21:59 Başlyk / satiriki hekaýa | |
BAŞLYK
Satiriki hekaýalar
Men kolhozda agronom bolup işleýärin. Başlykdyr agronomyňam käte tirkeşip, iş üstüne çykaýmasy bar. Bir gün başlyk bilen ekin arasynda aýlanyp ýördük. Men başlykdan bäş-alty ädim öňden ýöräp barýardym. Çiliň gyrasynda ot ýygyp oturan ýaşula golaýlanymdan edep bilen dillendim: - Salawmaleýkim! Mämmet aga ýalt edip gaňryldy-da, birdenem zöwwe ýerinden turup, dylym-dylym edip başlyga tarap ýöräp ugrady: - Saglykmy, başlyk! Tüweleme, tüweleme, hany, gel, görşeli ahyry. Ýeri, siz muňa näme diýersiňiz? Salam berýän-ä men, jogaby bolsa başlyga gaýtarylýar. Başlygy göreninden Mämmet aganyň gözleri doňan bolara çemeli. Ol başlygyň ýüzünden nazaryny aýyryp bilmän, meniň duşumdan geçdi-de, öz gadyrdany bilen iki elläp görüşdi. Soňra bolsa çal başly, gyrçuw sakgally, epeý göwresiniň bardygyna garamazdan, ýylan ýaly ýalmanyp, aryplap ugrady: - Näme diýsene, Garryhan! Ýer diýleni bir ýigidiň bagty üçin telim ýyllap ýatarmyş. Görýän weli, biziň ýerimizem garaşýan eýesine duşaýan ýaly. Dogrusy, seniň tutumyňa synym oturýa. Sen başlyklyga geçeniň bäri, milletiň gum diýip garbany gyzyl boldy. Bolsa-da, nanly başlyk bolduň sen. Başlyk, Hudaýa bende bolsaň ynan! Şu ýere bir gysym ot diýip gelýändir öýtme. Gowaçaň bir pelini otdan çykarsam bir peýda diýip gaýdyberýän. Onsoňam men-ä ho ýapyň aňyrsyndaky düme gawuna-da göz eden bolup ýörendirin. Oglan-uşaklaň ter-tür diýip geläýmesi bar. Eý näme, azap haky üçin halallyk bir zat çyrşasaňyz-a çyrşarsyňyz, ýogsa-da, olam bir kolhoza edilen elmaýyş boljak eken-dä. - Öňi-soňy gawuna birini garawul goýmaly boljak. Esedýän bolsaňyz, gowy edýäňiz – diýip, başlyk öz ugruna ýöräp ugrady. - Haý, bereket tap – diýip, Mämmet aga hem onuň yzyna düşdi. Diňe şondan soň ýaşulynyň gözi maňa kaklyşan bolara çemeli. Ol: - Äh, agronom, gurgunmy senem? – diýdi-de, geçdi gidiberdi. Raýon merkezinde işleýän Garryhany ýylyň başynda kolhozymyza başlyk saýlapdyk. Men bolsa şu obalydym. Ýaşuludan arany açanymyzdan soň, men başlyga duýduryş etdim: - Ýaňky ýaşuludan ägä bolawergin! - Eý olardan zyýan eglesi ýok-la! Gowaçaňy otap berse, ekiniňe garawulçylyk etse, saňa başga näme gerek. Bir sapar başlyk bilen ekin üstüne aýlandyk-da, günortan onuň öýünde düşledik. Güýzüň güneşli günleri bolansoň, eýwandaky tagta sekide ornaşdyk. Birden edil gökden düşen ýaly bolup, işikde Mämmet aga peýda boldy. Ol egnindäki gawundan doly horjunyny emaý bilen ýere düşürdi-de: - Başlyk, toklyňy taýýarlaber – diýdi. Heniz nämäň-nämedigini aňşyrmadyk başlyk: - O näme diýdigiň boldy? – diýip geňirgendi. - Nämedigin ynha görüber – diýip, ýaşuly horjuny eýwana getirdi-de, ullakan bir goşa waharmany çykaryp, sekiniň üstünde goýdy. – Ynha, muňa uçmahyň nygmaty hydyr gören gawun diýerler. Ine, bularam onuň höwri bolmaly. – Ýaşuly ýene-de horjundan dokuz sany gawun çykaryp, sekiniň üstünde hatarlady-da, sözüniň üstüne goşdy. – Hemişeler şular ýaly, hydyr gören goşa gawuny obaň arzyly adamlaryna elterdiler. Menem ata-baba gelýän däbi ýitirmäýin diýdim-de, gawuny bärik aldym gaýdyberdim. Mämmet aga hernäçe mahabat berse-de, başlyk onuň bu sowgadyny halamady. Ol ýüzüni kokaşdyryp: - Bu gawunlary kime elten bolsaňam, seni boş goýasy ýokdy-la. Bu zamanda bir toklyň aşagyndan çykyp bilmejek adam ýok ahyry – diýdi. Emma bujagaz duýduryş üçin ýaşuly müýnürgäp durmady. Gaýta ol dilini ýalmandyryp, barha beterini tapdy: - Wah, başlyk jan, oňa, şekim ýok. Ýöne her kim döwletliden döwlet ýokar diýip, siziň bilen garym-gatdy edenini kem görenok-da. Orta saçak düşüp tabak geldi. Üç kişi bolup, çanagyň daşyna egrilişdik. Bu wakadan soň başlyk Mämmet agadan abraý gelmejegine göz ýetiren bolara çemeli, soňky wagtlarda ol ýaşula kän bir ýüz berenokdy. Ýöne weli, Mämmet aga indi ony sypdyrarly däldi. Başlygyň maşynyna gözi kaklyşdygy ol hemme işini taşlap, şol tarapa eňýärdi. Mämmet aga bilen soňky duşuşygymyz brigadanyň meýdan düşelgesinde boldy. Biz üzüm dalbarynyň astyndaky sekide düýeçal içip otyrdyk. Şol wagt Mämmet aga bir ýerden peýda boldy-da: - Suwsadym-aý, gawun ýygmak ýaly kyn iş ýok – diýip, düşege geçdi. Aşpez aýal oňa-da çal guýup berdi. Mämmet aga çal içip bolandan soň çanagy yzyna gaýtardy-da, aşpeze garap: - Başlyk ýalkasyn – diýdi. Biz geňirgenişmek bilen biri-birimiziň ýüzümize seredişdik. Men ýaşula garap: - Äl, bolsa-da, nädäýdiňiz? Taňryýalkasyn diýäýseňizem bordy ahyry – diýdim. - Ol indi könelşen zat – diýip, Mämmet aga sag eliniň süýem barmagyny çommaldyp, uly bir açyş eden ýaly, buýsançly gepledi: - Taňryýalkasyn diýleni bir nesýe sowda bolýa, özem o dünýäň aladaasy. O dünýä barmy-ýokmy, tapry ýalkajakmy, gargajakmy – kim bilýä. Şonuň üçinem başlyk ýalkasyn diýenden gowusy ýokdur. Başlyk ýalkaýyn diýse seni şu dünýäde nagt ýalkap bilýär. Biz-ä ynha onuň saýasynda... Garryhan mundan artyk saklanyp bilmän, onuň sözüni kesdi: - Hany, bes etsene! Başlygyň gaharynyň gelenini aňan ýaşuly: - Goýdum, goýdum – diýip, dilini dişledi. - Goýan bolsaň özüňem göteril şundan. Mämmet aga başlygyň gylygynyň geň däldigini aňyp, zowwa ýerinden turdy. Ol soňky pursatda hem umydygärlik bilen başlygy ýylgyrtmaga çalyşdy: - Ylgap gideýinmi ýa-da ýöräp?! - Halanyňy et, ýöne gözüme görünmeseň bolýa. Bazar ÖWEZOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 27.01.1971 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |