar. Şa gyzy şu zatlar barada Selim garyba gürrüñ beripdir-de: - "Ýekelik Hudaýa ýagşy' diýlip ýöne ýere aýdylman eken. Indi men seniñ bilen ömrümiñ ahyryna çenli şu ýerde galmaly bolsa-da razy - diýipdir. Watany, dogan-garyndaşlarydyr dost-ýarlaryny küýsäp duran Selim garyp: - Nähili-de bolsa, watana aşmagyñ alajyny tapmaly - diýipdir. - Wah, oña ýetesi näme bar. Ýöne hany oña gidip bolaýýarmy näme - diýip, şa gyzy jibrinipdir. - Eger byçgydyr palta bolsa, gaýyk ýasanaga-da giderdik. - Weý, meniñ gaýygym kenarda dañylgy dur ahyry. Ýöne arman, kürekleri bolmansoñ, ýüzüp bolanok. - Gaýyk bar bolsa, küregiñ bir zady bolar. Onsoñ olar kürek ýasar ýaly agaç tapjak bolup köp sermenipdirler. Ýöne ellerinde ýaraglary bolmansoñ, kürek ýasanyp bilmändirler. Olar gyzyñ dañyp goýan gaýygyna münüp, elleri bilen kürekläp ýüzmekçi bolupdyrlar. Geñ görmeli zat, olar şeýdip çala ugrukdyrypdyrlar welin, gaýygyñ özi suwy iki bölüp, zymdyrylyp gidiberipdir. Gyz bu gudrata haýran galyp, geñirgenmek bilen gözlerini tegeläpdir. Selim garyp sadakaly wakany, balygyñ eden kömegini gürrüñ beripdir welin, şa gyzy: - Sadaka bermegiñ gudraty, gör, nähili uly eken. Menem tupan turanda Hudaýa tutunyp, sadaka beren bolsam, beýle güne düşmezdim - diýipdir. Suwuñ ýüzi bilen okdurylyp barýan gaýyk ertesi ir bilen kenara ýetipdir... Şol sapar tupan sowlandan soñ, şa gyzyny gezelenje alyp gaýdan gämi yzyna dolanyp barypdyr. Şa gyzyny ýitirendikleri üçin, onuñ goragçylary jezalaryny çekmeli bolupdyrlar. Emma, barybir, şa gyzyndan derek bolmandyr. Gyzynyñ ýitendigine bir ýyl bolan güni patyşa jemagaty üýşürip, onuñ patasyny almakçy bolupdyr. Edil şol günem oña gyzynyñ dolanyp gelendigini buşlapdyrlar. Şeýlelikde, patyşanyñ toýy ýasa öwrülipdir. Ol şol toýda gyzyny nikalap, Selim garyba beripdir. Ogul perzendi bolmansoñ, garrandan soñ, patyşa Selim garyby tagta çykarypdyr. Bazar ÖWEZOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. #edebiyatwesungat | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |