21:53 Ogluny synan ogry | |
Halkyñ hazynasyndan
Halk döredijiligi we rowaýatlar
▶ OGLUNY SYNAN OGRY Bir atly ogry gartaşandan soñ, özüne oruntutar saýýan ogluny synap görüpdir. Ol bir gün agşam ogluna goñşularynyñ geçisini ogurlap gelmegi tabşyrypdyr. Ol gidensoñ kakasy öz ýanyndan tejirbesiz ogry agyla girip, awuna ýapyşanda geçi gygyrar, şunluk bilenem ogly ele düşer diýip çaklapdyr. Emma az wagtdan soñ, ogly geçini idenekledip getiripdir. Görse, geçiniñ agzy uşlyp bilen mazaly saralgy eken. Muny gören kakasy "Bi-ýä türgenleşiberen eken" diýip, kanagatlanma bilen pyşyrdapdyr. Kakasy geçini bukurak ýere eltdiräge-de, ogluna soýdurypdyr. Şonda ogrynyñ ogly geçiniñ bir böwregini ogurlapdyr. Eti öýe getirenlerinden soñ, bir böwregiñ ýokdugyny gören kakasy ogluna geñirgenmek bilen garap: - Hany munuñ bir böwregi? - diýip sorapdyr. - Aslynda bu geçiniñ böwregi bir eken. - Aldajak adamyñy daşdan gözle! Geçiñ böwregi iki bolmaly. - Meniñ goparyp alanym-a ýeke böwrek. Beýlekisini şeýtan kakan bolaýmasa... Böwregi oglunyñ ogurlandygyny bilip duran kakasy oña toba etdirmekligi ýüregine düwüpdir. Ol ogluna käýinip-sögünýär, çalak-çulak kak-sok edip, tenini awundyrýar. Emma ogly lal-jim bolup, eden ogurlygyny boýnuna almandyr. Kakasy aşaklyk bilen ogluny synamaklygy dowam etdiripdir. Ertesi agşam ol ogluny yzyna tirkäp, patyşanyñ köşgüne tarap gidipdir. Iki kişi haýatdan aşyp, howla giräge-de, gazna saklanýan ymaratyñ üçegine çykypdyr. Olar gylyçdyr pyçak bilen köwçeläp, tamyñ depesinden adam giräýer ýaly deşik edipdirler. Soñra kakasy oglunyñ biline ýüp dañyp, ony deşikden aşak sallapdyr. Geregini edinenden soñ, ogry biline ýüp dakdyryp, ogluny ýokaryk çekipdir. Ogly deşigiñ agzyba gelip, çykmakçy bolanda kakasy: - Dogryñy aýt, böwrek ikimidi? - diýip sorapdyr. Ogly başyny ogar-ogar etdirip: - Ýok, birdi - diýipdir. Kakasy soragyny üç gezek gaýtalasa-da, şondn başga jogap bolmandyr. Oglunyñ diliniñ berkligine guwanan kakasy onyñ kynçylykdan baş alyp çykyşyny hem synamakçy bolupdyr. Ol tutup duran ýüpüni pyçak bilen kesip goýberipdir welin, ogly aşak gaýdypdyr. Ertesi gaznanyñ ýarylandygyny añan sakçylar ogrynyñ ogluny südenekledip patyşanyñ ýanyna alyp barypdyrlar. Patyşa ýañy murty taban, suwlañ oglany synlandan soñ: - Bi seniñ ýeke özüñ başarjak zadyñ däl. Seni gazna sallan kim? - diýip sorapdyr. - Meni tamyñ üstüne elten adam. - Iki torba altyny alyp giden kim? - Meni tamyñ üstündäki deşikden aşak sallan adam. - Ol adama kim diýerler. - Bilemok. - Görseñ tanarmyñ? - Tanaman. Patyşa hernäçe sykaja salsa-da, oglan şondan başga zat aýtmandyr. Ogrynyñ hötjetligine jany ýanan patyşa ony dardan asmaklyga höküm edipdir. Ertesi oglany şäheriñ ortasyndyndaky meýdança eltip, dardan asmakçy bolupdyrlar. Şonda oglanyñ kakasy adamlaryñ arasy bilwn baraga-da, öñräge çykyp ardynjyrapdyr-da, özüniñ bardygyny mälim edipdir. Soñra bolsa ogluna iki barmagyny görkezäge-de: "Böwrek ikimidi?" diýip sorapdyr. Oglan boýnundan dar agajynyñ halkasy ildiriljek bolup durka-da, öñki aýdanyndan dänmändir. Ol ýeke barmagyny görkezip: "Böwrek birdi" diýip, jogap gaýtarypdyr. Oglanyñ barmagyny çommaldyp, kimdir biri bilen "sözleşendigini" gören patyşa onuñ ýanyna gelip: - Sen barmagyñy çommaldyp, kimdir birine yşarat etdiñ. Eger seni gazna sallan ogry jemagatyñ içinde bar bolsa aýt? Şony görkezseñ, seni ölümden halas edeýin - diýipdir. Oglan ölümiñ öñ ýanynda duran bolsa-da, kakasyny paş etmändir. Ol: - Ýañy ho taýda duran şeýtan maña iki barmagyny çommaldyp: "Hudaý ikidir, şony ykrar etseñ, patyşanyñ ugruny tapyp, seni ölümden sypdyraýyn" diýdi. Menem oña: "Hudaý birdir, ölmeli bolsa öläýjek" diýdim diýipdir. Oglanyñ Hudaýa diýseñ wepalydygyna göwni ýeten patyşa günäsini geçip, ony ölümden halas edipdir. Onsoñ patyşadan göwni biten oglanyñ kakasy hem gaznadan äkiden altynlaryny yzyna getirip beripdir. Ogry bolsalar-da mertligi, ynsaplylygy üçin, patyşa olara sarpa goýupdyr. Ol kakasydyr ogluna halat-serpaý ýapyp, ýolharjy berip, olary öýlerine ugradypdyr. Bazar ÖWEZOW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |